Mazmuna geçiň

Taharet

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Tahärat (arap. طهارة - täret) yslam dininde namaz okamak üçin zerur şertleriň esasysydyr.

Hanefi mezhebine görä eger bir musulman — täretli namaz okap bilýärkä, täretsiz okasa dinden çykar, ýagny kapyr bolar.

Täret almak üçin kündük. Pygamberimiz kündük ulanýardy we artykmaç suw harçlamazdy.

Taharet – tämizlik

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslam dini tämizlige uly ähmiýet berýär. Yslam Allah Tagalanyň huzurynda sežde eden mahalyň bedeniň, eşigiň, namaz okaljak ýeriň we kalbyň arassa bolmagyny emr edipdir. Kurany Kerimiň hem görkezmesi şeýledir. Onda tämizligi saklaýanlar öwülýär. Olaryň Allahyň söýgüsine mynasypdygy aýdylýar. Allah Tagala şeýle diýýär: «Şübhesiz, Allah köp toba edenleri we tämizlenenleri söýer». (Bakara, 222). Bedeniň daş tämizligindenem beter, kalbyň arassalygy, niýetiň düzüwligi möhümdir. Sebäbi, «daşy jäjek, iç möjegiň» iman gözelligine ýetmegi mümkin däldir. Allah Tagala ýalkananlaryň ilkinji sypatynyň tämizlikdigini şeýle düşündirýär: «Gowy tämizlenen we Rabbiniň adyny zikr edip, namaz okan kişi şübhesiz myradyna ýeter» (A’la, 14-15). Hezreti Muhammet (s.a.w) hem tämizlige köp ähmiýet beripdir: «Tämizlik imanyň ýarydyr, (Müslim, Ahmet b. Hanbel, «Müsnet»). «Allah tämizdir, tämizligi söýer», (Tirmizi). Musulmanyň kalbydyr beden tämizligi bütewi bolmalydyr. Bularyň ikisi hem tämiz saklanan ýagdaýynda, ol kämilleşip biler. Taharetiň, ýagny, tämizligiň iki görnüşi bar:

  1. Nejasetden taharet.
  2. Hadesden taharet.

Nejasetden taharet

[düzet | çeşmäni düzet]

Maddy görnüşdäki kir we hapa, ynsan, haýwan we guşlaryň bedeninden bölünip çykýan iýmit galyndylaryna nejaset diýilýär. Nejaset ýokan ýere – bedene, eşige hem nejis diýilýär. Nejasetden tämizlenmek – beden hem egin-eşikdäki hapadan saplanmakdyr. Hapa zatlaryň käbiriniň asly pisdir. Käbiriniň asly tämizdir-de, soňra hapa degenligi sebäpli näpäk saýylar. Mysal üçin: siýdigiň asly hapadyr. Egin-eşigiň bolsa asly tämizdir. Emma oňa sidik degse, ol öňki päkligini ýitirýär.

Nejasetiň görnüşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Şerigatyň nejis diýip kabul eden zatlary fykyh kitaplarynda ikä bölünýär.

  1. Nejaseti galiza (agyr nejaset).
  2. Nejaseti hafife (ýeňil nejaset).

Bu – hapanyň azlygyna ýa-da köplügine görä däl-de, namazyň syhhatyna (dürslügine) päsgel berip-bermeýänligine görä bölünýär. Elbetde, hapanyň agyry-eňili bir zady hapalamakda deňdir. Meselem, bu ikisiniň haýsy hem bolsa biri gapdaky suwa gaçsa, şol suw hapalanýar. Ondan taharet kylmak jaýyz bolmaz.

Galiz nejasetiň namazyň syhhatyna päsgel berýän mukdary

[düzet | çeşmäni düzet]

Galiz nejasetiň namazyň syhhatyna päsgel berýän mukdary gatylygyna ýa-da suwuklygyna görä üýtgeýär. Eger gaty bolsa, bir dirhemden, ýagny, üç gramdan az bolsa, suwuklyk haldaka el aýasynyň giňliginden az ýere ýaýrasa – bular namazyň syhhatyna päsgel bermeýär. Ikisiniňem şundan artykmajy namazyň syhhatyna päsgel berýär. Namaz okamak üçin bulardan arassalanmak farzdyr. Her hal, namazyň syhhatyna päsgel bermeýän mukdardaky hapadan hem arassalanmak sünnetdir. Näçe arassa bolsaň, şonça gowudyr.

Galiz nejaset hasaplanýan zatlar:

  1. Ynsan bedeninden çykan taharet ýa-da gusul almagy zerur eden hemme zat: peşew, ders, meni, mezi, wedi, gan, iriň, sary suw, agyz dolusy gusuk, haýz, nifas we istihaze ganlary;
  2. Eti iýilmeýän haýwanlaryň nejaseti, siýdigi, sülekeýi...; (Eti iýilmeýän haýwanlardan diňe pişigiň sülekeýi we agzyndan artany mekruh hasap edilýär).
  3. Ähli haýwandan akan gan;
  4. Towuk, gaz, ördek, hindiguşy ýaly eti iýilýän öý guşlarynyň pislikleri;
  5. Maslyk we haram ölen malyň işlenmedik derisi galiz nejaset hasap edilýär. Şerigatyň görkezmesine laýyklykda, damagy çalynmadyk mal maslyk bilen deňdir. Damak çalnanda bismillah bilkastlaýyn aýdylmasa, haýwan haram bolýar, eti iýilmeýär. Eger unudylsa, zyýany ýokdur.
  6. Şerap (hamr) içilmegi we ulanylmagy haramdyr, ol egin-eşige ýa-da bedene dökülse, ýuwulýança tämiz däldir. Beýleki serhoş edýän spirtli içgiler hem şerap mysalydyr. Ýeňil nejasetiň namaza päsgel berýän mukdary. Ýeňil nejasetde ölçeg: pislik degen eşigiň ýa-da beden agzasynyň dörtden birine ýetmelidir.Mükdar dörtden birinden az bolsa, namaza pesgäl bermez, eger köp bolsa, namaz okamakçy bolsaňyz, hapalanan ýeri ýuwmak farzdyr. Ybadata päsgel bermese-de, agyr hem ýeňil, her hili nejasetden arassalanmak takwalyga mynasyp işdir. Ýeňil nejaset saýylýan zatlar
  7. Atyň, gatyryň, eşegiň we eti iýilýän goýun, keýik ýaly öý we ýabany haýwanlaryň siýdigi we tezegi ihtilaflydyr – jedellidir. Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, bular ýeňil nejasetdir. Fetwa esas bolan şu garaýyşdyr. Emma, Ymam Agzama görä, galiz nejasetdir.
  8. Çaýçaňňalak, gyrgy, bürgüt, baýguş ýaly eti iýilmeýän guşlaryň pislikleri. Ýöne serçe, gögerçin, gumry ýaly nejasatyny howada taşlaýan guşlaryň nejasaty taharetli adamyň bir ýerine degse, hapa saýylmaýar.


