Fransiýa XX asyryň ikinji ýarymynda

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Mowzuk: Fransiýa XX asyryň ikinji ýarymynda.

Meýilnama:

1. Ikinji jahan urşundan soňky ýyllarda Fransiýanyň durmuş-ykdysady syýasy ýagdaýy.

2. Fransiýa De Golluň hökümeti döwründe.

3. 1970-1980-nji ýyllarda Fransiýanyň içeri we daşary syýasaty.

4. Fransiýa XX asyryň ahyrynda.


Edebiýat:

1. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. Aşgabat,2001ý.

2. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ykdysady, milli we ruhy galkynyş. Eserler, 3-nji tom, A,RUH.1995ý.

3. Rubinskiý.Ýu. I Bäşinji respublika. M, 1984ý.

4. Smirnow. W. P. Fransiýanyň iň täze taryhy, 1918-1985. M, 1989.

5. Molçanow.N.N. General De Goll. M,1988.

6. Semenskiý.S.A. Dünýä ýurtlary. Minsk.2000.

Fransiýa Ýewropanyň Günbatarynda ýerleşýän döwletdir. Ýurduň umumy meýdany 551000 kw.km. Ilaty 1995-ýylyň maglumaty boýunça 57109160 adam, olaryň 95% -e golaýy fransuzlardyr. Umumy ilaty zähmete ukyply bölegi 24.2 müň adam, şolardan 61.5% hyzmat edişde, 31.3% - senagatda, 7.3% - oba-hojalygynda.

Ýurdyň doly ady- Fransuz respublikasy. Döwlet gurluşy – prezident respublikasy. Paýtagty Pariz. Ýurdyň soňky konstitusiýasy 1958-nji ýylyň 28-nji Ruhnama aýynda kabul edildi. Milli baýramy Gorkut aýynyň 14-ne Bastiliýanyň alnan güni. (1789ý). Döwletiň başy-prezident, ol premýer- ministri belleýär. Kanunçykaryjy häkimiýet iki palataly parlament tarapyndan amala aşyrylýar, ol Senatdan (ýokary palata) we Milli ýygnakdan (aşakky palata) ybarat düzülen. Ýurtdaky esasy syýasy partiýalar: respublikany goldamak birleşmesi, Fransuz demokratiýasynyň soýuzy, Respublikan partiýa, Fransuz sosialistik partiýasy, çepçi radikal partiýa, kommunistik partiýa.

Fransiýa dünýäniň iň baý ýurtlarynyň biri. Ol 47-sany halkara we dünýä guramalarynyň agzasydyr, şol sanda BMG, NATO, SBSE,ES,MAGATE, we ş.m.

Ikinji jahan urşundan soňky Fransiýanyň taryhy 3-döwre bölünýär:

1. 1944-1946ý.ý/ wagtlaýyn döwür.

2. 1946-1958ý.ý/ 4-nji respublika.

3. 1958-häzirki döwür.5-nji respublika.

Ikinji jahan urşy ýyllarynda Fransiýa dört ýyl faşistik germaniýanyň gol astyndady. Bu döwürde ýurduň ykdysadyýeti we maliýa durmuşy doly diýen ýaly dargapdy.

Ikinji jahan urşundan soň emele gelen wagtlaýyn hökümete Fransiýanyň milli gahrymany general Şarl De Goll baştutanlyk etdi. Urşdan soňky ýyllarda ýurduň ykdysadyýetiniň uly depgin bilen ösmegi 1948-nji ýylda ony urşa çenli döwrüň derejesini ýetirdi. Ol ösüş şol sanda kärhanalary hususy eýelerinden satyn almagynyň esasynda üpjün edildi.

Ýurduň syýasy durmuşyndan 1945-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynda esaslandyryjy ýygnaga saýlawlar geçirildi. Şol ýygnak hem ýurdyň konstitusiýasynyň taslamasyny işläp düzdi. Bu taslama De Goll parlamentiň hasabyna ýurduň prezidentiniň ygtyýarlyklaryny has giňeltmek maddasyny teklibini goşdurjak bolýar, emma ol geçmeýär, şonuň üçin hem De Goll 1946-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynda wezipesinden gidýär.

