Mazmuna geçiň

Eýran

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Eÿran sahypasyndan gönükdirildi)
جمهوری اسلامی ايران
Jomhūrī-ye Eslāmī-ye Īrān

Eýran Yslam Respublikasy
Eyranyn baýdagy Eyranyn gerbi
Eyranyň baýdagy Eyranyň gerbi
Paýtagt Tähran
Prezident Muhammed Mohber
Dil Parsça
Wagt UTC +3.30
Telefon kod 98
Internet TLD .ir

Eýran Yslam Respublikasy (pars. جمهوری اسلامی ایرانJämhuriýe Eslamiýe Iran, şeýle hem Eýran (pars. ایران, [ʔiˈɾɒn] ýa-da Persiýa) — Aziýanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän döwlet. Paýtagty — Tähran şäheri.

Meýdanynyň ululygy boýunça dünýäde 16-njy orunda durýar. Ýurduň araçäkleriniň umumy uzynlygy 6420 km. Türkmenistan, Owganystan, Päkistan, Yrak (Kurdistan welaýaty), Türkiýe, Azerbaýjan bilen araçäkleşýär.

Ilaty we şäherleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Ilaty 82'011'700 adamdan gowrak bolup, şonuň 71 %-ti şäherlerde ýaşaýar. Paýtagty Tähran şäheri (7,1 millliondan gowrak). Paýtagtda ýurduň 10 prosentden gowrak ilaty jemlenendir. Esasy şäherleri Yspyhan, Şiraz, Nişapur, Abadan, Kum, Bender-Abbas, Maşat. Ilatyň artyş depgini 4 %-te golaý. Çaklamalara görä, 2015-nji ýyla çenli Eýranyň ilatynyň 78 mln adama ýetmegi mümkin. Ýaş sostawy boýunça Eýran dünýäniň iň ýaş ýurdy hasaplanýar (ilatyň 50 %-ni 15 ýaşa çenli etginjekler düzýär). Ilatynyň 99,5 %-ti musulmanlardyr.

İçeri we daşary syýasaty

[düzet | çeşmäni düzet]

Konstitusiýa laýyklykda EYR-yň ykdysady ulgamy döwlet, kooperatiw we hususy pudaklara daýanýar. Döwlet pudagy ykdysadyýetiň agramly bölegini elinde saklaýar. Goranmak senagaty, nebit-himiýa toplumy, metallurgiýa senagaty ýaly ykdysadyýetiň keşigini çekýän pudaklar onuň elinde jemlenendir. Touhid ykdysadyýeti maýanyň bir elde jemlenmegini çäklendirmekde özüni kapitalizmden, döwlet pudagyny çäklendirmekde bolsa sosializmden tapawutly hasaplaýar.

Homeýni daşary syýasatda “Ne Günbatara, ne Gündogara, diňe ortalyk ýola eýermeli!” diýen özboluşly ugry öňe sürdi. Bu syýasata Eýranda “Üçünji ýol” ýa-da “Homeýniniň ýoly” diýlip at berildi.

Eýranyň ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasynyň 63 sany wekilini 444 günläp zamunlykda saklamagy eýran-amerikan gatnaşyklaryny erbetleşdirdi. 1980-nji ýylyň 22-nji aprelinde Ýewropa Ykdysady Hyzmatdaşlygy Eýrana ykdysady gabaw yglan etdi. Eýranyň ABŞ-nyň banklaryndaky goýumlary “doňduruldy”.

Ali Akbar Haşemi Rafsanjanynyň prezidentligi. 80-nji ýyllaryň ahyryndan başlap Eýran uly özgerişler döwrüni başdan geçirýär. Ösüşiň yslam ýolunyň täze basgançagy prezident Rafsanjanynyň ady bilen baglanşyklydyr.

