Mazmuna geçiň

Sarahs söweşi

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

1855-nji ýylda Sarahsda Hywa hanlygy bilen teke Türkmenleriň arasynda geçen bir söweş. Türkmenleri özüne tabyn etmek isleýän Hywa hanlygynyň goşun tutup Sarahsa Türkmenleriň üstüne ýöremegi bilen Türkmenler birleşýär.

Gysgaça maglumat
Netije Türkmenleriň ýeňişi
Taryh 1855-nji ýylyň mart aýy
Hanlar Türkmenler - Gowşut han, Hywa hanlygy - Mädemin han
Bolan ýeri Sarahs, Gowşut galasy
Güýçler Hywa hanlygy - 40 müň esger we atly toparlar, Türkmenler - 2 müň esger
Taraplar Teke Türkmenler - Hywa hanlygy, Ýomut Türkmenler
Serkerdeler Türkmenler - Hajy gaplaň Aýmet ogly, Salar keýik Nagym ogly, Hywa hanlygy - bilinenok
Uruşdan soň Hywa hanlygy günorta Türkmenistana çozmany bes etdi, Mädemin han öldürildi, Türkmenleriň köpüsi Mara göçdi

Hywa hany Mädemin han näçe jan etsede Türkmenleri özüne tabyn etmäni başaranok, netijede iň soňynda uly bir goşun bilen Sarahsa gaýtýar. Sarahsyň hany Gowşut han Mädeminiň gelýändigini eşdip adyny göterýän gala dikdirýär. Bolan uruşda Türkmenler ýeňiş gazanýar.

Türkmenler 17-18 we 19-njy asyrlarda, näçe uruşsalaram, näçe jan etselerem Döwlet gurup bilmändirler. Sebäbi Türkmenler agzalady. Bu ýagdaýlardan elmydama peýdalanýan Hywa hanlygy (Özbek hanlygy) olary özüne tabyn etmek isleýärdi. Türkmenleriň köpüsi Hywa hanlygyna boýun bolýardy we köp Türkmen erkekleri Hywa goşunynda ýer alyp gününi geçirýärdi. Şol wagtlar güýçli Döwlet bolan Eýran, Hywa hanlygyna we Türkmenlere howp salýardy. Hywa hanlygy hem ençeme gezek Türkmenleri öz gol astyna almak üçin olar bilen uruşypdy, ýöne başa barmandy.

Uruşdan öň

[düzet | çeşmäni düzet]

1823-nji ýylda dogulan Gowşut han akylly adam bolupdyr. ilki başda tire serdary bolan Gowşut, soňra gala serdary bolupdyr. Soňra Gowşut şol wagtlar Sarahsyň hany bolan Hojamşükür hanyň baş serdary bolýar. Halkyň söýgüsini gazanan Gowşut, 1853-nji ýylda Sarahsyň hany yglan edilýär. Gowşut han Eýran howpunyň abanmagy sebäpli 1854-nji ýylda Sarahsa öz adyny göterýän gala saldyrýar. Ýöne muňa Hojamşükür garşy çykýar. Sözi diňlenmeýän Hojamşükür, Gowşut handan we onuň ýaranlaryndan öýkeläp bu ýagdaýy Hywa hanyna gürrüň berýär, ýagny açyk satýar. Türkmeniň agzaladygyny, birek-birege duşman bolandygyny şu ýerden hem bilip bilersiňiz. Türkmenleri alyp bilmedigine içi ýanyp ýören Mädemin han (Hywa hany), yrsarap, goşun tutup Sarahsa gaýtýar.

Gaýtmanka Köneürgençde öz mugallymy bolan Ak işana Sarahs tekelerini gyrjakdygyny aýtýar. Ak işan oňa munyň ýalňyşdygyny, uly duşman bolan Eýrandan şolaryň ençeme gezek gorandygyny aýtýar. Ýöne Mädemin han mugallymyny diňlemän Sarahsa tarap ugraýar. Ýagdaýy aňan 65-66 ýaşlaryndaky Ak işan uly howpuň abanýandygyny Nurberdi hana, Gowşut hana aýtýar. Türkmenler hanyň goşun tutup gelýändigini eşdip öňünden urşa taýynlyk görmäne başlaýar.