1946-njy ýylyň konstitusiýasy fransiýany halkyň özbaşdaklygyna esaslanan respublika diýip yglan etdi. Konstitusiýa şonuň ýaly hem jynsyna, milletine, syýasy ykdykatyna, dini garaýşyna seretmezden ýurduň ähli raýatlaryna deň hukuklylyk berýärdi. Konstitusiýa ýurdyň parlamentiniň 7-ýyl möhlet bilen Fransiýanyň prezidentini saýlamaga hukuklydygy barada madda girizdi.

Şeýlelikde Fransiýanyň konstitusiýasynyň 1946-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 24-ne resmi ýagdaýda güýje girmegi 4-nji respublikanyň döredilendigini aňladýardy.

Ikinji jahan urşy Fransiýanyň ykdysadyýetine kesgitli zyýan ýetirdi. 1945-nji ýylda uruşdan öňki döwür bilen deňeşdirilende ýurduň senagat önümçiligi 38%, oba-hojalygy 50% aşak gaçypdy. Ýurt senagat enjamlaryna, çig mala, azyk önümlerine mätäçlik edýärdi, 100 müňden gowrak ownuk senagat we söwda kärhanalary dargapdy. Umuman, fransiýanyň ykdysadyýeti uruş zerarly has gowşapdy.

Ikinji jahan urşunyň ahyrynda Fransiýanyň syýasy durmuşynda hem birnäçe üýtgeşikler bolup geçdi. 1944-öňki halk demokratlary katolik partiýasynyň deregine, halk respublikan hereketi (HRH) döredildi. Jon Bido, De Monton we beýleki katolik wekilleri onuň ilkinji ýolbaşçylarydy. Ondan başgada 1946-ýylda degolçylaryň soýuzy hem esaslandyryldy. Ol general De Gollyň tarapdarlaryndan ybaratdy. Ol gurama güýçli döwlet häkimiýeti respublikany döretmegi esasy wezipe edip goýdy.

De Gollyň ýolbaşçylygyndaky wagtlaýyn hökümet özüniň içeri we daşary syýasatynda ilki bilen dolandyrmagyň öňki ulgamyny dowam etdirmäge çalyşýardy, şol maksat bilen DE Goll hemişelik goşuny we serkerdeler bölümini döretdi.

Hökümet şeýle hem ýurtda birnäçe durmuş özgertmelerini geçirdi. Mysal üçin: zähmet iş hakyny ýokarlandyrmak, köp çagaly maşgalalara berilýän pul serişdeleriň möçberini artdyrmak we beýleki çäreler geçirildi.

Urşdan soňky ilkinji ýyllarda Fransiýa özüniň daşary syýasatynda antifaşistik bileleşige girýän ýurtlar bilen özara hyzmatdaşlyk ugruny alyp barýardy. Şonuň ýaly hem Fransiýa BMG-nyň howpsuzlyk Sowetine agza bolup girdi. Fransiýa şol bir wagtyň özünde Germaniýa we onuň ykbaly meselesine uly üns berýärdi, sebäbi Saary we Reýniň çep kenaryny almagy hem-de Germaniýadan Rur welaýatyny bölüp almagy umyt edýärdi. Urşdan soňky ilkinji ýyllarda Fransiýa umuman aýdylanda ABŞ, Angliýa ýaly döwletler bilen ýakyn gatnaşykdady, şeýle hem oňa “Beýik” döwlet statusyny saklap galmak başartdy.

