Ýemin

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýemin (arap. يمين‎‎ — kasam, ant, kuwwat). Ýemin dini taýdan bir işi edip ýa-da etmezlik meselesinde ynandyryjylyk güýjüni artdyrmak üçin Allahyň adyny ýa-da sypatlaryny ara goşup berlen sözdür. Meselem, «Wallahi, şeýle işi gaýdyp etmerin». Şeýle ýeminlere fikhde kasam diýilýär. Ýemin: «wallahi», «billähi», «tallahi», «Allah şaýat» ýaly sözler bilen edilýär.

Allahyň ady we sypatlary zikir edilmän aýdylan söz ýemin saýylmaýar. Pygamberleriň, Käbäniň, melekleriň adyny tutup ýemin etmek hem dürs däldir. Il arasyndaky «duz kessin, çörek kessin» diýen ýaly antlar hem bolmaýar. Hatda şeýle kasam eden kişi günäkär bolýar.

Kasam etmek, esasan, mubah hereket bolsa-da, ýöne ýere kasam etmek, ony endige öwürmek dogry däldir. Ýygy-ýygydan kasam edip duran kişi sözüne Allahy şaýat tutunýandyr. Eger sözüni ýerine ýetirmese, Allahy äsgermeýän, sözüniň dogrudygyny subut etmek üçin mukaddes gymmatlyklary peseldýän, il arasynda abraýyny ýitirýän kişi bolýar. Musulman – kasam zerurlygy bolmazdan sözüne ynanylýan kişidir. Ýalan ýere kasam etmek ýa-da kasam edilen sözde durmazlyk uly hata, agyr günädir.

Kurany Kerimde berlen sözüň ýerine ýetirilmegi barada:

«Kasamlaryňyzy goraň (wepaly boluň)!»

— Maide: 89.


«Äht edeniňizde Allanyň ähti-peýmanyna (Onuň adyny agzap beren sözüňize) wepaly boluň! Allany özüňize kepil tutunyp, (ähti-peýmanyňyzy) pugta edeniňizden soň, kasamlaryňyzy bozmaň! Takyk, Alla edýän zatlaryňyzy bilýär.»

— Nahl: 91.

diýilýär.

Ýeminiň görnüşleri[düzet | çeşmäni düzet]

Kasam görnüşinde aýdylan ýeminiň üç görnüşi bardyr:

  1. Ýemini lagw – ýalňyşlyk bilen ýa-da dogrudyr öýdülip aýdylan ýemindir. Bir kişiniň borjuny ödändirin öýdüp: «Borjumy ödedim» diýip ýemin etmegi muňa mysaldyr. Şeýle hem endigine görä, dil ujundan: wallahy, billahy diýip sözüň arasynda aýdylan ýeminler hem lagw ýemini saýylýar. Kuranda

    «Alla (bilkastlaýyn bolman) ýalňyşyp eden kasamlaryňyz sebäpli, sizi soraga çekmez. »

    — Maide: 89.

    Şeýle ýeminler sebäpli keffaretiň gerek däldigi aýdylypdyr. Ýöne agzy endik edip, ýygy-ýygy kasam edýänleriň bu erbet endigi taşlamagy gerekdir.
  2. Ýemini gomus – öň bir wagt edilen ýa-da edilmedik bir iş hakynda bilip, bilkastlaýyn we ýalan ýere aýdylan ýemindir. Bir kişiniň bergisini bermedigini bilip duran halyna: «bergimi berdim» diýip, ýalan ýere kasam etmegi muňa mysaldyr. Bular ýaly ýemin uly günädir. Bu bilkastlaýyn edilen ýalňyşlygyň bagyşlanmagy üçin keffaret ýeterlik bolmaýar. Şonuň üçin gamus ýeminine keffaret edilmeýär. Ýalan ýere ýemin eden kişi köp toba-istigfarda bolmaly. Gaýdyp beýle ýalňyşlygy etmezligi ýüregine berk düwmelidir. Ýemini sebäpli ýetiren zyýanynyň öwezini töläp, zyýan ýetiren adamynyň razylygyny almalydyr.
  3. Ýemini mun'akide – ýeminiň istilah manysyna laýyk gelýän görnüşi bolup, gelejege degişli mesele babatda aýdylan ýemindir. Mysal üçin, «Wallahy, ertir bergimi üzerin» diýip kasam etmek. Bu ýemin ediljek bir işe Allahy şaýat tutmak diýmekdir we hökman ýerine ýetirmelidir. Eger ýerine ýetirilmese, ýemin bozulýar we keffaret gerek bolýar.

Ýemin keffareti[düzet | çeşmäni düzet]

Ýemin edenden soň, sözünde durmadyk kişi ýemin keffaretini tölemelidir. Kurany Kerimde bu barada şeýle aýdylýar:

«Alla (bilkastlaýyn bolman) ýalňyşyp eden kasamlaryňyz sebäpli, sizi soraga çekmez. Emma ýüregiňize düwen (bilkastlaýyn eden) kasamlaryňyz üçin welin soraga çeker. Onuň (bilkastlaýyn eden kasamyňyzyň) keffaraty (jerime tölegi) öz maşgalaňyza iýdirýän ortaça (tagamyňyzdan) on misgine tagam bermek, ýa-da olary geýindirmek, ýa-da bir gul azat etmekdir. Kim (bularyň hiç birini) tapyp bilmese, üç gün agyz beklemelidir. Ine, bu kasam edip (soň hem dänen) kasamlaryňyzyň keffaratydyr. Kasamlaryňyzy goraň (wepaly boluň)! Ine, siziň şükür etmegiňiz üçin Alla size aýatlaryny beýan edýär. »

— Maide: 89.

Pygamberimiz bolsa şeýle aýdýar: «Ýemin edip, başga bir zadyň ondan haýyrlydygyny görseň, haýyrlysyny et we ýeminiň keffaretini töle», (Ibni Maje).

Yslam müjdehidleriniň aýtmagyna görä, ýeminini bozan keffaret hökmünde ilki on sany garyby ertirine-agşamyna doýurmaly ýa-da on garyba egin-eşik geýdirmeli, muňa güýji ýetmese, üç gün yzly-yzyna oraza tutmaly.

Oraza keffaretinde agyz beklemek ilkinji nobatda bolup, garyby doýurmak iň soňa goýlupdyr. Orazanyň bilgeşleýin bozulmagynyň ýene agyz beklemek bilen ýerine salynmagy, jezanyň kişiniň nebsini terbiýelemegiň esasy maksadydygy üçindir. Ýemin keffaretinde garyby doýurmak we geýindirmek öňde goýlupdyr. Muňa mümkinçiligi bolmadyk oraza tutmaly edilipdir. Bu garyp-gasarlary goldamak we ijtimagy maksatlar sebäplidir.

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]