Teleskop

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Teleskop kosmosdaky radiasiýany toplap, şekil halynda bize görkezýän jisimdir. Ol astronomlaryň kosmosa seretmekde ulanýan guralydyr. Ol ilkinji gezek 1608-nji ýylda Hans Lippershey (Gollandiýaly äýnek ýasaýjysy) tarapyndan oýlap tapyldy. Ondan soň 1609-njy ýylda Galileo Galileý tarapyndan ilkinji gezek kosmosa seretmekde ulanyldy.

Teleskobyň güyji onuň toplaýan ýagtylygy bilen ölçenilýär. Teleskop näçe uly bolsa, onda ýagtylygy şonça-da köp toplar. Şol sebäpden uly teleskoplar bilen has uzakdaky jisimleri görmek mümkin bolar.