Seýitjemaleddin metjidi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýadygärligiň ýerleşýän ýeri: Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etraby.

Ýadygärligiň döwri: b.e. XV asyry

Seýitjemaleddin metjidi atlary bilen belli bolan bu ymarat hakykatdan örän çylşyrymly desga bolup, metjidiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir.

Änewdäki metjidi öwrenmegiň başlangyjyny W.A.Žukowskiý (1886-njy ýylda) başlapdyr. 1904-nji ýylda harabaçylygy R.Pompelliniň amerikan ekspedisiýasy gyzypdyr. Sowet Türkmenistanyň şertlerinde, ýagny 1920-nji ýyllarda A.A.Karelin we W.R.Tripolskiý çagşamagyň we ýykylmagyň sebäplerini barlapdyrlar, S.S.Sklýarowskiý bolsa çyzgysyny ýerine ýetiripdir. Dürli wagtlarda rejeleýiş çäreleri (W.R.Tripolskiý, N.M.Baçinskiý) hem amala aşyryldy. 1947-nji ýylda M.E.Massonyň ýolbaşçylygy astynda Günorta Türkmenistan arheologik ekspedisiýasy (GTAKÄ) metjidi çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek işini geçirdi.

Metjidiň peştagynyň ýokarsynda Horasanyň hökümdary soltan Abul-Kasym-Babyryň (1446-1457 ý.) ady tutulýan uly ýazgyda şeýle diýilipdir: “Bu gurluşyk beýik soltan, öz halklarynyň eýeleri, ýurtlaryň we asyrlaryň penakäri Abul-Kasym-Babyr Bahadurhan patyşalyk süren wagtynda guruldy, hemmeden beýigiň özi onuň häkimiýetini we onuň patyşalygyny ebedileşdirsin”.

Beýleki ýazgylarda “Gözellik öýüni” Muhmammet diýen biriniň öz kakasy Jemal-ed-dünýä-wa-d-diniň ýadygärligi üçin öz serişdeleri bilen 1455-1456-njy ýyllarda gurdurandygy hakyndaky maglumat getirilýär.

G.A.Pugaçenkowa metjidiň ýüzündäki ýazgyda ady gelýän Muhammedi soltanyň weziri bolan Muhammet Hudaýdot diýip tassyklaýar, özi-de onuň bu ýerde jaýlanan kakasy Jemaleddiniň doglan ýeriniň Änewdigini kesgitleýär.

Desga gurlup tamamlanmandyr, çünki soltan Babyr ölenden soň (1457) özara uruşlar we weýrançylyklar döwri başlanypdyr. Oňat bişen kerpiçden bina edilen metjit syrça bilen gysganylman bezelipdir. Peştagy demirgazyga bakdyrylypdyr we jaýyň jümmüşinde, günorta diwaryň ýüzünde syrçalar bilen bezelen mährap bolupdyr. Onuň gapdallarynda günorta diwaryň ýüzünde insizje tagçalar edilipdir, olar diwaryň daş ýüzüne çykytly edilipdir. Metjidiň beýleki iki diwarynda, hersinde ikiden, inli, çuň tagçalar edilipdir. Peştagyň syrçaly bezeginiň çeperçilik özboluşlulygynyň uly gymmaty bolupdyr, onda biri-birine tarap kellelerini uzadyp, süýnüşip gelýän iki sany eýmenç görnüşli aždarhanyň şekili çekilipdir. Olaryň sarymtygrak göwresi ownuk ösümlik nagyşly garamtyl-mawy syrça düşegiň üstünde towlanyp barýar, ol ownuk ösümlik nagyşlary jandarlaryň her biriniň açylan agzyndan başlanýar.

Şuňa meňzeş aždarhalaryň dini ymaratda şekillendirilişiniň nusgasy Orta Aziýada başga ýok. Aždarhalary şekillendirmegiň Orta Aziýa sungatynyň taryhyna çuňdan ornaşyp gidýändigine garamazdan, Änew metjidindäki suratyň gelip çykyşynyň gutarnykly düşündirilişi henize çenli tapylanok. Änew metjidinde aždarhalaryň şekillendirilmeginiň manysyna has ynamlyrak düşündirişi G.A.Pugaçenkowa berýär, ol “munyň özi XV asyrda Änew töwereginde ýaşan esasy türkmen taýpasynyň totemidir, ähtimal, Änewde jaýlanan şyh Jelaleddin hem şol taýpadan bolandyr” diýip hasap edýär.

