Mazmuna geçiň

Türkmenistanyň Merkezi banky

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Merkezi Bank sahypasyndan gönükdirildi)

Türkmenistandaky Banklaryň Sanawyny Bärden Görüp Bilersiňiz Türkmenistanyň bank ulgamy iki derejeli bank ulgamy bolup, ol Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan (TMB) we Karz Edaralaryndan emele gelýär.

Türkmenistanyň Merkezi Banky Türkmenistanyň milli bankydyr. Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň (merkezi edarasynyň) ýerleşýän ýeri Aşgabat şäheridir. Onuň işi 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Merkezi Banky hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň Merkezi Banky (TMB)
Türkmenistanyň Merkezi Banky
Headquarters744000, Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan Şaýoly, 36
Established1991 Ýylda
OwnershipTürkmenistan
Governing bodyHäkimiýet
PresidentSkript ýalňyşlygy: "getValue" funksiýasy ýok.
Key peopleMälikow Toýly Öwezgulyýewiç
CurrencyTürkmenistan MANAT
TMT (ISO 4217)
Websitehttps://www.cbt.tm/
Tel +993 (12) 38-10-27

Fax +993 (12) 92-08-12

Email yuztutma@cbt.tm

Merkezi Bankynyñ Işi

[düzet | çeşmäni düzet]

Onuň işi 2011-nji ýylyň 25-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we beýleki hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär. TMB-niň esasy maksatlary şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

1) manadyň durnuklylygyny üpjün etmek;

2)Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we pugtalandyrmak.

Kanunlar bilen Merkezi bank

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanda töleg ulgamynyň hukuk binýady bolup, Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda» kanunlary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary çykyş edýär.

Bank Ulgamy

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bank gözegçiligi we kadalaşdyryjy gurama hökmünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Merkezi banky 2009-njy ýylda bank ulgamynyň kadaly işlemegine gönükdirilen çäreleri geçirmegini dowam etdi. Türkmenistanyň bank ulgamynyň öňünde goýýan esasy meselesiniň biri bu goýumçylaryň we algydarlaryň bähbitlerini goramak, bank ulgamy tarapyndan ilatyň we guramalaryň serişdelerini mundan beýläk-de saklamak we netijeli ulanmak, olaryň karzlaşdyrmaklyga we maýa goýumlara gönükdirilmegi boýunça netijeliligini ýokarlandyrmak, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmek üçin banklaryň ulanylmagynyň öňüni almak hem-de edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we täze görnüşlerini girizmek, şeýle hem, ykdysadyýetiň ösmegine ýardam bermekdir.

2010-njy ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna Türkmenistanyň çäginde eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli 11 sany banklar öz işjeňligini alyp barýarlar, olaryň 6-sy döwlet täjirçilik banklary, 3-si paýdarlar täjirçilik banklary, 2-si daşary ýurt maýasy 100% bolan daşary ýurt banklarynyň bölümi. 2008-nji ýylyň dowamynda Kommersbankyň wekilçiligi bellige alynmagy bilen, şu günki güne iki sany daşary ýurt döwletleriniň Doýçebankyň we Kommersbankyň wekilçilikleri Türkmenistanda öz işjeňligini amala aşyrýar.

Bank edaralary tarapyndan müşderilere edilýän hyzmatlar esasanam şahamçalaryň we wekillikleriň giň gerimi arkaly amala aşyrylýar. 2009-njy ýylyň dowamynda olaryň sany artmagyny dowam edip, şu günki günde Türkmenistanyň çäginde täjirçilik banklarynyň 128 sany şahamçasy we 408 sany gulluklary hereket edýär. Şahamçalaryň has giň gerimi "Daýhanbank" we "Türkmenistan" DTB-na degişlidir. Bank edaralaryň işgärleriniň sany 5.908 adamdan ybarat bolup, olar 1.353.554 müşderlerä hyzmat edýärler. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň daşary ýurt pulunyň alyş-çalyş hümmetini ýeke-täk görnüşe getirmek we şahsy taraplaryň alyş-çalyş amallaryny bökdençsiz amala aşyrmaklaryny üpjün etmek çäreleri bilen baglanyşykly Türkmenistanyň çäklerinde alyş-çalyş nokatlaryň sany 178-e deň boldy, olaryň 8-si müşderileriň amatlygy üçin öz işini gije-gündiz tertipde alyp barýarlar.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi banky bank ulgamynyň maýasynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli syýasatyny dowam etdi. Netijede, banklaryň umumy hususy maýasy 11,6% köpelip, 520,6 mln.manada deň boldy.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bank ulgamynyň gelejekgi ösüşini, şeýle hem netijeliligini we durnuklylygyny ýokarlandyrmaklygy üpjün edýan baş ýorelgesiniň ugurlary şu aşakdakylar bolup durýar:

