Mazmuna geçiň

Dunaý

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
(Dunaý derýasy sahypasyndan gönükdirildi)
Dunaý
Uzynlygy 2860 km
Basseýni 817 000 km2
Gada notece 200 km3
Gözbaşy Schwarzwald
Aýagy Gara deňiz
Ýurtlar Germaniýa, Awstriýa, Slowakiýa,
Wengriýa, Horwatiýa,
Serbiýa,
Bolgariýa, Rumyniýa,
Moldowa,
Ukraina
Budapeştde Dunaý derýasy

Dunaý derýasy (Irki Danuvius sözünden nemesçe: Donau, keltçe: *dānu, manysy "akmak", slowakça we polýakça Dunaj, wengrçe Duna, rumynça Dunărea, Frakiýa/Dakiýa dilindäki “Donaris/Donare” sözünden, gadymy skandinaw dilinde Duná, türkçe Tuna, gadymy grek dilinde Istros, slowençe Donava, horwatça Dunav, serbçe Дунав/Dunav, bolgarça Дунав, ukrainçe Дунай) Ýewropa Bileleşiginiň iň uzyn, Ýewropanyň bolsa Wolga derýasyndan soň ikinji iň uzyn derýasydyr.

Ol Germaniýanyň Schwarzwald tokaýlygyndan gözbaş alyp gaýdaýan kiçi Brigach we Breg derýalarynyň adybir Donaueschingen nemes şäherinde goşulmagy bilen Dunaý derýasy diýlip atlandyrylýar. Dunaý derýasy gündogara tarap 2550 km (1771 mil) çemesi akyp, birnäçe orta we merkezi ýewropa paýtagtlarynyň içinden geçýär we Rumyniýa bilen Ukrainada ýerleşýän Dunaý deltasynyň üsti bilen Gara deňze baryp guýýar.

Taryhda Rim imperiýasynyň gadymky sepgidi hökmünde tanalýan bu derýa on sany ýurduň içinden akyp geçýär – ýa-da olaryň serhediniň bir bölegini düzýär: Germaniýa (7.5%), Awstriýa (10.3%), Slowakiýa (5.8%), Wengriýa (11.7%), Horwatiýa (4.5%), Serbiýa (10.3%), Rumyniýa (28.9%), Bolgariýa (5.2%), Moldowa (1.7%), we Ukraina (3.8%). Mundan hem başga onuň basseýni ýene dokuz sany ýurdy öz içine alýar: Italiýa (0.15%), Polşa (0.09%), Şweýsariýa (0.32%), Çehiýa (2.6%), Sloweniýa (2.2%), Bosniýa we Gersegowina (4.8%), Montenegro, Makedoniýa respublikasy we Albaniýa (0.03%).

Visegrád, Wengriýa

Dunaý derýasy dürli dillerde dürlüçe atlandyrylýar:

Esztergom we Štúrovo, Wengriýa we Slowakiýa

Dunaý derýasy aşakdaky ýurtlardan we dört sany paýtagt şäherden akyp geçýär. Şeýle hormat dünýä boýunça diňe Dunaý derýasyna degişlidir:

Dunaýyň esasy goşantlary
Ady Dunaýa guýýan ýeri, kenary Dunaýyň aýagyna çenli bolan daşlygy, km Akyp geçýän ýurtlary (gözbaşdan başlap) Uzynlygy, km
Iller sag ~ Germaniýa 163
Lech sag ~ Awstriýa, Germaniýa 285
Isar sag 2281,7 Germaniýa 263
Inn sag 2225,2 Şweýsariýa, Awstriýa, Germaniýa 525
Enns sag 2111,8 Awstriýa 255
Morava çep 1880,3 Çehiýa, Slowakiýa, Awstriýa 380
Rába sag 1794,0 Awstriýa, Wengriýa 398
Váh çep 1765,8 Slowakiýa 402
Hron çep 1716,0 Slowakiýa 289
Ipel çep 1708,2 Slowakiýa, Wengriýa 233
Dráva sag 1382,5 Italiýa, Awstriýa, Sloweniýa, Wengriýa, Horwatiýa 720
Tisza çep 1214,5 Rumyniýa, Ukraina, Slowakiýa, Wengriýa, Serbiýa 966
Sava sag 1170 Sloweniýa, Horwatiýa, Bosniýa we Gersegowina, Serbiýa 940
Velika Morava sag 1104,5 Serbiýa 563
Iskar sag 637,3 Bolgariýa 368
Siret çep 155,2 Rumyniýa 726
Prut çep 134 Ukraina, Moldowa, Rumyniýa 950
Đerdap, Serbia
Dunaý derýasy Ulmda
Dunaý derýasy Wenada
Wena, Awstriýa
Bratislava