Gowşut Han
Gowşut Han 1823-nji ýylda belli Türkmen serkerdesi Öwezdurdy batyryñ maşgalasynda dünýä inýär.Öwezdurdy batyryñ 5 ogly bolup,olaryñ iñ ulusy Gowşut,iñ kiçisi Hojaguly Handyr.
Gowşut Hanyñ perzentleri:Baba Han,Nobat Han, Baýramaly Han,Hüjrep Han,Halli Han,Sary Han,Düzü(gyz). Hojaguly Hanyñ ogullay:Pena,Orazmuhammed arçyn,Ata.Penanyñ ogullaryn: Aşyr,Durdy,Aga.
Gowşut Hanyñ uly ogly Baba Handan:Täç Han,Sapar,Baýramalydan:Eýüp,ondanam Annamyrat,Durdymyrat, Nurmyrat; Hüjren Handan:Bähram,Enwer,Annadurdy; Nobat Handan; Dostmämmet Ondanam:Handurdy; ondanam:Ata; Hally Handan:Ata Han,ondanam: Nepes,Baýly,Oraz önýär.Gowşudyñ uly ogly Baba Han soñ-soñlar Polkownik çinini alypdyr.
Umuman Gowşut Hanyñ nebereleri häzir Ahalda,Maryda we Türkmenistaniñ beýleki ýerlerinde ýaşap ýörler.
Gowşut Hanlaryñ tiresi:Teke –Togtamyş – Beg – Gökje – Ýary gökje – Çumalak-Çüri. Gowşut Han Tegelekden ak ýüzli,ortadan ýokarrak boýly,Eginlek,dolmuş göwreli,goýun gözli,Giñ mañlaýly, Gaşlakrak,süñkbaşy iri,Örän akylly-paýhasly,demir bedenli,ýolbars ýürekli,Towşan tüýli,Tizpähim, Herben hem çykymly adam bolupdur.
18-nji asryñ başlarynda Ahal arkajynyñ çarwalarnyñ mal-garalarnyñ köpelmegi,örüleriñ ýetmezligiñ, ýyllaryñ gurak gelmegi ýaly sebäplere görä,Teke Türkmenlerniñ bir bölegi kem-kemden kaka sebitine süşýär.
Ol ýerlerde Eýranly talañçylaryñ çozuşlaryñ zerarli rahatlyk bolmansoñ,olar häzirki Gowşut obasynyñ 25 km-e golaý demirgazagyna göçüp barýarlar.Ol ýerde 5 topara bölnüşip 5 sany Gala,Heññam, Akja,Garaja, Garahan, (torly),Gumgala,ýaly galalar salýarlar.Olara bäşgala ýa-da Bäşgala zamany diýip at berýärler. Galalaryñ 5-isine-de bir ýerden suw çekýärler.
Bäşgaladaky Tekeleriñ üstüne Eýranly alamançylar häli-şindi Çozup,olaryñ suwlaryny kesip durupdyrlar. olara ynjylyk bermändirler.Ahally aksakgallaryñ we kethudalaryñ maslahaty bilen Hojamşükür 1823 we 1925-nji ýyllarda olary bäşgaladan Sarahsa göçürýärler Ilki tire-Gala serdarlary bolan Gowşut soñra Hojamşüküre baş serdary bolýar.1853-nji ýylda bolsa Hojamşüküriñ ýerine Gowşut Hanlygy göterilýär.
Gowşut Han Eýranyñ howpunyñ güýçlenmegi sebäbli,Sarahs-da Gala saldyryp başlaýar.Emma Hojamşükür ýaşuly gala salynmagyna garşy bolýar we sözi ýer almansoñ,Gowşutdan we onuñ wekillerinden öýkeläp,Tejen aýagyna üçburç diýen ýere gidýär. Soñra ol Hiwa baryp,Hana ýagdaýy aýdýar. Öñki 4-5 gezegki çozyşyndanam armanly Mädemin Han yrsaryp,goşun çekip,Sarahsa gaýdýar.Gaýtmazynyñ öñüsyrasynda Köneürgençde medresede sapak berip ýören Gurbannazar molla ogly Ak işany çagyryp,oña Sarahs Tekelerini gyrjakdygyny aýdan-da Ak işan:
-- Hiç bir häkim öz raýatynyñ üstüne goşun çekýän däldir.olar syzyñ ata-babalarñyz bilenem süññi bolanyñyz üçin raýatlygy saklap,Garagumyñ goraýjylary,galkany bolupdyrlar.Sizi garşydaky uly duşmanlarymyz bolan Eýran Şahlardan gorap saklapdyrlar,henizem şeýle.Siz bi päliñizden el göteriñ! Eger günäkärleri bar bolsa, olary jezalandyryñ,temmi beriñ! Ýöne öz raýat il-halkyñ üstüne goşun çekip jezalandyrmañ! Bu gabahat bolar.
