Matematika (gad.-grek.μάθημα — öwrenmek, ylym), Ryýazýat[1] — hakyky obýektleriň formalaryny sanamak, ölçemek we beýan etmek amallaryna taryhy taýdan esaslanýan gurluşlar, tertip we gatnaşyklar hakda ylym[2]. Matematiki obýektler hakyky ýa-da beýleki matematiki obýektleriň aýratynlyklaryny ideallaşdyrmak we şol aýratynlyklary formal dilde ýazmak arkaly döredilýär. Matematika tebigy ylymlara degişli däldir, ýöne hem olaryň mazmunyny takyk formulirlemek, hem-de täze netijeleri alamak üçin ony giňden ulanýarlar[3]. Matematika — beýleki ylymlaryň (umumy) dil serişdesi bolup durýan fundamental ylymdyr; şonlukda matematika olaryň gurluşlaýyn özara gatnaşygyny açyp görkezýär we tebigatyň iň umumy kanunlarynyň tapylmagyna mümkinçilik berýär.