Şerigata görä tämiz saýylýan zatlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Yslamda kabul edilişine görä, tutuş ýer ýüzi, magdanlar, suw, ot-ösümlik, gül, miwe we doňuzdan başga ähli haýwanlaryň hamy ýeňil ýa-da agyr nejaset saýylan bir hapa degmedik bolsa tämiz saýylýar. Doňzuň hamy, gyllary hem eti ýaly haramdyr. Eşige ýa-da teniňe degse, ol hapa saýylýar. Usulyna laýyklykda damagy çalynan haýwanlaryň derisi, bagyr, öýken, ýürek, dalak gany, damar we etiň içinde gatap galan gany tämiz saýylýar. Eti iýilýän haýwanlaryň siýdigi we tezegi ýeňil nejaset saýylsa-da, sülekeýleri arassadyr. Haram ölen guşlaryň we haýwanlaryň eti myrdar saýylsa-da, şah, toýnak, ýelek ýaly içine gan girmedik agzalary, ulanmak üçin eýlenen derileri tämizdir. Balyk we suwda ýaşaýan beýleki jandarlar tämizdir. Bularyň gany-da tämizdir. Ýöne Hanefi mezhebine görä, suwda ýaşaýan haýwanlaryň balykdan başgasynyň etini iýmek jaýyz däldir. Bit, büre, tagtabiti ýaly mör-möjekleriň gany hem hapa saýylmaýar. Janly-jandarlaryň gözýaşynyň, deriniň, tüýküliginiň, sümüginiň pisligi ýa-da tämizligi olaryň agzyndan artan zada berlen höküme görä üýtgeýär. Gatyr we eşegiň sülekeýi şübheli, ýyrtyjy guşlaryň sülekeýi mekruh, doňuz, it we ýyrtyjy haýwanlaryň sülekeýi we agzyndan galan zatlar hapadyr. Ynsanyň sülekeýi arassadyr, emma içgili bolsa, agzyny arassalaýança, onuň agzyndan galan tagam we sülekeýi hapa saýylýar. Pişigiň siýdiginiň degen suwy hapadyr. Emma mundan goranmagyň kyndygy sebäpli, eşige degse, o-da bilinmese, hapa görülmändir. Iňňäň ujy ýaly ululykdaky peşew syçrantgysy eşige ýa-da bedene degse hapa saýylmaz. Şeýle egin-eşik bilen namaz okamak bolar. Çünki köplenç mundan goranmak mümkin däldir. Ýöne suwa syçrasa hapalar. Çünki suwy beýle syçrantgylardan goramak bolýar. Ýollarda eşigiňe syçraýan palçykdan goranmak kyn bolany üçin, ol tämiz saýylypdyr. Bu anyk nejaset bolmasa, namaza zeleli ýokdur. Hajathanadan, agyldan, hammamdan göterilen bugdan dörän suw damjalary tämiz saýylar. Nejaset degen bir zady üç gezek ýuwup sykanyňda çykan suw hem tämiz däldir. Mundan soň eşik hem, sykylan suw hem arassadyr. Bellik: Şerigata görä: nejis saýylan müşrikleriň, ähli kitap bolan jöhitleriň, hristianlaryň gaplaryndan nahar iýmek, suw içmek jaýyz görülýär, emma ol gaplarda yslamyň haram eden zatlary bolan bolmaly däldir. Nejaset degendigi anyk belli bolan gaplardan iýip-içmek jaýyz däldir. Altyn we kümüş gaplarda nahar iýmek, suw içmek ýa-da taharet kylmak jaýyz däldir. Ýöne altyn we kümüş çaýylan gaplarda nahar iýmek bolar. Aýal-gyzlar altyn-kümşi şaý-sep hökmünde dakynyp biler. Erkek kişilere bolsa diňe kümüş ýüzük dakynmaga rugsat berilýär.

Pislikleri tämizlemegiň ýollary

[düzet | çeşmäni düzet]

Şerigatyň görkezmesine görä, hapalanan zatlary tämizlemegiň dürli ýollary bardyr.

Suw bilen ýuwmak arkaly tämizlik

[düzet | çeşmäni düzet]

Suw – pislik tämizlemek, taharet we gusul almak üçin asyl tämizleýjidir. Suwuň tämizleýji bolmagy üçin onuň özüne mahsus reňki, tagamy ýa-da ysy üýtgän bolmaly däldir. Bedene ýa eşige degip gatan nejasetleriň degen ýerinden yzy ýitýänçä ýuwulmalydyr. Gan ýaly yzy kyn aýrylýan hapalar suwy durlanýança ýuwulýar. Eger arassalyk işi ýörite legende edilýän bolsa, her gezek suw çalşylanda, gap arassa suw bilen çaýkalmalydyr. Eger-de hapa peşew ýaly suwuklyk görnüşinde bolsa, eşigiň hapa degen ýerini üç gezek ýuwmaly we her gezeginde-de ony gowy sykmalydyr. Haly, keçe ýaly sykmak mümkin bolmadyk zatlar hapalananda, üç gezek ýa-da pisligiň yzy ýitýänçä, bol suw bilen ýuwmaly.

Suwda gaýnatmak arkaly tämizlemek

[düzet | çeşmäni düzet]

Içine hapa gaçan süýt, bal, mürepbe, toşap ýaly zatlar üç gezek aýry-aýry arassa suw bilen gaýnatmak arkaly tämizlenýär. Garyn ýuwulmanka gaýnap duran suwa atylsa, hapalygyna galýar, tämizlenmeýär. Şer’i usula görä, damagy çalnan towuk we ş.m. guşlar içgoşy çykarylmanka, ýeleklerini aýyrmak üçin gyzgyn suwa atylsa, onuň eti hapalanýar. Sebäbi onuň içindäki pislikler ete ornaýar. Şonuň üçin olar içgoşy çykarylansoň, gyzgyn suwa atylýar ýa-da ýyly suwa salynýar. (Ylym suwuň gyzgynlygynyň 55 gradusdan geçmeli däldigini aýdýar).

Oda tutmak arkaly tämizlemek

[düzet | çeşmäni düzet]

Hapa palçykdan ýasalan küýze, gap-gaç ýaly zatlar otda bişirilenden soň, tämizlenen saýylýar. Çiş, pyçak ýaly zatlar hem gana bulaşyp hapalanan ýagdaýynda, oda tutulsa tämizlenýär.

Süpürmek arkaly tämizlemek

[düzet | çeşmäni düzet]

Pyçak, aýna, ýylmanak tagta, mermer, stol, mejime ýaly zatlara öl ýada guran hapa degse, öl esgi ýa-da toprak bilen süpürilip arassalanýar.

Gazamak we owkalamak arkaly tämizlemek

[düzet | çeşmäni düzet]

Eşige degen meni – tohum guran bolsa, owkalamak arkaly tämizlemek bolar. Owkalanandan soň bu eşik bilen namaz okamak mümkin. Eger-de meni öl halda bolsa, onda eşigi hökman ýuwmaly. Meni degen ten diňe ýuwmak bilen arassalanýar. Eger-de üstüne nejaset we meni degen biri munuň haçan degendigini anyk bilmese, nejasetde – taharetiniň iň soňky gezek bozulan, menide bolsa: iň soňky uklap-turan wagtyndan başlap ähli namazlaryny täzeden okamalydyr. Doňan ýaga bir hapa düşse, diňe hapanyň degen ýerini kesip aýyrmak bilen tämizlenýär. Aýakgap, mesi ýaly zatlara göze görünýän bir hapa degip gurasa, bu hapa gazamak arkaly tämizlenýär. Nejaset öl bolsa, onda ýuwmalydyr. Arassa esgi bilen süpürilse hem bolar.

Guramak we hapanyň yzynyň ýitmegi bilen tämizlenmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Toprak, ot, ösümlikler we ş.m.ler hapalananda şol hapa guran mahaly tämizlenýär. Munuň ýaly ýerde namaz okamak bolar. Ýöne teýemmum edilmez. Çünki beýle ýeriň özi tahyr – tämiz bolsa-da, mutahhyr – tämizleýji däldir. Hapalanan toprak nejaset ýitip gidýänçä üstünden suw akdyrmak ýa-da üstüne arassa topragy doly düşemek bilen hem tämizlenýär.

Halyny üýtgetmek arkaly tämizlenmek (istihale)

[düzet | çeşmäni düzet]

Bir hapa zat halyny üýtgetse hem tämizlenýär. Mysal üçin, şerabyň içine atylan himiki madda sebäpli ol sirkä öwrülse, tämiz bolar. Hapalanan zeýtun ýagyndan sabyn edilse tämizlener. Emma hapa süýtden peýnir ýa-da gatyk etmek, hapa bugdaýy üwäp, unundan çörek bişirmek, hapa künjüden ýag almak bilen tämizlenmez. Çünki bularyň esasy özeninde üýtgeşiklik bolmaýar.


Istinja we istibra

[düzet | çeşmäni düzet]

Istinja – hapadan tämizlenmek islemek diýmekdir. Dini taýdan kiçi we uly hajaty edeniňden soň, owrat ýerleriňi tämizlemek diýmekdir. Bu tämizlik müekked sünnetdir. Istinja suw bilen kylnyşy ýaly, suw bolmadyk ýagdaýda ownuk daş ýa-da kesek, ýörite edilen nem sorýan kagyzlar bilen edilip bilner. Ýöne süňk, aýna, ýazgyly kagyz, ýüpek ýaly gymmat bahaly mata bölekleri we Zemzem suwy bilen istinja kylmak mekruhdyr. Mundan başga-da, ýazmak üçin ulanylýan arassa kagyzyň hem gadyryny gaçyrmazlyk dogrudyr. Çünki isrip – haramdyr. Istinja kylmakda iň laýygy ilki kesek, daş ýa-da hajathana kagyzy bilen süpürinip, suw bilen ýuwunanyňdan soň, mata ýa-da hajathana kagyzy bilen gurunmakdyr.