Bet päliñizden el çekiñ! – diýýär.
Ak işanyñ özüniñ sypaýylary bilen maslahatlaşyp,üç gezek töwella edip,Garagumdan(Tejen aýagyndan) getirdişi,onuñ öz döwriniñ iñ uly ylym ussadydygy hem-de öz islegi boýunça Köneürgençde(gadymy Horezym) medresede sapak berýändigi,aram-aram özüniñem ondan sapak alyp durýandygy ýadyna düşsede gahar-gazabyna bäs gelip bilmedik Han:
-- Ýok,Tagsyr,eger hezreti pälwan babam menden bolsa,bu pälimden el çekmen – diýýär.Emma Ak işan suwuk ganlyk bilen:
-- Han, Pälwan babañam-a bolsa bardyr welin, hasasyny tyrkyldadyp,çepegini şyrkyldadyp,Hasym şahama ondan galmasa gerek.Beýleki ýatan tümmeglerimiz hem hallamaz.Şo-ol ýatan gerçeklerem,öwülýälerem, atañyzam unutmaweriñ! – diýip,gadymy 360 öwülýä we Burkut baba gonamçylyklaryna nazaryny aýlaýar . Gazaby ýerine uran Mädimiñ:
-- Halamasalar,goý,halamasynlar,şolaryñ barysam-gyzylmamam,Keremende Soltan baba adyny alyp,uly zyýarathana öwrilen Hasym Tekede (olar Hasym şeýha şeýle diýer ekenler),düýe boýun (Ulug baba) öwilýäside sizden.—diýende,Ak işan ellerini daldarydyp:
-- Haý, goý,munuñ hudaýdan daş çykmakdyr—diýýär.
Emma gahar-gazabdan akyl gözüni kör eden Hanyñ sesi öñkidende beter batlanyp:
-- Hawa, ahun-işan! Barysy-da sizden.Hudaýam sizden bolsun!
Diýende,Ak işan onuñ soñki aýdan sözlrini eşitmejek bolup,ellerini gulaklaryna ýetirip,kyblasyna bakýar-da : „ Enşalla barysy bizdendir “—Diýip,sena sanap başlaýar.
Öz ussady—mugallamy bilen tersleşen Han tizden goşun jemleýär.Azyk-suwluklaryny kerwnlere ýükläp,Sarahs tarapyna ugramakçy bolanda,ýagny bir aý wagt geçen soñ,ýene-de Köneürgençden Ak işany çagyryp oña:
-- Tagsyr biz gelýänçäk, siz Hiwa Tagtynyñ-köşginiñ ýanynda boluñ!—diýip tabşyrýar.Ol gazaply garaýşy bilen :
-- Han, henizem bolsa ýaman päl-niýetiñizden gaýdyñ,Gara ýeriñ özüñizde salýan dawasyny unutmañ.
Onsyzam biziñ ömrümiz öýle bilen ikindiniñ aralygy ýaly gysga.Bigünä bendeleriñ şirin janyna ajal okunyñ almatyna sebäbkär bolmañ! – Diýýär.
Emma içi ahmyrdan doly gedem Han:
-- Biz gelýänçäk siz şu köşkde boluñ! Diýýär. Ak işan :
-- Enşalla,siz geleñizde bizem bolarys! Diýýär.
65-66 ýaşlaryndaky Ak işanyñ ol ýerden gaýdyp,bütün Garagumdaky halklara,Mary,Tejen Ahal ýaşulularyna:
„ Musulmanlar Hudaý bizdendir.Biliñizi berk guşaweriñ“ ! Hanyñ maksadyny düşündirmegi,agyzbirligi üpdemegi,Hiwa Hanynyñ „çeýnejek çöpüniñ azalandygy hakynda wagyz geçirilmegi;Nurberdi Hana,Gowşut hana we beýleki gala Hanlaryna habar bermegi netijesinde Sarahs-da söweşe berk taýýarlyk görýärler.
Şunlukda ähli çarwalaryñ,Ahal we Sarahs Tekelerniñ güýçlerni jemlemeklerinde,duşmana garşy ykjam taýýarlyk görmekde Gurbannazar molla ogly Ak işaniñ(Akmämmed)hyzmaty ulydyr.
Mädemin Han goşuny bir aý töweregi ýöräp,Mara-Murgabyñ kenaryna baryp düşleýär.Han ýerli ilata: eger şü gije gurbagalariñ ýekejisi gurruldasa-da ,7 ýaşdan70 ýaşa çenli erkek göbekleriñizi gyrjak diýýär.Howsala düşen halk çar tarapa bosup başlaýar.Emma Hanyñ atlylary olary goýbermeýär.Guşluk günorta bolanda garrylar aýal ebtatlar aglaşyp başlaýarlar.
