Atajan Tagan
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Atajan Tagan | |
Atajan Tagan | |
Doglan wagty we ýeri | Maý 15, 1940 Murgap etraby, Mary welaýaty, Türkmenistan |
---|---|
Käri | ýazyjy |
Dili | türkmençe |
Milleti | türkmen |
Žanrlary | Roman, kyssa, esse |
Edebi hereket | Realizm |
Esasy eserleri | Lal perişde Aglasy gelýäň ak bulut Gowşut Han Keseki 40 ýylda ýazylan kitap |
Atajan Tagan, Türkmenistanly ýazyjy.
Ömri we döredijiligi
[düzet | çeşmäni düzet]Ussat ýazyjy Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda, Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Murgap etrabynda daýhan maşgalasynda dünýä indi. Kakasy Tagan Öwez 1943-nji ýylda Beýik Watançylyk urşynda Orýol şäherinde wepat boldy. Geljekki ýazyjy Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebi tamamlady. Okuwynyň arasynda iki ýyl Sowet goşunynyň hatarynda gulluk etmek bilen 1967-nji ýylda Moskwanyň Edebiýat institutyny tamamlady. Şol ýyl hem Türkmenistan Ýazyjylar guramasy ony SSSR Ýazyjylar birleşigine türkmen edebiýaty boýunça geňeşçi wezipesine Moskwa şäherine işe ýollady we şol ýerde ol 1993-nji ýyla çenli, Türkmenistana gaýdyp gelýänçä işleýär.
Atajan Tagan türkmen, rus, bolgar, täjik, gyrgyz dillerinde jemi 620.000 ekz. tiraž bilen çap bolan 15-den gowrak kitabyň awtory. Onuň iň gowy powestleri we hekaýalary “Družba narodow”, ”Ogonýok”, “Znamýa”, ”Oktýabr” ýaly meşhur jurnallarda çap edildi, hekaýalarynyň birnäçesi ( esasanam “Uruş haçan gutarýar” hekaýasy) dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edildi. Hekaýa janrynyň ussady hökmünde A.Taganyň Berlinde, Budapeştde ýörite “Hekaýa agşamy” geçirildi.
A.Taganyň eserleriniň esasynda “Babagambaryň gaýdyp gelmegi”, “Takdyr”,”Tentek”,“Ogul”(“Ak maýanyň ýoly”) çeper filmleri surata düşürildi, ”Söýgüniň haky üçin” (“Uruşdan soňky söweş”), “Padymanyň tallary”, “Gaýnene“ (“Gaýnene” Gyrgyzystanda hem oýnaldy), “Iň owadan gyz” spektakllary teatrlaryň sahnasynda goýuldy. Onuň “Keseki” (“Pereňli ýesiriň ýatlamasy”) taryhy romany esasynda döredilen spektakl köp ýyllar bäri Aşgabadyň A.S. Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynda sahnadan düşmän gelýär.
Atajan Tagan Jek Londonyň, E. Hemingueýiň, Ç. Aýtmatowyň, W.Rasputiniň, I.Turgenewiň, M. Lukoniniň, W. Şukşiniň hem başga-da birnäçe rus ýazyjylarynyň eserleri bilen türkmen okyjylaryny tanyşdyrdy.
A.Tagan Halkara ýazyjylar birleşiginiň agzasy. Ol türkmen-rus medeni gatnaşygynyň ösmegine goşan goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň permany bilen “Russiýa Federasiýasynyň at gazanan medeniýet işgäri” diýen hormatly at berilen ilkinji türkmenistanlydyr. Kino hem teatr suhgaty ugrunda bitiren işleri üçin Tükmenistanyň Prezidentiiň permany bilen A.Tagana “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly at berildi. Häzirki wagtda ýazyjy "Dünýä edebiýaty" žurnalynda işleýär. Bu ýerde häli-şindi onuň dünýä edebiýatynyň dürdäne eserlerinden eden terjimeleri çap edilýär. Ýakyn wagtda ýazyjy Özbegistanyň "Johon edebiýoty" žurnalynda özüniň "Keseki" atly täze döreden taryhy-dokumental eserini çap etdirdi. Bahym bu eser kitap bolup, türkmen okyjylaryna-da ýetiriljekdigi şübhesiz. Ondan daşary hem Garagum žurnalynda ýazyjynyň "40 ýylda ýazylan kitap" atly gündelik-essesinden parçalar çap edilýär.
Eserleri
[düzet | çeşmäni düzet]- Sallançak mukamy, powest
- Lal perişde, powest
- Aglasy gelýäň ak bulut, powest
- Aýylganç baharyň jybarly güni, powest
- Serwi gelin ( “Uruşdan soňky söweşiň” täzeden ýazylan nusgasy) powest
- Ýalňyzlyk, powest
- Jennet derwezesiniň açary, powest
- Ogul, (Gyzdurdy enäniň ogly) powest
- Hasaplaşyk pursaty, powest
- Mähnet dünýädäki kiçijik jaý, powest
- Keseki (Pereňli ýesir), roman
- Gowşut han ( “Saragt galasynyň” täzeden işlenen nusgasy)
- 40 ýylda ýazylan kitap, ýatlama—esse
Hekaýalar:
- Uruş haçan gutarýar
- Ýekşenbe güni öýleden soň
- Sazyň piri nirede
- Ýedi derýanyň aňyrsynda
- Kim günäkär?
- Goňşy gelin
- Hojaýyn
- Şol agşam ýagyş ýagypdy
- Awda
- Goja, çoluk, Garagöz
- Wekil ýegen ogul öýerýär
- Gara garganyň gözlegi
- Possun
- Nowruzda satylan gyzyl alma
- Çekir Goşanyň aladay
- Leksiýa
- Sergin şemal
- Gara pagta
- Ülker bireýýäm ýaşypdy
- Gara seçekli arzan ýaglyk
- Hajy aga
- Ak çeşmäniň aýdymy
- Annagül
- Gara dogan
- Ýazylmadyk hat
- Bossan ene
- Üç aýlyk bagt
- Ykbal köçesi
- Galada
- Köne goňşy
- Ýekegöz
- Halanmaýan adam
- Ajal bilen duşuşyk
- Gijeki waka
- Hassalyk
- Süýji kekre
- Iň soňky kempir
- Gök derwezä barýan köçe
- Toýçy
- Otly geçip barýar
- Ägä
- Tersmaňlaý
- Bugdaýreňk gyz
- Ahyrzaman
- Sähra balasy
- ”Tamdyr”
- ”Kleptomaniýa”