Toklutaý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Toklutaý
Otis tarda

Toklutaý — Haýwanat dünýäsindäki özboluşly görnüşi bilen tapawutlanýan jandarlaryň biri hem toklutaýdyr. Olar hindi towuk ölçegli, uly guşdur. Üstki tarapynyň reňki kese gara zolakly çypar, kellesi we boýun bölegi tüsse reňkli çal. Ýazyna horazynyň bokurdagynyň gapdallary sallanyp duran ak ýelekli, boýnunyň aşagy bolsa çypar reňklidir. Ganatlary gara uçly.

Toklutaýlar esasy Ýewraziýanyň düzlük we dag sähralygyna giňden ýaýrandyr. Şeýle hem biziň ýurdumyzda Hazar deňziniň kenarynda we Etrek derýasynyň aşaky başyndan Köpetdagyň öňüne çenli we uly derýalaryň jülgelerinde seýrek duş gelmek bolar. Olar Demirgazyk Garadeňiz pesliginde, Hazarýakasynda, Kiçi we Alynky Aziýanyň käbir ýerlerinde gyşlaýarlar.

Bu guşlaryň ýaşaýyş şertleri uçup geçýän we gyşlaýan guş. Ýazyna martda we apreliň başynda, güýzüne-oktýabrda we noýabrda uçup geçýär. Guşlar ýarym çöllük, ýowşanly sähralyk ýerlerini, oazisleriň gyra çetlerini halaýarlar. Ýabany otlaryň we medeni däneleriň baldagy we tohumlary, tomzaklar we beýleki käbir mör-möjekler bilen iýmitlenýärler

Toklutaý guşlary ýitip gitmek howpy abanýan görnüş hökmünde döwletimiziň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Ýaşaýan Ýerleri[düzet | çeşmäni düzet]

Jemi sany 31,000 bilen 37,000 sany diýip hasap edilýar. 4,200 - 4,500 görnüşi Gündogar Aziýada duş gelýär. Soňky wagtlarda Gündogar , Merkezi Ýewropada we Aziýada , aýratyn hem Gazagystan we Mongoliýada sanlarynda düşüş bar.

Hasap (2008)
Görnüş Döwletler
Ýerli Owganystan, Ermenistan, Awstriýa, Azarbeýjan, Bosniýa we Hersegowina, Bolgariýa, Hytaý, Horwatiýa, Çehiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Fransiýa, Gruziýa, Germaniýa, Gresiýa, Wengriýa, Eýran, Yrak, Italiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldawiýa, Mongoliýa, Montenegro, Marokko, Portugaliýa, Rumyniýa, Russiýa, Serbiýa, Slowakiýa, Ispaniýa, Siriýa, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan, Ukraina, Beýik Britaniýa, Özbegistan
Tükenip Ýok Bolan Ýerleri Alžir, Litwa, Mýanmar, Polşa, Şwesiýa, Şweýsariýa
Göçýän Terleri Albaniýa, Belgiýa, Kipr, Daniýa, Müsür, Finlandiýa, Gibraltar, Irlaniýa, Ysraýyl, Ýaponiýa, Koreýa, Latwiýa, Lüksemburg, Malta, Niderlandlar, Saud Arabystany, Tunis
Takmyn Edilýär Liwan, Päkistan