Emma Garry burkaz atly ýaşuly çarwa-çopan: Adamlar, hapa bolmañ !Ajaldan başga zada çäresi adamzada berlendir.bir alajy bolar.Diýýär.
Soñra ol Hanyñ goşuny üçin soýlan ýüzlerçe dowaryñ içegelerini ýygnadýar,arassaladýar.olary çişirip,iki tarapyny düwdürdýär.
Soñ bolsa şol içegeleri derýanyñ kanaryndaky gamyş-gajarlaryñ düplerinden suwa tarap sallaşdyrýarlar. arasynda keseliginde-de hatarlap goýýarlar.Görseler ikindi wagty golaýlaşýar.
Garry aga :
„ Adamlar , haýdaweriñ,indi içegeleri arasslamañ,şol durşuna goýuşdyryñ“ diýen.Şol gije suwuñ akymnyñ täsirine düşen içegeleriñ hereketlerini gören gurbagalar ýylandyr öýdüp,jyñklaryny çykarmandyrlar.
Ertir ir turan soñ Han gaharlanyp:
-- Bular bir şeýtan- Hannas- Eblis-azazyl ahyryn.gurbagalary nädip lal etdiler?- Diýip gygyran.Soñra Han ýörişini dowam etdirip, Mary bilen Tejen arasyna baryp,Sarahsyñ ekin çygryna girýär.
Ondan soñ ol Gowşut Hanyñ galasyny gündogaryndan aýlanyp,guşluk tarapyna geçýär.Tejen derýasynyñ gaýra ýakasynda we ulug babanyñ (Düýe boýun öwülýäsiniñ)gaýra gabadyndaky Ýaglydepäniñ üstünde öz ýüpek çadyrny-tugyny gurup,goşunlaryny daşyna ýygnap,1-2 gün dynç almakçy bolýar.
Hiwa Hanyñ Mara gelende Gowşut Hanyñ töwellaçylary kabul edilmän yzyna gaýtarlanyndan soñ,Gowşut Han taýarlygy hasda güçlendirýär.
Her niçegem bolsa olar Sarahsa gelende-de Nurberdi Hanyñ we beýleki sypaýlaryñ haýysy-maslahaty esasyn- da Gowşut Han Täç serdaryñ baştutanlygynda 9 adamy töwellaçi iberýär.
Olar baryp:
-- Han aga,sen bize garşy uruş etme.biz häli-häzirem siziñ raýatyñyz bolup gelýäris.Siz ýalan-ýaşryk sözlere ynanmañ,raýatyñyzam beýle horlamañ!- Diýip,2-3 sapar Hana arz-töwella edýäler.Emma bularyñ aýdanyny diñlemegem islemidik Han:
-- Eşidiñ,wekiller! Hanyñza,ýaşulularyñyza baryñ-da aýdyñ.Ertir ir bilen gün dogan wagtynda meniñ goşunym siziñ üstüñize çozar.Nätüsli çäräñiz bolsa,haýal etmäñ görüberiñ!—Diýýär.
Mädiminiñ goşuny diýen wagtynda Gowşut hanyñ galasynyñ guşluk we demirgazak tarapyndan iki bölünip çozýarlar.Emma Gowşut Hanyñ nökerleri howlukman,olary gala golaý getirip atyşyp uruşýarlar.Hiwa goşunlary muny görup gaýra çekinýärler.
Tekeleriñ atly hem pyýada goşunlary şolgün öýleden soñ,guşluk tarapdan gelen Hiwa goşunlarnyñ üstüne çozup,gylyçly hem tüpeñli urşa girişýärler.Şondan duşman köp zyýan çekýä,olaryñ bir näçesi ýesir alynýar. Şunlukda Hiwa hanynyñ goşuny derbi-dagyn edilýär.
Şol günüñ ahyrynda garşydaş taraplaryñ ikisi-de tutlarynyn berkitmelerniñ töweregine ýygnanyşýarlar.Emma Tekelerniñ goşunyñ bir bölegi Hiwa goşunyñ daşyndan aýlanyp,şol gije olaryñ 40-50 sany ýukly erkeklerini-kerwenini(Düýekeş bilen) oljalap,öz çadyrlaryna alyp gidýärler.
Şol gün bilen ýelli howanyñ bolmagy-da,ýerli goşun üçin amatly bolýar.Çünki duşmanlar tozanly ýeliñ içi bilen edilen çozuşlaryñ haýsy tarapdandygyny bilmäge-de maý tapmandyr.
Ilkinji güni dañdanlar Gowşut Hanyñ galasynyñ töwereginde Hiwanyñ oyýada goşunlary we onuñ izindan bolsa atly goşunlary arklaşyp durýarlar.