  • bankyň müşderileri üçin has amatly we oňaýly şertleriň döredilmegi, çeýe ýygym syýasatyny alyp barmak we iň täze maliýe tehnologiýalary ulanmak,
  • karzlaşdyrmagyň, şol sanda korporatiw müşderileri karzlaşdyrmagyň mehanizmini;
  • bankyň aktiwleriniň we pasiwleriniň çeýe dolandyryş ulgamyny, işgärleriň hünärmenlik derejesiniň ýokarlanmagyny, hödürlenýän bank hyzmatlarynyň sanawynyň täzelenmegini we giňelmegini özgertmek;
  • ipoteka karzlaşdyrmanyň, şol sanda oba ýerlerinde, şeýle hem etrap merkezlerinde, şäherlerde we şäherçelerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini artdyrmak arkaly, göwrümini artdyrmak,
  • bank töwekgelçiliklerini dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmeklige gönükdirilen içki gözegçiligiň ornuny özgertmek we giňelmek, şol sanda jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileri kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini berkitmek, bank hyzmatlaryny kämilleşdirmek, kabul edilen maliýe borçnamalaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şeýle hem dünýä hasaplaşyklar ulgamyna girmek we beýleki ýurtlaryň banklary bilen işewür gatnaşyklary saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan täjirçilik banklary bilen birlikde "SWIFT" halkara hasaplaşyklar ulgamyny ornaşdyrmak boýunça, şeýle hem olaryň birinji derejeli daşary ýurt banklarynda korrespondent hasaplaryny açmaklary üçin işler geçirildi.

2009-njy ýylda Türkmenisyanyň Merkezi banky hereket edýän banklaryň işjeňligini sazlaşdyrmak we baha bermek ulgamyny halkara tejribelerine, şol sanda bank gözegçiligi boýunça Bazel komitetiniň esaslandyryjy ýörelgelerine laýyk getirmek boýunça işleri dowam etdirdi, sebäbi bank ulgamynyň aýdyňlygynyň, berkliginiň we ygtybarlylygynyň häsiýetnamasy ilki bilen banklar tarapyndan ykdysady kadalaşdyryjylaryň ýerine ýetirilşine esaslanýar. Şeýle hem, täjirçilik banklary bilen birlikde banklar tarapyndan maliýe hasabatlaryň Halkara ülňelerine geçilmegi boýunça kadalaşdyryjy esaslary we usulyýet teklipleri işläp taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi, maksatnamalar taýýarlandy we onuň esasynda täjirçilik bankaryň hünärmenleri bilen okuwlar geçirildi.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgermeginiň wajyp depginleriniň biri-de Türkmenistanyň banklarynyň maýasyny we aktiwlerini artdyrmaklygyň dowam etdirilmegidir. Bank ulgamynyň maliýe ýagdaýyny häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň depgini bank ulgamynyň berkligine we gelejekde netijeli ösjekdigine şaýatlyk edýär. Hasabat senesine banklaryň karz baýlyklarynyň çeşmesi kärhanalardan we guramalardan serişdeleri çekmekligiň hasabyna bolşy ýaly, ilatyň goýumlarynyň hasabyna hem öz gerimini giňeltmekligi dowam etdirýär.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň banklarynyň işjeňligi oňaýly görkezijiler bilen häsiýetlendirilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň çäginde hereket edýän banklaryň 2009-njy ýylyň dowamynda edilen hyzmatlardan alan girdejileriniň möçberi 399,7 mln.manada deň boldy. Netijede, hasabat ýylynda bank ulgamy tarapyndan 145 mln.manat möçberinde peýda gazanyldy. Şonlukda, bank ulgamynyň girdejileriniň esasy çeşmesi karzlaşdyrma we ýygymlar bilen baglanyşykly amallar bolup galýar.

