Mazmuna geçiň

Amerikanyň Birleşen Ştatlary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
United States of America
Amerikanyň Birleşen Ştatlary
ABŞ-nyň döwlet baýdagy ABŞ-nyň döwlet gerbi
Paýtagt Waşington
Prezident Joe Biden
Dil de-ýuro döwlet dili ýok. De-fakto iňlis dili
Sena In God We Trust
Meýdany 9,833,520 km²
Ilat
 – ilat/km²
325,145,9630
 35/km²
Garaşsyzlyk 27 iýul 1776
Pul birligi Dollar $
Wagt UTC -5 ... UTC - 10
Telefon kody +1
Internet TLD .us

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ABŞ (iňl. The United States of America, USA, isp. Estados Unidos de América) — Demirgazyk Amerikada döwlet. ABŞ döwlet gurluşy federal, ştatlar we ÿerli hökümetlerden ybaratdyr.[1] Amerikanyň Birleşen Ştatlary dünýäde iň köp ilatly ýurtlaryň sanawynda Hytaý we Hindistan dan soň, üçünji orunda durýar.[Çeşme zerur]


Birleşen Ştatlar demirgazykda Kanada, günortada — Meksika bilen araçäkleşýär, şeýle hem ol deňiz arkaly Russiýa bilen serhetleşýär. Onuň kenarlaryny günbatarda Ýuwaş okean, gündogarda bolsa Atlantik okean ýuwýar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Demirgazyk Amerikada ýerleşýän döwletdir. Ol demirgazykda Kanada, günortada Meksika bilen araçäkleşýär. ABŞ-nyň resmi taýdan döredilen ýyly 1776-njy ýylyň 4-nji iýuly hasaplanýar.

Bu ýurt gündogarda Atlantik okeanyndan günbatarda Ýuwaş okeanyna çenli 4500 kilometr aralykda ýerleşýär. Alýaska we Gawai adalaryny hem öz içine alýan ABŞ-nyň umumy tutýan meýdany 9 million inedördül kilometrden geçýär. Alýaska ýurduň 50 ştatynyň meýdany boýunça iň ulusydyr. Ýurduň günortasyndaky Tehas bolsa bu ugurda ikinji orunda durýar.

XVIII asyryň ahyrlarynda Birleşen Ştatlarynyň territoriýasynda döwletlilik döredildi. Ýöne mundan öňem Demirgazyk Amerikada möhüm taryhy wakalar bolýar. XV asyryň ahyrlarynda Demirgazyk Amerika yklymy Hristofor Kolumb tarapyndan açylýar we Ispaniýa demirgazyk, merkezi we günorta Amerikanyň meýdanynyň köp bölegini eýeleýär. Britaniýaly deňizde ýüzüji Kabot 1497-nji ýylda Demirgazyk Amerikanyň kenaryna ýüzüp barýar. Wagtyň geçmegi bilen ispanlar, portugallar, fransuzlar, iňlisler Amerika yklymyna ýerleşip, ýer eýeleýärler. Iňlisler Amerikadaky ýerlerini köpeldip, soň-soňlar birnäçe ýurtlardan adamlary göçürip getirýärler.

XVIII asyryň ortalarynda Amerikadaky koloniýalaryň sany 13-e ýetýär. XVIII asyryň ahyrlarynda bolsa koloniýalarda garaşsyzlyga garşy göreş başlanýar. Iki ýyl dowam eden urşuň netijesinde täze döwlet döredilendigi baradaky jarnama kabul edilýär. Ilki başlarda Birleşen Ştatlaryň düzümindäki ştatlaryň sany 13-den 36-a çykýar. Soňra ol 50-ä ýetýär.