Totemiň (taýpanyň dini simwolynyň) ýerli gelip çykyşy hakdaky pikir peştagyň daşyna aýlanan syrçaly nagyşynyň we onuň üstündäki arap ýazgysynyň, şonuň ýaly-da aždarhalaryň hem Orta Aziýanyň arhitektura ýadygärliklerinde başga hiç ýerde ýoklugy bilen ýene bir gezek berkleşýär. Şonuň bilen birlik-de bu nagyşyň şekilleri türkmen eneolitiniň (mis-bürünç zamanynyň) küýze nagyşlary üçin häsiýetlidir we türkmen haly sungatynda öz ýaşamagyny häzir hem dowam edýär. Şularyň hemmesi Änew metjidiniň bezegine türkmen halkynyň iňňan uzak gadymdaky öz ata-babalaryndan miras edinip alan çeperçilik äheňiniň hut özi diýip hasaplamaga mümkinçilik berýär.

Rowaýat:[düzet | çeşmäni düzet]

Metjidiň töweregindäki ilat muňa özüçe düşünipdirler. Olaryň arasynda şunuň ýaly gurluşygyň peýda bolmagyny düşündirýän rowaýat baryp ir wagtlarda emele gelipdir. Onda şeýle diýilýär:

“Bir wagtlar şäheriň gala diwarynyň düýbünde bir agaç dikilip, ondan uly jaň asylyp goýlupdyr. Başyna iş düşen her bir ýolagçy jaňy kakmak bilen şähere duýduryş berýär eken, ilat bolsa oňa kömege gelip, başyna düşen işden ony halas edýär eken. Bir gezek, adalatly we parasatly Jamalyň ýurdy dolandyrýan wagtynda adamlar jaňyň gaty we howsalaly kakylýandygyny eşidipdirler. Derwezäniň agzyna ylgaşyp gelenlerinde, olar ägirt uly towlanyp duran aždarhanyň jaňy kakýandygyny görüpdirler. Ol aždarha bir zady görkezýän ýaly edip, dag tarapa ümläpdir, soňra bolsa märekäniň arasynda elleri paltaly we pyçgyly duran iki ussa tarap ümläp, daga tarap ugrapdyr. Patyşa aýal Jamal ussalara aždarhanyň yzy bilen gitmegi buýrupdyr. Bular daga baranlarynda, agyr jebir çekip ýatan başga bir aždarhany görüpdirler, ol aždarha uly dag geçisini diriligine ýuwdupdyr, emma onuň buýraly uly şahlary aňryk geçmän, aždarhanyň bokurdagyna ilişip galypdyr. Edermen ussalar aždarhanyň açylyp ýatan agzyna girip, dag geçisiniň şahlaryny pyçgy bilen kesip aýyrypdyrlar we geçiniň etini böleklere bölüşdiripdirler hem-de aždarhany jebirden gutarypdyrlar. Şundan soň birnji aždarha ussalary hazynadan doly bolan bir derä eltipdir we olara şol hazynadan gereklerini hem-de göterip bilenlerini almaga ygtyýar beripdir.

Ertesi irden şaheriň ilatyny ýene-de jaňyň sesi oýarypdyr. Olar galadan çykanlaryndan iki aždarhany hem görüpdirler, ol aždarhalar köp altyn we gymmat bahaly daşlary alyp gelen ekenler. Olar bu zatlary patyşa aýalyň öňünde goýup, özleri ýene daga tarap gidipdirler. Jamal bu gymmat baha zatlardan uly metjit gurmagy we onuň peştagynda şu zatlary peşgeş beren aždarhalaryň şekilini çekmegi buýrupdyr. Rowaýatda aždarhalar Änewiň ilatyna hossarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär, olaryň şekili bolsa ýykylan metjidiň ýüzündäki ýazgyda atlandyrylyşy ýaly “Gözellik öýuni” gorap saklapdyrlar”.

salgylanma[düzet | çeşmäni düzet]

gollanma maglumat merkezi