Taryh — geçmişdäki adamy (onuň işlerini, ýagdaýyny, dünýägaraýşyny, sosial gatnaşyklaryny we guramalaryny we ş.m.) öwrenmeklik bilen meşgullanýan gumanitar ylym; has dar manyda — wakalaryň yzygiderliligini, taryhy prosesi, ýazylan faktlaryň obýektiwligini kesgitlemek hem-de wakalaryň sebäpleri barada netije çykarmak üçin, geçmiş baradaky her dürli çeşmeleri öwrenýän ylym.