Boris Spasskiý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Boris Spasski 1984-nji ýyldaky Salonik küşt olimpiýadasynda

Boris Wasilýewiç Spasskiý (rus. Бори́с Васи́льевич Спа́сскийБори́с Васи́льевич Спа́сский; 30/01/1937) SSSR-li, Fransiýaly we Russiýaly grossmeýsterdir. Ol Küşt boýunça 10-njy dünýä çempiony, ol bu tituly 1969 we 1972-nji ýyllar arasynda göterdi. Spasskiý 3 dünýä küşt çempionatynda çykyş etdi: 1966-njy ýylda Tigran Petrosiandan utuldy, 1969-njy ýylda Petrosiany ýeňdi we dünýä çempiony boldy; ondan soňra 1972-nji ýylda Bobi Fişerden utuldy.


Spasskiý 2 gezek göni SSSR küşt çempiony boldy (1961, 1973), 2 gezek 1-njiligi paýlaşanda pleý-offda utuldy. 7 gezek Dünýä küşt çempionlygyna dalagärligine saýlandy. 1965 we 1968 dalaşgärler bäsleşigindäki ýeňişlerinden daşary ol 2 gezek, 1974 we 1977-de ýarym-finala baryp ýetdi.

Spasskiý 1976-njy ýylda Fransiýa göçdi we 1978-nji ýylda Fransiýanyň raýatlygyny aldy. 1992-nji ýylda Bobbi Fişere garşy gaýry-resmi Dünýä çempionaty jogap duşuşygynda ýeňildi. 2012-nji ýylda Fransiýany terk etdi we Russiýa göçüp bardy.

Irki durmuşy[üýtget | edit source]

Spasskiý Leningradda (häzirki Sankt-Peterburg) doguldy. Kakasy Wasiliý Wladimirowiç Spasski goşun agzasydy[1] Ol, Kursk sebitiniň ady belli Rus prowaslaw kilisesindäki ruhany we Döwlet dumasynyň agzasy Wladimir Aleksandrowiç Spasskiniň neslinden.[2][3][4] Ejesi Ýekaterina Petrowna Spasskaýa mugallymdy. 

Spasskiý küşt oýnamagy gabaw astyndaky Leningraddan ýerlileri ewakuirleýän otlyda öwrendi. Ol ilkinji gezek haçan-da 1947-nji ýylda Sowet küşt çempiony Mihail Botwinnigi birwagtly sergide utmagy bilen üns çekdi.[5] Onuň ilkinji tälimçisi Wladimir Zakdyr. Spasskiý 1-nji kategoriýa ýeten iň ýaş (10 ýaş) Sowet; ussatlyga dalaşgär iň ýaş  Sowet (11 ýaş); Sowet Ussady derejesine ýeten iň ýaş Sowet (15 ýaş) hökmünde rekordlaryň eýesidir. 1952-nji ýylda 15 ýaşyndaka Rigada geçirilen Sowet küşt çempionatynyň ýarym finalynda Spasskiý 50% netije görkezdi we Leningrad çempionatynda 2-nji orna eýe boldy şol bir ýylda. Bu sepgitleri netijesinde Botwinnik tarapyndan öwgä mynasyp saýyldy.

Karýerasy[üýtget | edit source]

Spasskiýniň iň ileri tutan açylyşlary aklar hökmünde hem garalar hökmünde hem Sisiliýa goragy we Ruý Lopez açylyşlarydyr.[6]

Spasskiý karýerasy dowamynda 6 inkär edilmez dünýä küşt çempionyny iň az 2 gezek utdy (ählisi çempionlygy möwritindä däl). Olar: Wasiliý Smyslow, Mihail Tal, Tigran Petrosian, Bobi Fişer, Anatoliý Karpow we Garry Kasparowdyr.

Ýetginjek grossmeýster[üýtget | edit source]

Spasskiniň 1956-njy ýylda alnan suraty

Spasskiýniň ilkinji halkara çykyşy 16 ýaşyndaka 1953-nji ýylda Rumyniýanyň Buharest şäherindäki bäsleşikde boldy[7] we bu bäsleşikde Spasski 4-nji orny paýlaşdy. Ol bu ýaryşda Dünýä çempionyna erşiji Wasiliý Smyslowy ýeňdi we FIDE tarapyndan Halkara sport ussady titulyna eýe boldy. Spasskiý Sowet küşt çempionatyna ilkinji gezek Moskwada geçirilen 1955-nji ýyldaky çempionatda gatnaşdy we 11.5/19 utuk bilen 3-nji orny paýlaşdy we Gotenburg Interzonal tapgyrynda çykyş etmäge hak gazandy.[8] 

Şol bir ýylda ol Belgiýanyň Antwerp şäherinde geçirilen Dünýä ýetginjekler küşt çempionatynda ýeňiji boldy.[9]

