Gurban Berdiýew

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Gurban Berdiýew. 2017-nji ýylda Rubin tälimçisi hökmünde.

Gurban Bekiýewiç Berdiýew, 1952-nji ýyl25-nji awgustynda doglan Türkmen futbol tälimçisi we owalky Sowet futbolçysy. Ol 2017-nji ýylda Angliýa merkezli Fourfourtwo neşiri tarapyndan dünýäniň iň naýbaşy 50 tälimçisi arasynda görkezildi, oňa bu sanawda Brenden Rodgers-iň öňünde 36-njy orunda ýer berildi.[1] Neşir o barada "adaty oýunçylary ýokary hilli oýunçylara öwrüp bilmegi ynanylmaz" diýip belläp geçdi.

Ömür beýany we durmuşy[üýtget | edit source]

Gurban Berdiýew 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabatda doglan. Ol hemişe elinde tespi saklaýar we asla tespisiz görünmeýär.[2] Ol 1967-71-nji ýyllar aralygynda Aşgabadyň Demirýolçylar mekdebinde tomusku okuwa gatnady, ondan soňra 1971-1975-nji ýyllar arasynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýokary bilim almagyndan soňra 1989-91-nji ýyllar arasynda Moskwanyň Ýokary Tälimçilik okuwynda bilim aldy.[3] Onuň aýalynyň ady Roza Berdiýewa.[4] Onuň 2 ogly bar, uly ogly onuň ilkinji ýoldaşyndan Myrat Berdiýew 1975-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda doglan we ol Birleşen şalykda aktýorlyk, sazandalyk we prodýuserlik hünärlerini alyp barýar. Onuň kiçi ogly Allaberdi Berdiýew 1996-njy ýylyň 5-nji awgustynda doglan we ol futbolçy. Onuň Aýlar Berdiýewa atly gyzy bar we ol talyp.[5] Ol Musulman we haç parzyny ýerine ýetirdi[2] we russianfootballnews.com saýtyna beren interwýusynda her ýyl Saud Arabystana gidýändigini, Haj we Ümre başda bolmak bilen dini rituallara eýerýändigni, Türkmen naharlaryny küýseýändigini, dogramany söýýändigini, filme diýseň seýrek tomaşa edýändigini, syýasat bilen gyzyklanmaýandygyny we aýdym-saz diňlemekden lezzet alýandygyny belläp geçdi.[6]

Oňa 2012-nji ýylda Russiýanyň prezidenti tarapyndan Dostluk medaly gowşuryldy.[7]

Zähmet ýoly[üýtget | edit source]

Oýunçylyk karýerasy[üýtget | edit source]

Gurban Berdiýew 1971-nji ýylda professional futbola ädim ätdi. Ol Sowet Naýbaşy ligasynda Kairat Futbol Klubynyň düzüminde (1977, 1981, 1982, 1984 we 1985-nji ýyllarda) we Roston-on-Don futbol klubynyň düzüminde (1979, 1980) 7 möwsüm çykyş etdi. Ol Sowet Ýokary ligasynda 7 möwsümde 155 oýunda meýdança çykyp 23 gol urmagy başardy. Bulardanam daşary ol Kolhozçy Aşgabat futbol klubynda hem çykyş etdi.

Tälimçilik karýerasy[üýtget | edit source]

Russiýa Premýer ligasynyň çempiony Rubin Kazanyň baýrak alma dabarasynda Gurban Berdiýew we Tatarstanyň prezidenti Mintimer Şaýmyýew bilelikde.



Gurban Berdiýewi megerem onuň Rubindäki başarnyklary aýratyn hem meşhur eden bolsa gerek.[Çeşme zerur] Gurban Berdiýew Rubin Kazan FK Russiýada 2-nji diwiziýa bolan Russiýanyň 1-nji diwiziýasynda wagty tälimçilik wezipesina başlady, olary Russiýanyň Premýer ligasyna beýgelden Gurban Berdiýew ilkinji möwsüminde Rubin Kazana 3-nji orun gazandyrmagy başardy. Ol Rubin Kazan FK bilen 2-gezek Russiýanyň çempiony boldy, Rubin Kazan onuň ýolbaşçylygynda 2 gezek bürünç medal gazandy, onuň ýolbaşçylygynda Rubin Kazan 2 gezek Russiýanyň kubogyny we Russiýanyň Super Kubogyny gazandy. 2017-nji ýylda onuň Rubin Kazana dolanmagyndan soňra fourfourtwo neşiri bu babatda "olaryň [Rubin Kazan] onuň [Gurban Berdiýew] ýolbaşçylygynda ýene üstünlige ýetmegine garaşmalysyňyz" diýip belläp geçdi.[1]


