Mazmuna geçiň

Futbol boýunça Dünýä çempionaty

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Futbol boýunça Dünýä çempionaty
Gurama guramasy:FIFA
Sebiti:Halkara
Toparlaryň sany:48 milli ýygyndy
Häzirki çempion: Ispaniýa (2-nji at)
Iň ýeňiji: Brazil (5 at)
Futbol boýunça dünyä çempionaty 2030

1930-njy ýyldan 2022-nji ýyla çenli Dünýä çempionatlarynyň 22-si geçirildi (2-nji jahan urşy zerarly, 1942-nji we 1946-njy ýyllarda çempionatlar geçirilmedi).

Olar her dört ýyldan bir gezek guraldy. Ikinji Dünýä çempionatyndan başlap, ýaryşlar iki tapgyrda: saýlama we final tapgyrlarynda geçirildi. Diňe birinji Dünýä çempionatynda saýlama ýaryşlar geçirilmedi.

Saýlama ýaryşlaryna jemi 208 milli ýygyndy topar gatnaşdy . Olaryň 81-si final ýaryşlarynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Birinji çempionata bary-ýogy 13 topar gatnaşan bolsa, 1998-nji ýylyň final ýaryşlaryna 32 topar gatnaşdy. Şunda diňe 11 ýygyndy topar final oýnunda çykyş etdi, olaryň 8-si futbol boýunça Dünýäniň çempiony boldy.

Final ýaryşlarynyň ählisine diňe Braziliýanyň ýygyndysy (22 gezek) gatnaşdy. Germaniýanyň ýygyndysy 21 gezek, Argentinanyň ýygyndysy 19 gezek, Italiýanyň ýygyndysy 17 gezek, Meksikanyň ýygyndysy 17 gezek, Angliýanyň, Fransiýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary bolsa, 16 gezek gatnaşdylar.
Ýewropanyň toparlary 12 gezek, Günorta Günorta Amerikanyň ýygyndylary bolsa, 10 gezek Dünýä çempionatynda ýeňiji boldy. Dünýä çempionatlarynyň final oýunlaryna iň köp gatnaşan ýygyndylar Germaniýanyň we Braziliýanyň ýygyndylarydyr. Olar degişlilikde 8 we 7 gezek final oýnunda çykyş etdiler.

Dünýänyň futbol çempionlarydyr

[düzet | çeşmäni düzet]
Millitopar Çempionlar
Braziliýa5 (1958, 1962, 1970, 1994, 2002)
Italiýa4 (1934, 1938, 1982, 2006)
Germaniýa4 (1954, 1974, 1990, 2014)
Argentina3 (1978, 1986, 2022)
Urugwaý2 (1930, 1950)
Fransiýa2 (1998, 2018)
Ispaniýa2 (2010, 2026)
Angliýa1 (1966)

Oýunçylar rekortlary

[düzet | çeşmäni düzet]

Iň köp gezek çempion bolan

[düzet | çeşmäni düzet]
San Oýunçy Çempionaty
1 Pele3
2 Luis Ronaldo2
Kafu
Garrinça
Didi
Mario Zagalo
Gýyussepe Meaza
Gwýido Masetti
Eraldo Monzeglio
Daniel Pasarella

Ähli döwürleriň iň köp gol geçiren oýunçylary

[düzet | çeşmäni düzet]
San Oýunçy Gol
1 Kylian Mbappe22
2 Lionel Messi21
3 Miroslaw Klos16
4 Luis Ronaldo15
5 Žead Mýula14
Heýrry Keýn
7 Yust Fonten13
8 Pele12
9 Şandor Kosik11
Ýiurgen Klinsmann
Kriştiano Ronaldo