Aziýa oýunlary

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Aziýa oýunlarynyň resmi logosy

Aziýa oýunlary Aziýa yklymynyň iň uly sport çäresidir. Ilkinji gezek 1951-nji ýylda Hindistanyň paýtagty Täze Delide gurnaldy. Azi­ýa oýun­la­ry 1982-nji ýy­la çen­li Azi­ýa oýun­la­ry Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (AGF) ga­ra­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýärdi. 1982-nji ýylda Aziýa oýunlary Federasiýasy ýatyrylyp oňa derek Aziýa Olimpiýa Geňeşi guruldy we Aziýa oýunlary AOG gözegçiliginde gurnalýar. AOG-nyň merkezi edara binasy KuweýtKuweýt şäherindedir we bu gurama degişli 45 sany Milli olimpiýa komiteti bardyr. Şu wagta (11/08/2018) çenli 17 Aziýa oýunlary gurnaldy we 17-sine hem gatnaşan 7 ýurt bardyr: Hin­dis­tan, In­do­ne­zi­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Şri Lan­ka, Fi­lip­pin­ler, Sin­ga­pur we Tai­land. Aziýa oýunlary maksatnamasynda 50-ä golaý sport görnüşi bardyr.

Esaslandyrylmagy we taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Ilkinji Aziýa oýunlarynda Hindistanly türgenler

Aziýa oýunlaryndan ozal bu yklymda Uzak Gündogar çempionaty geçirilýärdi. Bu çempionat 1913 we 1934-nji ýyllar aralygynda 10 sapar gurnaldy.

1948-nji ýyl­da Lon­don­da ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da Azi­ýa yk­ly­myn­dan ba­ran ýurt­la­ryň we­ki­li­ýe­ti öza­ra mas­la­hat ge­çir­di. Şol mas­la­hat­da-da Hytaýly we Filippinlilerli wekiller Uzak Gün­do­gar çem­pio­na­ty oýun­la­ry­ny tä­ze­den di­kelt­mek ba­ra­da ylalaşdylar. Ýöne Hin­dis­ta­nyň şol wagt­ky Ýe­ňil at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Gu­ru Dutt Sond­hi mu­ňa öz nägileligini bildirip, oýun­la­ryň çägine tu­tuş yk­ly­myň ýurt­la­ry­nyň-da de­giş­li edil­me­li­di­gi ba­ra­da­ky tek­lip bi­len otu­ran­la­ra ýüz­len­di. Şeýlelikde, Aziýa oýunlary döredildi.1949-njy ýy­lyň 13-nji few­ra­lyn­da Azi­ýa Oýun­la­ry Fe­de­ra­si­ýa­sy dö­re­dil­di. Azi­ýa oýun­la­ry­nyň il­kin­ji­si­niň gu­ra­ma­çy­ly­gy-da Tä­ze De­li şä­he­ri­ne yna­nyl­dy.

Azi­ýa oýun­la­ry­na kä­bir döw­let­ler dür­li se­bäp­ler­den gat­naş­ma­ýar. Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da öň­de­ba­ry­jy Hy­taý 1974-nji ýyl­da­ky oýun­lar­dan soň go­şu­lyp baş­la­ýar. Di­ňe 5 Azia­da gat­na­şan Ys­ra­ýyl sy­ýa­sy se­bäp­ler ar­ka­ly 1994-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­nyň Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti­niň ag­za­ly­gy­na geç­ýär. De­mir­ga­zyk Bor­neo, Sa­ra­wak ýa­ly şol wagt­ky ada­lar (hä­zir­ki gün­de In­do­ne­zi­ýa­nyň çäk­le­rin­de) hem kä­bir oýun­la­ra gat­naş­ýar. Ir­ki ýyl­lar­da Şri Lan­ka Seý­lon, Ma­laý­zi­ýa Ma­la­ýa, Mýan­ma Bir­ma, bel­li bir dö­wür­de-de Kam­bo­ja Khmer Res­pub­li­ka­sy at­la­ry bi­len oýun­la­ra we­kil­çi­lik ed­ýär. Şol san­da Wýet­nam hem Gün­do­gar Wýet­nam, Ýe­men döw­le­ti-de bir­leş­ýänçä De­mir­ga­zyk Ýe­men hem-de Gü­nor­ta Ýe­men di­ýen at­lar bi­len Azi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­ýar. Azi­ýa oýun­la­ry­na Or­ta Azi­ýa döw­let­le­ri 1994-nji ýyl­dan bä­ri we­kil­çi­lik edip gel­ýär. Şeý­le-de Azi­ýa oýun­la­ry­nyň iň soň­ky bo­lup gat­na­şan Gün­do­gar Ti­mor (Ti­mor-Les­te) döw­le­ti­dir (2002).

Statistikalar[düzet | çeşmäni düzet]

  • Mun­dan öň­ki 17 Azi­ýa oýun­la­ry­nyň äh­li­si­ne 7 ýurt gat­naş­dy. Olar Hin­dis­tan, In­do­ne­zi­ýa, Ýa­po­ni­ýa, Şri Lan­ka, Fi­lip­pin­ler, Sin­ga­pur we Tai­land döw­let­le­ri­dir.
  • Gü­nor­ta Ko­re­ýa, Ma­laý­zi­ýa, Pa­kis­tan, Mýan­ma hem-de Gon­kong 16 ge­zek gat­na­şyp, di­ňe birinde çy­kyş edip bil­me­di.
  • Nepal Aziýa oýunlarynyň 15-sine gatnaşdy.
  • Aziýa oýunlary iň köp Taýlandda geçirildi, 4 gezek. Aziýa oýunlary Günorta Koreýada 3 gezek, Hytaý, Hindistan we Ýaponiýada 2 gezek geçirildi.
  • Şäherler babatda Aziýa oýunlarynyň iň köp geçirilen ýeri Taýlandyň paýtagty Bangkok-dyr, 4 gezek. Aziýada Täze Delide we Jakartada 2 gezek geçirildi.
  • Mal­diw­ler, Bu­tan we Gün­do­gar Ti­mor döwletleri Aziýa oýunlarynda entek medal gazanyp bilmedi.
  • Ne­pal, Ow­ga­nys­tan, La­os, Bru­neý, Ýe­men hem-de Pa­les­ti­na Aziýa oýunlarynda altyn medal gazanyp bilmedi.
  • Azi­ýa oýun­la­ryn­da iň köp al­tyn me­da­ly, umu­my­lyk­da-da iň köp me­da­ly hy­taý­ly tür­gen­ler ga­zan­dy­lar. Iň köp kü­müş we bü­rünç me­da­ly-da ýa­pon­lar al­dy. Me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da 3 döw­let — Hy­taý, Ýa­po­ni­ýa, Gü­nor­ta Ko­re­ýa her­si aý­ra­tyn­lyk­da 2000-den köp me­dal ga­zan­dy.

Çeşme[düzet | çeşmäni düzet]

Aziýa oýunlary barada gysgaça Archived 2018-08-15 at the Wayback Machine - Zaman Türkmenistan gazeti onlaýn hyzmaty, 11/08/2018. 12/08/2018 senesinde ulaşyldy.