Buşugandan soň, erkek kişiniň peşew damjalarynyň doly kesilmegine garaşmagyna istibra diýilýär. Muny etmek wajypdyr. Istibra, esasan, hajathanadan çykylmanka edilmeli. Istibra etmegiň – peşew damjalaryny doly kesmegiň dürli ýollary bardyr. Peşew damjalary käbir adamlarda çalt, käbirlerinde uzak wagtdan soň kesilýär. Her kes öz ýagdaýyna görä, taharet almazyndan öň, peşew damjalarynyň kesilmegine garaşmaly, üsgürmeli, hajathanadan çykanyňdan soň, derrew taharet kylman, biraz ýörmeli, hereket etmeli, soňra taharet kylmalydyr. Istibra etmek taharetiň syhhatyna päsgel bermezlik üçindir. Eger-de buşuganyňdan soň, derrew taharet kylynsa, peşewiň damanyndan ýa-da dammanyndan habaryň bolmasa-da, taharet bozular. Okalan namaz hem sahyh bolmaz. Şonuň üçin istibra meselesine gaty jür bolmalydyr. Ýöne bu meselede öte was-waslyk hem dogry däldir. Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Peşewden seresap boluň, çünki gabyr azabynyň köpüsi şol sebäplidir» diýmek bilen, buşuganyňdan soňky istibranyň ähmiýetini nygtapdyr.

Istinjanyň we istibranyň düzgüni

[düzet | çeşmäni düzet]

Hajathana girmänkäň, eliňde Allahyň ýa-da Pygamberimiziň ady ýazylan ýüzük, jübüňde aýat, Kurandan bir bölek ýazylan sahypa bar bolsa, olary aýyrmaly ýa-da suw geçirmeýän bir zada salmaly. Muňa mümkinçilik bolmasa, ýüzügiň ýazgyly ýerini owujyň içine öwürmäge-de rugsat edilýär. Şeýle he m «Bismillah» diýip, şu dogany: «Allahumme inniý e’uzü bike minel hubsi wel habais» (Buhary, Müslim) okamak mustahapdyr. Manysy: Allahym, hapysa şeýtanlardan Saňa sygynýaryn. Hajathana sol aýagyň bilen girip, sag aýagyň bilen çykylýar. Hajathanada kybla bakyp hem, arkaňy öwrüp oturmak hem bolmaýar. Bular mekruhdyr. Ýöne jaýlarda hajathana kybla bakdyrylyp salnan bolsa, nalaçlyk sebäpli munuň zeleli ýokdur. Ymam Şafyga we Mälige görä, ýapyk jaýyň içindäki hajathanalarda kybla bakyp oturmagyň zyýany ýokdur. Hajathanada zerurlyk bolmasa gürlemeli däl, zikir edilmeýär, salam bermek hem, almak hem bolmaýar. Hajathanada tüýkürmek, sümgürmek, hapa galdyrmak biedeplikdir. Keýpine dik durup buşugmak dogry däldir. Ýöne zerurlyk bolanda muňa rugsat edilýär. Oturyp buşugmak tämizlik we saglyk jähtinden iň laýygydyr. Bu ýagdaýda peşew haltasy doly boşaýar hem soňra damja gelmesi az bolýar. Hajathanada nejasete hem owrat ýeriňe bakmaly däldir. Bu gözüň nuruny alar. Hajathanadan çykanyňda: «Elhamdulillähillezi ezhebe annil-eza we afaniý» diýmelidir. Manysy: Menden yzany gidirip, maňa afiýet ihsan eden Allaha hamd bolsun.

Istinjanyň mekruhlary

[düzet | çeşmäni düzet]

Şemala garşy, köl, derýa, çeşme we ş.m.leriň suwuna, agajyň düýbüne, kölegelik ýerlere, mör-möjekleriň hinine, ýol üstüne meýdan etmek mekruhdyr. Adamlaryň geçýän, dynç alýan ýerlerini hapalap, olaryň gargyşyna sebäp bolmazlyk üçin, hadysy şeriflerde şeýle ýerlerde meýdan etmek gadagan edilendir. Köpçüligiň hajathanasynda hapa yzlaryny galdyrmak hem hadysda gadagan edilendir. Istinjada we istibrada tämizlik hemişe çep el bilen edilmeli, sag eli ulanmak mekruhdyr. Istinja kylanyňda suw syçratmaly däldir. Istanja edip bilmezlik derejede ýarawsyz bolan kişi, ýanýoldaşy ýa-da mähremi bolmasa ýagdaýyna görä bolar.

Sünnet hasaplanýan beden tämizligi

[düzet | çeşmäni düzet]

Farz edilen taharet kylmak we gusul almak ýaly şer’i tämizlikden başga, musulmanyň hepdede azyndan bir gezek doly ýuwunmagy mustahapdyr. Hadysda «Her musulmanyň ýedi günden bir gezek ýuwunmagy Allahyň hakydyr» diýilýär. Bu tämizligiň juma güni edilmegi ündelipdir. Ynsan bedenini kir we hapadan tämizlemekden başga-da, käbir agzalarynyň tämizligine üns bermelidir.

a) Saç. Tämizligine ilkinji üns bermeli zat saçdyr. Resulullah (s.a.w.) saçynyň arassalygyna uly üns berip daranardy. Käwagt bolsa olary ýaglardy. Bulaşyk, kirli saçlyny halamazdy. Bir gün huzuryna saç-sakgaly bulaşyk biri gelende: «Bu adamyň saçyny ýuwara suwy, ýaglara ýagy ýokmuka? Bu ne harsallyk?» diýip
b) Murt. Resulullah (s.a.w.) ashabyna murtuň dodagyň üstünden sallanan gyllaryny gysgaltmagy ündäpdir. Murty düýbi görünýän şekilde gysgaltmak sünnete laýygydyr.
ç) Goltugyňy we gasygyňy tämizlemek. Goltugyň aşagyndaky we gasygyňdaky gyllary azyndan 10-15 günden bir gezek, mümkin bolmadyk ýagdaýda-da 40 güni geçirmän arassalamak mustahapdyr. Bu tämizlik ähli pygamberleriň şerigatynda bardyr. Bu tämizligi iniň hapa wagty etmek mekruhdyr. Sebäbi bedenden herki zat tämizkä aýrylmalydyr.
d) Dyrnak tämizligi. Dyrnagy mümkin bolsa, hepdede bir gezek aýyrmalydyr. Dyrnagy hem iniň hapa wagty kesmeli däldir. Alnan dyrnagy çem gelen ýere atman, ýa gömmeli, ýa-da bir zada dolap hapa atylýan ýere zyňmaly. Dyrnak aýyrmagyň düzgüni barada Ymam Gazaly şeýle aýdýar: «El bilen aýagyň dyrnagy bir gezekde alynjak bolsa, ilki eliň dyrnagyndan başlamak gowudyr. Olaryň arasynda bolsa, towhyda yşarat edýändigi üçin, sag eliň süýem barmagyndan başlanmalydyr. Soňra dyrnak almak çep eliň baş barmagyna çenli yzygyderli dowam etmelidir. Iň soňunda sag eliň başam barmagynyň dyrnagy aýrylmalydyr. Aýagyň dyrnaklaryny aýyranyňda bolsa, sag külbikeden başlap, yzygyderli dowam etdirilip, çep külbikede gutarmalydyr», («Yhýa-u-Ulumiddin», t-1)
e) Agyz tämizligi. Agyz arassalygynda diş tämizligi saglyk taýyndan uly ähmiýete eýedir. Şonuň üçin dişleri arassa saklap, sowukdan-gyzgyndan, gaty zatlardan goramalydyr. Diş arassalygyna Resulullah (s.a.w.) uly ähmiýet beripdir. Ol: «Eger ymmatyma kyn düşmejek bolsady, her taharet kylnanda miswak ulanmagy emr ederdim», (Buhary, Müslim). «Dişleriňizi arassalaň. Çünki bu tämizligiň hut özüdir. Tämizlik bolsa imandandyr. Imanly kişi bolsa jennetidir». «Saralan dişleriňiz bilen huzuryma gelmäň. Miswak ulanyň» diýipdir (Tirmizi). Resulullah (s.a.w.) dişini miswak bilen arassalar eken. Miswak Arabystan ýaly ekwatoryň boýunda ösýän erak agajynyň şahasydyr. Häzirki döwürde geçirilen medisina barlaglary miswak agajynyň düzümindäki maddalaryň diş arassalamak üçin örän ýaramlydygyny subut edýär.
ä) Burun tämizligi. Agyz tämizligi ýaly, saglyk we jemgyýetde göze gelüwli bolmagyň üçin burun tämizligine hem dinimiz uly üns beripdir. Şol sebäpli Resulullah (s.a.w.): «Taharet alanyňyzda burnuňyza suw alyp, sümgüriniň». «Ukudan turanyňyzdan soň, üç gezek burnuňyzy suw bilen arassalaň» (Buhary) diýipdir.

Suw bilen baglanyşykly hökümler

[düzet | çeşmäni düzet]

Suw – hapa tämizlemek, taharet we gusul almak üçin asyl tämizleýjidir. Suwuň tämizleýji bolmagy üçin onuň özüne mahsus reňki, tagamy ýa-da ysy üýtgemeli däldir.

