Belarus Döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle


Belarusiýan Döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti
Ady Belarusiýan döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti
Gysgaltmasy BDIRU (eng: BSIUR; rus: БГУИР)
Ene dilinde Беларускі дзяржаўны ўніверсітэт інфарматыкі і радыёэлектронікі (БДУІР)
Gurulan ýyly 1964
Rektory Mihail Pawlowiç Batura
Ýerleşýän ýeri 220013, Belarusiýa Respublikasy, Minsk, Petrus Browka ýoly, 6
Talyp sany 15300
Saýty http://www.bsuir.by
Dewizi "BDIRU - bilim we ýaşaýşyň stili"
BDIRU
Belarusiýan döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti
BDIRU-nyň birinji okuw jaýy
BDIRU-nyň birinji okuw jaýy
BDIRU-nyň ikinji okuw jaýy
BDIRU-nyň ikinji okuw jaýy
BDIRU-nyň üçünji okuw jaýy
BDIRU-nyň üçünji okuw jaýy
BDIRU-nyň dördünji okuw jaýy
BDIRU-nyň dördünji okuw jaýy
BDIRU-nyň bäşinji okuw jaýy
BDIRU-nyň bäşinji okuw jaýy
BDIRU-nyň ýedinji okuw jaýy
BDIRU-nyň ýedinji okuw jaýy
Birinji umumy ýaşaýyş jaýy
BDIRU-nyň Birinji umumy ýaşaýyş jaýy
ikinji umumy ýaşaýyş jaýy
BDIRU-nyň ikinji umumy ýaşaýyş jaýy

Belarusiýan döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU) (Belarusian: Беларускі дзяржаўны ўніверсітэт інфарматыкі і радыёэлектронікі; Russian: Белорусский государственный университет информатики и радиоэлектроники) (1993-nji ýyla çenli Minskiniň radiotehniki instituty (MRTI)- informasion tehnologiýa, radiotehnika, elektronika we telekomunikasiýa ugrunda Ýewropa, GDA we dünyä belli Belorussiýanyň öňdebaryjy uniwersiteti. BDIRU 1964-nji ýylyň Mart aýynyň 15-ne esaslandyryldy. Häzirki wagtda uniwersitet 30 hünär we 25 ýöriteleşdirilen kompýuter, informatika, senagat elektronika, emeli akyl, radiotehnika, telekommunikasiýa, medisina elektronikasy we ykdysadyýet ugurlaryndan inžener hünärmenleri taýýarlaýar. 10 fakultetde we 35 bölümde gündizki, agşamky, zaoçny we aralyk okuw görnüşlerinde 15000-den gowrak talyp bilim alýar, şolaryň arasynda hem 350 sany daşary ýurtly talyp bar. 2001-nji ýyldan bäri BDIRU-da magistratura bölümi açyk, häzirki wagtda 27 sany magistrlik, 26 sany aspirantura we 8 sany doktorantura ýokary hünärleri ýerli we daşary ýurt raýatlaryna hödürlenýär. Uniwersitetde dissertasiýany goramak üçin 13 tehniki we 2 fizika-matematika hünärlerini öz içine alýan 6 sany doktorçylyk geňeşi hereket edýär. Şu günki günde BDIRU-nyň aspiratura bölüminde 23 sany daşary ýurt hünärmeni okaýar.

Uniwersitete girmek üçin rus ýa belarus dili, fizika, matematika, daşary yurt dili (diňe marketing, ykdysadyýet we önümçiligi dolandyryş ugurlarynda) sapaklary boýunça merkezi synag tabşyrmaly.

Fakultetler we beýleki bölümler[üýtget]

Ylmy gözleg[üýtget]

BDIRU-da 49 ylmy-gözleg laboratoriýalary we bralag toparlary işleýär we şeýle ugurlardan balag alynyp barýar:

  • Radiotehniki enjamlary we sistemalary
  • Dolandyrýan we işläp bejeriş sistemalary
  • Täze information tehnologiýalary we dolandyryş sistemalary
  • Mikro- we nanoelektronikasy
  • Täze öňde baryjy maddylary we energiýany, resurslary tygşyt saklaýan tehnologiýalary
  • Kysymlaryň, enjamlaryň we sistemalaryň sertifikatlaşdyrmasy, diagnostikasy we barlagy
  • Elektronik sistemalaryň we enjamlaryň model we optimizasiýa usullary
  • Jemgiýetiň sosial hem ykdysady meseleleri
  • Information we talim bilim tehnologiýalary
  • Senagatyň proseslaryň we energiýaň awtomalaşdyrmasy

Bu ylmy-gözlegde 300-e golaý inžiner-tehnik ugurdan ýokary bilimli işgärler, dogtorantlar, aspirantlar, magistyrlar we dürli ylmy-işler bilen gündizki okuwdan studentleriň 45% gatnaşýar.

