Braziliýa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Braziliýa
Braziliýanin baýdagy Braziliýanin gerbi
Baýdak Gerb
Location Brazil.svg
Paýtagt Brasília
Prezident Michel Temer
Dil Portugalça
Gimn Hino Nacional Brasileiro
Meýdany 8 514 877 km²
Ilat
 – ilat/km²
189 970 841
 22/km²
Garaşsyzlyk 7 Septembýar 1822
Pul real
Wagt UTC -2 — -5
Telefon kod +55
Internet TLD .br

Braziliýa, resmi ady Braziliýa Federatiw Respublikasy (port. República Federativa do Brasil, diňle ) — meýdany we ilaty boýunça Günorta Amerikada iň uly döwlet.

Umumy maglumat[üýtget | edit source]

Günorta Amerikadaky iň uly döwlet. Meýdanynyň ululygy boýunça dünýäde bäşinji döwletdir. Paýtagty — Brazilia şäheri. Braziliýanyň gündogar we günorta-gündogaryny Atlantik ummanynyň suwlary ýuwýar. Demirgazykda Gaýana, Wenesuela we Surinam, demirgazyk-günbatarda Kolumbiýa, günbatarda Peru we Boliwiýa, günorta günbatarda Argentina we Paragwaý we günortada Urugwaý bilen araçäkleşýär. Nominal jemi içerki önümiň möçberi boýunça dünýäde ýedinji orny eýeleýär. Braziliýa BMG-niň we G-20-iň agzasydyr. Braziliýa 26 ştata we 1 federal okruga bölünýär.

Döwlet gurluşy[üýtget | edit source]

Federatiw respublikadyr. Döwlet, hökümet baştutany prezidentdir. Ol 4 ýyllyk möhlet bilen Milli kongresde saýlanýar. Ýokary Kanun çykaryjy organy iki palatadan: deputatlar palatasyndan we senatdan ybarat bolan Milli kongresdir.

Tebigaty[üýtget | edit source]

Ýer üstüniň gurluşy boýunça ol Amazonka pesligi we Braziliýa tekiz daglygy diýen tebigy raýonlara bölünýär. Braziliýanyň geologiki gurluşy hemme ýerinde bir meňzeş däl. Braziliýa tekiz daglygy dokembriý kristallik jynslardan düzülendir. Amazonka pesligi, esasan, çökündi jynslardan emele gelipdir. Gazylyp alynýan peýdaly zatlary: daş kömür, demir magdanlary, marganes, polimetallar, fosforit, nebit. Braziliýa tutuşlygyna günorta tropikde ýerleşip, onuň çygly tropiki klimaty bar. Braziliýada howanyň temperaturasy hemme ýerinde bir meňzeş däl.

Amazonka pesliginde ýanwaryň ortaça C-sy +23°, günortasynda belent massiwde iýulyň (gyş) ortaça temperaturasy +12-14°. Ortaça ýyllyk ygal 1500—2000 mm, deňiz kenarlarynda bolsa 3000 mm golaý. Iň uly derýalary: Amazonka (goşantlary bilen), Parana, San-Fransisku, Parnaiba. Bular gämi gatnawly, suwaryş we gidroenergetik ähmiýetlidir. Ýurt tokaýlara baý. Amazonka pesligini çygly ekwatorial (gileýa ýa-da selwas) tokaýlary, Braziliýa tekiz daglygyny bolsa sawannalar (kampos—serrados) tutýar. Braziliýada haýwanlaryň dürli görnüşleri (maýmynlar, murawýedler, düýeguşlar, gemrijiler we ş.m-ler) duş gelýär. Alymlaryň hasaplamalaryna görä ösümlikleriň we ahýwanlaryň  mln-a golaý görnüşi bardyr.

Demografikasy[üýtget | edit source]

Ilatyň 95%-den gowragy braziller. Ilatynyň tebigy artyş depgini gaty ýokary. Ilatynyň ýarpysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Iň uly şäherleri San-Pauluda 11 mln. 839 müň (2011), Rio-de-Žaneýroda 6 mln. 335 müň (2011) adam ýaşaýar. Döwlet dili portugal dilidir. Ilatynyň tebigy artyş depgini 1.166%.

Taryhy[üýtget | edit source]