Spasski 1956-njy ýyldaky Amsterdamda geçirilen Dalaşgärler bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanmak bilen grossmeýster titulyna eýe boldy, şol wagt üçin bu iň ýaş grossmeýster rekordydy. Amsterdamdaky dalaşgärler bäsleşiginde Spasskiý 3-nji orny paýlaşdy.[10] 1956-njy ýylyň Ýanwar-Fewral aýlarynda geçirlen 23-nji Sowet çempionaty finalynda[11] Spasskiý Mark Taýmanow we Ýuri Awerbah bilen 1-njiligi paýlaşdy emma çempionlyk üçin oýnaljak pleý-off tapgyrynda Taýmanowdan ýeňildi.[12] Spasski 24-nji Sowet çempionatyna hem gatnaşdy.[13]

Dünýä çempionlyga dalaşgärligi[üýtget | edit source]

Spasskiý ýiti hüjümçi tälimçisi Aleksandr Toluşdan ýüz öwrüp ýuwaş strategiýaçy Igor Bondarewskiden tälim almaga başlady. Mundan soňra ol 1961-nji ýylda Bakuda geçirilen 29-njy Sowet küşt çempionatynyň çempiony boldy.[14]

Spasskiýniň çempionlyga erşiji we dünýä çempiony ýyllary[üýtget | edit source]

Spasskiý ähli taraplaýyn oýunçy hasaplanýardy we onuň uniwersal täri köp naýbaşy grossmeýsterleri ýeňmeginde iňňän uly öňdelikdi. 1965-nji ýylda Rigada Dalaşgärler bäsleşiginiň çärýek finalynda Pol Keresi ýeňdi 6 - 4 hasaby bilen (+4 -2 = 4).[15] Ondan soňra Rigada ol Ýefim Gelleri täsirli hüjümler bilen 5½–2½ (+3−0=5) hasabynda ýeňdi.[16] Soňra Tbliside geçirilen finalda Mihail Taly ýeňmegi başardy, ol bu duşuşykda 7–4 (+4−1=6) hasaby bilen ýeňiş gazandy we Dünýä çempionlygy üçin dünýä çempiony Tigran Petrosiana erişmäge hak gazandy.[17]

Tigran Petrosiana garşy Dünýä çempionlygy duşuşygynda Spasski ýeňildi, Petrosianyň 4 ýeňşine diňe 3 ýeňiş bilen gaýtawul berip bildi.[18]

1966-njy ýyldaky Dalaşgärler ýeňşinden soňra Spasski 1968 Dalaşgärler bäsleşigine göni gatnaşdy. Dalaşgärler bäsleşiginde ol çärýek finalda Geller bilen duşuşdy we ýeňdi, soňra Malmöde Bent Larsene garşy oýnady we ýeňdi, ondan soňra finalda onuň ezeli bäsdeşi Korçnoýy ýeňdi.[19][20] we ýene bir gezek Dünýä çempionlygy üçin Petrosiana erişmäge hak gazandy. Moskwada geçen Dünýä çempionlygy duşuşygynda Spasskiý Petrosiany 12½–10½ hasaby bilen ýeňdi[21] we Dünýä çempiony boldy.

Spasskiniň ünýä çempionlygy möwriti[üýtget | edit source]

Dünýä çempionlygyny ele geçirenden soňraky ilkinji turniri 1969-njy ýylyň Oktýabr aýynda gurnalan San Huan turniridir we Spasskiý bu turnirde 11.5/15 utuk bilen çempion boldy.[22] 1970-nji ýylda Belgradda gurnalan "SSSR VS Dünýä" wakasynda Spasski SSSR adyna 1-nji tagtada çykyş etdi[23] we ilkinji 3 raundda Bent Larsene garşy +1−1=1 hasabynda utuk gazandy, ahyrky raundda onuň ýerine Leonid Ştaýn çykyş etdi.

Boris Spasskiý IBM bäsleşiginde

Spasskiý 1970-nji ýylda Amsterdamdaky her ýyl geçirilýän IBM turnirinde hem 11.5/15 utuk bilen 1-njiligi Lew Polugaýewskiý bilen paýlaşdy.[24]

Fişer bilen Dünýä çempionlygy duşuşygy[üýtget | edit source]

Spasskiýniň çempionlyk möwriti 3 ýyl dowam etdi, ol 1972 Dünýä küşt çempionatynda ABŞ-ly Bobi Fişerden ýeňildi[25] we bu duşuşyk Asyryň duşuşygy hökmünde hem bilinýär. Bu duşuşyk Sowuk urşuň gyzgalaňynyň çür depesindekä Islandiýanyň Reýkýawik şäherinde bolup geçdi.[26] 

Mertebesi[üýtget | edit source]

Spasski 2009

Spasskiýniň iň öndümli ýyllary hökmünde onuň ýetginjek geniý hökmünde görlen ýyllary bolan 1950-nji ýyllardyr. Dünýä çempiony bolmagyndan soňra maksadaokgunlylygyny we yhlasyny ýitirendigine ynanylýar. Kimileri Fişeriň özüni alyp barşynyň Spasskä erbet täsir edendigini öňe sürýär, beýlekiler muňa Spasskiniň jentilmenligini we Fişeriň bir ajaýyp ýeňşine el çarpmagyny mysal görkezip garşy çykýar.[Salgylanma zerur] [who?]