Döwlet gurluşy

[düzet | çeşmäni düzet]

Amerikanyň Birleşen Ştatlary federal respublika. Döwlet 50 ştatdan we Kolumbiýa federal okrugyndan ybarat bolup durýar. Döwlet baştutany - prezident. Kanun çykaryjy organy - Kongres. Ol iki palatadan durýar: Wekiller palatasy we Senat. Senatorlar 6 ýyl, wekiller palatasynyň agzalary iki ýyl möhlete saýlanýar. Senatorlar we beýleki palatanyň agzalary dalaşgär bolan halatynda täzeden saýlanyp bilerler.

Elli ştatyň her biri Kongrese iki senator iberýär. Senatorlyga dalaşgär bolmak üçin 30 ýaşyny dolduran we iň azyndan dokuz ýyl mundan ozal Amerikanyň raýatlygyny kabul eden bolmalydyr. Wekiller palatasynyň 435 agzasy bar. Bir taslamanyň kanun bolmagy üçin hem Senat hem-de Wekiller palatasy tarapyndan tassyklanmagy gerek.

Birleşen ştatlaryň baş kanuny her on ÿyldan amerikalylaryň “adam sanynyň” hasabynyň alynmalydygyny, ÿagny ilat ýazuwynyň geçirilmelidigini nygtaÿar.[2] Ýurtda 280,6 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Amerika göçegçileriň ýurdy, göçegçiler tarapyndan döredilen döwlet, häzirki wagt hem dünýäniň iň köp göçegçisini kabul edýän ýurt hasaplanýar. 1776-njy ýyldan öň, ýurduň ilatynyň sany bary-ýogy 2,5 milliona barabardy. Olaryň 95 göterimi akýagyzlar, galan bölegini bolsa afrikalylar düzýärdi. 1880-nji ýyllarda ilatyň sany 60 milliona ýetýär. 1935-nji ýylda bu görkeziji 100 milliona, 1970-nji ýylda 200 milliona ýetýär.

ABŞ-da ilat gürlügi her inedördül kilometre 27 adamdyr. 1990-njy ÿylda Amerikanyň ilatynyň 80% golaÿynyň özlerini akÿagyz, 12%-garaÿagyz, 9% ispan dilli hasaplan.[2]

ABŞ-daky musulmanlar:

[düzet | çeşmäni düzet]

Amerikanyň musulman ilaty dürli etnik, dil, ideologik, sosial, ykdysady we dini toparlardan düzülendir. Amerikadaky musulmanlaryň sanyny takyk aýtmak kyndyr sebäbi ABŞ-da ilat sanawy hasaba alynanda dini degişlilik hasaba alynmaýar. Çaklama esasynda (2008-nji ýylyň dekabry) gelnen sanlar 2 milliondan 7 milliona çenli barýar.[3]

ABŞ-daky musulmanlar barada statistikalar:

[düzet | çeşmäni düzet]

Aşak-da görkezilen maglumatlar üçin peýdalanylan çeşmeler: statistik maglumatlar şu ýygyndydan alyndy: “Muslim Americans: Middle Class andýMostly Mainstream” Pew Research Center, May 22, 2007. Bu bölümiň teksti “Strengthening America: The Civic and Political Integration of Muslim Americans, The Chicago Council on Global Affairs, 2007” atly kitapdan

alyndy.[4]

Musulmanlaryň ABŞ sebitlerindäki sanlary şeýledir:
[düzet | çeşmäni düzet]

Günorta: 32%

Demirgazyk-gündogar: 29%

Orta günbatar: 22%

Günbatar: 18% [3]

Olaryň ýaş toparlary we jynslara görä bölünişi:
[düzet | çeşmäni düzet]

Aşak-da görkezilişi ýalydyr[3]:

18 - 29 ýaş: 29%

30 - 49 ýaş: 48%

50 - 64 ýaş: 18%

65 ýaş we ondan uly: 5%

Erkekler: 54%

Aýallar: 46%

ABŞ-nyň metjitleriniň agdyklyk edýän etnik toparlara degişlilikde boolünişi:
[düzet | çeşmäni düzet]