Suwuň görnüşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Suw, esasan, iki bölege bölünýär: mutlak we mukaýýet suw.

  1. Mutlak suw. Ýagmyr, deňiz, derýa, köl, çeşme suwuna – mutlak (arassa) suw diýilýär. Taharet, gusul alnanda we ähli tämizlikde şeýle suw ulanylýar.
  2. Mukaýýet suw. Ösümlik, gül, miwe suwy, içinde nohut, mäş, noýba ýaly ösümlikler ýatyrylan suwa – mukaýýet (garyndyly) suw diýilýär. Bular bilen hapa tämizlenip bilner, emma taharet we gusul alynmaýar.

Mutlak suwuň görnüşleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Mutlak suwuň tahyr we mutahhyr – tämiz we tämizleýji bolup bolmazlygy taýyndan bäş görnüşi bardyr.

  1. Tämiz we tämizleýji hökmünde ulanylmagy mekruh däl suw. Bu – üç sypaty (reňki, tagamy, ysy) bozulmadyk suwdur. Şeýle suwy iýmek-içmekde, taharet-gusulda we her hili tämizlikde ulanmak bolýar.
  2. Tämiz we tämizleýji hökmünde ulanylmagy mekruh suw. Bu pişik-syçan ýaly haýwanlaryň agzy degen suwdur. Muny başga suw bolmadyk ýagdaýynda ulanyp bolar.
  3. Tämiz bolsa-da, tämizleýji bolup bilmeýän suw. Bu taharet we gusul alnanda ulanylan suwdur. Muňa mustagmel (ulanylan) suw diýilýär. Munuň bilen hapa ýuwlup bilner.
  4. Tämizleýji däl suw. Içine nejaset gaçany anyk belli bolan, «kiçi suw» diýip atlandyrylýan az mukdardaky suwdur. Beýle suw hiç zada ýaramly däldir.
  5. Şübheli suw.
    Bu eşek we gatyrdan artan suwdur. Beýle suwy tämiz bolsa-da taharet we gusulda ulanmak şübhelidir.

Mutlak suw – içine gaçan nejasete görä, hapalanyp-hapalanmazlygy taýyndan ikä bölünýär.
I. Akmaýan suw.
Bu suw hem mukdar taýyndan «az», «uly» diýlip ikä bölünýär.

a) Az suw – 50 kwadrat metrden az meýdany tutýan ýata suw ýa-da howuz suwudyr. Bu suwuň içine nejaset gaçsa, üç sypatyndan biri üýtgemese-de, şobada hapalanýar. Mysal üçin, şeýle suwuň hapalanmagyna bir damja ganyň dammagy ýeterlikdir.
b) Uly suw – 50 kwadrat metrden giň meýdany tutýan ýata suw ýa-da howuz suwudyr. Bu suw hapalanmak taýyndan akar suw bilen deň höküme tabyndyr. Ýagny, içine nejaset gaçanda üç sypatyndan biri üýtgemese, beýle suw arassa saýylýar. Bu suwuň çuňlugy azyndan bir garyş ýa-da 24 barmak bolmalydyr. Ýagny, goşawujyňy dolduranyňda suw bulanmaly däldir.
II. Akar suw.

Bir saman çöpüni akdyryp bilýän suwa akar suw diýilýär. Içine nejaset gaçanda, üç sypatyndan biri bozulmasa hapalanmaýar.

Guýy suwuna degişli hökümler

[düzet | çeşmäni düzet]

Bir guýynyň suwy näçe köp bolsa bolsun, meýdany elli kwadrat metre ýetmese, Kiçi suw hasaplanýar. Beýle guýynyň içine nejaset düşse, suwy hapalanýar. Guýynyň suwuny tämizlemek içine düşen hapa görä, üç görnüşde bolýar.

  1. Suwy doly sogdurylýar.
  2. Kyrk gowa suw çekilýär.
  3. Ýigrimi gowa suw çekilýär.

Bir gowanyň sygymy ortaça bäş litr bolmalydyr.

Guýy suwy şu ýagdaýlarda doly sogdurylýar:

a) Gan, şerap ýa-da peşew ýaly suwuk nejasetiň bir damjasy suwa damsa;
b) Towuk, ördek, gaz ýaly öý guşlarynyň, pişik we it ýaly eti iýilmeýän haýwanlaryň tezegi we ynsanyň täreti gaçsa;
ç) Ynsan ýa-da goýun, geçi ýaly haýwanlar gaçyp ölse;
d) Syçan, serçe ýaly kiçi jandarlar gaçyp, ölenden soň, çişip dargasa we ýelekleri döküljek hala ýetse;
e) Doňuz gaçyp, ölmänkä çykarylanda-da guýynyň suwy doly sogdurylmalydyr

Eger guýynyň düýbünden mydam suw gaýnap çykyp duran bolsa, onuň suwuny şol sebäpden sogdurmak mümkin bolmasa, onda iki ýüz gowa suw çekip çykarylmalydyr. Beýle guýudan üç ýüz gowa suw çykarmak mustahapdyr. Şeýle hem, guýynyň ululygyny, suw möçberini bilýän adamyň maslahatyna görä, şonça gowa suw çykarylmalydyr. Eger şübheli bolunsa, guýynyň suwy ýörite motor arkaly boşadylyp bilner. Towuk, pişik, gögerçin ýa-da şu ululykda bir haýwan gaçyp ölse, heniz çişmänkä çykarylsa, guýudan kyrk gowa suw çykarylýar. Elli-altmyş gowa suw çykarmak mustahapdyr. Serçe, syçan, as we şu ululykda haýwan gaçyp ölse ýa-da maslygy gaçsa, heniz çişip dargamanka çykarylan ýagdaýynda ýigrimi gowa suw çykarylýar. Otuz gowa suw çykarmak mustahapdyr. Düýe, goýun, sygyr, at we eşek ýaly haýwanlaryň dersleri guýynyň suwuny hapalamaýar. Ýöne gowa salnanda her gezeginde çykyp dursa, onda guýynyň suwy sogdurylmalydyr. Serçe we gögerçin ýaly eti iýilýän we iýilmeýän guşlaryň nejaseti guýy suwuna gaçan bolsa, suwuň reňkini üýtgetmedik ýagdaýynda ol hapa hasap edilmeýär. Gurbaga, balyk, lenneç, çekirtge ýaly gany sarkyp akmaýan jandarlaryň maslygynyň guýudan çykmagy suwuň reňkini üýtgetmedik bolsa, hapa hasap edilmeýär. Guýa gaçyp ölen, emma haçan gaçany bilinmeýän bir haýwan çişip dargamadyk bolsa, bir gün öň gaçan hasap edilip, guýynyň suwy 24 sagat öň hapalanan saýylýar. Eger-de çişip dargan bolsa, üç gün öň gaçan hasaplanylyp, guýynyň üç günden bärki suwy hapa saýylýar. Şonuň üçin şol günleriň dowamynda alnan taharet we gusul sahyh däldir. Birinji ýagdaýda bir günlük, ikinji ýagdaýda üç günlük namazlar kaza edilmeli. Nejaset degip, şol suwa ýuwlan eşikler täzeden ýuwulýar. Bu höküm Ymam Agzama görädir. Ymam Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, guýudan tapylan haýwanyň haçan gaçandygy belli bolmasa, görlen wagtyndan başlap guýy hapa saýylýar. Ondan öň okalan namazlar kaza edilmeýär, ýuwlan eşikler täzeden ýuwulmaýar. Nejasetiň üç sypatyndan biri, ýagny, reňki, ysy, tagamy guýynyň suwuna geçmejek aralykda hajathana bar bolsa, şol guýynyň suwy hapa saýylmaýar. Eger hapanyň üç sypatyndan biri suwa geçse, guýy bilen hajathananyň arasy daş hem bolsa, suw hapa saýylýar.

Hadesden taharet

[düzet | çeşmäni düzet]

Hades – käbir ybadatlary berjaý etmek üçin taharet kylynmagyny we gusul alynmagyny, suw tapylmadyk wagty teýemmumi zerur edýän hökmi hapalykdyr. Hadesiň iki görnüşi bardyr:

a) Kiçi hades (hadesi asgar) – diňe taharet kylmak bilen tämizlenýän hadesdir.
b) Uly hades (hadesi ekber) – diňe gusul almak bilen tämizlenýän hadesdir. Muňa jünüplik, haýz we nifas haly girýär.