Hasabat ýylynda Türkmenistanyň karz edaralarynyň resurs toplumynyň ösüş depgininiň dowam edýänligi bellenilýär we onuň möçberi 2.714 mln.manada deň bolup 55% artýar. Şeýlelikde, daşary ýurt pulunda çekilen serişdeleriň göwrüminiň ösüş depgini milli manatda çekilen serişdeleriň ösüş depgininden öňe gidýär. Netijede, 2009-njy ýylda edara görnüşli taraplardan we şahsy adamlardan milli pulumyzda çekilen serişdeleriň ösüşi 62% deň boldy. Çekilen serişdeleriň düzüminde esasy orny ykdysadyýetiň döwlete degişli bölegi tutýar, olaryň ösüşi 52%-e deňdir.

Banklar tarapyndan geçirilýän oňaýly çäreleriň biri bankyň borçnamalarynyň möhletliligini artdyrmak boýunça geçirilýän çärelerdir, hususan-da, üzüliş möhleti 1 ýyldan artyk bolan passiwleriň ösüşi bellenilýär. Bu bolsa öz gezeginde durnukly uzak möhletli passiwleriň toplanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär we uzak möhletli karzlaryň özgermegine ýardam berýär.

Karz goýumlarynyň düzüminiň agramly bölegini milli manatda berlen serişdeleriň 76% tutýanlygy oňaýly ýagdaýlaryň biridir, 2009-njy ýylda olaryň göwrümi 6.751 mln.manada (bankara karzlary hasaba almak bilen) deň boldy. Öňden boluşy ýaly hasabat ýylyň dowamynda-da karz serişdeleri döwlet tabşyryklary üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileri, ýerli haryt öndürijileri goldamaklyga, importyň öwezini tutýan tehnologiýalary özgertmeklige, ipoteka karzlaryny ösdürmeklige gönükdirilendir.

2009-njy ýylda uzak möhletli karzlaryň göwrüminiň artmagyna ipoteka karzlarynyň we ýerli telekeçileriň önümçiligi ýola goýmaklyga ýa-da giňeltmeklige gönükdirilen maýa goýum taslamalaryny karzlaşdyrmak maksatnamanyň çäklerinde berlen ýeňillikli karzlaryň ösüş depgininiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şeýlelik-de, karzlaşdyrma hasabat ýylynda döwlet täjirçilik  banklaryň aktiw amallarynyň esasy gönüşi bolmaklygyna galdy, bu banklar bank ulgamynyň jebislendirlen aktiwleriniň düzüminde 79%-i eýeleýär.

Şol bir wagtyň özünde karzlaşdyrmanyň banklaryň esasy ugry bolup durýanlygyny göz öňünde tutup, birinji ýerde karz töwekgelligini peseltmek wezipesi ýüze çykýar. Geçen ýylyň dowamynda banklar bolup biljek karz alyjynyň maliýe-hojalyk işine, olaryň karz taryhyna düýpli seljerme geçirmekligi gurnamak, şeýle hem karz alyjylara soňraky gözegçiligi alyp barmak bilen baglanyşykly bu ugurda birnäçe çäreler geçirildi.

Netijede, 2009-njy ýyl bank ulgamynyň karz bukjasynyň hiliniň ýokarmak depginiň saklanmagy bilen bellendi. Şeýlelikde, karz bergidarlygyň umumy düzüminde standart karzlaryň möçberi 99,15%-den gowurak, substandart karzlaryň möçberi 0,76%, şübheli we ygtybarsyz karzlar bolsa 0,09% tutýar.

