Şotlandiýa
Appearance
Şotlandiýa (Iňlisçe we Scots dilinde: Scotland, Şotland dilinde: Alba [ˈal̪ˠapə] (diňle)), Birleşen Patyşalyga degişli dört ýurtdan biridir. Şotlandiýanyň gury ýeri Beýik Britaniýa adasynyň demirgazyk üçden bir bölegini tutýar. Günorta-gündogarynda Angliýa bilen 154 km uzynlykda serhedi bar. Demirgazygy we günbatary Atlantik ummany bilen, demirgazyk-gündogary Demirgazyk deňzi bilen, günortasy bolsa Irlandiýa deňzi bilen gurşalypdyr.