Taharet Kurany Kerimiň Maide süresiniň 6-njy aýaty bilen farz edilipdir. Bu aýatyň manysy şudur: «Eý, iman edenler! Namaza durmazdan öňürti ýüzüňizi we tirsekleriňiz bilen birlikde eliňizi ýuwuň, başyňyzy mesh ediň, topuklaryňyz bilen birlikde aýaklaryňyzy hem ýuwuň». Taharet yslamda käbir ybadatlaryň ýerine ýetirilmegi üçin edilýän, özi hem ybadata girýän tämizlenmegiň bir görnüşidir. Taharete gözellige we tämizlige edýän hyzmaty üçin, arapça: «wuzug» ady berlipdir. Halk arasyndaky «täret» sözi bolsa arap dilindäki «taharet» sözünden gysgaldylyp alnypdyr. Taharet her zatdan owal bedeniň iň köp hapalanýan we mikroblaryň iň kän ýygnanýan agzalarynyň belli wagt aralygynda ýuwulmagyny göz öňünde tutýan, yslamyň emr eden iň möhüm ybadatydyr. Taharetiň maddy peýdasy bilen birlikde, magnewi peýdasy hem köpdür. Pygamber Serwerimiz Enes b. Mälik hezretlerine ýüzlenip: «Eý, ogul! Taharetiňi doly al, goý, melekler seni söýsün we ömrüň uzaldylsyn» diýipdir. Taharet şol bir wagtda ýüze nur, kalba huzurdyr. Kiçi günäleriň bagyşlanmagyna wesiledir. Bu barada Resuly Ekrem (s.a.w.): «Kim emr edilişi ýaly taharet kylsa, ýene emr edilişi ýaly namaz okasa, geçen ähli kiçi günäleri magfyret ediler» diýipdir. (Buhary, Ebu Dawud). «Bir kişi taharet kylyp ýüzüni ýuwanda, ýüzündäki agzalary bilen eden ähli günäleri, el-aýaklaryny ýuwanda bular bilen eden günäleri suw damjalary bilen akyp gider-de, ol kişi täp-tämiz bolar», (Müslim, Tirmizi). Bu sözler hem Resulullahyň aýdanlarydyr. Ýene bir hadysy şerifde taharetlikä dünýeden öteniň şehitlik mertebesine ýetjekdigi beýan edilýär. Şeýle hem kyýamat-magşar gününde taharet kylnanda ýuwlan ýerleriň nur bilen lowurdap durjakdygy Muhammet ymmatyna bagyş edilen bir aýratynlykdygy nygtalýar (Müslim).

Taharetiň sahyh – dürs bolmagynyň şertleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Taharetde ýuwulmagy farz bolan agzalarda gury ýer galmaly däldir. Pygamberimiz taharet kylýarka, topuklaryna suw degirmeýän adamlara ýüzlenip: «Ol topuklaryň jähennemde başyna geljeklere Waý!...», (Buhary, Muslim) diýipdir. Tahareti bozýan we hökümsiz edýän ýagdaýlar doly gutarmanka, taharet almaly däldir. Şem, malyň iç ýagy, hamyr, şire ýaly deriniň aşagyna suw geçirmeýän zatlar teniňe ýokaşan bolsa olary doly aýryp, soň taharet kylmalydyr.

Taharetiň farzlary

[düzet | çeşmäni düzet]

Taharetiň farzy dörtdür:

  1. Ýüzi ýuwmak. Ýüzüň bir gezek ýuwulmagy farzdyr. Ýüzüň çägi-maňlaýda saçyň biten ýerinden alkymyň aşagy we iki gulaklaryň arasyndaky ýerdir.
  2. Gollary ýuwmak. Elleri tirsekleriň bilen birlikde bir gezek ýuwmak farzdyr. Barmaklarda ýüzük bar bolsa, aşagyna suw geçirmelidir.
  3. Başa mesh etmek. Başyň dörtden bir bölegine öl el bilen mesh etmek farzdyr. Başyň nasiýe diýlen alyn saç tarapyna mesh etmek has fazyletlidir.
  4. Aýaklary ýuwmak. Aýaklary topuklar bilen birlikde bir gezek ýuwmak farzdyr.

Taharete zelel bermeýän ýagdaýlar

[düzet | çeşmäni düzet]

Taharet agzalaryndan biri ýa-da birnäçesi kem bolan, olary ýuwup bilmez, ýöne agzalardan sähelçe bölegi bar bolsa, şony ýuwmalydyr. Taharet alandygyny anyk bilip, taharetiniň bozulandygyna şübhe eden biri taharetli saýylýar. Eger tersine, taharet bozandygyny anyk bilip, kylanyna şübheli bolsa taharetsiz hasaplanýar. Taharet kylýan wagty ýa-da kylyp bolandan soň, käbir agzalaryny ýuwup-ýuwmandygyna şübhe edýän kişi, eger-de, was-was biri däl bolsa, ýuwan däldirin öýdýän agzasyny ýuwmaly. Eger was-was bolsa, şübhesine ygtybar edilmez we taharetli hasaplanar. Boýagçynyň dyrnagynda galan boýag zeruryýet sebäpli taharetiniň dürslügine zyýan bermeýär. Ýöne barmagyny ýörite boýaýanlaryň tahareti dürs bolmaz. Dyrnak hapasy, beden kiri, büre, siňek nejasatlary taharete zelel bermeýär.

Taharetiň sünnetleri

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Taharet kylmaga başlanyňda, ilki eliň tämiz bolsa-da ony ýuwmalydyr.
  2. Taharet kylmaga «e’uzü-besmele» bilen başlamak. «Bismillah» taharet kylmaga başlanyňda, elleriňi ýuwýarkaň aýdylmalydyr. Unudylyp, soň aýdylsa, sünnet ýerine geçmeýär. Çünki taharet kylmak amaly iýmek-içmek ýaly däldir. Taharet bütewi bir amaldyr. Iýmek-içmekde her lukma aýratyn bir amaldyr. Pygamberimiz bir hadysy şerifinde bu barada şeýle aýdýar: «Kim «e’uzü-besmele» bilen başlap taharet kylsa, onuň ähli bedeni päklener, emma «besmeläni» ýatdan çykarsa, diňe taharet agzalary päklener», (Darekutni, Beýhaki). Hanbeli mezhebine görä, taharet kylmagyň başlangyjynda «e’uzü-besmele» aýtmak wajypdyr. Bilkastlaýyn terk edilse, taharet bozulýar. Eger unudylsa, taharet bozulmaz, emma sogaby nogsanlaşar. Aslynda, «bismillah» her haýryň başydyr. Pygamberimiz hem bir hadysy şerifinde Allahyň ady bilen başlanmadyk ähli işleriň haýyr we bereketden daş, nogsanly we önümsiz galjakdygyny nygtaýar, (Abdulkadyr er-Rewahi «el-Erba’yn»).
  3. Niýet etmek. Niýet elleri ýa-da ýüzi ýuwan wagtyň edilmelidir. Niýetden maksat taharet kylandygyňy kalbyň bilen duýmak we bilmekdir. Dil bilen aýdylmasa hem ýürekde taharet kylmak arzuwynyň bolmagy ýeterlikdir. Dil bilen «Allahyň razylygy üçin taharet kylmaga niýet etdim» diýmek mustahapdyr. Mälikilere we Şafygylara görä, taharetiň başlangyjynda niýet etmek farzdyr. Hanbelilere görä niýet taharetiň syhhatynyň şertidir, ýagny, niýetsiz taharet dürs däldir.
  4. Taharetiň başlangyjynda miswak ulanmak, ýagny dişleri arassalamak
  5. Mazmaza we istinşak.
    Mazmaza – üç gezek agza suw alyp çaýkamak.
    Istinşak – üç gezek burna suw alyp çaýkamak.
    Gusulda mazmaza we istinşak farzdyr.
  6. Mazmaza we istinşakda mübalaga etmek, ýagny, mazmazada suwy bogazyňa çenli, istinşakda burnuň düýplerine çenli eltmek zerurdyr. Orazaly adamlar muny etmeli däldir.
  7. Tahareti tertibe laýyk kylmak. Aýatda bellenilişi ýaly, ilki ýüz we gollaryňy ýuwmaly, soň başyňa mesh edip, aýaklaryňy ýuwmaly. Bu tertip saklanylmasa-da taharet jaýyzdyr. Şafygy we Hanbelilere görä, tertibe laýyk taharet kylmak farzdyr.
  8. Agzalaryňy ýuwmaga sagdan başlamak.
  9. Her agzany üç gezek ýuwmak. Pygamberimiz bir gezek taharet kylýarka, agzalaryny bir gezek ýuwup taharet kylanda: «Bu Allahyň özi üçin amaly kabul eden taharetidir», agzalaryny iki gezek ýuwup taharet kylanda: «Bu Allahyň sogaby iki esse artdyrdygydyr», soňra agzalaryny üç gezek ýuwup taharet kylanda: «Bu meniň we menden öňki pygamberleriň taharet kylşydyr» diýýär. (Buhari, Ebu Dawud, Tirmizi).
    Namaz wagty azalanda ýa-da suw gyt ýagdaýynda taharetiň diňe farzyny berjaý etmek bolar.
  10. El-aýaklary ýuwmaga barmaklardan başlamak.
  11. Barmaklaryň arasyny hilallamak (aralamak). El barmaklarynyň hilallanmasy – ýuwulýan eliň barmaklarynyň arasyna beýleki eliň barmaklaryny geçirip ýuwmak. Aýak barmaklaryny hilallamak bolsa, el barmaklaryňy aýaklaryň barmaklarynyň arasyndan ýeke-eke geçirip ýuwmakdyr. Muny sag aýagyň külbikesinden başlap, çep aýagyň külbikesinde gutarmak iň laýygydyr. Aýaklaryňy akar suwa sokup-çykarsaň hem hilallanan hasap edilýär.
    Pygamberimiz: «Barmaklaryňyzyň arasyny hilallaň ki, dowzah ody olaryň arasyna girmesin we hilallamasyn» diýipdir. (Ebu Dawud, Tirmizi, Nesaýy).
  12. Sakgaly hilallamak. Ýüzi üç gezek ýuwanyňdan soň, gür sakgallylar bir owuç suw bilen sakgalynyň arasyny alkymyň aşagyndan barmaklaryny geçirip öňe daraklamalydyr.
  13. Başy doly mesh etmek. Muňa «gaplama mesh» diýilýär. Bu şeýle berjaý edilýär: iki el suw bilen gowy öllenýär, soňra iki eliň külbike, ogulhajat we orta barmaklary birleşdirilen ýagdaýda, uçlary bir-birine degirilip, başyň öň tarapyndan ýeňsä çenli çekilýär. Soňra iki eliň aýalary başyň iki taraplaryna degirilip, ýeňseden maňlaýa çenli çekilýär.
  14. Gulaklary mesh etmek. Gulaklary mesh etmek üçin aýratyn suw almaga zerurlyk ýokdur. Başyň mesh edilendäki öl eller bilen gulaklary hem mesh edibermelidir. Gulaklaryň arkasy başam barmak, içi şahadat (süýem) barmak bilen mesh edilýär, deşigi bolsa külbike barmak bilen arassalanýar.
  15. Boýny mesh etmek. Boýnuň meshi üçin el täzeden öllenmeýär. Başy mesh edeniňdäki eliň arkasyndaky öl bilen berjaý edilýär. Bokurdak mesh edilmeýär.
  16. Taharet agzalarynyň üstüne suw akydyp owkalap ýuwmak.
  17. Taharet agzalaryny ýuwmagyň arasyny kesmezlik, ýagny, agzalaryň biri guramanka, beýlekisi ýuwulmalydyr. Ýöne howanyň yssylygy sebäpli, ýuwlan agza derrew gurasa, zeleli bolmaz.