Fransiýanyň öňünde ýurdyň ykdysady dikeldilişini we demokratiýany ösdürmek möhüm wesipeleriň biri bolup durýardy. 1945-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 24-ne Fransiýada dörediji ýygnaga saýlawlar geçirildi. Saýlawyň netijesinde general De Golluň ýolbaşçylygynda ylalaşykly (koalision) hökümet döredildi, onuň düzümine FKP-ndan -5 adam, FSP-dan-5 adam, halk respublikan hereketi partiýasyndan -5-adam, we Degolçylardan -6 adam girdi. Hökümeti düzýän ähli partiýalar özara ylalaşyp ýurduň esasy banklaryny, ätiýaçlyk kompaniýalary, senagatyň esasy pudaklaryny millileşdirmegi hödürlediler. Ondan hem başgada olar ýurduň durmuş-ykdysady ösüş meýilnamasyny düzmegi, demokratik azatlyklary kepillendirmegi, durmuş ätiýaçlygynyň ulgamyny gowulandyrmagy ylalaşdylar.

Emma tiz aralykda hökümetiň baştutany bilen dörediji ýygnagyň esasy böleginiň arasynda gapma-garşylyk döräp 1946-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 20-ne general De Goll wezipesinden gidýär. Şondan soň hökümete ilki sosialist F.Guýen, soňra HRH partiýasynyň lideri Jon Bido ýolbaşçylyk edýär.

Dünýädäki täze ýagdaýlar, ykdysadyýeti dikeltmek zerurlygy ýurdyň maýa gyýumlarynyň esasy böleginiň senagata goýberilmegini talap edýärdi. Şol işiň amala aşyrylmagy netijesinde 1948-nji ýylda Fransiýanyň senagat önümçiliginiň görkezijileri urşdan öňki döwründäkisinden geçdi.

Fransiýanyň ykdysady ösüşiniň häsiýetli aýratynlygy ol hem döwletiň garamagyndaky ýylda 51-den 100-e çenli işleýän adamly kärhanalar 50,7 müňe ýetdi /1936-ýylda- olar 5.7 müňdi.

1947-nji ýylda hökümet “Monne meýilnamasyny” makullady, onuň mazmuny esasan hem ykdysadyýet “maksatnamalaýyn” esasda ösdürilmelidi.

1947-1958-ýyllar aralygynda Fransiýada senagatyň täze pudaklary ösüp başlady. M.ü: gaz we nebit öndürmek, nebiti gaýtadan işlemek, atom, elektron, himiýa we ş.m. Bu döwürde hökümetiň goldamagy bilen we daşary ýurt maýa goýumdarlarynyň hasabyna ýurdyň esasy kapitaly täzelendi. Şeýle hem fransiýa XX asyryň 50-nji ýyllarynda dünýäniň ösen ýurtlarynyň ykdysadyýetini biri-birine ýakynlaşdyrmak hereketine işeňňir goşuldy. 1957-ýylda ÝYB-ne (Ýewropa ykdysady bileleşigi) agza boldy, bu bolsa ýurduň ykdysady ösüşinde möhüm waka boldy.

1958-nji ýylda Gurbansoltan aýynda Fransiýada täsirli syýasy çökgünlik emele geldi, ol 5 hepde dowam etdi. Emele gelen ýagdaýdan çykmak üçin ýurdyň maliýe-ykdysady ulgamynyň täsirli güýçleri general De Golly häkimiýet başyna getirmegi karar etdi, sebäbi ýurtda güýçli syýasy düzgüniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň zerurlygy ýüze çykdy. 1958-nji ýylyň Oguz aýynyň 1-e Milli ýygnagyň esasy köplügi De Golly döwletbaşy wezipesine belledi. Oguz aýynyň 2-ne De Goll adatdan daşary ygtyýarlyklar alyp Milli ýygnagy dargatdy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň täsirini güýçlendirmek üçin çäreler geçirip başlady. Bu ugurda ilkinji ädim hökmünde ýurduň täze konstitusiýasyny işläp çykarmak boldy, täze konstitusiýa esasan hem parlamentiň hukuklaryny çäklendirip, prezidentiň häkimligini güýçlendirmelidi. 1958-ýylyň Ruhnama aýynyň 28-ne saýlawçylaryň referendumy bolup, onuň netijesinde 17.7 mln. adam (79,25%) täze konstitusiýany goldady. Täze konstitusiýa laýyklykda respublikanyň prezidentiniň we hökümetiň yhtyýarlyklary has giňeldildi, onuň tersine parlamentiň kanun çykarmak hukuklary ep-esli kesildi. Ýöne täze konstitusiýada 1946-njy ýylyň konstitusiýasynda görkezilen esasy raýat hukuklary we azatlyklary saklanyp galýardy.