Dil we milli azlyklar

[düzet | çeşmäni düzet]

Döwlet dili pars dili. Agdyklyk ediji millet azerbeýjanlar bolup (ähli ilatyň 30,3 %), olar yslamyň şaýy mezhebine uýýarlar. Parslar (41,92 %-ti), kürtler (9,1 %), türkmenler (3,17 %), araplar (2,2 %), buluçlar özbaşdak etniki toparlar hasaplanýarlar (Cesme: http://www.ethnologue.com/show_country.asp?name=IR). Ilatyň 29 %-ti oba hojalygynda, 13,5 %-ti senagatda, galan bölegi bolsa hyzmat ediş sferasynda zähmet çekýär. Işsizleriň sany 1,8 mln. adama golaý.

Ýyllyk girdeji

[düzet | çeşmäni düzet]

1989-1994-nji ýyllar aralygynda ilatyň jan başyna öndürilýän milli önümiň ýyllyk artyşy 7,7 % boldy. 1993-nji ýylda adam başyna düşýän ýyllyk girdeji 4360 dollar boldy. Inflýasiýanyň derejesi öň 30 % bolanlygyndan 1991-nji ýylda 7,5 %-te çenli kemeldi. Önümçiligiň pese gaçmagynyň öňi alyndy. Soňky döwürde umumy milli önümiň artyşy 10 %-den geçýär.

Transport we gara ýollar

[düzet | çeşmäni düzet]

Awtomobilü transporty transportyň esasy görnüşidir. Eýran kalendary boýunça 1358-1367-nji ýyllar aralygynda (1979-1989 ýý.) 402 km magistral ýollar, 4831 km şosse ýollary (ini 7 metr), 10320 km ikinji derejeli ýollar (ini 5-7 metr) guruldy. 1989-njy ýylyň martyna çenli Eýranyň ýollarynyň umumy uzynlygy 167 müň km bolup, şonuň 14 %-ti magistral ýollardyr. Eýranyň daglyk ýerlerde ýol gurmakda baý tejribesi bar.

Demir ýollar

[düzet | çeşmäni düzet]

Eýranda demir ýollar döwlete degişlidir. Olar ýylda 6672 müň ýolagçy we 8047 müň tonna ýük daşamaga ukyply. 1979-njy ýyla çenli Eýran demir ýollarynyň uzynlygy 4567 kilometrdir. Häzirki döwürde 1000 kilometrlik ýollaryň gurluşygy alnyp barylýar, ýene-de 500 kilometrligi planlaşdyrylýar. Eýran, Tejen-Sarahs-Maşat demir ýolunyň Maşatdan Sarahsa çenli aralygyny gurdy.

Nebit Eýranyň esasy baýlygy hasaplanýar. Onuň barlanan zapaslary 90,5 barrele (nebitiň halkara ölçeg birligi, 1 barrel 159 litre deň-J. G.) Nebit we nebit önümleri ýurduň yksportunyň esasyny düzýär. 1979-1986-njy ýyllarda nebit Eýran gaznasyna 120 mlrd dollar girdeji getirdi. Bir günde 4,2 mln barrel nebit çykarmaga mümkinçiligi bolsa-da OPEK-iň (nebiti eksport ediji döwletleriň guramasynyň) kararyna laýyklykda nebit çykarmagyň bir günki çägi (kwotasy) Eýran üçin 3 mln 340 müň barrel diýlp kesgitlenildi. Abadan, Yspyhan, Tähran şäherlerinde nebiti gaýtadan işleýän zawodlary bar.

21 trillion kub metr gaz zapaslaryna eýe bolan Eýran bu görkeziji boýunça Russiýa Federasiýasyndan soňra ikinji ýerde durýar. Ýurduň 280-den gowrak şäheri tebigy gaz bilen üpjün edilendir.

Esasy hyzmatdaşlary

[düzet | çeşmäni düzet]

Ýaponiýa, Germaniýa, Italiýa, Türkiýe, Beýik Britaniýa, Siriýa, Hytaý, Günorta Koreýa, Päkistan, Merkezi Aziýa respublikalary Eýranyň esasy söwda partnýorlarydyr. Eýran daşary bazara nebit, haly, çoýun, pisse we guradylan miwe önmlerini, bekre balygynyň işbilini, we ş.m. çykarýar. Daşary ýurtlardan bolsa metal konstruksiýalary, enjamlar, däne, agaç materiallary, medisina abzallary we ş.m. getirilýär.

