Wişwanatan Anand

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

AnandWM2008.Presse.Konf.jpg

Wişwanatan Anand
Doglan wagty11 Dekabr 1969
Doglan ýeriHindistan, Madras
KäriKüştçi

Wişwanatan Anand (doglan senesi: 11.12.1969ý) hindi küşt grossmeýsteridir. Ol "dünýäniň 15-nji küşt çempiony" ada eýe boldy. FIDE-niň maglumatlaryna göra, 2800 reýtingden geçen 5 küştçüden biridir. Ol öz adyny 2007-nji ýylda Wladimir Kramnigi ýeňip gazanandyr. 24-nji aprel-11-nji maý aralygynda Sofiýa şäherinde geçirilen ýaryşda Bolgariýaly grossmeýster Weselin Topalowy 6,5-5,5 ýeňip, dünýäniň çempiony diýen adyny goramagy başarýar. Anand bu ýaryşda 2-nji, 4-nji we 12-nji döwleri (partiýalary) utdy, 1-nji we 8-nji döwlerde bolsa, ýeňildi. 2013-nji ýylda bolsa, öz ýurdunda, Hindistanyň Çennai şäherinde geçirilen ýaryşda Magnus Karlsene garşy ýeňildi. 1 ýyl soň çempionlygyny yzyna almak üçin rewanş oýnasa hem oňa Norwegiýaly küştçini ýeňmek başartmady.

Gazanan derejeleri[düzet | çeşmäni düzet]

1. 1983-nji ýyl: ýetginjekleriň arasynda geçirilen ýaryşda Hindistanyň çempiony. (14 ýaş)

2. 1984-nji ýyl:FIDE-niň halkara ussady. (15 ýaş)

3.1985-nji ýyl: Hindistanyň küşt boýunça çempiony (16 ýaş)

4.1987-nji ýyl: 18 ýaşa ýetmedik küştçüleriň arasynda geçirilen ýaryşda dünýäniň çempiony. (17 ýaş)

5.1988-nji ýyl: Grossmeýster (18 ýaş)

6.2000-nji ýyl: FIDE-niň geçirmeginde dünýäniň küşt çempiony.

7.2003-nji ýyl: Dünýäniň blitz çempiony.

8.2007-nji ýyl: Dünýäniň küşt çempiony.