40 müňlik Hywa goşuny 1 aý ýöräp Mara, murgabyň kenaryna baryp düşleýär. Mädemin han Marydaka Gowşut han ony pälinden gaýtarmak üçin töwella iberýär. Töwella Hojamşükür han hem gitýär. Ýöne Mädemin han muny kabul etmeýär. Soňra Nurberdi hanyň, Gowşut hanyň saýlamagy bilen Täç serdar baştutanlygynda 9 adamy ýene töwella ugratýarlar. Ýöne han muny hem kabul etmeýär. Gowşut han "3-den soň puç" şeklinde ýene-de, iň abraýly adamy bolan Seýitmuhammet işany töwella ugratýar. Emma han sözüni diňlemek hem islänokdy. Gowşut han, Mädemin hanyň hiç agzybirlik islemeýändigini, uruşdan başga alajyň ýokdugyny aňýar.

Hywa goşunynda ýomut Türkmenleri hem bardy. Gowşut han Hywa goşunynyň düzümindäki Türkmenlere hat iberýär :

"Eý ýomut garyndaşym !, sizlerden umyt edermiz ki, bizlerniň ähl-u aýallarmyzny aýak astynda goýmagaý, oglan-uşaga eýelik etgeýsizler"

Bu gysga sözden soň Gowşut han, ýomutlaryň Mädemini goldamazlygyny başarýar.

1855-nji ýylyň martynda Hywa goşunlary ikä bölünip,  Gowşudyň galasyna çozýarlar. Türkmen esgerleri aljyraman olary gala tarap çekip uruşyp, atyşmana başlaýarlar. Hywa goşunlary bu goranyşy görüp yza çekilýärler. Şo gün öýleden soň duşman goşunlary ýene çozýarlar. Bu gezek Tekeleriň atly we pyýada goşunlary hem olara çozup gylyçly tüpeňli uruşmana başlaýarlar. Bu gazaply garpyşmanyň soňunda Hywa goşunlary gaty köp zyýan çekýär we olaryň ençeme esgeri Türkmenlere ýesir düşýär. Hywa goşuny dargap başlaýar.

Ertesi irden Hywanyň pyýada goşunlary, arkasynda bolsa atly goşunlary peýda bolýar. Gowşut han bir atly goşunyna hajy gaplaň Aýmet ogluny hem-de Salar keýik Nagym ogluny ýolbaşçy belläp duşman goşunyna tarap goýberýär. Bu atly goşun gaty çalt şekilde duşman goşuny bilmän durka olaryň üstüne dökülýär. Bu garpyşmada-da ejizläp başlan Hywa goşunlary ganlaryny akdyryp, merkezlerine tarap çekilmäne başlaýarlar. Ýöne Türkmen goşunlary olaryň daşyny gabap gaçyp gitmeklerine böwet bolýarlar. Günortanlara çenli dowam eden uruşyň soňunda gabalan Hywa goşunyna kömekçi goşun gelip olary gabawdan zordan çykaryp alyp gaýtýarlar. Şol günki uruşdan soň Mädemin han atly goşunlarynyň tekeleriňkiden has pesdigine göz ýetirýär.


Uruş ençeme gün dowam etýär. Ýazyň ýelli gününde bolan uruş has hem gazaply we aýylganç geçýär. Şonda tekeler "Çoz teke, ýa Alla" diýip gygyrşyp duşmanyň üstüne dökülýär. Ozaldaky söweşlerden hem ruhlanan teke goşuny Hywa goşununy dargadypdyr. Hywa esgerleri ýeliň ugruna görä gaçmana başlapdyr. Köpüsi topar-topar bolup ýaraglaryny taşlap durýarlar.

Mädeminiň ölümi

[düzet | çeşmäni düzet]

Bu uruşda Mädemin han hem gaçyp barýarka öldürilýär. Aýdylmagyna görä şo uruşda Teke goşununyň bir topary Hywa goşununy kowalap gelişine Mädemin hanyň çadyryna ýetýärler we ony hem bilmän öldürýärler.

Türkmenleriň hem bu uruşda zyýany köp bolupdyr. Töre sokynyň gyzy Güljemalyň garyndaşy Hajy gaplaň, Güljemalyň adamsy Annaöwez dagy wepat bolýar.

Hywa hany Mädeminiň ölümi bilen tamamlanan Sarahs söweşinden soň Hywalylar Günorta Türkmenistana çozmakdan el çekýär. Uruşdan soň Gowşut han Sarahsly Türkmenleriň köpüsini Mara göçürip alyp gaýtýar.

Syrly wakalaryň admini - Öwezgeldiýew Serdar