Aşak-da görkezilişi ýalydyr [5]:

Günorta aziýaly 28%

Afro-amerikaly 27%

Günorta aziýaly we arap, sany deňräk 16%

Araplar 15%

Ähli özge birleşmeler 14%

ABŞ ştatlaryndaky metjitleriň sany:
[düzet | çeşmäni düzet]

Özüni "global musulman elektron görnüşli jemgyýet" diýip atlandyrýan islamcity.com internet sahypasy 1995-nji ýyldan bäri ABŞ-daky musulmanlar barada maglumat toplap gelýär.[4] Olaryň aýtmagyna görä ABŞ-daky musulman gurama we medreseleriň sany 2300-den gowrakdyr.[4] Ady geçen saýtyň beren maglumatyna görä ştatlardaky metjit sany aşakda görkezilişi ýalydyr (ştat ady we ştatdaky metjit sany formatynda görkezilen):[4]

Alabama 20

Alýaska 0

Arizona 10

Arkanzas 1

Kaliforniýa 198

Kolorado 8

Konnektikut 17

Delawer 2

Waşington, K.o 8

Florida 42

Jorjiýa 40

Hawai 1

Aýdaho 3

Illinoýs 43

Indiana 14

Aýowa 5

Kanzas 2

Kentaki 9

Luiziana 17

Men 1

Meriländ 18

Massaçusets 13

Miçigan 55

Minnesota 3

Missisipi 9

Misuri 7

Montana 2

Nebraska 1

Newada 3

Nýu-Hämpşir 3

Nýu-Jörsi 56

Nýu-Meksiko 7

Nýu-Ýork 131

Demirgazyk Karolina 20

Demirgazyk Dakota 4

Ohaýo 41

Oklahoma 8

Oregon 10

Pensilwaniýa 43

Roud-Aýlend 2

Günorta Karolina 12

Günorta Dakota 2

Tennesi 10

Tehas 58

Ýuta 5

Wermont 0

Wirjiniýa 27

Waşington 10

Günbatar Wirjiniýa 3

Wiskonsin 13

Waýoming 1

Metjitler barada has köp maglumat üçin seret: ABŞ-daky ýerli metjitler sanawy.

Ykdysadyýeti

[düzet | çeşmäni düzet]

Amerikanyň Birleşen Ştatlary ykdysady taýdan güýçli ösen ýurt. Ýurduň magdan, himiýa, ýeňil we maşyngurluşyk senagaty has ösen. Atom we kosmos pudagy hem çalt depginlerde ösýär. Oba hojalygynda ekerançylyk pudagyna uly üns berilýär. Syýahatçylyk pudagy hem ýurduň iň girdejili pudaklarynyň biri hasaplanýar.

Bulardanam başga ABŞ ýarag söwdasynda hem işjeňdir we ABŞ 96 döwlete (2016-njy ýylyň maý aýyndaky hasabat) ýarag satýar.[6][7] ABŞ 2001-nji we 2016njy ýyl aralygyndaky jemi ýarag söwdasynyň 33 göterimini amala aşyrdy.[8] 2016-njy ýylyň 1-nji çärgeýiniň soňuna çenli ol diňe bir ýakyn gündogara 30 milliard dollarlyk ýarag satdy.[6]

Tanymal ýerleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Amerikanyň Birleşen Ştatlary özüniň tebigy ajaýyplyklary we taryhy ýadygärlikleri bilen jahankeşdeleri özüne bendi edýär. Ýurduň paýtagty Waşingtonda Kapitol binasy (paýtagtyň iň beýik binasy hasaplanýar), Ak Tam – ýurduň döwlet baştutanynyň resmi kabulhanasy, Waşingtonyň ýadygärligi (152 m), Pentagon (Goranmak ministrliginiň jaýy) we Federal aňtaw edarasy, Arlington hatyra gonamçylygy, Milli sungat galereýasy, Kongresiň kitaphanasy, Smitson institutynyň muzeýi, ABŞ-nyň öňki prezidentleri Jorj Waşingtonyň, Jeffersonyň hem-de Abraham Linkolnyň (Abraham Lincoln) memorialy ýaly köp sanly taryhy ýadygärlikler, muzeýler ýerleşýär.