Halkara gatnaşyk[üýtget]

BDIRUň 25 ýurtlardan 59 uniýersitetler, gözleg we döwlet gurnamalaryň hyzmatlaşyk ylalaşygy bar. Uniwersistet Wuppertal şäherindäki uniwersiteti (Germaniýa), Akdeňiz uniwersiteti, Marsel şäherindäki uniwersiteti (Fransiýa), Sian tehnik uniwersiteti (Hytaý) we Samara Döwlet Tehniki uniwersiteti (Russiýa) bilen iň rowaçly gatnaşyk saklaýar.

BDIRU köp milletli uniwersitet. Hazirki wagytda 29 ýurtlardan gelen 350-ä golaý daşary yurt raýatlary BDIRU-da okaýarlar: Azerbaýjan, Ermenistan, Eýran, Gazagystan, Gruziýa, Hytaý, Iordaniýa, Irak, Izrail, Gyrgyzystan, KHDR, Latwiýa, Litwa, Liwiýa, Liwan, Moldowa, Nigeriýa, Russiýa Federasiýasy, Siriýa, Sudan, Şri-Lanka, Tunis, Türkmenistan, Türkiýe, Ukraina, Wýetnam, Wenesuela, Ýemen. Ylmy-gözleg we ylmy-tehniki önüm Hytaý, Hindistan, Germaniýa, Liwiýa, ABŞ, Polşa, Italaýa, Günorta Koreýa resupblikasy, KHDR, Slowakiýa, Russiýa, Ukraina, Wenesuella ýurtlary uçin öndürilýar. Uniwersitetiň ylmy-tehniki gözleg enjamlary Merkezi radiýo elektonik geçirmeler saýtynda görkezilendir.

Uniwersitet halakara taslamalara we programmalara gatnaşýar: Birlik Döwlet, EB 7-nji Karkas programmasy, Ewropraktiks, Halkara ylmy we tehniki merkezi, Fransiýa gözlegini goldaýan jemgiýeti, Germaniýaň ylmy jemgiýeti (DFG), Dünýa alymlaryň federasiýasy, Germaniýaň akademiki çalyşmalaryň gullugy (DAAD), Matsumaýaň Halakara fondy, Halakara tehniki hünärli studentlatyň çalyşmasy bileleşigi (IAESTE)

Halkara konferensiýalary[üýtget]

BDIRU halkara ylmy we tehniki konferensiýalaryň, nanotehnikalary, nusgany tanama, informasiýa howpsuzlyk we şoňa meňzeş barada seminarlaryň guramaçysy bolýar, şol sanda:

  • “Fizika, himiýa we nanodesgalary - Nanomeeting”
  • “Neýron ulgamlary we emeli akyl”
  • “Öňdebaryjy görkeziş tehnologiýalary”
  • “Ara okuw XII-nji asyryň bilim daş-töweregi”
  • “Beýik tebigi kanunlaryň üýtketmeleri”
  • “Medisina elektronik serişdeleri we täze medisina tehnologiýalary Medelektronikasy”
  • “Jemgiýetiň ykdysady ösüşi: täzelikçilik, informatizasiýa, sistema golaýlaşma”
  • “Habary goramak üçin tehniki serişdeleri”
  • “Telekomunikasiýa: ulgamlar we tehnologiýalar, algebraik şifr we maglumatyň howupsyzlugy”

Okuw laboratoriýalary[üýtget]

Täzelikçiligi we studentleň praktika türgenleşigi berkitmek üçin BDIRU-da okuw we gözleg üçin häzirki zaman enjamlary bilen üpjin edilen laboratoriýalary bar. Häzir BDIRU-da şolar ýaly 23 laboratoriýalar işleýär. 2009-njy ýylyň Aprel aýynyň 9 “High Technology Park” guramaň kömegi bilen baglanşykda uniwersitet türgenleşik we täzelikçilik “EPAM systems” kompleksini açyldy.

