Gün (ýyldyz)

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Gün

Gün (astr. ☉) — Gün ulgamynyň ýeke-täk ýyldyzy. Günüň daşyndan ol ulgamyň beýleki obýektleri bolan planetalar we olaryň hemralary, girdenek planetalar we olaryň hemralary, asteroidler, meteoritler, kometalar we kosmos tozany aýlanýar. Günüň massasy tutuş Gün ulgamynyň jemi massasynyň 99,866 %-ini emele getirýär. Günüň şöhlelenmesi Ýerde ýaşaýşyň bolmagyny üpjün edýär (fotosinteziň başlangyç stadiýasy üçin ýagtylyk gerek) we klimaty kesgitleýär.