Spasski köpler tarapyndan uniwersal oýunçy hasaplanýar. Ol asla açylyşlar ussady hasaplanmaýar, iň azyndan döwürdeşleri Geller we Fişer bilen deňeşdirilende ol açylyşlar babatda ejiz gelýär. Ol oýun ortasy we taktikalarda ökdedi.[27][28][29]

Şahsy durmuşy[üýtget | edit source]

Boris Spasskiý 3 gezek öýlenen. Onuň ilkinji aýaly (1959 - 1961) Nadežda Konstantynowna Latyntsewadyr. Olaryň bir gyzy bar, ady Tatýana (1960-njy ýyl). Onuň ikinji aýaly Larisa Zaharowna Solowýowadyr. Olaryň Wasiliý Solowýow-Spasski adynda ogly bar (1967-nji ýyl). Ol 3-nji gezek öýlenende Fransiýada Rus uruş generalynyň gyzy Marina Ýuriewna Şerbaçowa öýlendi. Olaryň Boris Spasski Jr atly ogullary bar (1980-nji ýyl).[30][31]

Spasskiý özüni Prowaslaw hristiýan, monarhiýa tarapdary we Ors milliýetçisi hökmünde suratlandyrýar.[32]

2005-nji ýylda Kaliningraddaky tarapdarlar bilen duşuşygynda "ýurduň başyna geljek wakalary bilen bolsadym Komunist partiýa agzasy bolardym" diýdi.[33]

2005-nji ýylda Spasskiý Orsýetde Ýewreýleriň dini we milli guramalarynyň ählisiniň ýapylmagy tarapdary bolan arza gol çekdi. Soňra Spasskiý bu herekete gol çekmegini ýalňyşlyk hökmünde görýändigini beýan etdi.[34]

Salgylanmalar[üýtget | edit source]

  1. 10th World Champion Boris Spassky: My Knowledge of Chess Openings Was Really Bad interview in the Sovetsky Sport newspaper, 2012-01-20 (in Russian)
  2. Spassky Vladimir Alexandrovich in the New Martyrs and Confessors of the Russian Orthodox Church of the XX Century database by Saint Tikhon's Orthodox University (in Russian)
  3. Stepanov A.D., Ivanov A.A. (2008). Black Hundred. A Historical Encyclopedia 1900—1917. Moscow: Institute of the Russian Civilisation, 640 pages. ISBN: 978-5-93675-139-4
  4. The name Spasski, from Old Russian spasti to save, was a surname adopted by Orthodox priests, affirming their dedication to Jesus Christ as Saviour. A Dictionary of Surnames, OUP, 1988.
  5. "ChessBase News | Boris Spassky: a chess legend turns seventy-five". Chessbase.com. Retrieved 2013-10-20.
  6. "The chess games of Boris Spassky". chessgames.com.
  7. "Bucharest 1953 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  8. "URS-ch22 1955 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. 1955-02-11. Retrieved 2013-10-20.
  9. "Bucharest 1953 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  10. "Candidates Tournament 1956 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  11. "URS-ch23 1956 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. 1956-01-10. Retrieved 2013-10-20.
  12. "URS-ch23 playoff-1pl 1956 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  13. "URS-ch sf 1956 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  14. "URS-ch29 1961 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  15. "Candidates qf3 1965 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  16. "Candidates sf2 1965 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  17. "Candidates final 1965 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. 1965-11-01. Retrieved 2013-10-20.
  18. "World Championship 26th 1966 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  19. "Candidates qf4 1968 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  20. "Candidates sf2 1968 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  21. "World Championship 27th 1969 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  22. "San Juan 1969 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. 1969-10-08. Retrieved 2013-10-20.
  23. "USSR vs. Rest of the World 1970". chessgames.com. Retrieved 2013-10-20.
  24. "IBM 1970 - 365Chess.com Tournaments". 365chess.com. Retrieved 2013-10-20.
  25. "Boris Spassky". chessgames.com
  26. "History of the World Chess Championship - Fischer vs Spassky 1972 - The Match of the Century". chessgames.com.
  27. "KC-Review of 2012 with Sergey Shipov". Crestbook. Retrieved 2013-10-20.
  28. mishanp on May 10, 2012 (2012-05-11). "Anand's WhyChess interview". Chessintranslation.com. Retrieved 2013-10-20.
  29. "The most important interviews by GM Vladimir Kramnik, World Chess Champion 2000-2007". Kramnik.com. Retrieved 2013-10-20.
  30. Evgeni Gik. Boris Spassky: The Chess King With Very Independent Views by RIA Novosti, January 30, 2012 (in Russian)
  31. Who Would Marry a Chess Master? on Chess.com, January 20, 2013
  32. Boris Spassky, The Tenth World Chess Champion. A Legendary Champion Paid a Visit to The Legendary Magnitka by Olga Platonova for Magnitogorsky Metall, a Magnitogorsk city newspaper, 2006-01-21 (in Russian)
  33. Yes, My Wife Is French... by Komsomolskaya Pravda, January 21, 2005 (in Russian)
  34. Outrage in Russia as Spassky puts name to rabidly anti-Semitic petition by Bojan Pancevski, The Telegraph, 10 Apr 2005