Breg

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Breg Germaniýanyň Baden-Württemberg federal ştatynda ýerleşýän derýadyr. Ol Dunaý derýasyny emele getirýän iki derýanyň uzyny bolup durýar. Ol öz sakasyny Schwarzwald tokaýynda deňiz derejesinden 1078 m beýiklikden alyp gaýdýar. Breg derýasy Furtwangen bilen Vöhrenbachyň içinden akyp geçýär. 49 km geçensoň, ol Donaueschingen şäherinde Brigach derýasy bilen goşulyşyp, şol ýerden başlap Dunaý derýasy diýlip atlandyrylýar.

Dunaý derýasynyň esasy başlangyç akabasy bolan Breg derýasynyň gözbaşy

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]