Häzirki wagtda Eýranda 176 sany döwürleýin neşirler hereket edýär. Olaryň bir ýyllyk möçberi 450 mln ekzemplara ýetýär. Neşirleriň 103-si hususy sektora degişlidir. Döwürleýin neşirleriň 60 %-ti yslam ynkylabyndan soňra çykyp başlady. Metbugatyň 9 %-ti ýokary bilimliler, 29 %-ti aýallar we çagalar, 36 %-ti bolsa ilatyň ähli gatlagy üçin niýetlenendir. Žurnalistleriň diňe 1,6 %-ti uniwersiteti “žurnalistika” hünäri boýunça tamalanlardyr. Ähli žurnalistleriň 13 %-ti aýal-gyzlardyr. KEÝHAN, ETTELAAT, RESALAT esasy gijeki, JOMHURI-ýe ESLAMI, ABRAR irki gazetlerdir. KEÝHAN INTERNEŞNL, TEHRAN TAÝMS iňlis dilindäki gazetlerdir.

Medeniýet we Yslam ugry Ministrligine degişli. 486 kitaphanada 333 müň kitap saklanýar. 1988-nji ýylda Eýranda 4873 kitap neşir edilipdir.

Sowatsyzlygy ýok etmekdäki bitiren işleri üçin Eýran ÝUNESKO-nyň ýörite diplomyna mynasyp boldy.

Kuran öwrenmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Eýranda mukaddes Kurany-Kerimi öwrenmäge örän uly ähmiýet berilýär. Ony öwrenijileriň sany 1988-nji ýylda 6 mln. adam bolanlygyndan, 1994-nji ýylda 17 million adama çenli ýetdi.

Eýranda 166008 orunlyk 264 kinoteatr bar. Olarda ýylda 1 milliona golaý tomaşaçy Eýran we daşary ýurt filmlerine tomaşa edýär. 1993-1994-nji ýyllarda Eýran kinematografy 125 halkara festiwalyna gatnaşyp, 34 sany baýraga mynasyp boldy. Bu özboluşly rekorddyr.

Administratiw bölüniş

[düzet | çeşmäni düzet]

Eýran administratiw taýdan 31 sany ostana (welaýata) bölünip, olar 499 şäheri we 50000 obany özüne birleşdirýärler. Ine şol ostanlar : Tähran, Merkezi, Gilan, Gülüstan, Mazenderan, Gündogar Azerbaýjan, Günbatar Azerbaýjan, Huzestan, Fars, Kerman, Kermanşa, Demirgazyk Horasan, Horasan Rezawy, Günorta Horasan, Yspyhan, Sistan we Bulujystan, Kürdüstan, Hemedan, Çaharmahal we Bagtyýary, Lurystan, Ilam, Kohgiluýe we Buýer Ahmad, Buşehr, Hormozgan, Zenjan, Ýezd, Ardabil, Älborz, Semnan, Fars we Gazwin.

Eýranyň resmi baýdagy ýokardan aşak ýaşyl, ak, gyzyl reňkde bolup, merkezinde gerbiň suraty ýerleşdirilen. Baýdak 22 gezek gaýtalanýan “Allah Akbar” (“Allah Beýikdir”) diýen söz bilen bezelendir.

Eýranda iki kalendar: Hijri kamary (Aý) we Hijri Şemsi (Gün) kalendarlary ulanylýar. Täze ýyl 21-nji martda (Nowruz) başlanyp, şol ýylyň 20-nji martynda tamalanýar. Hepde şenbe güni başlanyp, juma güni tamamlanýar. Juma resmi dynç alyş günüdir. 11-nji fewralda (22-nji bahman) Yslam ynkylabynyň ýeňiş güni baýram edilýär.