Sudan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Sudan
(Baýdag) (Gerb)

Sudan (arap. السودان‎‎, iňl. Sudan), doly ady — Sudan Respublikasy (arap. جمهورية السودان‎‎, iňl. Republic of Sudan) — Demirgazyk-Gündogar Afrikada döwlet, Günorta Sudan garaşsyzlygyny alýança iň iri afrika döwletidi. Ol demirgazykda Müsür, demirgazyk-günbatarda Liwiýa, günbatarda Çad, günorta-günbatarda Merkezi Afrika Respublikasy, günortada Günorta Sudan, gündogarda bolsa Eritreýa we Efiopiýa bilen araçäkleşýär. Demirgazyk-gündogarda kenarlaryny Gyzyl deňziň suwlary ýuwýar.

Paýtagty — Hartum şäheri.

Taryh[düzet | çeşmäni düzet]

Günbatar Sudan[düzet | çeşmäni düzet]

Nubiýada Jebel Barkal dagy

Günbatar Sudan VII-VII asyrda söwda ýolunda ýerleşip, bu ýerde sawannaly ekerançylar ýaşapdyr. Ilaty berber – liwiýalylar gelip çykyşy bolup, kerwen söwdasyny edipdirler. Dürli otlar, tüwi ekipdirler şäherlerde söwdagärlerden başgada hünärmentlerde bolupdyr. Ýöne esasy zat altyn bolupdyr. Berk irki döwletleriň biri Gana döwleti bolupdyr. Onuň dolandyryjylary demirgazykdan günbatar Sudan ýerlerine aralaşypdyrlar Bu ýerleriň ilkinji hökümdarlary adamlar bolupdyr. Megerem göçme berberiler bolmaly. Ýurduň esasy girdejisi altyn çäge bolupdyr. Ýurduň dolandyryjylary söwda işine goşulman araplar berberiler, ýewreýler söwda edipdir. Soltan Abu-Bekir Ganany eýeläp, şäheri dargadypdyr. 11 ýyldan soň basybalyjylar bu ýerden gidýär. 1203 ýyldan başlap Mali döwleti Gana derek syýasy merkeze öwrülýär.

Mali VIII-IX asyrlarda Gananyň günortasynda döwlet hökmünde döredi. XI asyrda islamy kabul etdi. Araplar 1235 ýylda günorta Gana ýerlerini özüne birleşdirdi.

Tiz wagtda Mali günbatar Sudanda belli döwlet bolup özüne Ganany hem birleşdirýär. Maliniň dolandyryjysy Musa I 1324 ýylda Mekgä Haja gidýär. Syýahat döwründe 10-12 tonna altyny paýlaýar. Şeýdip köp ýyllap arap dünýäsinde altynyň bahasy pese gaçýar.

Mali şäherlerinde owadan jaýlar we metjitler gurulypdyr. Altyn şeýle bir köp bolupdyr.

Goşunda gullar örän köp bolupdyr. Olarada ýer berlipdir. Ilat uly jemagat görnüşinde ýaşapdyr. Malide XIV asyrda neberelik gatnaşyklary ýok bolup başlaýar.

XV asyrda Malä seredende Songaý döwleti güýçlenýär. Täze II müň ýyllykda Sonagaýyň döwlet birleşmeleri Maliniň gol astynda bolupdyr. Diňe Mali gowşandan soň XIV asyrda Songaý güýçlenýär. Onuň hakyna tutma goşuny bolupdyr.

XV-XVI asyrlarda Muhammediň dolandyran döwründe döwletleriň iň güýçlenen derejesine ýetýär. Ol hem Mekgä haja barýar, musulman alymlaryny goldaýar, öz ýurduna çagyrýar. Bu ýerde ýokary okuw jaýlary işläp başlapdyr. Onda islam teologiýasy, hukuk, matematika, gumaniar bilimler berilýär.

Döwlet altyndan köp girdeji gazanypdyr. Gullar ýer bejeripdir. Garaşly hökümdarlar dolandyryjy salgyt töläpdir.

XVI asyryň ahyrynda marokkalylar Songaýa çozup, onuň ähmiýetini pese gaçyrýar. Atyjy ýaraglar bolup ispan hakyna tutma goşuny bilen çozup Songaý döwletine uly zarp urýar. Olar hem altyn gözläp gelýär. Olar hem altyn gözläp gelýär. Ýöne zapaslar gutarmady.Marokan soltanyň Sudana gyzyklanmasy gaçýar, goşunlaryň bolsa ýerli aýallara öýlenýär we galýar. Olar hojalyk döredýär. Ol hem XVII asyrda çenli dowam edýär. Ony saharalylar derbi-dagyn edýär. XVII-XVIII asyrda birnäçe döwletler döreýär.

Merkezi Sudan[düzet | çeşmäni düzet]

Ol Çad kölüniň kenarynda ýerleşip söwda merkezleriniň golaýynda has-da döwlet guramalary döräp başlaýar. Mali, Songaý pese gaçandan soň Günbatar Sudanyň  altyn zapaslary kemelenden soň, söwda alyş çalyş pese gaçýar, indi Gwineýanyň kenarlarynda portugallar “Altyn kenary” döredýär we esasy söwda merkezine öwrülýär.

Demirgazyk Afrika şäherlerde hünärmentçilik, dokmaçylyk ösýär. Äpet jaýlar metjitler gurulýar. Ýörite arap we beýleki söwdagärleriň ýaşaýan kwartallary bolupdyr. Gulçulyk esasy rol oýnapdyr. Olaryň ýeri bolupdyr. Ýuridiki taýdan deň hukukly bolmandyrlar.