Ruhubelent etraby
2007-nji ýylda Şasenem, Şähribossan, Diýarbekir düzlüklerindäki hojalyklaryň esasynda Ruhubelent etraby döredildi. Onuň meýdany 400 müň gektara golaýdyr. Bu ýerde 10 sany daýhan birleşigi ýerleşýär. Ýakyn ýyllarda özleşdirilen meýdanlaryň möçberini 270 müň gektara çenli giňeltmek göz öňünde tutulýar. Etrap pagtaçylyga, däneçilige we maldarçylyga ýöriteleşdirilýär. Onuň çäginde 1 şäherçe, 14 geňeşlik we 67 sany oba bar.
Taryhy
[düzet | çeşmäni düzet]2007-nji ýylda etrap merkezi Ruhubelent şäherçesiniň düýbi tutuldy. Şäherçe Aşgabat-Garagum-Daşoguz demir we awtomobil ýollaryna ýakyn ýerleşýär. Bu ýerde häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän dolandyryş edaralarynyň jaýlary, mekdepler, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary, durmuş hyzmaty we söwda kärhanalary, ýaşaýyş jaýlary guruldy.
|