Mazmuna geçiň

Atlantik okean

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Atlantik umman. Atlantik umman ululygy we çuňlugy boýunça Ýuwaş ummandan soñ ikinji orunda durýar. Edil Ýuwaş umman ýaly Atlantik umman hem Demirgazyk ýarym şaryň polýar giňişliklerden Antarktida çenli uzap gidýär, ýagny onuň demirgazykdan günorta uzap giden aralygy Ýuwaş ummanyňkydan kem däldir, emma giňligi boýunça ondan ep-esli yza galýar. Atlantik ummanyň bu umumy aýratynlyklary onuň fiziki geografiýasyna düşünmekde möhüm ähmiýete eýedir. Atlantik umman gadymy siwilizasiýalaryň wekilleriň gabat gilişen ilkinji ummanydyr. Ol Beýik geografiki açyşlar zamanynyň ilki başlarynda deňizde ýüzüjiler tarapyndan ýüzülip geçilen ilkinji ummandyr. XIX asyryň ortalarynda ilkinji gezek geçirilip başlanan yzygider çuň suwly ölçegler hut Atlantik ummanda alnyp baryldy. Soňra XX asyryň 20-nji ýyllarynda umman ilkinji ekolot ölçegleriniň özboluşly poligonyna öwrüldi. Şol ölçegleriň maglumatlaryna esaslanyp suwasty Orta Atlantik gerşiň mysalynda orta umman gerişleri baradaky taglymat döredi. Atlantik ummanyň günbatar we gündogar kenarlarynyň göze örtülip duran gabat gelişmegi XX asyryň 20-nji ýyllarynda nemes alymy A. Wegenere materikleriň biri-birinden daşlaşýandygy baradaky mobilistik çaklamany esaslandyrmaga itergi berdi. Ummanlaryň gidrologiýasyny we gidrobiologiýasyny öwrenmegiň başlangyçlary hem Atlantik ummanda başlandy diýilse hem ýalňyş bolmaz. Düýbüniň relýefiniň we geologiki gurluşynyň esasy aýratynlyklary. Atlantik ummanyň düýbüniň gurluşynda materikleriň suwasty gyra-çetleri, orta umman gerşi, okeanyň düýbi (ložasy) we geçiş zonasy gatnaşýar. Geçiş zonasy bu ummanda üç sany oblast görnüşinde ýüze çykýar: Karib oblasty, Skotiýa deňzi we Ortaýer deňiz oblasty. Materikleriň suwasty gyra-çetleri. Materik ýalpaklygy (şelf) Atlantik ummanyň düýbüniň umumy meýdanynyň 91,66 mln. km² 10,3% tutýar. Ummanyň demirgazyk-günbatarynda Grenlandiýanyň, Labrador ýarym adasynyň, Täze Şotlandiýanyň, Neýn aýlagynyň şelfi buzluk relýefiniň galyndy (relikt) görnüşleriniň giň ýaýranlygy bilen häsiýetlenýär. Bu sebitlerde şelfiň ýer üstüniň gurluşynyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri-de çuň suwly çöketlikleriň bolmagydyr. Olar platformanyň aşak çöken we döwülmeler bilen çäklendirilen bölekleridir. Şelfiň daşky gyra-çetlerinde umman düýbüniň ýokary göterilen ýerleri hem bardyr. Olara bankalar diýilýär (Jorjes, Nýu-Faundlend, Gamilton bankalary). Olar mezozoý ýaşly monoklimal ýatan jynslardan düzülen äpet kuestlerdir. Nýu-Faundlend bankasyndan gündogarda ondan çuň (1000 m gowrak) pesenlik arkaly bölünip arkaly bölünip aýrylan suwasty Flemiş-Kap belentligi ýerlaşýär. Burawlaýyş işleri geçirilende bu ýerde proterozoý jynslarynyň üstüniň açylmagy ol belentligi Demirgazyk Amerika materiginiň suwasty gyra-çetleriniň bir bölegi diýip hasaplamaga mümkinçilik berýär. Üstünden ahyrky buzlanmanyň araçägi geçýän Keýp-Kod ýarym adasyndan günortada şelfiň ýer üsti suw basan derýa dereleri tarapyndan kesimlenen tolkunsow düzlükdir. Floridanyň gündogar kenarlarynyň golaýynda iri däneli çökündilerden düzülen suwasty Bleýk platosy ýerleşýär. 