Günorta Afrika Respublikasy

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Günorta Afrika
(Baýdag) (Gerb)

Günorta Afrika Respublikasy (GAR) (afr. Republiek van Suid-Afrika; iňl. Republic of South Africa) — Afrika kontinentiniň günorta böleginde ýerleşýän döwlet. Ol demirgazykda Namibiýa, Botswana we Zimbabwe, demirgazyk-gündogarda Mozambik we Eswatini bilen serhetleşýär.

Afrikanyň günortasynda ýerleşýän döwlet. Kenarlaryny Atlantik we Hindi okeanlary ýuwýar. Tutýan meýdany 1,2 million inedördül kilometr. Ilaty 43 million adamdan geçýär. Olaryň 76 göterimi afrikalylar, galan bölegini bolsa beýleki milletler tutýar.

Resmi dili[düzet | çeşmäni düzet]

GAR-da dürli halklaryň we etniki toparlaryň arasynda ulanylýan dilleri hem hasaba alanyňda, ýurtda 11 sany dil ulanylýar. Olar: afrikaans, iňlis, ndebele, kosa, zulu, pedi, suto, tswana, swazi, wenda we tsonga. Käbir maglumatlara görä, zulu iň köp ýaýran dil hasaplanýar. Ilatyň 22,9 göterimi şol dilde gürleýär. Halkyň 17,9 göterimi kosa, 14,4 göterimi Afrikaans, 9,2 göterimi pedi we 8,6 göterimi iňlis dilinde gürleşýär. Iňlis dili resmi we iş ýüzünde köp ulanylýar.

Dini[düzet | çeşmäni düzet]

Günorta Afrikanyň ilatynyň 80 göterimi diýen ýaly hristian dinine uýýar. Şeýle hem ýurtda induizm, yslam we iudaizm dinine hem uýýanlar bar. Ýurduň ilatynyň belli bir bölegi bolsa ýokarda agzalan dinlere uýman, eýsem öz däp-dessurlaryna ynanýarlar. Afrika yklymynyň günorta böleginde ýerleşýän GAR demirgazykda Namibiýa, Botswana we Zimbabwe, demirgazyk-gündogarda Mozambik we Eswatini bilen araçäkleşýär. Umumy maglumatlar

GAR Afrika yklymynyň etniki taýdan köp milletli ýurdy hasaplanýar. Ol tebigy baýlyklara baý bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de yklymyň ykdysady taýdan iň ösen ýurdudyr. GAR ykdysady ösüşi boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öz ornuny aldy. GAR 50-den gowrak halkara guramalaryň agzasydyr, şeýle hem 1946-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Ýurtda ösümlikleriň 16 müň görnüşi bar. 18 sany milli seýilgäh döredildi. GAR-yň käbir goraghanalary Dongola goraghanasynyň düzümine girýär. Günorta Afrika ýewropalylaryň aralaşmagy bilen ýurduň haýwanat dünýäsi barada täze maglumat çykyp ugrady. Ýurdun baý haýwanat dünýäsi bar. Soňky ýyllarda dürli görnüşdäki haýwanlaryň awlanmagy azaldy. Ýurduň köp böleginde pillere duş gelmek bolýar. Mundan öň köp duş gelinýän haýwanlardan ýolbarslara indiden beýläk diňe Krýuger milli seýilgähinde duş gelmek bolýar.

Ilaty[düzet | çeşmäni düzet]

2001-nji ýyldaky maglumatlara görä, ýurtda ilatyň gürlügi boýunça 1 inedördül kilometre 36,8 adam düşýär. Ýohannesburg, Keýptaun we Durban ýaly şäherlerde köp adam ýaşaýar. 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda ýurduň ilatynyň ortaça köpelişi birneme yza galdy. 2004-nji ýyldaky maglumatlara seredeniňde ýurduň ilatynyň 64 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Iri şäherleri - Keýptaun (4 million adam), Durban, Ýohannesburg, Port-Elizabet, Piterma-risburg we Blumfonteýn. Ýurda Zimbabwe, Nigeriýa, Hytaý we Beýik Britaniýa ýaly ýurtlardan adamlar ýaşamaga gelipdir.

GAR-daky şahtalarda we fermalarda işlemek üçin Eswatini, Lesoto we Botswana ýaly ýurtlardan adamlar gelýärler. 2003-nji ýylda GAR-dan ABŞ-a, Ýewropa ýurtlaryna, Awstraliýa we Täze Zelandiýa 10 müňe golaý adam iş bilen gidýär. Olaryň agramly bölegini lukmanlar. hasapçylar we mugallymlar tutýar. 2000-nji ýyldan bäri emigrant we immigrantlaryň arasyndaky tapawut kem-kemden azalýar.

