Mazmuna geçiň

Gubadag etraby

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Gubadag etraby welaýatyň demirgazyk böleginde ýer­leşýär. Hojalygynyň esasy ugry pagtaçylyk, däneçilik, gök-ekerançylyk, maldarçylyk, şeýle hem ýüpekçilik hasaplanýar. Etrapda Gubadag belentliginde awtomobil ýollary, ýaşaýyş we dürli ymaratlary gurmak üçin peýdalanylýan gurluşyk çig maly bolan dürli daşlary gazyp alýan kärhana bar. Etrabyň düzümine 1 şäher, 14 oba geňeşligi we 67 oba girýär. Etrap merkezi Gubadag şäheri welaýat merkezinden 20 km. demirgazykda ýerleşýär. Şäherde pagta arassa­laýjy zawod, gurluşyk, durmuş hyzmaty, azyk kärhanalary, medeni­-durmuş edaralary bar. Gubadag şäherinden bir kilometr demirgazyk gündogarynda beŷikligi 15-70 metr bolan dag jynsyndan bolan uzynlygy takmynan 4,5 km. bolan Gubadag belentligi ŷerleşŷär. Dag öwreniji alym Anatoliŷ Buşmakin Gubadag belentliginiñ ŷaşyny 400000000 ŷyl bolan diýip belleŷär. Onuñ üstünde irki we giçki döwür (14-15 we16-18 asyr) musulman gonamçylygy we taryhy ŷadygärlikleri, ŷene de biziñ eramyzdan öñ 2-nji asyryndan biziñ eramyzyñ 7-nji asyry aralygyna degişli gadymy zoroastrizm (otparazlaryñ) gonamçylygy we 1936-njy ŷylda bu ŷerde gazuw işini geçiren akademiķ Ŷahŷa Gulŷamowyñ we T.Mirgiŷazowyñtapan we 1937- ŷylda gazuw işini geçiren Andreŷewiñ, 1955- nji ŷylda arheologik gazuw işini geçiren Ŷu.A.Rapoportyñ öwrenen bu döwre degişli jaŷlamak dessurlary berjaŷ edilŷan binanyñ diwary we gurluşynyñ galyndylary bar.Adamzadyñ taryhynyñ bilinmän duran sahypasy Orta Aziŷanyñ yslam dini gelnezinden öñki taryhyny öwrenmekde ägirt uly işleri ŷerine ŷeiren, XX asyryñ iñ uly ekspedisiŷasy bolan Horezm arheologik, etnologik ekspedisiŷasyny gurnan we oña 40 ŷyla golaŷ ŷolbaşçylyk eden akademik S.P.Tolstow:"Bu edilen ägirt işiñ başlangyjy Ŷ.Gulŷamowyñ we T.Mirgiŷazowyñ Gubadagda gazuw işlerini geçirmeginden soñ başlady"-diŷip belleŷär. Häzirki wagt Gubadagyñ diñe şu bolegi degilmän dur. Bu taryhy ŷer gorag astyna alynsa gowy bolardy.

Umumy maglumat

[düzet | çeşmäni düzet]

Gubadagda mermer we granit, käbir ýerlerde oňat hilli kerpiç we keramiki önümleri taýýarlamakda ulanylýan toýun, hem-de nahar duzunyň çykýan ýerleri bar. Bu etrapda uly bolmadyk Gubadag, Misginata, Ýylangyr belentlikleri ýer tutýar. Gubadag etrabynyň goýnunda kemala gelen bagşylaryñ sany hem barmak basyp sanardan köpdir, Olardan birnäçesini agzap geçsek, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Nazar baga, Tüýli Otuzow, Ilaman Annaŷew, Durdybaý Gurbanow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Guwanç Otuzow Dursunjemal Gazakowa, Aýbibi Atahanowa hem-de beýleki meşhur bagşylar Gurbangül Amanowa, Hudaýberen Baýramow, Tirkeş Baýramow Ballyýewiç, Begli Gaýlyýew, Nurmuhammedow Wepa Dädebaýewiç dagylary aýtmak bolar. Gubadag fitçisi, somsasy ady bilen tanalýan meşhur tagamlary hem bar. Gubadag fitçisi ýurduň ähli welaýatlarynda hem uly meşhurlyga eýedir.

Ilaty esasan türkmenler (ýomut) bolup, käbir serhetýaka obalarynda özbekler, gazaklar,kerisler,tatarlar, gagauzlar,çuwaşlar,azerbaŷjanlar, ermeniler, osetinler,täjikler, gyrgyzlar,başkirler,hem-de garagalpaklar bar. Gubadag şäherinde az sanly rus milleti hem ýaşaýar.