1958-nji ýylyň Sanjar aýynyň 30-na geçirilen parlament saýlawlarynda “täze respublikany goramak” partiýasy 189 deputatlyk ýer alyp De Goll parlamentde özüne goldaw tapdy.

1958-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 21-ne Şarl De Goll Fransiýanyň prezidenti edilip saýlandy.

XX asyryň 60-njy ýyllarynda Fransiýada Ylmy tehniki rewolusiýa ösüp başlady. Ol esasan hem üznüksiz önümçiligi awtomatlaşdyryp, elektron hasaplaýyş maşynlaryny ornaşdyrmaga giň mümkinçilikler emele geldi.

Özüniň daşary syýasatynda general De Goll Fransiýanyň özbaşdak we garaşsyzlygy ugruny kesgitledi.

Umuman, De Goll ýurdy dolandyran 10-ýylynyň (1958-1968) dowamynda Fransiýanyň ykdysadyýetinde zähmet öndürijiligi has ösdi, emma şol bir wagtda hakyky iş haky bolsa haýal ýokarlanýardy.

1968-nji ýylyň Magtymguly-Oguzda Fransiýada syýasy çökgünlik tutaşdy hem-de bütin ýylyň dowamynda hökümete garşy köpçüligiň çykyşlary ösüp başlady. Netijede 1969-ýylyň Gurbansoltan aýynda De Goll wezipesinden gitdi.

1969-njy ýylyň Oguz aýynda bolup geçen saýlawlarda Žorž Pompidu Fransiýanyň prezidenti edilip saýlandy.

Prezident Pompidu özüniň syýasatyny “ miraslyk we gepleşik” diýen sözler bilen kesgitledi, bu onuň general De Golluň syýasatyny dowam etdirjekligini, emma şol bir wagtdasagçy toparlaryň wekilleri bilen hem gepleşige we ylalaşyga taýýardygyny aňladýardy.

Özüniň içerki syýasatynda fransuz hökümeti ýurtda “täze jemgyýeti” garamaga maksat edinip, onuň mazmuny önümçilikde işleýän adamlary ony dolandyrmaga çäklemeklikden ybaratdy. Emma 1974-ýylyň baharynda Ž. Pompidunyň tarpa-taýyn aradan çykmagy, prezidentlik saýlawlaryny möhletinden öň geçirilmegine getirdi.

1974-ýylyň Magtymgulyda Waleri Žiskarg Esten Fransuz respublikasynyň prezidentligine saýlandy. Žak Şirak ýurduň premýer-ministrligine bellendi. Täze hökümetiň öňünde 1974-1975 ýyllaryň kynçylyklaryndan çykmak wezipesi durýardy, ilki bilen ýurduň ykdysady durmuşyny janlandyrmak maksatnamasy kabul edildi. Umuman 70-nji ýyllarda geçirilen çäreler ýurduň ykdysadyýetini belli bir derejede gowulandyrdy.

70-nji ýyllarda Fransiýa esasan hem De Golluň daşary syýasat ugruny dowam etdirdi. Fransuz hökümeti Israýyldan ýakyn Gündogarda basybalyjylykly hereketlerini ýazgaryp çykyş etdi, amerikanlaryň Wýetnamdaky uruşyny bes etmek ugrunda aýgytly çykyş etdi. Fransiýa şoň ýaly hem 1975-ýylyň Alp-Arslanda Helsinkide umumy Ýewropa howpsyzlyk we hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşdy.

Umuman, 70-nji ýyllarda Fransiýanyň daşary syýasat ugry esasan hem halkara dartgynlygyny gowşatmaga gönükdirilipdi.