300 m-den 1000 m çenli ýetýän çuňluklarda şeýle iri däneli çökündileriň ýaýran bolmagy Golfstrim akymynyň deňiz düýbüne güýçli täsir etmeginiň netijesidir diýlip hasap edilýär. Bleýk platosynda giçirilen burawlaýyş işleri onuň geologiki gurluşynyň kenarýaka düzlügiň, kenarýaka ýalpaklygyň we şelfiň geologiki gurluşy bilen meňzeşligini görkezipdirler. Materik ýapgytlygy 100-200 m çuňlukdan başlanýar. Ol ep-esli derejä ýetýän eňňitligi we köp sanly suwasty kanýonlar bilen kesimlenenligi bilen häsiýetlenýär. Suwasty kanýonlaryň arasynda iň ulusy Gudzon derýasynyň suwasty derejesiniň dowamy hökmünde uzap gidýän kanýondyr. Bleýk platosyna çenli aralykda materik etegi kenarýaka zonadan we şelfiň üstünden köp mukdarda çökündi materiallary alyp gaýdýan bulançak akymlaryň getirip çökdüren çökündilerinden duran giň ýapgyt düzlük görnüşindedir. Struktur taýdan materik etegi çökündiler bilen doldurylan çuň epilme görnüşinde bolup, onuň çäklerinde çökündi toplanmak iň bärkisi ýura döwründen bäri dowam edip gelýär. Bleýk platosynyň erňeginiň düýbinde materik eteginiň çuň (5500 m çenli) çöketlik görnüşinde bolmagy gyzyklydyr. Görnüşi ýaly, ol çökündiler bilen doldurylmadyk epilmedir. Materik eteginiň gurluşynda okean düýbindäki abyssal akymlar tarapyndan döredilen iri suwasty akkumulýatiw relýef görnüşleri hem gatnaşýarlar. Floridadan günorta-gündogarda materigiň suwasty gyra-çetlerine biri-birinden we Florida şelfinden çuň bogazlar arkaly bölünip aýrylan Bagam adalarynyň hem-de bankalarynyň toparlary hem degişlidir. Bankalar merjen we oolit hek daşlaryndan düzülendirler. Olaryň üstünde bolsa merjen gurluşyklary we oolit karbonat çägeleriniñ meýdanlary bardyr. Meksika aýlagynyň şelfiniň giňligi we onuň daşky erňeginiň çuňlugy birnäçe gezek gaýtalanda üýtgeşmeleri başdan geçiripdir. Şelfden materik eňňidine geçilişi aýdyň däldir. Emma eňňidiň aşaky bölegi hemme ýerde diýen ýaly örän kert gaýa şekillidir. Meksika aýlagynyň çuň suwly çöketliginiň uly bölegi materik eteginiň ýapgyt akkumulýatiw düzlügine degişli bolup, demirgazykda-Missisipiniň suwasty kanýonyň iň giň giden getirintgi konusynda ol has giňdir. Ýukatan ýarym adasynyň kenarlarynda şelf giňelýär. Onuň üsti bolsa köp sanly merjen gurluşyklary bilen örtülendir. Meksika aýlagynyň sebitinde materigiň suwasty gyra-çetleriniň özboluşly aýratynlygy hek daşlaryndan düzülen şelf platformalarynyň giň ýaýranlygydyr. Diňe bir Floridanyň we Ýukatanyň häzirki şelfleri däl, eýsem bu iki ýarym adanyň özleri hem karbonatly çökündi toplanmak bilen bagly emele gelen bu giň şelfiň düzüm bölekleridir. Bleýk platosyny hem öz içine alýan bu giň giden sebitiň çäklerinde amerikan barlagçylary tarapyndan ägirt uly aralyga uzap gidýän, köp ýerleri giçki çökündiler bilen gömülen gadymy (ýura aşak hek ýaşly) barýer rifiniň bardygyny aýan etdiler. Günorta Amerikanyň demirgazyk gyra-çetleri ep-esli giñlikdäki şelf bilen çäklenendir. Trinidad adasyndan gündogarrakda şelfiň daşky araçägi 100 metrden bärki çuňluklarda ýerleşýär. Bu ýerde relýefiň agdyklyk ediji görnüşleri merjen gurluşyklarydyr. Gwiananyň kenarlarynda we ondan gündogarda şelf örän giňdir, terrigen çökündiler bilen örtülendir we tekizleşen üstlidir. Demirgazyk Amerikanyň şelfiniň ähli ýerinde, Günorta Anerikanyň şelfiniň hem gürrüňi edilen böleginde çetwertik döwründe ummanyň derejesiniň birnäçe gezek üýtgemegi bilen emele gelen gadymy kenar çyzygynyň yzlary bardyr. Ol yzlar 25-50 m, kä halatda bolsa 100-130 m çuňlykda ýerleşýärler. Braziliýanyň kenarlarynda şelf örän inlidir, onuň daşky çetiniň çuňlugy 70-100 m geçmeýär. Üsti tekizleşendir, aýry-aýry uly bolmadyk merjen gurluşyklary bardyr. Urugwaýyň, aýratyn-da Argentinanyň kenarlarynda şelf çürt-kesik giňelýär, onuň daşky çetiniň çuňlugy 200 m ýetýär. Argentinanyň materik eňňidi güýçli sozulan görnüşlidir we basgançakly gurluşy bilen häsiýetlenýär. La-Platadan günortada ol köp sanly suwasty kanýonlar tarapyndan böleklenendir. Günorta Amerikanyň suwasty gyra-çetleriniň bütin dowamynda materik eteginiň giň ýapgyt düzlügi bardyr. Onuň üstüniň kä ýerlerinde aýry-aýry wulkaniki gerişler we daglar bardyr. Olaryň köpüsi giňişleýin