Taharetiň adaby (mustahaplary)

[düzet | çeşmäni düzet]

Adap – edep sözüniň köplük formasy bolup, mendup we mustahap manylary hem bardyr. Bulary berjaý eden sogap gazanar, etmedik hem ýazgarylmaz we günäsi ýokdur.

  1. Kybla bakyp taharet kylmak.
  2. Wagt girmezden taharet kylyp, namaza taýýar bolmak.
    Uzury bolmadyk (sagdyn) biriniň wagt girmezden öň taharet kylmagy örän fazyletlidir. Çünki, bu ýagdaý ony ruhy we kalby taýdan ybadat howasynda ýaşadar. Hemişe taharetli bolmak, salyh amallary islän wagtyň etmäge, uly sogap we magnewi bähbitler gazanmaga wesiledir. Hemişe taharetli gezip we ýatanda-da taharetli ýatýanlar üçin melekleriň hemişe istigfar edýändikleri hadysy-şerifde zikr edilýär.
    Hemişe taharetli bolmaga çalyşýan kişä ýedi hasletiň (aýratynlygyň) yhsan ediljekdigi aýdylýar.
    – melekler onuň söhbetine ragbet eder – isleg bildirer, gatnaşar;
    – galam oňa hemişe sogap ýazar;
    – onuň ähli agzalary tesbih eder;
    – mesjitde jemagat bilen namaz okamakdan yza galmazlar;
    – Allahyň izni bilen melekler ony gije gelip biljek howplardan gorar;
    – janhowlunda amanadyny ýeňil tabşyrar;
    – Allahyň amanynda bolar.
  3. Taharet kylanyňda beýigräk ýerde oturmak. Bu taharet suwunyň üstüňe akmazlygy üçindir.
  4. Zerurlyk ýok wagtynda başga birinden kömek islemezlik. Ýöne başga biri öz islegi bilen kömek etmek islese, bu edebe ters däldir. Sahabalardan käbiri Allahyň Resuly kömek soraman taharet kylyp durka, Oňa taharet suwuny akydyp berendigi we dogasyny alandygy hadys kitaplarynda ýazylýar.
  5. Zerurlyk bolmasa, taharet kylnanda gürlemezlik. Şol wagt gürlemek taharet dogalaryny okamaga päsgel berýär.
  6. Barmakdaky ýüzükleriňi ýerinden gozgamak.
  7. Her agzaňy ýuwanyňda «bismillah» diýmek we selefi salyhyndan bize gelip ýeten taharet dogalaryny okamak. Eger bu dogalary bilmeýän bolsaň, Pygamberimize salawat aýtmak.
  8. Agzyňa we burnuňa sag eliň bilen suw almak we çep el bilen sümgürinmek.
  9. Taharet kylanyňda suwy isrip etmezlik ýa-da gereginden az dökmezlik.
    |Allahyň Resuly bir gün sahabalardan biri Sa’d b. Ebi Wakgasy bol suw döküp taharet kylýarka görýär-de oňa: «Beýle isrip etmäň näme?» diýýär. Sa’d geň galyp: «Taharet kylanyňda-da isrip bolýarmy, eý, Resulallah?» diýip soraýar. Pygamberimiz: «Hawa. Akyp ýatan derýanyň kenarynda taharet kylýan bolsaň hem suwy gereginden artyk ulansaň, isrip bolar», (Ibni Maje) diýip jogap berýär.
  10. Ýüzüňi ýuwanyňda suwy alkymyň aşagyna, tirsek we topuklaryň ýokarylaryna çenli ýetirmek.
    Pygamberimiz bu barada: «Ymmatym Kyýamat gününde magşar ýerine el-Gurrul-Muhajjelun bolup, ýagny, ýüzleri, taharet agzalary nurdan lowurdap duran şekilde gelerler. Şonuň üçin taharet agzalaryňyzy ýuwanyňyzda çägini giňeldiň», (Müslim) diýipdir.
  11. Taharetlikäň ýene taharet kylmak. Bu nur üstüne nurdur.
  12. Taharet kylyp bolanyňdan soň, bir-iki owurt suw içmek we kelemeýi şahadat getirip, şu dogany okamak:
    «Allahummej’alniý minettewwabiýne wej’alniý minel mütetahhiriýn» (Tirmizi, Ebu Dawud). (Allahym meni toba eden we tämizlenen gullaryňdan eýle).
  13. Taharetiň soňunda kelemeýi şahadat aýdanyňdan soň, «Gadyr» suresini okamak.
  14. Günüň gyzgynyna gyzan suwa taharet kylmazlyk. Bu Günüň şöhlesindäki suwa geçen radiasiýanyň adama zyýanlydygy üçindir.
  15. Kündük bilen taharet kylýanlaryň kündügi boş goýmazlygy gerek. Şeýle etmek alňasap geleniň namazynyň gijikdirilmegi babatda şeýtanyň tamasynyň we umydynyň üzülmegine sebäp bolar diýlipdir.
  16. Taharet kylanyňdan soň, kerahat wagty däl bolsa, iki rekagat nafile namazyny okamak.

Taharet kylynanda okalýan dogalar

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu dogalary okamak taharetiň fazyletini artdyrar, has köp sogap gazanylmagyna wesile bolar. Bu dogalar selefden, ýagny, sahaba we tabi’in alymlardan şu günümize çenli gelip ýetipdir. Bular okalmadyk ýagdaýynda hem taharetde kemçilik bolmaz, ýöne okamak iň laýygydyr.