Fransiýada durmuş-syýasy gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi esasan hem 1981-nji ýylyň prezident saýlawlarynyň öňisyrasynda bolup geçdi. Hökümetiň ýokary gatlaklarynda-da, toparlarda-da güýçleriň mynasybeti üýtgäp başlady. M.ü. Fransuz demokratiýasy ugrundaky soýuz prezidentlige W.D.Esteni, respublikany goldamak birleşmesi Ž. Şiraky, fransuz sosialistler partiýasy F.Mitterany görkezdiler.

1981-nji ýylyň 10-njy Magtymgulyda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijesinde F.Mitteran ýeňiş gazandy.

XX –nji asyryň 80-nji ýyllarynda fransuz hökümetiniň geçiren çäreleriniň netijesinde yürduň / 8 banky, 2 maliýe we 5-iri firmalary hem-de demirmagdan we harby kärhanalar döwletiň garamagyna geçirildi. Netijede döwletiň garamagyna ähli bank kreditleriniň 75% geçdi.

Ýurduň syýasy durmuşynda hem birnäçe reformalar geçirildi. Hökümet döwlet howpsuzlyk suduny gadagan etdi, ölüm jezasy aýryldy, onuň deregine ömürlik azatlykdan mahrum etmek girizildi, Ýeňiş baýramy (9-Magtymguly), halkara aýallar güni 8-Nowruz baýramçylyk günleri diýip yglan edildi.

Umuman, geçirilen çäreler Farnsuz jemgyýetinde demokratiýany, erkinligi ösdürmäge täsir etdi.

F. Mitteranyň 1988-nji ýylyň ýene-de 7 ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanmagy onuň hökümetiniň daşary syýasat meselelerine belli bir derejede seresaplyk bilen , çemeleşmegi talap etdi. Esasan hem 80-nji ýyllaryň ahyry 90-njy ýyllaryn başlarynda dünýädäki hem Ýewropadaky bolup geçen üýtgeşmeler fransuz hökümetiniň daşary syýasatyny düýpli öýtgetdi. Döreýän kynçylyklaryň çözülmegini Fransiýa Ýewropa ýurtlarynyň ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygynyň derejesi bilen baglanyşdyrýar. F. Mitteran Atlantikadan Urala çenli “Ýewropa öýüni döretmek”baradaky pikiri goldady. Ol Günbatar we Gündogar Ýewropa döwletleriniň ýakynlaşmagynyň ahyrky maksady hökmünde Ýewropa konfiderasiýasyny döretmek baradaky pikiri öňe sürdi.

1995-nji ýylyň Magtymguly aýynda Fransiýada nobatdaky president saýlawlary geçirilip, onda respublikany goldamak birleşmesiniň lideri Jak Şirak ýeňiş gazandy, hem-de ýurdyň prezidenti boldy.

Häzirki zaman Fransiýasynda ilatyň aglaba bölegi şäherlerde ýaşaýar we işleýär. Umumy işleýän ilatyň 6%-den gowragy oba-hojalygynda işleýär, emma bu pudakda häzirki zaman tehnikasynyň we agronomçylyk ylmynyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ol pudagyň fransuz ilatyny oba-hojalyk önümlerine bolan islegini doly kanagatlandyrýar.

Fransiýada ilatyň işe ýarawly böleginiň 85%-ti hakyna tutma adamlar-işçiler, gullukçylar, tehniki intelegensiýa we başgalar. Fransiýa şu gün özüniň ylmy-tehniki üstünlikleri bilen – milli awiasiýany, ultra tizlikli poezdleri, ýokary hilli PEŽO, sitroýen awtoulaglary bilen dünýä bazarynda öňe çykan döwletdir.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli daşary syýasaty fransuz-türkmen gatnaşyklaryny has işeňňirleşdirdi. Fransiýanyň işewür toparlarynyň türkmen ykdysadyýetine uly möçberde maýa goýumlaryny goýmagy, esasan hem “ Buig” kompaniýasynyň alyp barýan gurluşyk işleri.