Futbol boýunça dünýä çempionaty 1934

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Poster

Futbol boýunça ikinji çempionat 1934-nji ýylyň 27-nji maýy- 10-njy iýuny aralygynda Italiýada geçirildi.

Bu çempionat Ýewropada geçirilen ilkinji çempionatdyr. Bu çempionada 32 döwlet gatnaşmak isläp, teklip ugratdy. Döwletleriň örän köp bolmagy sebäpli ilkinji gezek Dünýä çempionatynda utulan çykdy (play-off) geçirildi. Soňky çempion Urugwaý Ýewropalylar hem biziň çempionadymyza gelmändi diýip ýaryşa gatnaşmady, elbetde beýleki Demirgazyk we Günorta Amerikaly döwletlere aranyň daş bolmagy sebäpli gitmek kyn boldy. Şonuň üçin Amerika materiklerinden örän az döwlet çempionatda çykyş etdi. Ondan başga hem bu çempionata Angliýa, Şotlandiýa, Demirgazyk Irlandiýa we Ueýls döwletleri gatnaşmadylar.

Öý eýesi Italiýa Gresiýa bilen utulan çykdy oýnady bu taryhda ilkinji gezekdir.(öý eýeleri utulan çykdy oýnamaýarlar). Bu çempionada 11 sany emin gatnaşdy. Olaryň iň yaş emini 28 yaş 224 gün ömürli Iwan Eklind-di.

Stadýonlar[düzet | çeşmäni düzet]

Bu çempionatda 8 stadýon ulanyldy:

  1. Boloniýa(iňlisçe Bologna) şäherindäki

Rekordlar[düzet | çeşmäni düzet]

-Dünýä çempionaty taryhynda ilkinji gezek Awstriýa bilen Fransiýanyň duşuşygynda (3:2) goşmaça wagt bellenildi.

-Italiýanyň we ABŞ-nyň ýygyndylarynyň oýnunda Italiýaly Anjelo Skýawio Dünýä çempionatlarynyň taryhynda 100-nji pökgini derwezeden geçirdi.

-Italiýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylarynyň oýnunda ilkinji deňme-deň oýun (1:1) hasaba alyndy.

-Ilkinji gezek final oýnunda Ýewropanyň iki ýygyndylary - Italiýanyň we Çehoslowakiýanyň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşyk 3:2 hasabynda Italiýanyň peýdasyna tamamlandy.