Kitaphana[üýtget]

BDIRU-nyň Kitaphanasy 1964-nji ýylda Belorussiýanyň Politehniki Institutyň (häzirki Belorussiýanyň Milli Tehniki Uniwersiteti BMTU) kitaphanasynyň esasynda döredildi. Meýdany: 1821.12 m² we 4 okuw jaýlarynda we 1-nji student obşitinde ýerleşýar. Hyzmatlary:

  • Elektronik resurlaryň we hyzmatlaryň habar hem bilim merkezi (AAJ “Priorbank” we BDIRU-nyň baglanşykda taslamasy). 2009-njy ýylyň sentýabyr aýynda açyldy. Kitaphanaň elektronik resurslaryny hödür edýär
  • Kitaplaň we makalaryň eleçtronik katalogy
  • Maglumat bazasy:
    • Öz döredileni;
    • Edineni;
    • Doly teksti.
  • Metodik kitaplaryň elektron görnüşleri
  • BDIRU-da geçirilen konferensiýalary we uniwersitetiň işgärleriň gatnaşmagyndada materaillary
  • CD-ROM-a çykan elektron kitaplary
  • Internetiň okuw resurslary (mugt)
  • Symdan we Wi-Fi-dan interneta çykmak tehnologiýasy
  • Elektron kitaphanasy. Elektron resurlaryň (kitaplaň elektron katalogy, metodik kitaplaryň elektron görnüşleri, doly tekst maglumat we okuw bazasy we beýleki elektron dokumentleri) we mugt interneta geçelge (2004-nji ýylyň niýabyr aýynda AAJ “Priorbank” we BDIRU-ň baglanşykda) hyzmatlaryny hödürleýar
  • Kitaphanaň saýtyndan “Wirtual Salgy” hytmatyň kömegi bilen tüýs wagytda sorag-jogap alyp bolýar
  • Elektron katalog Kitaphanaň fondyndan kitaplaň kopiýalaryny zakaz etmäge kömek edýar ( 1992-nji ýyldan bäri). 2009-njy ýylyň başyna Kitaphanada 85000-den gowrak bibliografiýa ýazgylary bar
  • Uniwersitetiň ýerli chopýutelaryndan Belorussiýanyň Milli Kitaphnasynyň “Okalýan wirtual zalyna” girmek mümkinçilik bar
  • Kabinetleň we bölümleň kitaphanasy
  • 3 abonementi iki okuw we bir edebiýat
  • Bibliografiýa apparaty

Studentleň boş wagtyntyň guramasy[üýtget]

BDIRU studentleň we işkärleň konkurs programmalary, edebi we sungat festiwallaryny gurnaýar. Däp bolanlary:

  • “Studentiň debýuti ” birinji kurs studentleriň ugurtapyjylyk festiwaly
  • “Studentiň Ýazy”
  • “Rok festiwaly”

Her ýyl nepislik we artistlik ugurtapyjylyk konkursy geçirilýar: “Jenap BDIRU” we “Hanym BDIRU” Studentler öz zehinini görkezmäge 44 sungat kollektiwlerine girip bilýar. Bu kollektiwler halkara we döwlet festiwallar tarapyndan diplom hem şahadatnama baýraklaryna eýe boldylar:

  • Tans we sport kluby “Tango”
  • Milli saz topary
  • “Art-woýaž” teatr studiýasy
  • “Gamanina” folklýor topary (halk aýdymlaryň ansambly) Witebsk şäherinde 2008-nji ýylda geçirilen “Belorussiýanyň ÝOJ-laň (ýokary okuw jaýlary) sungaty” atly ýaryşynyň ýeňijileri.

“Impuls” gazeti[üýtget]

“Impuls” atly öz gazeti çap edilýar. Gazetiň birinji nomeri çykany bäri (2001-nji ýylyň ýanwar aýynyň 19) ähli çaplary arhiwda saklanýar.

Habar[üýtget]

  • EPAM sintez” baglanşykda BDIRU-da okuw laboratoriýasy açyldy
  • BDIRU-nyň kitaphanasy barada
  • Belorussiýanyň DÖWLET INFORMATIKA WE RADIOELEKTRONIKA UNIWERSITETI
  • BDIRU-nyň gazeti №9 (29-njy maý 2008-nji ýyl): Sen entäk bileňokmy, “ART-wakasiýaň” nämedigini? Sen hiç haçan bolmadyňmy bu mega tomaşada? Onda sen hakatdanam durmuşdan galdyň!
  • “Impuls” gazetiniň 2001-nji ýyldan bäri arhiwy

Gyzykly faktlar[üýtget]

Olimpiýa oýunlarynda göreşde 3 gezek ýeňiji bolan, Belarus Respublikasynyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Wise-Prezidenti, Belorussiýanyň Göreş Federasiýaň Prezidenti, Hormatly Minsk şäheriniň raýaty Aleksandr Medwed BDIRU-da sport kämilliginiň bölüminiň başlygy bolup işleýar.

Halkar[üýtget]