uzaýan, materik eteginiň çäklerinden daşarda hem dowam edýän döwülmeler bilen baglanşyklydyr. Günorta Amerikanyň suwsaty gyra-çetleriniň aýratyn bir elementi pahna görnüşinde gündogara uzap gidýän Folklend suwasty platosydyr. Ol megerem şelfiň aşak çöken bölegidir. Bu ýerde relýefiň denudasion görnüşleri agdyklyk edýär. Demirgazyk tarapdan plato etegi 6000 m çenli çuňluklarda ýerleşýän kert basgançak bilen çäklendirilendir. Ýewropanyň suwasty gyra-çetleri Demirgazyk Amerikanyňkydan gurluşy boýunça düýpli tapawutlanýar. Şpisbergen adalarynyň ugry boýunça we ondan günorta tarap açyk ýüze çykýan materik eňňidi uzap gidýär we ony Norweg hem-de Barens deňizleriniň arasyndaky araçäk diýip hasaplamak bolar. Skandinawiýanyň suwasty gyra-çetleri onçakly giň bolmadyk norweg şelfinden we ondan kert basgançak arkaly bölünip aýrylan Woring suwasty platosyndan ybaratdyr. Şelfiň kenara golaý bölegi tekizleşendir. Bu sebitiň günortasynda çuň Norweg çöketligi ýerleşýär. Britan adalarynyň töwereginde we olar bilen materigiň aralygynda giň şelf ýerleşýär. Demirgazyk gerşiň çäklerinde şelfiň relýefi ýasy belentlikleriň we ýaýbaň çöketlikeriň gezekleşip ýerleşýänligi bilen häsiýetlenýär. Şelfiň kenara golaý böleginde uzyn we belent (20-30 m) çäge ulgamlary ýaýrap, olar daşgyn akymlarynyň işi bilen baglanşyklydyr. Irland deňziniň we La-Manş bogazynyň düýbünüň gurluşynda hem daşgyn akymlarynyň güýçli täsiriniň yzlary bildirýär. La-Manş bogazynyň orta böleginde Demirgazyk deňizden başlanyp gaýdýan iri suwasty deräniň uzap gidýändigi gyzyklydyr. Britan adalaryndan,Fransiýadan we Pireneý ýarym adasyndan günbatarda Ýewropanyň şelfli hemde umman suwasty gyra çetleri gury ýeriň esasy tektoniki strukturalary bilen struktur-geologiki taýdan baglanşyklydyr. Britan adalaryndan günbatarda şelf materik eňňidi bilen aýdyň çäklendirilendir, emma adalardan Demirgazykda materik etegine we okean düýbüne geçiş örän özboluşlydyr. Ozaly bilen bu ýerde suwasty belentlik-Island-Farrer bosagasy göze ilip, ol Demirgazyk deňziň şelfini Islandiýanyň kenarýaka ýalpaklygy bilen baglanyşdyrýar. Ondan günorta-günbatarda suwasty gaýaly Rokkol belentligi ýerleşýär we ol iki gerişden hem-de olaryň arasyndaky depressiýadan ybaratdyr. Depressiýanyň çuňlygy 1000 m ýetýär, gerişleriň bolsa aýry-aýry depeleri suwuň üstüne çykyp durýar. Rokkol belentliginiň üstünde ummanyň çuňlugynyň ep-esli derejä ýetýändigine garamazdan, geofiziki maglumatlar boýunça ol ep-esli aşak çökmäge başdan geçiren materik gabygynyň iri bölegidir. Irlandiýadan günbatarda onuň bilen kybapdaş ýene bir uçastoga gabat gelinýär-ol Porkýupaýn bankasydyr. Bu bankanyň üstündaky ýalpak suwly ýerlerde daşgyn akymlary tarapyndan emele getirlen ulgamlaryň birnäçesi bardyr. Materigiň suwasty gyra-çetleriniň bu çykyndysynyň ep–esli bölegi 1000 m çenli çuňlyklarda ýerleşýär we dine şu çuňlykda materik eňňidiniň erňegi bildirýär. Biskaý aýlagynyň şelfi onçakly giň däldir we bu ýerde relýefiň denudasion görnüşleri agdyklyk edip, materik eňňidi bolsa suwasty kanýonlaryň köp sanlysy bilen böleklenendir. Pireneý ýarym adasynyň şelfi hem örän insizdir, bu ýerde materik eňňidi we materik etegi hem çylşyrymly gurluşlydyr. Afrika materiginiň şelfi hem onçakly giň däldigi bilen tapawutlanýar. Onuň iň giň ýerleri Sýerrra-Leone, Liberiýa we Gwineýa döwletleriniň kenarlarynyň ugrunda bolup, bu zolakda suw basan derýa dereleri hem-de deltalary bardyr. Ondan başga-da bu ýerde 25, 35, 45, 55, 80 we 90 metrlik çuňluklarda gadymy kenar çyzyklarynyň birnäçesini görmek bolýar. Gwineýa aýlagynyň şelfi hem insizdir, ol diňe Niger derýasynyň aýagyna golaýynda giňelýär. Onuň üsti tekizdir. Kongo