Nýu-Ýork şäherindäki köpri-Bruklin köprisi
Kapitol binasy
Ak tam- ABŞ prezidenti ýaşaýan we işlerini alyp barýan öýidir, Waşington şäherinde ýerleşýär.

Nýu-Ýork şäherinde bolsa Azatlyk statuýasy ýaly owadan ýerler bar. Şeýle hem Amerikanyň Florida ştatynda Ewergleýds Orlando milli goraghanasy we oňa degişli „Uolt Disneý dünýäsi“ şatlyk-şagalaň bagy bar. Maýami-Biç kurort sebiti jahankeşdeleriň iň bir gelim-gidimli ýeri hasaplanýar.

Esasy baýramçylyklary:

[düzet | çeşmäni düzet]

19-njy fewral - Jorj Waşingtonyň doglan güni, 4-nji iýul - garaşsyzlyk güni, 11-nji noýabr - weteranlar güni, sentýabr aýynyň birinji duşenbesi - zähmet güni, noýabr aýynyň dördünji penşenbesi - Şükranalyk baýramçylygy(thanksgiving day).

Baglanşykly makalalar

[düzet | çeşmäni düzet]

Salgylanmalar:

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. 42-nji sahypa seret: http://turkmen.ashgabat.usembassy.gov/uploads/Ov/69/Ov69FwETPxLNYWpHvJ0LDQ/Amer.Life.Turkmen.pdf Archived 2016-11-23 at the Wayback Machine
  2. 2.0 2.1 16-njy sahypa seret: http://turkmen.ashgabat.usembassy.gov/uploads/Ov/69/Ov69FwETPxLNYWpHvJ0LDQ/Amer.Life.Turkmen.pdf Archived 2016-11-23 at the Wayback Machine
  3. 3.0 3.1 3.2 "Amerikada ýaşaýan musulmanlar -ABŞ döwlet departamentiniň Halkara maglumat maksatnamalary edarasy, 48-nji sahypa" - http://photos.state.gov/libraries/turkmenistan/49351/pdf/BeingMuslimAmerica_Turkmen.pdf Archived 2017-02-24 at the Wayback Machine
  4. 4.0 4.1 4.2 4.3 http://photos.state.gov/libraries/turkmenistan/49351/pdf/BeingMuslimAmerica_Turkmen.pdf Archived 2017-02-24 at the Wayback Machine 50-nji sahypa seret
  5. "Amerikada musulman bolmak, ABş döwlet departamentiniň Halkara maglumat maksatnamalary edarasy, 49-njy sahypa." - http://photos.state.gov/libraries/turkmenistan/49351/pdf/BeingMuslimAmerica_Turkmen.pdf Archived 2017-02-24 at the Wayback Machine
  6. 6.0 6.1 http://www.trt.net.tr/turkmen/ykdysadyyet/2016/03/30/abs-uakyn-gundogara-30-milliard-dollarlyk-yarag-satdy-460516
  7. ABŞ ýarag firmalary Hytaýly we Russiýaly firmalary yzda galdyrdyhttp://www.trt.net.tr/turkmen/ykdysadyyet/2016/02/23/amerikaly-yarag-firmalary-russiyaly-we-hytayly-basdeslerinden-yarag-bazarynda-one-gecdi-437269
  8. Amerikaly firmalaryň ýarag söwdasyndaky bazar paýy 33 göterime çenli baryp ýetdi - http://www.trt.net.tr/turkmen/ykdysadyyet/2016/02/23/amerikaly-yarag-firmalary-russiyaly-we-hytayly-basdeslerinden-yarag-bazarynda-one-gecdi-437269