Möhleti geçen karzlaryň möçberi umumy bank ulgamy boýunça hasabat senesinde 0,04% peseldi we 01.01.2010ý. ýagdaýyna umumy karz goýumlarynyň 0,11%-ni düzýär.

Bankyň Wezipeleri

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň esasy wezipeleri:

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň esasy ugurlarynyň taslamasyny işläp taýýarlaýar we ony Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň garamagyna berýär;
  2. ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar;
  3. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ykdysady gatnaşyklarda pul kadalaşdyrmasyny we pul gözegçiligini özbaşdak we bank ulgamynyň üsti bilen guraýar hem-de amala aşyrýar;
  4. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyna seljerme we çaklama geçirilmegine gatnaşýar;
  5. milli pula gatnaşykda daşary ýurt pullarynyň resmi hümmetlerini belleýär;
  6. pul belgileriniň emissiýasyny we olaryň dolanyşykdan alynmagyny amala aşyrýar hem-de Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň pul belgileriniň ýeke-täk emitenti bolup durýar;
  7. Türkmenistanyň çäginde nagt pul dolanyşygyny guraýar;
  8. pul belgilerini we beýleki gymmatlyklary hasaba almagyň, saklamagyň, daşamagyň we inkassasiýa etmegiň düzgünlerini belleýär;
  9. pul belgileriniň we beýleki gymmatlyklaryň döwlet ätiýaçlyk gaznalaryny döredýär;
  10. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralaryny bellige almagy we ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;
  11. Türkmenistanda hasaplaşyklary geçirmegiň düzgünlerini belleýär we olaryň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
  12. Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hasaplaryna, karz edaralarynyň we beýleki müşderileriň hasaplaryna hyzmat edýär;
  13. döwletiň ätiýaçlyk altyn goruny goşmak bilen, Türkmenistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň (altyn pul aktiwleriniň) saklanylmagyny we hyzmat edilmegini üpjün edýär;
  14. Türkmenistanyň kanunçylygyna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda Türkmenistanda bellige alnan karz edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylyk ulgamynyň kadalaşdyrylmagyny amala aşyrýar;
  15. bank hasaplaryny açmagyň we bank amallaryny geçirmegiň umumy düzgünlerini belleýär;
  16. halkara guramalary we daşary ýurt döwletleri bilen, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň fiziki we ýuridik şahslary bilen hasaplaşyklary amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;
  17. karz edaralaryny gaýtadan maliýeleşdirmegi amala aşyrýar we olar üçin soňky basgançakdaky karz beriji bolup durýar;
  18. Türkmenistanyň töleg balansynyň düzülmegini guraýar;
  19. bank kadalaşdyrmasyny we bank gözegçilik barlagyny amala aşyrýar;
  20. karz edaralary tarapyndan jenaýatçylyk ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy çäreleriň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
  21. daşary ýurt korrespondent banklaryndan we beýleki karz edaralaryndan şertnamalaýyn şertlerde depozitleri kabul edýär;
  22. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karz edaralary tarapyndan gymmatly kagyzlaryň emissiýasyny bellige alýar;
  23. Türkmenistanyň bank ulgamy üçin işgärleri taýýarlamaga gatnaşýar;
  24. bank amallarynyň we geleşikleriň ähli görnüşlerini amala aşyrýar;
  25. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýaryna girýän beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

Töleg Ulgamy

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň banklarynyň arasyndaky nagt däl tölegler Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bankara elektron hasaplaşyklar ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Bir bankyň içinde amala aşyrylýan tölegler bolsa banklaryň içerki töleg ulgamynyň üsti bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky töleg ulgamynyň operatory bolmak bilen Türkmenistanyň çäklerindäki hasaplaşyklary sazlaýar, bankara elektron hasaplaşyklar bilen bagly işlere gözegçilik edýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň işini dolandyrmak boýunça düzgünnamalary taýýarlaýar we tassyklaýar, nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň tertibini, möhletlerini we standartyny kesgitleýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky töleg ulgamy boýunça statistiki hasabatlary düzmegiň we jemlemegiň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanda töleg ulgamynyň hukuk binýady bolup, Türkmenistanyň Raýat kodeksi, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda» kanunlary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalary çykyş edýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bankara elektron hasaplaşyklar ulgamyna Türkmenistanyň ähli banklary, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Gazna müdirligi agza bolup gatnaşýar.