derýasynyň aýagynda şelf çuň suwasty dere bilen kesilendir. Atlantik ummanyň Afrika sektorynyň şelfi Iňňe burnundan günortada Agulýas bankasynyň giň giden ýalpaklygy bilen tamamlanýar. Afrikanyň materik eňňidi hemme ýerde diýen ýaly kert basgançak görnüşlidir. Ekwatordan başlap ol suwasty kanýonlar bilen güýçli böleklenendir. Atlantik ummanyň geçiş zonasy üç sany sebitde ýüze çykýar-Karb, Skotiýa deňzi we Ortaýer deňzi. Olaryň hemmesi hem çylşyrymly gurluşy bilen häsiýetlenýär. Karib sebitinde dürli ýaşly adalar dugalarynyň tutuş toplumy bardyr. Antil adalar toparynda Demirgazyk Kuba, Kaýman-Sýerra-Maestra, Ýamaýka-Günorta Gaiti, Kiçi Antil adalarynyň dugalary tapawutlandyrylýar. Olardan başga-da Karib deňziniň düýbünuň relýefinde Beata we Awes suwasty gerişleri bolup olar hem adalar dugarlaryny kysymyndaky morfostrukturalara degişlidir. Bu adalar dugalary we suwasty gerişler Karib deňzini Ýukatan, Kolumbiýa, Wenesuela we Grenada çöketliklerine bölýärler. Olaryň çuňluklary 5000 m ýetýär, Wenesuella çöketliginiňki bolsa 5420 m ýetýär. Çöketlikleriň düýbünde düzlük relýef agdyklyk edýär. Karib geçiş sebitinde 3 sany çuň suwly çöketlik bardyr. Olardan iň çuňy Puerto-Riko bolup, onuň çuňlugy 8385 m barabardyr. Skotiýa deňziniň geçiş sebitinde hem dürli ýaşly adalar dugalarynyň ulgamy tapawutlandyrylýar. Olardan iň ýaşy iň gündogardakysy-Günorta Sandwiç adalarydyr. Duganyň daşky tarapyndan Günorta Sandwiç çuň suwly çöketligi ýerleşip, onuň iň çuň ýeri 8428 m ýetýär. Orta ýer deňziniň geçiş sebiti özüniň ösüşiniň iň giçki basgançagynda durýar. Onuň tektoniki gurluşynyň möhüm aýratynlygy deňziň diňe bir kenarýakalarynyň we materikleriň (Afrika, Günorta Ýewropa, Günbatar Aziýa) suwasty gyra-çetleriniň däl, eýsem onuň kotlowinalarynyň hem materik tipli ýer gabygynyň bolmagydyr. "Glomar Çellenjer" ekspedision gämisinden geçirilen çuň suwly burawlaýyş netijesinde Ortaýer deňziniň düýbünde duzly gatlaklaryň bardygy belli edildi. Bu bolsa geologiki geçmişde deňziň umman bilen arabaglanşygyny ýitirendigine şaýatlyk edýär. Ortaýer deňziniň zonasy seýsmiki taýdan hereketjeňligi bilen tapawutlanýar. Onda hereketli wulkanlaryň birnäçesi bardyr. Orta Atlantiki geriş. Onuň demirgazyk bölekleri XIX asyryň 50-nji ýyllarynda açyldy, emma ony düýpli barlamak işleri XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda geçirildi. Bu geriş takmynan S harpynyň şeklinde bolup, Atlantik ummanyň orata böleklerinde Demirgazyk Buzly ummandan tä Antarktiki giňişliklere çenli uzap gidýär. Orta Atlantik geriş rift zonasy bolup, bu zona ýer gabygyny düzýän plitalaryň çäk-ara zonasy hasap edilýär. Gerşiň ugrunda ýer titremeleriniň we suwasty wulkan atylmalarynyň örän köp bolýanlygy anyklanyldy. Ummanyň düýbi (ložasy). Beýleki ummanlarda hem bolşy ýaly, Atlatik ummanyň düýbüniň relýefi suwasty gerişleriň, ýokary göterilmeleriň we çöketlikleriň utgaşýanlygy bilen häsiýetlenýär. Umman düýbündäki relýefiň položitel görnüşlerinden demigazyk-günbatar bölekdäki Nýu-Faundlend gerşini, ondan günortarakda ýerleşen Bermud platosyny, günorta-günbatar bölekdäki Bleýk-Bagama gerşini, ekwatoryň golaýyndaky Para bosagasyny, günorta giňişligiň 25-350 zonasynda ýerleşen iri Riu-Grande belentligini, Orta Atlantik gerişden gündogardaky bölekde Portugaliýadan günorta-günbatarda ýerleşn wulkaniki ýokary göterilmeleriň toparyny, Ýaşyl burun belentligini, ondan günortasynda ýerleşen Sýerra-Leone belentligini we başga-da birnäçe ýokary göterilmeleri bellemek bolar. Bu gerişler, bosagalar we ýokary göterilmeler umman çöketliklerini biri-birlerinden bölüp aýryp durýarlar. Atlantik ummandaky iri çöketliklerden şulary bellemek mümkin:

Orta gerişden günbatarda ýerleşen çöketlikler we olaryň çuňlugy (m). Orta gerişden gündogarda ýerleşen çöketlikler we olaryň çuňlugy (m).

Grenlandiýa 3880 Norweg 3600

Labrador 4480 G.b. Ýewropa 5668

Nýu-Faundlena 5819 Iberiýa 5100

D.g. Amerika 6594 Kanor 6501

Gwiana 4830 Ýaşyl Burun 7297

Braziliýa 6059 Sýerra-Leone 6040

Argentina 6212 Gwineýa 5212


Angola 5699


Kap 5457


Agulýas 5940


Beýleki ummanlardan tapawutlylykda Atlantik ummanyñ çöketliklerinde ep-esli meýdanalary tekiz abyssal düzlükler eýeleýärler. Onuň beýle bolmagy ummanyň düýbýniň çäklerinde çökündi toplanmagyñ güýçli geçýändigi bilen düşündirilýär. Häzirki wagta çenli Atlantik ummanyñ düýbünde birnäçe onlarça ýerde çuñ burawlaýyş geçirildi. Üsti açylan iñ gadymy jynslar ýokarky ýura döwrüne degişlidirler. Umman düýbüniň çökündileri. Atlantik ummnda ýalpak suwly akwatoriýalaryň çökündileri esasan dürlüçe mehaniki düzümli terrigen çökündilerden, käbir sebitlerde bolsa merjenli we oolitli çökündilerden ybaratdyr. Antarktidanyň şelfi, materik eňňidini we eteginiň käbir sebitleri aýsberg çökündileri bilen örtülendir. Islandiýanyň şelfinde we Azor platosynda wulkanogen çökündiler ýaýrandyr. Umumylykda ýalpak suwlaryň çökündileri ummanyň düýbüniň meýdanynyň 20% golaýyny eýeleýärler. Çuň suwlaryň çökündileriniň arasynda iň giň ýaýrany foraminiferaly gyrmançylardan. Olar umman düýbüniň we orta gerişleriň meýdanynyň 65% golaýyny eýeleýärler. Atlantik umman Dünýä ummanynda foraminiferaly gyrmançalaryň iň demirgazyga aralaşan bölegidir. Beýle ýagdaý Demirgazyk Atlantik akymynyň ýyladyjy täsiri bilen düşündirilýär. Çuň suwly gyzyl toýunlar Atlantik ummanda abissalyň meýdanynyň 20% golaýynda ýaýrandyrlar. Olar umman çöketlikleriniň iň çuň böleklerini örtýärler. Olaryň ýaýran ýerleri bilen demirli-marganesli konkresiýalaryň duşýan ýerleri hem baglanyşyklydyr. Klimaty we suwlary. Meridional ugur boýunça örän uzak aralykda uzap gidýänligi sebäpli Atlantik ummanda ähli klimatiki guşaklyklar doly ýüze çykýarlar. Ýuwaş ummanda hem olaryň ýüze çykyşy bu ummandakyça ýokdyr. Atlantik ummanyň üstünde atmosfera sirkulýasiýasy esasy bariki merkezleriň paýlanyşy bilen kesgitlenilýär. Çet demirgazykda we günortada aşak basyşly sebitler- Islandiýa we Antarktiki minimumlar ýerleşýärler. Subtropiki giňişliklerde iki ýarym şarda hem ýokary basyşyň durnukly sebitleri- Azor we Günorta Atlantik maksimumlar bardyr. Olaryň arasynda bolsa aşak basyşly ekwatorial zona ýerleşýär. Bariki merkezleriň şunuň ýaly paýlanyşy Atlantikada agalyk ediji ýelleriň ulgamyny kesgitleýär. Aram giňişliklerde günbatar ýelleri agalyk edýär. Demirgazyk ýarym şarda gyşyna polýar frontuň zonasyndaky sikloniki hereket bilen baglylykda harasatlar ýygy-ýygydan gaýtalanýarlar. Günorta ýarym şarda harasatly yeller günbatar howa massalarynyň zonasynda ýylyň hemme pasyllarynda agalyk edýärler. Tropiki giňişliklerde antisikloniki sebitleriň ekwatora ýakyn gyra-çetlerinde örän durnukly, emma harasat derejesine örän seýrek ýetýän passat ýelleri döreýärler. Demirgazyk ýarym şarda ýelleriň režiminiň durnuklylygy tomsuna tropiki frontda döreýän gazaply apy-tupanlar bilen bozulýar. Olar adatça Afrikanyň kenarlarynda döreýärler we Karib deňziniň sebitinde maksimal derejä ýetýärler, soňra Demirgazyk Amerikanyň kenarýakalary boýunça hereket edip, demirgazyga gitdigiçe gowşap ýitip gidýärler. Ekwatotyň sebitinde passatlaryň konwergensiýasy (garyşmasy) bolup geçýär we howa akymlarynyň güýçli ýokary göterilmesi döreýär. Bu şertlerde asmanyň bulutlylyk derejesi örän ýokarlanýar we ummanyň çäklerinde ygallaryň mukdary maksimal derejä ýetýär. Atlantikada musson sirkulýasiýasy gowşak ýüze çykýar we uly ähmiýete eýe däldir. Ummanyň suw üsti howanyň temperaturasynyň paýlanşyna aramlaşdyryjy täsir edýär. Howanyň temperaturasynyň ýyllyk amplitudalary ekwatorial giňişliklerde 10, subtropiklerde 50 çenli, 600-lyk giňişliklerde bolsa 100 ýetýär. Howanyň temperaturasyna materikleriň täsiri diňe ummanyň Demirgazyk-Günbatar böleginde we çetki günorta böleginde ýüze çykýar we ol ýerlerde ýyllyk amplitude 250 ýetýär. Iň sowuk aý Demirgazyk ýarym şarda fewral aýy. Iň ýyly aý bolsa Demirgazyk ýarym şarda awgust, Günorta ýarym şarda hem fewral aýydyr. Iň aşak temperaturalar polýar ýaka raýonlarda, iki ýarym şaryň hem 60-700 giňişliklerinde bolýar. Grenlandiýanyň kenar ýakalarynda ýanwar aýynda temperatura -500 çenli aşaklaýar. Uedella deňziniň kenarlarynda