Döwlet gurluşy[düzet | çeşmäni düzet]

Günorta Afrika federalizm elementi bolan respublika. 1996-njy ýylda kabul edilen konstitusiýa hereket edýär. Döwlet baştutany we Ýaragly güýçleriň baş serkerdebaşysy – prezident. Prezidentiň iş möhleti bäş ýyl, ol iki gezekligine şaýlanyp bilýär. Kanun çykaryjy organy iki palataly parlament ýerine ýetirýär. Olar Milli Assambleýa (400 orunlyk) we Milli welaýatlar geňeşi (90 orun). Milli assambleýadaky deputatlar 5 ýyllyk möhlete saýlanýar. Prezident – Mbeki Tabo. Ol 2004-nji ýylyň 23-nji aprelinde prezident saýlandy. Ondan öň bolsa 1999-njy ýylda prezidentlige saýlanypdy. Prezidentiň orunbasary-Mlambo-Ngkuka Fumzile. 2005-nji ýylda bu wezipä bellendi. Döwlet 9 welaýatdan durýar. Olar: gündogar Keýp, Gauteng, günbatar Keýp, Kwazulu-Natal, Limpopo, Mpumalanga, erkin respublika, demirgazyk-günbatar we merkezi Keýp.

Kazyýet ulgamy[düzet | çeşmäni düzet]

Ýurduň kazyýet ulgamy roman-golland we iňlis hukugynyň ýörelgeleri esasyndan döredildi. Döwletde konstitusion, ýokary apellýasion, ýokary kazyýet we magistratur kazyýetler hereket edýär.

Goranmak güýji[düzet | çeşmäni düzet]

2002-nji ýyldaky maglumatlara görä, Günorta Afrikanyň milli goranmak güýçleriniň düzüminde 60 müň esger bar. Günorta Afrika bilen ABŞ-nyň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär. Günorta Afrikanyň harby güýçleri BMG-niň baýdagynyň astynda Burundi, Şirmaýy Kenar Respublikasy, Sudan ýaly bimäçe Afrika ýurtlarynda parahatçylyk ugrundaky hereketlere gatnaşdy. 2004-nji ýyldaky maglumata görä, ýurtda goranmak pudagy üçin 3,172 milliard dollar harçlandy.

Daşary syýasaty[düzet | çeşmäni düzet]

Günorta Afrika dünýäniň ähli ýurtlary bilen şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy özüniň daşary syýasatynyň ileri tutyan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Botswana, Lesoto we Eswatini bilen ykjam gatnaşyklar ýola goýuldy. Günorta Afrika Beýik Britaniýanyň Afrika yklymyndaky esasy daşary syýasy hyzmatdaşy hasaplanýar. Prezident Mbeki ýurduň halkara jemgyýetçiliginde we dünýädäki abraýyny belende galdyrmak üçin işjeň zähmet çekýär. GAR – BMG-niň işjeň agzasydyr. Şonuň üçin hem bu döwlet BMG-niň Afrika yklymyndaky parahatçylyk hereketlerine işjeň gatnaşýar.

Syýasy partiýalary[düzet | çeşmäni düzet]

Günorta Afrika köp partiýaly döwlet. Ýurtda 20 sany syýasy partiýa hasaba alyndy. Olaryň iň abraýlylary şeýleräk:

  • “Günorta Afrikanyň Milli kongresi” partiýasy. Başlygy - prezident Mbeki Tabo. Ýurduň esasy syýasy guramalarynyň biridir. 1912-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda döredildi. 1994-nji ýyldan bäri döwleti dolandyryp gelýän partiýadyr.
  • “Demokratik alýansy” partiýasy. Başlygy - Leon Toni. Partiýa 2000-nji ýylda döredildi.
  • “Demokratiýa hereketiniň birleşigi” partiýasy. Başlygy - Holomisa Bantu. 1997-nji ýylyň sentýabrynda esaslandyryldy.
  • “Garaşsyz demokratlar” partiýasy. Başlygy - De Lill Patrisiýa. 2003-nji ýylyň martynda döredildi.

Ykdysadyýeti[düzet | çeşmäni düzet]

Günorta Afrika Respublikasy Afrika yklymynda ykdysady gatnaşyklar babatda iň ösen ýurtlaryň biridir. Dünýä ülňülerine laýyklykda bu ýurt jan başyna düşýän girdeji babatda ýokary görkezijilere eýedir. Ýurduň ilatynyň işe ýaramly bölegi orta hasap bilen 15,23 million adam.

