Türkmenportal

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Türkmenportal
IndustriýaInternet
Görnüşhabar saýty
Döredilen ýyly2011 (Aşgabat, Türkmenistan)
Merkezleri
Aşgabat, 10 ýyl Abadançylyk köçesi
,
Türkmenistan
Hyzmat ediş göwrüm
Bütindünýä
Websiteturkmenportal.com

«Türkmenportal» habar web-saýty ― Türkmenistanyň internet giňişligindäki iň iri we iň ygtybarly habar çeşmeleriniň biridir. «Türkmenportal» habarlar saýty türkmenistanly internet ulanyjylaryň iň köp giren, iň köp salgylanan 10 saýtynyň hatarynda[1].

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

2011-nji ýylda esaslandyrylan saýt geçen ýyllaryň dowamynda türkmenistanly we daşary ýurtly internet ulanyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Saýta her gün 35 müň, her aýda bir million adam göz aýlaýar. Içindäki maglumat gorunyň her näçe baýdygyna garamazdan, «Turkmenportalyň» işleýiş tizligi hemişe ýokary derejesini goraýar.

«Türkmenportalyň» maksady Türkmenistanda we dünýä jemgyýetçiliginde häzirki döwürde bolup geçýän täzelikleri öz okyjylaryna hemişe gyzgyny bilen ýetirip durmakdan ybaratdyr. Yandex we Google ýaly gözleg ulagmalary bilen sazlaşykda işleşýän «Turkmenportalyň» täzelikleri saýtda ýerleşdirilen dessine indesklenýär.

2019-njy ýylda saýtyň iňlis dilindäki görnüşi hem işläp başlady. Şeýlelikde, «Turkmenportalyň» okyjylarynyň arasyna iňlis dilinde gürleşýän internet ulanyjylary hem goşuldy. 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda «Türkmenportal» saýtynda wideo bölüm açyldy[2], täze bölüm dürli wideoşekilleri hödürleýär. Olar HD hil görnüşinde hem, kiçeldilen görnüşde (240p ýa-da 360p) hem elýeterli edilendir.

Sosial täsiri[düzet | çeşmäni düzet]

Her gün ulanyjylar «Türkmenportal» saýtyny ulanyp, habarlary okaýarlar, dürli temalary ara alyp maslahatlaşýarlar we türkmen internetinden gerek maglumatlaryny gözleýärler.

«Türkmenportal» öz maglumatlaryny okyjylaryna Facebook, IMO, Telegram, Vkontakte, Odnoklassniki, Instagram, Twitter we YouTubedäki kanallary arkaly hem ýetirýär.

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

Daşarky çykgytlar[düzet | çeşmäni düzet]