Ýyldyz

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Alp daglarynda ýyldyzly asman, Şweýsariýa

Ýyldyz — jümmüşinde termoýadro sinteziniň reaksiýalary bolup geçýän (ýa-da öň bolup geçen), öz grawitasiýasynyň güýji bilen saklanýan, ýagtylyk goýberýän massiw gaz şary.

Ýere iň ýakyn ýyldyz Gün bolup, ol G spektral klasynyň adaty wekilidir. Ýyldyzlar grawitasion gysylmanyň netijesinde gaz-tozan gurşawyndan (esasan, wodorod bilen geliden) emele gelýärler. Ýyldyzlaryň jümmüşindäki maddalaryň temperaturasy million kelwin, ýüzündäki maddalaryň temperaturasy bolsa, müň kelwin bilen ölçelýär. Ýyldyzlaryň aglaba köpüsiniň energiýasy içerki oblastlarda wodorodyň geliýe öwrülmeginiň ýokary temperaturadaky termoýadro reaksiýalarynyň netijesinde bölünip çykýar. Ýyldyzlar ýygy-ýygydan Älem-jahanyň esasy jisimleri diýlip atlandyrylýarlar, sebäbi olar tebigatdaky ýagtylyk ýaýradýan maddalaryň esasy massasyny özlerinde saklaýarlar. Ýene bir bellärlikli mesele hem, ýyldyzlaryň otrisatel ýylylyk sygymy bardyr.

Uly Magellan Buludynda ýyldyzlaryň emele gelýän oblasty

Güne iň ýakyn ýyldyz Sentawr proksimasy bolup durýar. Ol Gün ulgamynyň merkezinden 4,2 ýagtylyk ýyly (4,2 ýgt. ýyly = 39 Pm = 39 trillion km = 3,9·1013 km) uzaklykda ýerleşýär.

Ýönekeý göz bilen seredilende (gowy görüş ýitiliginde) asmanda her ýarym şarda 3000 sanydan, jemi 6000 töweregi ýyldyz görmek bolýar. Ýerden görünýän ähli ýyldyzlar (şol sanda iň kuwwatly teleskoplar bilen görülýänler) galaktikalaryň ýerli toparynda ýerleşýär.

Şeýle hem[düzet | çeşmäni düzet]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]