Senagaty[düzet | çeşmäni düzet]

Senagat pudagy ýurduň umumy milli girdejisiniň 31,6 göterimini tutýar. Senagat pudagynyň esasyny gaýtadan işleýän senagaty düzýär. Ýurtda gara metallurgiýa, reňkli metallaryň önümçiligi (GAR hrom we marganes önümçiliginde dünýäde öňdäki orunlarda durýar), altyn we platin böleginiň önümçiliginde ösen. Döwletde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalar işleýär. «SAB-Miller» atly piwo şereketi öz önümlerini dünýäniň 11 ýurduna satýar. Günorta Afrikada dokma, tikinçilik, aýakgap we himiýa (kömürden benzin alynýan zawodlar) ýaly pudaklar hem ösýär. Kagyz we sement önümçiligi hem işe girizildi.

GAR - mineral serişdelere hem baý ýurt. Magdan senagatynyň esasy pudagy - altyndyr. Günorta Afrika altyn gazyp almakda dünýäde öňdäki orunlarda durýar. Onuň merkezi Ýohannesburg şäheridir. Käte bu şähere «altyn şäher» hem diýilýär. Ilkinji şahta 120 ýyl mundan ozal açylypdyr. Altynyň gory azalýar. 2004-nji ýylda onun çykarylyşy 346 tonna çenli azaldy. 2001-nji ýylda bolsa bu görkeziji 500 tonna barabardy. «Anglo platinum» şereketi platin metalyny çykarýan iri şereketleriniň biri hasaplanýar. GAR-da «BMW», «Mersedes», «Toýota», «Mazda», «Ford» ýaly dünýä belli awtomobiller ýygnalýar. «General Motors» şereketi Port-Elizabet şäherinde golçur kärhanasyny açdy.

Oba hojalygy[düzet | çeşmäni düzet]

Günorta Afrikanyň ykdysadyýetiniň häzirkizaman tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen ösen pudagydyr. Oba hojalygy pudagynda öndürilýän esasy azyk önümleri bilen ilat doly üpjün edilýär. Ýurtda arahis, mekgejöwen, mango, günebakar, bugdaý, şeker çiňňirik, nohut, pagta, arpa ekilýär. GAR gök önüm we miwe (ananas, apelsin, üzüm, alma) eksport edýär. Oba hojalygyna ýygy-ýygydan bolýan guraklyk ýaramaz täsir edýär. Ýurtda maldarçylyk, guşçulyk hem ösen. GAR angor geçişinin derisinden ýasalýan moher önümçiliginde dünýäde birinji orunlarda barýar. Her ýyl derýalardan we ummanlardan 700 müň ton-nabalyk we beýleki suw jandarlary tutulýar. Bir million tonna çenli tutmaga rugsat berilýär. Derýalardan krokodiller hem tutulýar.

Daşary söwdasy[düzet | çeşmäni düzet]

Daşary söwda ýurduň ykdysady ulgamynda esasy rol oýnaýar. Eksport bilen importyň mukdary bir ugurda barýar. 2005-nji ýylda orta hasap bilen import 52,97 milliard dollar, eksport 50,91 milliard dollar. Esasy import edýän harytlary: ulag, nebit, himiýa önümleri. Import boýunça esasy hyzmatdaşlary: Germaniýa, ABŞ, Hytaý, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Saud Arabystany we Eýran. Esasy eksport edýän harytlary: mineral çig mallar (almaz, altyn we platina), awtoulag, tehnika, hojalyk harytlary we şerbetler. Eksport boýunça esasy hyzmatdaşlary: ABŞ, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Gollandiýa. «De Birs» şereketi göwherden ýasalan şaý-seplerini Londondaky, Nýu-Ýorkdaky we Tokiodaky dükanlarynda satýar. 2005-nji ýylda Parižde dükan açdy.

Energetika pudagy[düzet | çeşmäni düzet]

Ýurduň çäginde sarp edilýän elektrik energiýasynyň 80 göterimi 20 sany elektrik beketlerinden öndürilýär. Şeyle hem bir atom stansiýasy hereket edýär. Ol 1985-nji ýylda Keýptaun bilen Saldanýa-Beý şäherleriniň arasynda gurlupdyr. Günorta Afrikaly alymlar ýadro generatoryň nusgasyny oýlap tapdylar. Ýurduň energiýa ulgamy Botswananyfl, Lesotonyň, Namibiýanyň we SEswatiniiň energiýa ulgamy bilen birikýär. GAR bu ýurtlara elektrik energiýasyny satýar. 2003-nji ýyldaky maglumata görä, ýurtda 215,9 milliard kWt/sagat elektrik energiýa öndürilip, onun 10,14 milliardy eksport edildi.