bolsa 1958ý. -32,30 ýetýär. Ummanyň üstki akymlarynyň paýlanşy ýaňky agzalyp geçilen temperatura şertleri bilen belli bir derejede baglydyr. Tropiki giňişliklerde passat ýelleri Demirgazyk we Günorta passat akymlaryny emele getirýän ýyly we duzly suwlaryň kuwwatly akymyny döredýärler. Olardan Günorta passat akymy Kabu Branku burnunyň sebitinde iki şaha bölünýär. Şahalaryň biri demirgazyga tarap süýşüp, Gwian akymy ady bilen Antil adalarynyň içinden geçip Karib deñzine aralaşýar. Şahalaryň ikinjisi Braziliýanyň kenar ýakalary boýunça günorta tarap hereket edýär (Braziliýa akymy). Demirgazyk passat akymy hem Kiçi Antil adalarynyň golaýynda şahalara bölünýär. Onuň demirgazyk şahasy Uly Antil adalarynyň ýakasy boýunça demirgazyk-günbatara Antil akymy ady bilen hereket edýär, günorta şahasy Kiçi Antil adalarynyň arasyndaky bogazlardan geçip Karib deňzine aralaşýar. Soňra iki şaha birleşip Ýukatan bogazynyň üsti bilen Meksika aýlagyna girýärler we onuň suwunyň derejesini ummanyň ýanaşyk sebitleriniňki bilen deňeşdirende ep-esli ýokarlandyrylýarlar. Netijede, Florida bogazynda uly tizlikli (2,5 uzel, 1 uzel=sagatda 1 deňiz mili=1,852 km/sag=0,5144 m/sek) Florida akymy emele gelýär. Bu akym Antil akymy bilen goşulyşyp Golfstrim akymyna başlangyç berýär. Demirgazyk Buzly umman tarapdan Atlantik ummana 2 sany kuwwatly sowuk akym gelip aralaşýar. Olaryň biri Gündogar Grenlandiýa akymy Grenlandiýa adasynyň gündigar kenarlarynyň ugry boýunça gelýär, ikinjisi Baffin deñzinden akyp çykýan we Nýu-Faundlend adasynyň sebitinde Golfstrimi açyk ummana gysyp çykarýan Labrador akymydyr. Öň hem bellenip geçilişi ýaly Günorta passat akymy Günorta Amerikanyň kenarlarynyň golaýynda Braziliýa akymyna geçýär. Bu akym La-Platanyň sebitinde Günbatar ýelleriniň akymynyň bir şahasy bolan sowuk Folklend akymy bilen duşuşýar. Folklend akymy Günbatar ýelleriň akymynyň bir şahasydyr. Günbatar ýelleriň akymynyň ýere bir şahasy Bengel akymy Günorta-Günbatar Afrikanyň kenarlary boýunça demirgazyga tarap hereket edýär we Afrikanyň kenarýaka sebitleriniň klimatyna mese-mälim täsir edýär. Kem-kemden günbatara tarap gyşaryp Bengel akymy Gwineýa aýlagynyň günorta böleginde Günorta passat akymyna goşulýar. Şeýlelikde, Atlantik ummanyň suwlarynyň üstki sirkulýasiýasynyň umumy shemasyny sikloniki we antisikloniki aýlawlar görnüşinde göz öňüne getirmek mümkin. Ummanyň demirgazyk-günbatar çetinde Gündogar we Günbatar Grenlandiýa, Labrador, Demirgazyk Atlantiki hem-de Irminger akymlary tarapyndan emele getirilýän demirgazyk subpolýar sikloniki aýlaw ýerleşýär. Ondan günortarakda Golfstrim, Demirgazyk Atlantiki, Kanar we Demirgazyk passat akymlary tarapyndan emale getirilýän uly subtropiki antisiklonal aýlaw hereket edýär. Demirgazyk passat akymy Demirgazyk Ekwatorial, Gwineýa, Günorta passat we Gwian akymlary tarapyndan emele getirilýän Demirgazyk tropiki antisikloniki aýlaw ýerleşýär. Günorta ýarym şarda degişlilikde Günorta tropiki sikloniki aýlaw (Günorta passat, Bengel, Angola akymlary), günorta subtropiki antisiklonal aýlaw (Bengel, Braziliýa akymlary, Günbatar Ýelleriň akymy), iň günortada bolsa Günorta subantarktiki aýlaw ýerleşýär. Bu aýlawlar wagt içinde durnukly iri umman aýlawlarydyr. Soňky döwürlerde geçirilen okeanografik barlaglar netijesinde Atlantik ummanyň akymlarynyň ulgamynda birnäçe açyşlar edildi. Meselem, ummanyň ekwatorial zonasynda suwasty ter akymyñ-Lomonosow akymynyň hereket edýänligi belli edildi. Ol akym Günorta passat akymynyñ aşagy bilen ummany günbatardan gündogara kesip geçýär hem-de Gwineýa aýlagyna aralaşandan soň ýitip gidýär. Ummanyň günorta-gündogar böleginde ýyly Angola akymynyň barlygy anyklanyldy. Atlantik ummanyň suwlarynyň temperaturasynyň ýylyň dowamynda üýtgeýşi onçakly uly däldir. Ekwatorial-tropiki giňişliklerde ol üýtgeşmeler 1-30, subtropiki we aram giňişliklerde 5-80, polýarýaka sebitlerde- demirgazykda 40, günortada 10 töweregidir. Iň ýyly suwlar ekwatorial we tropiki giňişliklerdedir, meselem Gwineýa aýlagynda suwuň temperaturasy 260 aşak düşmeýär. Umuman alanyňda, Atlantik ummanyň günorta ýarym şardaky bölegi demirgazyk ýarym şardaka garanyñda sowukrakdyr. Demirgazyk ýarym şarda ummanyň günbatar bölegi, Günorta ýarym şarda bolsa gündogar bölegi sowukrakdyr. Ummanda suwlaryň duzlulygy temperaturanyň üýtgeşmelerini laýyklykda üýtgeýär. Suwlaryň iň ýokary duzlulygy subtropiki guşaklykda göze ilýär (37,25‰). Onuň beýle bolmagy temperatura