Gara Batyr
Gara Batyr |
Gara Batyr beg Bäherden etrabynyň Ýarajy obasynda dogulýar. Gökdepe söweşine gatnaşan, mert urşujy, garadan gaýtmaz adam bolupdyr. Şonuň üçin il arasynda oňa Gara Batyr diýipdirler. Gara Batyr onuň edebi lakamy bolupdyr diýlip hasap edilýär. Ol Tekeleriň Bokurdak Gyzylgöz tiresinden bolupdyr. Gara Batyryň hormaty üçin «Gara Batyr beg» diýip ýazmaklygy makul bildik. Gara Batyr Gökdepe galada ýaşapdyr. Ol bugdaý reňk, gara gözli, at ýüzli, gaharjaň hem şol sanda gaharyny ýuwdup bilýän, elleri kuwwatly, orta boýly adam bolupdyr. Ruslar şol wagtlar Türkmen topragyna aýak basyp ýer asty baýlyklary barlamak üçin gelýärler. Emma Günbatar Hazar deňzine golaý ýaşaýan Türkmenler Ruslara garşy çykyp bilmeýärler. Häzirki Balkan welaýaty tutuşlygyna diýilen ýaly eýelenipdir. Netijede Häzirki Ahal, Mary, Daşoguz welaýatlarynda ýaşaýan Türkmenler bolsa Ruslara garşylyk görkezmekde tutuş Orta Aziýada aýratyn orny eýeläpdirler. Şol wagt Gökdepe galasyna ýygnanan birnäçe öýli Türkmenler Ruslara garşy aýaga galypdyrlar.
Molla Kömek.
Garanyň. Uly sülsat ýygnandy ol Diňlidepä,
Gara batyr at saldy duşmana ýeke, Yzynda galandyrdyr taýly gyzyl körpe, Durdygözel ýasyn tutsyn Garanyň.
Sag bolsun Amandurdy, Çarysy
Gara gitdi, Aňkar gitdi barysy, Ýüregini paralar Ene käbesi, Ýüreginden ody çykmaz Garanyň.
Ýaşyny sorasam otuz onunda,
Geňeşdary, deňi-duşy ýanynda, Behişdiň içinde, Hüýrler goýnunda, Salyngy düşegi, jaýy Garanyň.
Torgaýyň çöşmegi, Süntüň süýrüsi,
Bendesen jülgesi ýeriň niresi, Hazan urdy bagda gülüň miwesi, Il-ulusy ýasyn tutsyn Garanyň.
Molla Kömek, eder säher ser bilen,
Käşgä alyp bolsa jany zor bilen, Bir naçar galdy ýüz müň gam bilen, Ýedi ýyllap ýasyn tutsyn Garanyň.
Rowaýat
[düzet | çeşmäni düzet]Haçanda Ruslar Galanyň ýakynyna gelenlerinde Gara Batyr sap-sap düzülip duran Rus goşunynyň üstine ýeke özi gitmekçi bolupdyr, şonda: 一Ajal kastyňa çyksa,nirede bolsaňam tapar.Ajalyň ýetmese, her ýerde bolsaňam,her hili ýagdaýa düşseňem aman galarsyň —diýip,goja mergenleriň biri aýdypdyr.
—Hudaý öz amanadyny diňe gerek wagty alar,bu diňe onuň islegine baglydyr—diýip,ol sözüniň ahyrynda aýdypdyr.
—Eger men onuň amanadyny eltip öňünde goýsam, ol almazmy?—diýip, Gara Batyr sorapdyr.
—Beýdip bilmersiň—diýip, mergen jogap beripdir.
—Bu adamyň elindäki zat däldir.
—Ine şu gün, hut häziriň özünde men oňa amanadyny gowşuraryn. Ol islese-de bererin, islemese-de. Gara Batyr şeýle diýipdir-de, gala tarap gidipdir, sähel salymdanam atyna atlanyp gelipdir.Elindäki naýzasyny hem ýapyrybrak tutupdyr.Ol galanyň günorta derwezesinden geçip, onuň diwarynyň etegini syryp, oturan hem gyşaryp ýatan ýoldaşlarynyň ýanyna barypdyr. Olara:
—Görüň,men häzir hudaýa amanadyny tabşyrmaga gidýärin. Islese-de bererin,islemese-de—diýipdir. Onuň aýagynyň astynda ajaýyp doraty bar eken. Ol eýere tarap ýapyrylypdyr-da,atly Rus goşunyndaky kazaklara tarap ok ýaly atylypdyr. Yzynda galanlar oňa bilesigelijilik bilen syn edipdirler. Ruslaryň garymlaryndan ok atylmasy artypdyr.Kazaklar şol öňküsi ýaly topar tutup durmuşlar.Garabatyr olaryň ýanyna ýüzin salyp barypdyr-da,şobada ikisini atdan agdarypdyr. Uzakdan Gara batyryň hemme hereketini aç-açan synlamak mümkin bolmandyr,ýöne duşmanyň başyna düşen başagaýlyk gaty uly bolupdyr. Birnäçe kazak atdan agypdyr,birnäçesi bolsa atyny ýüzinsaldyryp gaçyp sypypdyr. Gara Batyr beg gala tarap yzyna dolanypdyr. Oňa tarap ok ýagdyrypdyrlar.Ol atyny peýwagtyna öňürdigine goýberip,galanyň diwaryna,gürrüňleşip bolar ýaly aralyga gelipdir. Şol ýerde hem ol atyndan agyp gaýdypdyr.Duşman oky degen pursatynda onuň ömür tanapyny şarta ýolupdyr. Gara Batyryň edermenligine haýran galyp duran ýoldaşlarynyň bar keýpi gaçypdyr,olar Gara Batyryň jesedini ýygnamagyň ugruna çykypdyrlar. Ol öz sözünde durdy, şehit boldy —diýip,ony göterip gelýänleriň biri aýdypdyr. Ajal onuň yzyndan ýetdi—diýip,Gara Batyryň jesedini getirmäge kömekleşip,onuň atyny iýdip gelýän gojamergen aýdypdyr. Hasrat uzaga çekmändir,şodemde gamgynlyk adamlaryň ýüzünden syrylypdyr.Sebäbi Garabatyr ençeme agyr günleriň hem gijeleriň azabyndan dynypdyr. Çaklamalara görä ol ölen wagtlary 29 ýaşynda eken. Onda Gökdepe söweşi 1879-1880-nji ýyllarda bolup geçen bolsa şol ýyllardan 29-30 ýyl aşak süýşsek onda Gara Batyr 1850-51-nji ýyllarda dogulan bolmaly.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]Maglumatlar: Gökdepe galasyna gatnaşan türkmen Seýitmyrat Öwezbaýyň gürrüňleri esasynda taýýarlanyldy.