  1. Taharet kyljak kişi başlamazdan öň «e’uzü-besmele» aýdar we:
    “Älhämdulillähillezi jealel-mäe tähuuran wel-isläme nu:ron”
    (Suwy tämizleýji we yslamy nur kylan Allaha şükür edýärin!)
  2. Agzyna suw alanda:
    “Allahummeskynii min häwzy nebiýýike ka’sen lä edme’u be’dehu ebeden”
    (Allahym! Maňa suwsuzlygymy ebedi gandyrjak pygamberiň kewser howzundan bir käse suwy nesip etdir!)
  3. Burnuna suw alanda:
    “Allahumme lä tehrimnii roaýihäte ne’yýmike we jinäbike”
    (Allahym! Meni nygmatlaryň we jennetleriň ajaýyp ýakymly ysyndan mahrum etme!)
  4. Ýüzüni ýuwanda:
    “Allahumme beýýiz wejhii bi nuurike ýewme tebýezzu wujuuhen we tesweddu wujuuhen”
    (Allahym! Ýüzleriň käbiriniň ak, käbiriniň gara boljak gününde, meniň ýüzümi ak eýle!)
  5. Sag goluny ýuwanda:
    “Allahumme e’tynii kitäbii biýemiýnii wehäasibniý hysäben ýesiýran”
    (Allahym! Meniň amal depderimi sag egnimden ber we hasabymy ýeňil eýle!)
  6. Sol goluny ýuwanda:
    “Allahumme lä tu’tyniý kitäbii bişimälii we lä min weraai zahrii we lä tuhaasibniý hysäben şediiden”
    (Allahym! Meniň kitabymy sol egnimden ýa-da arka tarapymdan berme we agyr hasap bilen soragda goýma!)
  7. Başyny mesh edende:
    “Allahumme goşşinii birohmetike we enzil ‘aleýýe min berokätike”
    (Allahym! Meni rahmetiň bilen ýalka we üstüme bereketiňi ýagdyr!)
  8. Gulaklaryny mesh edende:
    “Allahummej’alnii minelleziine ýesteme’uunel-kawle feýettebi’uune ehsenehuu”
    (Allahym! Meni Hak sözi eşidip, iň ýagşy amal eden gullaryňdan eýle!)
  9. Boýnuny mesh edende:
    “Allahumme e’tyk rakabetiý minennär”
    (Allahym! Meniň bedenimi jähennem naryndan gora!)
  10. Sag aýagyny ýuwanda:
    “Allahumme sebbit kodämeýýe ‘ales-syroaty ýewme tezillu fiihil-ekdämu”
    (Allahym! Syrat köprüsinde birgiden aýaklaryň taýjak gününde, meniň aýaklarymy taýdyrma!)
  11. Sol aýagyny ýuwanda:
    “Allahummej’al se’ýii meşkuuron we zenbiý magfuuron we ‘ameliý makbuulen we tijäratii len tebuuron”
    (Allahym! Eden işimi şüküre mynasyp, günähimi bagyşlanan, amalymy makbul, söwdamy hem zyýansyz kyl!)

Taharetiň kylnyşy

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Niýet. "Niýet etdim Allahyň razylygy üçin täret almaga" diýip niýet edilýär. Soň, "Euzu billähi mineş-şeýtanir-rajiým bismillähir-rahmanir-rahiým" okalýar.
  2. Elleri ýuwmak. Eller bileklere çenli üç gezek ýuwulýar. Barmak aralarynyň hem ýuwulmagyna dykgat etmeli. Barmakda ýüzük bar bolsa arasyna suw geçirmeli.
  3. Agza suw almak. Sag aýanyň içi bilen agyza üç gezek suw almaly. Her gezeginde agzyň içini suw bilen çaýkamaly.
  4. Burna suw çekmek"'. Sag aýanyň içi bilen burna üç gezek suw çekmeli. Her gezeginde çep eliň bilen burnuňy sümkürip arassalamaly.
  5. Ýüzi ýuwmak. Maňlaýyňdaky saçlaryň gutarýan ýerinden başlap gulaklaryň ýumşagyna we eňek aşagyna çenli ýüzü üç gezek ýuwmaly.
  6. Sag eli ýuwmak. Sag eli tirsekler bilen bilelikde üç gezek ýuwmaly. Gury ýer galmaz ýaly hemme ýerini okalamaly.
  7. Çep eli ýuwmak. Sag eli ýuwuşymyz ýaly çep eli hem tirsekler bilen bile üç gezek ýuwmaly.
  8. Başy mesilemek. Eller täzeden suw bilen öllener. Sag eliň içi we barmaklar başymyzyň üstüne goýup bir gezek mesilemeli (meshetmeli).
  9. Gulaklary mesilemek. Elleri ölläp sag eliň süýem barmagy bilen sag gulagyň içini, başam barmagy bilenem daşyny; çep eliň süýem barmagy bilen çep gulagyň içini, başam barmagy bilenem daşyny mesilemeli.
  10. Boýny mesilemek. Elleri täzeden öllemän galan her eliň üç barmagy bilen boýny mesilemeli (meshetmeli).
  11. Sag aýagy ýuwmak. Sag aýagy üç gezek topuklar bilen bile ýuwmaly. Ýuwmaga barmak uçlaryndan başlamaly we barmak aralarynam ýuwmaly.
  12. Çep aýagy ýuwmak. Sag aýagy ýuwuşymyz ýaly çep aýagy ýuwmaly.

Taharetiň mekruhlary

[düzet | çeşmäni düzet]

Taharet kylmagyň sünnet we adabyna ters gelýän her bir zat mekruh saýylar.

  1. Suwy isrip etmek.
  2. Suwy gereginden az ulanmak.
  3. Suw syçratmak.
  4. Taharet kylyp durkaň zerur bolmasa-da gürlemek.
  5. Zerurlyk ýok wagty başga birinden kömek soramak.
  6. Oraza tutýan adamyň mazmazada we istinşakda mubalaga (aşa geçmek) etmegi.

Tahareti bozýan zatlar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Öň we yzdan çykýan (peşew, täret, meni, mezi, wedi we gan) ähli zat.
  2. Art bujakdan ýel çykmagy.
  3. Endamdan gan, iriň, sary suw ýaly suwuklyklaryň çykmagy. Şeýle suwuklyklar tahareti bozmagy üçin tene ýaýramalydyr. Eger-de iňňäň ujy ýaly çykyp, ýaýramasa tahareti bozmaýar. Hatda muny süpürmek hem zyýan ýetirmez.
  4. Agyz dolusy gusmak. Gusuk az-azdan gelse-de, jemi agyz doldurjak mukdara ýetýän bolsa, taharet bozulýar.
  5. Agyzdan tüýkülik bilen deň ýa-da ondan köp mukdarda gan gelse. Alma, aýwa ýaly miweleri dişläniňde gan görünse-de taharet bozulmaýar.
  6. Ynsanyň akylyny üýtgedýän we erkini alýan zatlar (uklamak, çaşmak, däliremek, serhoşlyk, tutgaý) tahareti bozýar. Haýsy görnüşde uklanyna garamazdan, direnen zady aýrylan wagty ýykylsa, taharet bozulýar. Ýöne ýanynda gürleşýänleri eşidip, manysyna düşünjek derejede ýeňil irkilmek tahareti bozmaýar. Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar: «Göz otyreriň bagydyr. Şonuň üçin uklan adam oýanansoň taharet kylsyn» (Ibn Maje, Ebu Dawud). «Göz otyreriň bagydyr. Göz uklanda bag çözüler», (Darimi).
  7. Namazda gülmek. Namazda ýanyndaky eşitjek derejede gülmek hem namazy, hem tahareti bozar. Özüň eşitjek derejede gülmek, diňe namazy bozar.
  8. Fahyş mübaşeret, ýagny, erkek bilen jynsy gatnaşyk etmän ýakynlaşmagy tahareti bozar. Ymam Muhammede görä bolsa, bu ýagdaýda mezi görünmese, taharet bozulmaýar. Aýala ýöne degmegiň tahareti bozmaýandygyna şu delil esasdyr: Kurany Kerimde «Ýa-da aýallara degen bolsaňyz...» (Maide, 5-6) diýilýär. Aýatdaky «degmek» (lems) Ibn Abbasa görä, jynsy gatnaşykda bolmak diýmekdir. Bu mejaz – göçme manydadyr. Şafygylar muňa göni manysynda düşünip, «lems» sözüni «umuman aýal bilen galtaşmak manysynda» kabul edipdirler. Şol sebäpden, Şafygylara görä, erkegiň mähremi bolan aýallardan başga aýallaryň islendik ýerine eliň degmegi ikisiniň hem taharetini bozýar. Mälikiler we Hanbeliler bolsa, «lems» sözüni lezzet we şehwet manysynda kabul edipdirler. Hanefileriň bu meselede esaslanýan hadyslarynyň biri hem şüdür: Hazreti Aişe şeýle aýdýar: «Pygamber aýallaryndan birini öpende taharet kylmazdan namazyny okardy»,. (Ebu Dawud, Tirmizi, Ibni Hanbel).
  9. Aýalyň jyns organyna goýan biziniň ýa-da pagtasynyň öl bolmagy ýa-da ýerinden aýrylmagy tahareti bozýar.
  10. Namaz wagty gutarandan soň, uzurly kişiniň tahareti bozulýar.
  11. teýemmum kylan kişiniň suw tapmagy bilen tahareti bozulýar.

