[[Boldumsaz etraby 1936-njy ýylda Porsy;1993-njy ýylda Kalinin ady bilen atlandyrylan etrapdyr]] Boldumsaz etrabywelaýatyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşip, Garagalpagystan Respublikasy bilen araçäkleşýär.Etrabyñ çäginde türkmen,özbek milletleri ýaşaýar.Etrabyñ ilaty 23253 (2009ý) adamdyr. Etrabyň esasy ekerançylyk ýerleri oazisde we uzakdaky Sarygamyş kölüniň töwereginde ýerleşýär. Onuň çägine Gaplaňgyr goraghanasynyň bir bölegi hem degişlidir. Etrapda pagtaçylyk, däneçilik, maldarçylyk, bakjaçylyk pudaklary ösendir.
Etrabyň düzümine 1 şäherçe, 9 oba geňeşligi, 51 oba girýär.
Etrap merkezi Boldumsaz şäherçesiDaşoguz şäherinden 35 km demirgazyk-günbatarda bolup, onda pagta arassalaýjy zawod, durmuş-medeni edaralary, gurluşyk, azyk kärhanalary bar.