şertleri bilen, şeýle hem Ortaýer deňzinden akyp çykýan suwlar bilen baglanyşyklydyr. Ekwatorial guşaklykda ygallaryň köp ýagmagy bilen baglylykda duzlulyk çürt-kesik azalýar. Meselem, La-Plata aýlagynda ol 18-19‰ barabardyr. Buz emele gelmeklik Atlantik ummanyň Antarktika ýanaşýan böleklerinde we Grenlandiýada, Baffin deňizlerinde bolup geçýär. Günorta Atlantikada aýsbergleriň esasy emele gelýän sebiti Uedella deňzindäki Filnner şelf buzlygydyr. Günorta giňişliklerde 550-dan günortada ýüzüp ýören buzlar ýylyň bütin dowamynda bardyr. Demirgazyk ýarym şarda ýüzüp ýören buzlar ummanda, esasan, Demirgazyk Buzly ummandan gelýärler. Olar aýratynda gyşyna köp bolýarlar. Aýsbergler hat-da iýul aýynda hem demirgazyk giňligiň 400 çenli gelip ýetýärler. Bir ýylda ummana Demirgazyk ummandan 900 km³, Antarktidadan bolsa 1600 km³ buz gelip goşulýar. Organiki dünýäsiniň aýratynlyklary. Atlantik ummanyň organiki dünýäsi görnüş taýdan Ýuwaş ummanyňkydan garypdyr, emma onuň Ýuwaş we Hindi ummanlaryň organiki dünýäleri bilen köp umumy alamatlary bardyr. Atlantikanyň suw düýbi florasy (fitobentos) esasan goňur suwotulardan, sublitoralda bolsa laminaruýa, lardan, alýariýalardan, gyzyl suwotulardan ybaratdyr. Tropiki zonada ýaşyl we gyzyl suwotular, şeýle hem goňur suwotular-sargasslaragylyk edýärler. Ummanyň fitoplanktony 245 görnüşden durýar. Olaryň arasynda gök-ýaşyl we diatom suwotulary agdyklyk edýär. Haýwanat dünýäsi görnüş taýdan tropiki suwlarda baýdyr, olaryň biomassasy bolsa aram, polýarýaka we kenarýaka suwlarda artykmaçdyr. Ýuwaş umman bilen deňeşdirende Atlantikanyň faunasynyň birneme garyplygy duýulýar: gylyçguýryklaryň käbir primitiw formalary, käbir gadymy balyklar, deňiz ýylanlary bu ýerde ýokdur. Deňiz liliýalarynyň ýokary derejede leňňeç şekillileriň, deňiz guşlarynyň faunasy hem garybrakdyr. Emma balyklaryň käbir toparlary Atlantikada has baýdyr (meselem, treska, seld, týulenler). Ummanda bentosyň, planktonyň we nektonyň paýlanşy açyk bildirýän zonal häsiýetlidir. Atlantiki suwlarda balyklardan nototeniýalar agdyklyk edýär, bentos we plankton görnüş taýdan hem biomassa babatda garypdyr. Subantarktiki guşaklykda we aram guşaklygyň oňa ýanaşýan zolagyndan biomassa maksimum derejä ýetýär, görnüşleriň sany bolsa tropiklerdäkä garanyňda has azdyr. Zooplanktonyň kürekaýnalylar, leňňeçjikler, nektonda kitler, lastaýaklylar, balyklardan nototeniýalar agdyklyk edýärler. Tropiki guşaklykda zooplankton foraminiferalyň we pteropodlaryň köp sanly görnüşlerinden, radiolýariýalaryň birnäçe görnüşlerinden, mollýuskalaryň we balyklaryň liçinkalaryndan ybaratdyr. Bental görnüşlerden osminoglar köpdür. Bu zonada promysel ähmiýetli balyklardan tunes, makrel, sardine, sowuk akymlaryň sebitinde ançouslar häsiýetlidir. Tropiki we subtropiki guşaklyklarda merjenler ýaýrandyr. Uçýan balyklar, deňiz pyşdyllary, akulalar diňe şu guşaklyklar üçin häsiýetlidir. Aram guşaklyklar ýaşaýşa has baýdyr. Promysel ähmiýetli balyklardan seld, treska, pikşa, paltus, deňiz okuny uly ähmiýete eýedirler. Zooplankton üçin foraminiferaly örän häsiýetlidir. Nýu-Faundlend bankasynyň we Norweg deňizleriniň sebitleri planktonyň has köplügi bilen tapawutlanýar. Atlantika ummanda 4 sany biogeografiki oblast tapawutlandyrylýar: Arktiki, Demirgazyk Atlantiki, Tropiki Atlantiki, Antarktiki. Şunlukda, Arktiki oblast özbaşdak bolman Demirgazyk Buzlu ummanyň Arktiki biogeografiki oblastynyň bir bölegidir. Oňa Baffin deňzi, Grenlandiýa we Labradora ýanaşýan kenarýaka sebitleri degişlidir. Atlantik umman örän irki döwürlerden bäri balyk tutulýan we deñiz haýwanlarynyň awlanylýan we tutulýan ýeridir. Baryp XI-XII asyrlarda basklar Biskaý deňzinde orta asyrlardan bäri seld köpçülikleýin tutulýar. Amerikanyň açylan döwründen bäri Nýu-Faundlend we Jorjes bankalarynyň sebitlerinde balyk tutmak güýçli alnyp barylýar. Garpunly topuň oýlanylyp tapylmagy bilen Demirgazyk Atlantikada kitler XIX asyryň ahyrlarynda gyrlyp tükedilere getirilipdir. Kitler bilen şonuň ýaly ýagdaý XX asyryň 50-60-njy ýyllarynda antarktiki suwlarda ýüze çykdy. Şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin ummanda balyk tutulyşyny we deňiz haýwanlarynyň awlanylşyny halkara derejesinde kadalaşdyrmak zerurdyr. Soňky döwürlerde Atlantik ummandan her ýylda 20-23 mln tonna balyk we 1 mln tonna golaý kit awlanylýar. Balyklar esasan 600 metre çenli çuňluklardan tutulýar. Çuň suwlardaky balyklaryň tutulyşy ujypsyzdyr.