2014-nji ýylyň 18-nji Dekabrynda Gurban Berdiýew Rostow FK-nyň tälimçiligi wezipesine başlady.[8] 2015-2016-njy futbol möwsüminde FK Rostow onuň ýolbaşçylygynda 2-nji orny eýeledi we UEFA Çempionlar ligasyna gatnaşma hukugy gazandy. Çempionlar ligasynda orun almak üçin saýlama tapgyrlarynda FK Rostow Anderleht FK-ny we Aýaks FK-ny ýeňmegi başardy. 2016-njy ýylyň 6-njy awgustynda Gurban Berdiýew FK Rostow tälimçilik wezipesinden aýrylmak üçin arzasyny berdi we wezipesinden aýryldy. Ondan soňra Gurban Berdiýew 09/09/2016 - 01/07/2017 seneleri arasynd Rostow Futbol klubynyň wise-prezidenti we tälimçisi wezipelerini ýerine ýetirdi.[9][10]


09/06/2017 - 05/06/2019 seneleri arasynda ol ýene Rubin Kazan tälimçisi hökmünde çykyş etdi.[11][12]


Kazan merkezli Sport Business Online neşiriniň çap eden Gurban Berdiýew bilen söhbetdeşliklerde Gurban Berdiýewiň Marselo Lippi we Karlo Ançelotti bilen görüşendigi, olar bilen tejribe we bilim çalyşygynda bolmak maksatly olaryň topar türgenleşiklerine syn edendigi, Guardiola bilen hem beýle duşuşyk rejelenendigi emma soňra goýbolsun edilendigi bellenip geçilýär.[13]

Şöhraty[üýtget | edit source]

2019-njy ýylda Gurban Berdiýew üçin Rubin Kazan futbol kluby tarapyndan taýynlanan hoşlaşyk portreti.
2019-njy ýylda Gurban Berdiýew üçin Rubin Kazan futbol kluby tarapyndan taýynlanan hoşlaşyk portreti.

Gurban Berdiýew 2017-nji ýylda Angliýa merkezli Fourfourtwo neşiri tarapyndan dünýäniň iň naýbaşy 50 tälimçisi arasynda görkezildi, oňa bu sanawda 36-njy orunda ýer berildi. Fourfourtwo neşiri ol barada "Onuň ýaly taktiki ajaýyplyga eýe tälimçi tapmak kyndyr" diýýär.[1] Mundanam daşary neşir o barada Rubini başdan-aýak onuň binýat edendigini, Rostow futbol klubynda onuň aýlygy tölenmeýän oýunçylar bilen ikinji diwiziýa düşmegiň bosagasyndaky topar bilen 2-nji orny almagynyň mugjyzadygyny belläp geçýär.


Kazan merkezli Sport Business Online neşiri Gurban Berdiýew-e "derrew netijä ýetip bilýän jadygöý" lakamy berilendigini belläp geçýär.[14] Dünýäniň in naýbaşy tälimçileri arasynda görkezilen Gurban Berdiýew Russiýa Premýer ligasy taryhyndaky iň beýik ussatlar arasynda hem görkezilýär.[Çeşme zerur]



Salgylanmalar[üýtget | edit source]

  1. 1.0 1.1 1.2 FourFourTwo-nyň 2017nji ýylda Dünýäniň iň gowy 50 tälimçisi: 40-36. fourfourtwo.com. Ulaşylan senesi: 11/10/2019
  2. 2.0 2.1 Gurban Berdiýew bilen söhbetdeşlik - Russia Today, ulaşylan senesi: 11/10/2019
  3. "Пазл "Курбан Бердыев"". gorodn.ru. Ulaşylan senesi: 11/10/2019
  4. Игнатов, Данила. "Бердыев, которого вы не знали. 13 историй о тренере "Ростова"". www.championat.com.
  5. "Чемпион.ру". sovsport.ru. Ulaşylan senesi: 30/06/2017
  6. https://russianfootballnews.com/berdyev-interview-part-four/ . Ulaşylan senesi: 11/10/2019
  7. "Указ Президента Российской Федерации". pravo.gov.ru. 2013-nji ýylyň 30-njy dekabrynda asyl nusgasyndan arhiwlendi. Ulaşylan senesi: 30/06/2017
  8. Rostow-yň baş tälimçisi Gurban Berdiýew (Rus dilinde). Rostov Fk. Ulaşylan senesi: 18/12/2014.
  9. Gurban Berdiýew, Rostow-a hoş geldiňiz! (Rus diliinde). FC Rostov. Ulaşylma senesi: 01/06/2017
  10. Gurban Berdiýew Rostow FK-nyň wise-prezidentligine we tälimçiligine bellendi (Rus Dilinde). Ulaşylan senesi: 09/09/2016
  11. Gurban Berdiýew Rubine ýolbeletlik eder. (Rus dilinde) Ulaşylan senesi: 09/06/2017
  12. Ähli zat üçin minnetdar, Gurban Bekiýewiç! (Rus dilinde). Ulaşylan senesi: 05/06/2019
  13. https://russianfootballnews.com/an-interview-with-kurban-berdyev-part-one-i-rate-maurizio-sarri-higher-than-guardiola/ Ulaşylan senesi: 11/10/2019
  14. Gurban Berdiýew bilen söhbetdeşlik, 2-nji bölüm. (Iňlis dilinde) russianfootballnews.com. Ulaşylan senesi: 11/10/2019.