Braziliýa 1500-nji ýylda portugaliýaly deňizde ýüzüji Pedru Kabral tarapyndan açyldy we 16-njy asyryň I ýarymynda Portugaliýa tarapyndan okkupirlendi. Ýerli ilatyň ep-esli bölegi gyryldy. Plantasiýalarda işletmek üçin Afrikadan negr gullar getirilipdir. 19-njy asyryň başynda (1822) Braziliýa özbaşdaklyk gazandy emma gulçulyk 19 asyryň ahyryna çenli dowam etdi. 1889-njy ýyl15-nji noýabrynda Braziliýa federatiw respublika boldy. Braziliýada iňlis kapitaly agalyk sürüpdir, 20-nji asyryň başynda Braziliýanyň ykdysadyýetine Amerikan kapitaly aralaşdy we iňlis agalygyny gysmaga başlady. 1922-nji ýylda Braziliýa Kompartiýasy döredildi. 1924-nji ýylda L. K Prestesis ýolbaşçylygynda San-Paulu garnizonynyň gozgalaňy bolýar. 1930-njy ýylda harby agdarylyşyk netijesinde Braziliýada Ž. Wargasyň diktaturasy berkarar edilýär. II Jahan urşundan soň Braziliýada progressiw güýçleriň täsiri ýaýrap başlaýar. 1945-nji ýylyň 2 aprelinde SSSR bilen Braziliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýulýar. 1947-nji ýyloktýabrynda general Dutranyň reaksion hökümeti SSSR bilen diplomatik gatnaşyklary kesýär. Kompartiýany gadagan edýär. Ýurda amerikan kapitalynyň aralaşmagy güýçlenýär. 1951-nji ýylda Wargasyň hökümeti gaýtadan häkimiýet başyna geçýär. Ol daşary ýurt monopolistlerini çäklendirýän çäreleri durmuşa geçirip başlaýar. 1960-njy ýylda häkimiýet başyna Ž. Kuadrosyň hökümeti gelýär, emma ol ýurduň reaksion güýçleriniň zor salmagy zerarly 1961-nji ýylyň awgustynda iş başyndan aýrylmaga mejbur bolýar. Konstitusiýa boýunça onuň ýerini işçiler partiýasynyň lideri, wise-prezident Ž. Gulart eýeleýär. 1961-nji ýylda SSSR bilen Braziliýanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar dikeldilýär. Ž. Gulart (1961—64) käbir demokratik reformalary geçirip ugraýar. Emma reaksion güýçler birleşip, harby agdarylyşyk geçirýärler. General U.Kastelu Branku wagtlaýyn prezident bolýar. Ž. Gulartyň hökümetiniň çykaran dekretleri ýatyrylýar. Braziliýanyň ykdysadyýetine amerikan kapitalynyň aralaşmagy üçin giň ýol açylýar. 1967-nji ýylyň martynda prezidentlige general A. da Kosta-e-Silwa geçýär. Onuň hökümeti reaksion syýasat alyp barýar, ABŞ-nyň agressiw syýasatyny goldap çykyş edýär. 1966—69 ýyllarda SSSR-iň Braziliýa 100 mln dollarlyga çenli maşyn we enjam satmagy barada ylalaşyk gazanylýar. Soňky aýlarda Braziliýanyň senagatynyň ösüşinde käbir öne gidişlikler duýulýar, emma maşyn gurluşygy, dokma senagaty önümçiligi ep-esli pese düşýär. Oba-hojalyk önumçiliginiň ösüş depgini gowşaýar. 1974-nji ýylda general Ernesto Geýzel prezident bolýar we demokratik döwlet gurmak taslamasyny işe goýýar. Muňa garamazdan tä 1985-nji ýyla çenli režim dowam edýär.

Senagaty[üýtget | edit source]

Braziliýa agrar-industrial ýurt. Oba-hojalyk önümçiliginiň möçberi 31%, senagatyňynky 24%. Amatly tebigy şertler ekinlerden ýylda 2 gezek hasyl almaga mümkinçilik berýär. Braziliýa kofe öndürmekde we ony eksportirlemekde dünýäde 1-nji orunda durýar. Kofe plantasiýalary 3,6 mln. ga meýdany tutup, ýylda ortaça 2—3 mln. T kofe öndürýär. Esasy kofeçilik ştatlary: Parana, San-Paulu, Espiritu-Santu. Braziliýada kakao, gowaça, şeker çiňrigi, apelsin, şaly, temmäki, mekgejöwen, bugdaý hem ekilýär. Mallardan doňuzlar, dowarlar, gara mallar, gylýallar idedilýär. Braziliýanyň öseň magdan senagaty bardyr. Elektrik energiýasynyň köp bölegini gidrostansiýalar berýär. Ýurtda gara we reňkli metallurgiýa, maşyn gurluşygy, himiýa, ýeňil we azyk senagat pudaklary ep-esli orun tutýar. Häzirki zaman dünýäsinde demir magdanynyň esasy zapaslary boýunça Hytaý we Russiýadan soňra Braziliýa üçünji orny eýeleýär. Galaýy çykarmakda Braziliýa dünýäniň baş öndürijileriniň hataryna girýär. Marganes we seýrek duş gelýän metallaryň zonasy boýunça ýurduň tebigy baýlyklarynyň dünýä ähmiýeti bar. Senagatyň iň ösen ştatlary: San-Paulu, Guanabara we Rio-de-Žaneýro. Demir ýollaryň uzynlygy 30875 km, awt. ýollar 1.98 mln. km, derýa ýollary 35 müň km. 2500 sany aeroport bar. Braziliýa 5 ykdysady geografik raýona bölünýär: 1) Demirgazyk-Gündogar 2) Günorta-Gündogar 3) Günorta 4) Demirgazyk 5) Merkezi Günbatar.

Saglyk syýasaty[üýtget | edit source]

2010-njy  ýyldaky görkezijilere görä her müň adama 18.11 çaga dogulýar we 6.35 adam ölýär; her müň diri dogan bäbekden 21.86-sy ölýär. Halkyň ortaça ömri 72.26 ýaş. (erkekleriňki 68.7 ýaş, aýallaryňky 76 ýaş).

Çeşmeler[üýtget | edit source]

  1. Öräýew N., Batyrow A. “Dünýäniň ykdysady we sosial geografiýasy, IX klass”.  Aşgabat “Magaryf”,1997.
  2. Türkmen Sowet Ensiklopediýasy, Tom 1, sah.397-399