Nury Meredow

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Nury Meredow
Dogulan wagty we ýeriMart 29, 1973(1973-03-29)
Köşi obasy (häzirki wagt Aşgabat şäheriniň bir bölegi)
Aradan çykan wagty we ýeriDekabr 5, 2010(2010-12-05) (38 ýaş)
Aşgabat şäheri, Türkmenistan
GuburySeýit Jemaleddin öwülýäsi, Akbugdaý etraby, Türkmenistan
Galam adyNury kasoý
KäriBagşy
Dilitürkmençe
MilletiTürkmen
EtnikasyNohur taýpasyndan
RaýatlygyTürkmenistan
Periýod1990-2010
Esasy baýraklaryÝaňlan Diýarym
Ýanýoldaş(lar)yMerjen Meredowa (02.12.1992-nji ýylda toý edýärler)
ÇagalaryDidarmuhammet Meredow

Nury Meredow (Nurmuhammet Meredow; 29-njy mart 1973 — 5-nji dekabr 2010, Aşgabat) — türkmen estrada we halk bagşysy. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirlen "Ýaňlan Diýarym" bäsleşiginiň ýeňijisi (1992 ý.).

Aradan çykmagy[üýtget | edit source]

Nurmuhammet Meredow 2010-njy ýylyň 5-nji dekabrynda 38 ýaşynyň içinde agyr keselden aradan çykdy. Bagşy 6-njy dekabrda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşigindäki Seýit Jemaleddin öwlüýäsinde jaýlandy.

Lakamy[üýtget | edit source]

Nury Meredowyň gözi dar, gysga bolany üçin, oňa heniz çagalyk döwründen, rus dilinde çaşy, gyşyk diýen manyny berýän: "Kasoý" (rus. косой) lakamy dakylypdyr. Bu lakama halypa Nury hiçem gaty görmezdi we şol lakamy bilen hem, ol halk içinde belli boldy.