Syýahatçylygy[düzet | çeşmäni düzet]

Ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir. Daşary ýurtly jahankeşdeleri umman kenary, tebigy ajaýyplygy ýerli halkyň baý medeni gymmatlyklary özüne çekýär. Jahankeşdeler her ýyl Durbanda geçirilýän «Afrikanyň kenary» atly festiwala hem gatnaşýarlar. Ýurtda käbir ýeňillikleriň döredilmegi syýahatçylaryň sanyny artdyrdy. 2001-nji ýylda ýurda 5,9 million syýahatçy geldi. 2005-nji ýylda bu görkeziji 6,7 million adama ýetdi. Soňky 2-3 ýylyň içinde hyzmat ediş nyrhy ýewropa derejesinden hem köpeldi. Esasy syýahatçylyk merkezi - Durban. Syýahatçylyk senagatynda 539 müň adam zähmet çekýär.

Gözel ýerleri[düzet | çeşmäni düzet]

Günorta Afrikanyň paýtagtyndaky botanika bagy we dag garbanyşhanasy UNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna girizildi. Şeyle hem ýurtda köp sanly muzeýler, milli seýilgähler. zulu, kosa ýaly halklaryň döwrebaplaşdyrylan obalary, goraghanalary bar.

Bilimi[düzet | çeşmäni düzet]

Afrikaly çagalar üçin ilkinji mekdep baryp 1799-njy ýylda Kap koloniýasy döwründe açylypdy. 1994-nji ýyla çenli döwletiň mekdep ulgamy jynsparazlyga esaslanýardy. Aparteid ulgamyň ýatyrylmagy bilen ýurtda ýaşaýan ähli halklaryň bilim almaga mümkinçiligi döredi. Mekdep bilimi hökmanydyr. Ýokary okuw mekdepleriniň ulgamyna 20 uniwersitet 15 tehniki mekdepler girýär. 2002-nji ýyldaky maglumatlara görä, Keýptaundaky uniwersitetiň 6 fakultetinde 672 mugallym zähmet çekýär we 16 müň talyp bilim alýar. Şeýle hem Pretoriýa şäherindäki uniwersitetde 1460 mugallym, 26 müň talyp, Günorta Afrika uniwersitetinde 1074 mugallym we 117 müň talyp bar. Günorta Afrika uniwersiteti iň iri bilim ojagy bolup, bu ýerde dünýä ülňülerinde bilim berilýär. 2003-nji ýylda Keýptaunda Afrika yklymynyň ilkinji matematika bilimleri instituty açyldy. 1990-njy ýyllaryň soňlarynda ýurtda kompýuter hünärmenlerini taýýarlamak üçin gazna döredildi. 2002-nji ýyldan başlap, ýokary okuw mekdepleriniň bilim derejesiniň hilini artdyrmak maksady bilen täze reformalar durmuşa geçirilip başlandy. Döwlet bütjetinden bu reformalar üçin 3,1 milliard rand bölünip berildi. Teatry: Keýptaunda ilkinji teatr 1801-nji ýylda açyldy. 1920-nji ýyllarda teatrlarda afrikaans dilinde teatr oýunlary sahnalaşdyrylyp başlandy. 1950-nji ýylda ýazyjy we dramaturg Ezeldi Mpahiele tarapyndan ilkinji teatr topary döredildi.

Kinematografiýasy[düzet | çeşmäni düzet]

Ýurduň kinematografiýasy 1912-nji ýyldan soň ösüp ugrady 1915-nji ýyldan başlap “Kilarni film” kinostudiýasy yzygiderli çeper filmleri surata düşürip başlady. Sesli kinolaryň çykyp başlamagy bilen ýurtda iňlis we afrikans dillerinde kinolar surata düşürildi. 1979-njy ýyldan bäri Durban şäherinde Afrikanyň günorta böleginiň halkara kinofestiwaly geçirilýär. 2004-nji ýylda golliwudyň kino ýyldyzy asly ýohannesburgly Şarliz Teron «Oskar» baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem ol «Altyn şar» baýragyna mynasyp bolan ilkinji afrikaly aktrisa hem boldy.

Belli günorta afrikaly režissýor Leon Şusteriň surata düşüren filmi Berlin kinofestiwalynda baýraga mynasyp boldy. 2005-nji ýylda şol festiwalda Günorta Afrikanyň «Karmen» atly filmi hem baýrak aldy. 2005-nji ýylda GAR-yň kinematograflarynyň sungatyna ýokary baha berdiler. Şol ýyl geçirilen FESPAKO festiwalynda iň ýokary baýrak bolan «Skakun Ýennegi» heýkeli režissýor Zol Masekonyň surata düşüren «Baraban» atly filmine berildi.

Şeýle hem günorta afrikaly režissýorlar Ramadan Sulemanyň (“Zulunyň söýgi haty” filmi) we Teddi Materiň (“Maks we Mona” filmi) sungatyna ýokary baha berildi. Soňky ýyllarda Keýptaun şäheri kinoindustriýanyň merkezine öwrülip barýar. Her ýyl bu ýerde 12-13 sany kino surata düşürilýär.