William Gerşel
Appearance
Sir William Herschel[1], Nemsçe: Friedrich Wilhelm Herschel (d.15-nji oktýabr 1738-nji ýyl –ö. 25-nji Awgust 1822-nji ýyl) Germaniýada doglan, Iňlis astronom, teleskop ýasaýjy we sazanda. Germaniýanyň Hanower şäherinde doglan. 19 ýaşaýança Hanower goşunynda sazanda bolup işläpdir, soňra bolsa, Angliýa göçüpdir. William Gerşel Gün Ulgamyndaky 7-nji planetany, ýagny, Uran'y, Uranyň iki uly hemrasy Titania we Oberony hem-de Saturnyň iki hemrasy Enselad we Mimasy, infragyzyl radiýasiýany tapanlygy hem-de döreden 24 sany simfoniýa bilen tanalýandyr.
"Sir" (jenap) William Gerşel, durmuşynyň köp bölegini Angliýada Slough (Berkshire golastlygy içinde ýerleşýär) atly obada geçiripdir we şol obada aradan çykypdyr.
- ↑ Caroline Herschel's autobiographies (M. Hoskin ed., 2003) page 13