Innä lillähi we innä ileýhi rajiun

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search

Inna lillahi wa inna ilayhi rajiun.svg Innä lillähi we-innä ileýhi rajiun (arap. إِنَّا لِلَّٰهِ وَإِنَّا إِلَيْهِ رَاجِعُونَ‎‎‎ — «Takyk, biz Allahyň (bendeleri) we biz, elbetde, Oňa gaýdyp bararys», şeýlede Istirja’ (arap. ٱسْتِرْجَاع‎‎). Buny ölüm, erbet habar, açlyk, emläk ýitirme we şuňa meňžeş wagtlarda musulmanlar aýdýarlar. Allahyň synagynda sabyrly bolmak musulmanyň imanyndandyr. Allah hiç bir kişä başarmajak zadyny buýrmaýar.

Aýat[düzet | çeşmäni düzet]

Ol sabyr edenleriň (başyna) bir kynçylyk gelende: "Takyk, biz Allahyň (bendeleri) we biz, elbetde, Oňa gaýdyp bararys" diýerler.
Kuran: 2:156

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]