Milli Pul Birligi

[düzet | çeşmäni düzet]

«Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda milli pul bolup manat durýar, bir manat 100 teňňä deňdir. Manat resmi pul hökmünde 1993-nji ýylyň noýabryndan başlap, Türkmenistanyň çäginde dolanyşyga goýberildi.

Manat Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde beýleki döwletleriň pullaryny peýdalanmak Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalary we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaýyn namalary bilen kadalaşdyrylýar. Türkmenistanyň banklary, şeýle hem beýleki hojalygy ýöredijiler Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kagyz pullaryny we teňňelerini çäklendirmezden kabul etmäge borçludyrlar.

Türkmenistanda töleg serişdesi bolup durýan kagyz pullaryň we teňňeleriň bahasyny, agramyny, şekilini we beýleki häsiýetlerini Türkmenistanyň Merkezi banky kesgitleýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky kagyz pullaryň çap edilmegini (teňňeleriň zikgelenmegini), dolanyşyga goýberilmedik kagyz pullaryň (teňňeleriň) saklanylmagyny we daşalmagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky Türkmenistanyň çäginde dolanyşykda bar bolan kagyz pullary (teňňeleri) olaryň ýerine başga kagyz pullary (teňňeleri) çykaryp, olary dolanyşykdan aýryp biler.

Türkmen manadyny beýleki pul birliklerine çalyşmak Türkmenistanyň kanunlary bilen kadalaşdyrylýar.

Türkmen manadyny beýleki daşary ýurt pullaryna çalyşmagyň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan kesgitlenilýär.

Walýuta Biržasy

[düzet | çeşmäni düzet]

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetini berkitmek, milli puluň daşary ýurt pullary baradaky ýeke-täk hümmetini saklamak, manadyň içerki ýörgünliligini üpjün etmek, bank hyzmatlaryny kämilleşdirmek we Kabul edilen maliýe borçnamalarynyň wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Daşary ýurt puluny kadalaşdyrmak we milli puluň ýeke-täk hümmetini saklamak boýunça esasy çäreler hakynda» 30.05.2008 ý. seneli 9847 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasy öz işini başlady. Birža Türkmenistanyň Merkezi bankynyň düzüm birligi bolup durýar we öz işini Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasy hakynda düzgünnama hem-de Birža söwdasynyň kadalary esasynda amala aşyrýar.

Başlyklary

[düzet | çeşmäni düzet]
  • Amandurdy Borjakow, 1991 - 1992 Iýun;
  • Nazar Saparow, 1992 Iýun - 1993 Iýun;
  • Hudaýberşi Orazow, 1993 Iýun - 1999 Maý;
  • Seýitbaý Gandymow, 1999 Maý - 2002 Maý;
  • Ymamdurdy Gandymow, 2002 Maý - 2002 Sentýabr;
  • Nurberdi Baýramow, 2002 Sentýabr;
  • Şekersoltan Muhammedowa, 2002 Sentýabr - 2005 Maý;
  • Jumanyýaz Annaorazow, 2005 Maý - 2006 Maý;
  • Geldimyrat Abylow, 2006 Maý - 2008 Aprel;
  • Guwançmyrat Gökleňow, 2008 Aprel - 2011 Iýul;
  • Tuwakmämmet Japarow, 2011 Iýul - 2014 Ýanwar;
  • Goçmyrat Myradow, 2014 Ýanwar - 2015 Ýanwar;
  • Merdan Annadurdyýew, 2015 Ýanwar - 2020 Fewral;
  • Gadyrgeldi Müşşikow, 2020 Fewral - 2022 Aprel;
  • Toýly Mälikow, 2022 Aprel - Häzire Çenli