Taharetiň bozulmagy bilen baglanyşykly dürli garaýyşlar bolan meselelerde seresap hereket etmek iň laýygydyr. Meselem: Hanefi mezhebindäki bir kişi başga mezheblere görä tahareti bozulan ýagdaýynda taharet almagy mendupdyr. Aýratyn hem ymamlyk edýänler muňa ünsli bolmalydyr.

Tahareti bozmaýan zatlar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Agyz we burundan gelen gatan gan.
  2. Biten ýaranyň gan akmazdan ýüzüniň soýulmagy.
  3. Gakylyk gopmagy.
  4. Aglamak ýa-da gülmek sebäpli gözden ýaş çykmagy.
  5. Büre, sakyrtga, çybyn ýaly mör-möjegiň soran gany .
  6. Murty, saçy timarlamak, dyrnak almak.
  7. Jyns organlaryna tötänlikde degmek.

Taharetiň görnüşleri

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Farz bolan taharet. Tahareti bolmadyk kişiniň namaz okamak, tilawet sejdesini etmek, Kurana el degirmek we Kurany ýüzünden okamak üçin taharet kylmagy farzdyr.
  2. Wajyp bolan taharet. Käbäni togap etmek üçin taharetsiz adamyň taharet kylmagy wajypdyr. Eger-de Käbe taharetsiz togap ediljek bolsa, togabyň görnüşine görä gurban kesmek ýa-da sadaka bermek gerekdir. Tefsir kitaplaryny eliňe almak, okamak üçin taharet kylmak Kuranyň hormatyna wajypdyr.
  3. Mendup bolan taharet. Ýokarda agzalan ýagdaýlardan başga taharet kylmak mendup (mustahap) bolar. Bular:
    1. fikh, akaýyt, hadys ýaly dini kitaplary eliňe almak we okamak üçin taharet kylmak,
    2. uklamazdan öň we turanyňdan soň taharet almak;
    3. hemişe taharetli bolmak üçin taharet almak;
    4. ýatdan Kuran okamak üçin taharet kylmak;
    5. dini ylymlardan sapak almak ýa-da sapak bermek üçin taharet kylmak;
    6. Arafatda wakfe, Safa bilen Merwe-aralygynda ylgamak üçin taharet kylmak;
    7. ýogalan adamy ýuwmak we gölegçilik üçin taharet kylmak;
    8. ýalňyşlyk bilen edilen gybat, sözlenen ýalan we sögünmek ýaly günälerden soň taharet kylmak;
    9. ha-ha-haýlap güleniňden soň taharet kylmak,
    10. gaharyňy ýatyrmak üçin taharet kylmak;
      Pygamberimiz bu barada şeýle aýdýar: «Gahar şeýtandandyr. Şeýtan bolsa otdan ýaradyldy. Ody-da diňe suw söndürer. Gahary gelen derrew taharet kylsyn». Aýala degmek ýaly, mezhepler arasynda tahareti bozup-bozmajagy barada jedelli meselelerden gaça durmak üçin taharet kylmak.

Bellik: Bu maksatlar üçin taharet kylanyňda, munuň bilen islendik ybadat edilip bilner, ýagny, farz ýa-da wajyp bir amaly ýerine ýetirmek üçin täzeden taharet kylmak gerekmez.

Uzurlylar bilen baglanyşykly hökümler

[düzet | çeşmäni düzet]

Hemişe dowam edýän taharet bozýan hallara «uzur» diýilýär. Meselem: buşugyny saklap bilmezlik, hemişe içi ýellilik, ýygy-ýygydan burun ganamak hem-de aýallarda aýbaşynyň möhletinden soň hem gan kesilmezlik ýaly hallar uzur halydyr. Özünde şeýle taharet bozýan uzur bolan kişä «sahibi uzur» ýa-da «uzurly» diýilýär. Uzurly kişi her farz namazy üçin täzeden taharet kylmaly. Indiki namaza çenli uzury dowam etse-de, tahareti bozulmaýar. Uzurly bu tahareti bilen farz namazyndan başga isledigiçe nafile we kaza namazlaryny okap biler. Emma uzuryndan başga tahareti bozýan ýagdaýlar bolmaly däldir. Uzury gutulan uzurly adam taharet bozýan başga bir sebäp bilen taharet kylsa, soň ýene uzury gaýtalasa, onuň tahareti bozulýar. Uzurly kişiniň uzury sebäpli, eşigine degen gan, iriň ýaly hapalar (hatda hapa tahareti bozjak mukdarda bolsa-da) uzury gutulýança, namazynyň syhhatyna zelel bermez.

Mesiniň üstünden mesh etmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu – taharet kylnanda aýaklary ýuwmagyň deregine, geýlen mesini usulyna laýyklykda öllemekdir. Mesi aýala-erkege dinimiziň beren ýeňilligi we rugsadydyr. Mesiniň üstünden mesh etmek bilen baglanyşykly tewatur derejesine ýeten hadyslar bardyr. Pygamberimiz käbir ýagdaýlarda mesi geýip, üstünden mesh edipdir.

Mesiniň üstünden mesh etmegiň şertleri

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Mesiler içine suw geçmeýän zatdan tikilen bolmaly. Ädik, gonçly botinka, keçe ädikler mesi hökmündedir.
  2. Mesi bilen azyndan bir fersah, ýagny, 5 km.töweregi ýa-da bir sagatlyk sapar aralygy ýol ýörelende, ol ýyrtylmajak berklikde bolmalydyr.
  3. Mesi taharetde aýagyň ýuwulmagy farz bolan ýerleri örtmelidir.
  4. Mesiniň topukdan aşakda üç barmak girjek ululylykda ýyrtylan ýa-da deşilen ýeri bolmaly däldir. Mesidäki deşik we ýyrtyklar aýry-aýry ýerlerde bolup, jemlenende ýene üç barmak sygjak ululykda bolsa jaýyz däldir. Her aýakdaky mesi özbaşyna hasaplanýar.
  5. Mesi geýmek üçin her aýagyň daraklygynyň azyndan üç barmak ýasylykda sagat bolmagy şertdir. Bir aýagy ýok adamlaram beýleki aýagyna mesi geýip biler.
  6. Mesini aýagyňa taharetlikäň geýmelidir.

Mesiniň üstünden mesh etmegiň düzgüni

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Mesh iň azyndan üç barmak bilen edilmeli. Mesh edilende, barmaklar açyk bolmaly we mesh etmäge aýagyň burnundan başlamaly.
  2. Mesiniň üst hem öň tarapy mesh edilmelidir.
  3. Sag el bilen sag aýak, sol el bilen sol aýak mesh edilýär. Mesini ýuwmak ýada esgi bilen öllemek, üstüne suw dökmek mekruhdyr.

Meshiň mütdeti

[düzet | çeşmäni düzet]

Aýaga geýlen mesiniň mütdeti mukym – saparda däl üçin 24 sagat, sapardakylar üçin bolsa 72 sagatdyr. Bu mütdet mesiniň aýaga geýlen wagtyndan däl-de, taharet bozulan wagtyndan başlaýar.

Meshi bozýan zatlar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. Meshiň mütdetiniň gutarmagy. Taharetli wagtyň meshiň mütdeti gutarsa, mesini çykaryp, diňe aýaklaryňy ýuwmak taharet üçin ýeterlikdir.
  2. Mesi tötänlikden çyksa, ýa-da çykarylsa – ondan öň taharetli bolsaň, diňe aýaklaryňy ýuwmak bilen çäklenmeli.
  3. Jünüplik, häýz, nifäs ýaly gusl almagy zerur eden bir ýagdaýyň bolup geçmegi.

Sargylaryň üstünden mesh etmek

[düzet | çeşmäni düzet]

Döwlen ýa-da ýaralanan bir agza öl degirmek zyýanly bolan ýagdaýynda, taharet we gusul alynjak wagty bularyň üstündäki sargylara mesh etmek ýeterlikdir. Ýüzüne derman çalnan ýaralar üçin hem şol bir hökümdir. Sargyny doly mesh etmek hökman däldir. Ýara bitýänçä, sargy her taharetde mesh edilmelidir. Sargynyň taharetli wagtyň saralmagy hökman däldir. Heniz bitmedik ýaradaky sargy öz-özünden gaçsa ýa-da üýtgedilse, taharet bozulmaz. Sargynyň üstünden mesh etmek möhleti ýara gutulýança dowam edýär.