Atlantik ummanyň deňizleri we iri aýlaglary.

N Deňziň, aýlagyň ady Suw üstüniň meýdany (müň km²) Ortaça çuňlugy (m) Iň çuň ýeri (m)

1 Azow deňzi 39 7 13

2 Baltika deňzi 419 50 470

3 Irland deňzi 47 43 159

4 Karib deňzi 2777 2429 7090

5 Labrador deňzi 841 1898 4316

6 Mermer deňzi 12 250 1389

7 Demirgazyk deňzi 565 87 725

8 Skotiýa deňzi 1247 3096 5870

9 Ortaýer deňzi 2505 1438 5121

Şol sanda:

10 Adriatika deňzi 144 250 1230

11 Alboran deňzi 53 585 2407

12 Balear deňzi 86 767 2132

13 Io deňzi 169 2083 5121

14 Liguriý deňzi 15 1200 2546

15 Tirren deňzi 214 1519 3830

16 Egeý deňzi 191 377 2529

17 Uedella deňzi 2910 2878 6820

18 Gara deňiz 422 1315 2210

19 Şotlandiýanyň günbatar kenarýakasynyň içerki deňizleri 47 64 137

1 Biskaý aýlagy 200 1510 5100

2 Bristol aýlagy 11 36 68

3 Gwineýa aýlagy 753 2579 5207

4 Meksika aýlagy 1555 1522 3822

5 Keramatly Lawrentiýa aýlagy 249 141 538