Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti
GörnüşDöwlet uniwersiteti
Gurulan wagty1931
RektorAýjemal Orazalyýewa[1]
talyp sany3000
fakultetler6
kafedra41
DegişlilikTürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
salgyArçabil şaýoly ,
Aşgabat şäheri,
Flag of Turkmenistan.svg Türkmenistan

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýa-da diňe-je Lukmançylyk uniwersiteti Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň biri. 1931-nji ýylda döredilen,[2] Türkmenistanda ýeke-täk Lukmançylyk uniwersiteti we uniwersitetde 3000 gowurak talyp okaýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Bilim ministrligine hasabat berýär.

Taryhy[üýtget | edit source]

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti 1931-nji ýylyň Dekabr aýynyň 29 döredildi.[3][4]

2010-njy ýylda lukmançylyk instituty Uniwersitet ady bilen çalyşyldy.[5]

Täze binasy[üýtget | edit source]

2010-njy ýylyň Senýabr aýynyň 1-da Aşgabatdaky Buzlu köşgiň golaýynda Lukançylyk Uniwersitetiniň täze binasy açyldy. [6]

Gurluşy[üýtget | edit source]

41 kafedra,{{Çeşme gerek}}ylmy -derňew merkezi, hasaplaýyş merkezi, sportklub

Fakultetler[üýtget | edit source]

  • Bejeriş işi
  • Pediatriýa
  • Saglygy goraýyş-öňüni alyş işi
  • Stomatologiýa
  • Farmasiýa
  • Harby lukmançylyk(sport lukmançylygy)

kafedralar[üýtget | edit source]

  • Dünýä tejribesini öwreniş kafedrasy.
  • Medisina parazitologiýasy we genetika kafedrasy.
  • Akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy.
  • Kadaly fiziologiýa kafedrasy.
  • Şöhle diagnostikasy, terapiýasy we onkologiýa kafedrasy.
  • Medisina himiýa kafedrasy.
  • Adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasy.
  • Sud medisina we hukuk kafedrasy.
  • Anesteziologiýa we reanimatologiýa okuwly umumy hirurgiýa kafedrasy.
  • Iç keselleriň propedewtikasy kafedrasy.
  • Patologiki fiziologiýa kafedrasy.
  • Nerw keselleri we reýrohirurgiýa kafedrasy.
  • Saglygy dikeldiş okuwly fakultet terapiýa kafedrasy.
  • Urologiýa okuwly fakultet hirurgiýa kafedrasy.
  • Gospital hirurgiýa kafedrasy.
  • Trawmatologiýa, ortopediýa we harby-meýdan hirurgiýa kafedrasy.
  • Göz keselleri kafedrasy.
  • Kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiya kafedrasy.
  • Maşgala medisina kafedrasy.
  • Gulak, burun we bokurdak keselleri kafedrasy.
  • Inçekesel kafedrasy.
  • Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy.
  • Patologiki anatomiýa kafedrasy.
  • Fakultet pediatriýa kafedrasy.
  • Çaga keselleriniň propodewtikasy kafedrasy.
  • Psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihiologiýasy kafedrasy.
  • Ýokanç çaga keselleri kafedrasy.
  • Gospital pediatriýa kafedrasy.
  • Gistologiýa, embrionologiýa we sitologiýa kafedrasy.
  • Saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasy.
  • Çaga hirurgiýasy kafedrasy.
  • Deri we weneriki keseller kafedrasy.
  • Medisina ekologiýaly gigiýena kafedrasy.
  • Wirusologiýa mikrobiologiýa kafedrasy.
  • Epidemiologiýa we ýokanç keseller kafedrasy.
  • Ortopediki we hirurgiki stomatologiýa kafedrasy.
  • Terapewtiki stomatologiýa kafedrasy.
  • Farmasiýa kafedrasy.
  • Farmakologiýa kafedrasy.
  • Diller kafedrasy.
  • Ýörite taýýarlaýyş kafedrasy.


Ylmy-pedagogiki kadrlaryň taýýarlygy aspirantura we doktorantura okatmagyň üsti bilen amala aşyrylýar. Hünärmenleriň hünär taýýarlygy kafedralaryň bazalarynda kliniki ordinaturada geçirilýär.

Terip Nr. Fakultetler taýýarlanýan hünärler we ugurlar
1. Kesel bejeriş maşgala lukmanlar,hirurglar, terapewtler, kardiologlar, akuşer-ginekologlar, onkologlar, oftalmologlar, dermato-wenerologlar we başgalar
2. Pediatriýa köp ugurly çaga lukmanlar taýýarlamak
3. Stomatologiýa terapewt-stomatolog, ortoped-stomatolog, hirurg stomatolog, ortodont atly hünärmenler ýetişdirmek
4. Farmasewtiki prowizor-tehnologlary, profizor-analitikleri taýýarlamak
5. Keselleriň-öňüni alyş sanitar lukmanlary epidemiologlary, gigiýenistleri taýýarlamak

Edaranyň ylmy ugry[üýtget | edit source]

  • Ýokanç we ýokanç däl hem-de parazitar keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň usullaryny kämilleşdirmek.
  • Türkmenistanda iň köp ýaýran aýal we çaga keselleriniň medisina -biologiki jähtleri.
  • Yssy howa şertlerinde ýürek-damar we serebro­waskulýar keselleriniň öňüni alnyşy, anyklanyşy we bejerilişi
  • Türkmenistanyň derman çig malyndan derman serişdelerini we dermanlary döredip ýaýratmak.


Çeşmeler[üýtget | edit source]

Şablon:Reflist

  1. "Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi". Altyn Asyr. 
  2. "Türkmen döwlet lukmançylyk instituty". Ylymlar akademiýasy. 
  3. "Türkmen döwlet lukmançylyk instituty". Ylymlar akademiýasy. 
  4. Туркменский государственный медицинский институт
  5. "Туркменский медицинский институт стал университетом". turkmenistan.ru (Internet gazeti). Retrieved 28 August 2010. 
  6. "Открылся новый Государственный медицинский университет". turkmeninform.com. Retrieved 2010-09-01.