Şol wagt Gowşut Han Haji gaplañ Aýmet oglunýn hem-de Salar keýik hanyñ ýolbaşçylykdaky atly goşunlary bir bölegini duşmanyñ pyýada goşunynyñ arkasyndaky atly goşunyna garşy gylyçly urşa gaýdowsyzlyk bilen girişmegi büýrük berýär.
Tekelriñ goşuny ýyldyrym ýaly süýnüp,duşmanyñ üstüne gapyllykda basýar.Ejizläp ýan berip başlan Hiwa goşuny ganlaryny sarkdyryp,tuglaryna tarap çekinýärler.
Olar çozuşdan goranmak üçin penaralyk ýerlerde durýarlar.
Şol gün günortanlar Hiwa goşunyna ýene-de kömekçi goşunlar ýeriñ pesi bilen gelip,öz goşunlaryny zordan gabawdan çykaryp alyp gidýärler.Şol günki söweşden soñ Mädemin Han öz atly goşunlarnyñ Tekeleriñkiden has pesdigine we ukypsyzdygyna göz ýetirýär.uruş ençeme günläp dowam edýär.Ýazyñ elhenç harasatly- ýelli gününde gaýdosyzlyk bilen alnyp barylan söweş has-da aýylganç bolýar.
Şonda Tekeler çozma uruşa girişýärler.Çar tarapdan „Çoz Teke , ýa Allah! “diyşip,atly hem pyýadalar gylyç oýnadyp,naýza sanjyp,tüpeñ atyşyp,her hilli hünärlerini ýerlikli ulanýarlar.
Bularyñ şeýle gahramançylykly söweşmekleri netijesinde Hiwa hanynyñ goşuny ýeñilip ýeliñ ugruna gaçyp başlalaýar.
olaryñ bir toparlary tozan-topar boluşyp ýaraglaryny taşlap,gollaryny galdyryp durýarlar.
Ençeme bolsa ýaragyny taşlap çöke düşüp oturýarlar.
Tekelerniñ çalasyn nökerlerniñ bir topary Hiwa goşunynyñ 3-4 çakyrymdaky tuguna tarap gaçanlaryñ izindan ýetip,çapyp baryşlaryna Mädemin Hanyñ çadyryna baranlaryna-da düýman galýarlar.Mädemin Han bolsa düýşeninden bihabardy.Ol ýagly kişmişli palawdan doýup,şatranç(küşt) oýnap,humarly başyny galdyrman,ýeñ-şe garaşýardy.
Hanyñ tuguna baran çalasyn ýigitler şol ýerde orta boýly,garaýagyzrak,hyýrsyz adama gözleri düşüp,derrow oña gylyç salyp öldürýärler.Onuñ Mädemindigini soñra bilip galýarlar.Gowşut,Nurberdi Han dagy bir näçe ýaşulular, sypaýylar bilen Mädeminiñ tuguna gelip görseler,ol öldürlipdir.Onuñ öldürilmegine gaty gynanan hem gaharlan- an Gowşut Han:
-- Siz, Hanyñ, Patyşanyñ düzgünini bilmeýän bir topar nadanlar muny kim öldürdi? – diýip, hälki ýigitlere käýäpdir.
Tuguñ ýanyndaky çadyrlara baryp görseler,15-20 sany Özbek,ýagny Tagt ýaşululary,çadyryñ içinde,ýoragan-düşeklerniñ astynda gorkularyna gizlenip ýatyr ekenler.Bir topar emeldarlary bolsa murtlaryny tozga ýaly, gözlerini çanak ýaly edip,Howutlaryñ,çanaklaryñ aşagyna kellelerini sokup,hyklaşyp ýatypdyrlar.
Gowşut Han şol ýerde öz nökerlerniñ hem-de Özbek ýaşuli-beglerniñ häziriñ özünde başlap etmeli işleri hakyn- da dik duran ýerinde ýaşulular bilen gyssagara maslahat çagyrýar.Şonda şeýle karara gelýärler:
1. Şu gün Hiwa hanynyñ goşuny ýeñildi.Mädemin Han öldi.Sarahsa getirilen goşun sülsatlary Gowşut Hanyñ döwletine,Hanlygynyñ hasabyna geçirmeli.
2. Hiwanyñ dagan goşunlaryny ýygnap,ýesir alynan goşunlar bilen bilelikde ýol şaýlaryny tutup,azyk-suwlaryny üpjün edip,Hiwa ugratmaly.
3. Iki tarapdan ölen adamlary her tarapyñ özi tizden-tiz jaýlamalydyr.
4. Agyr hem ýeñil ýaralanlary Gowşut Hanyñ galasyna ýygnap gutulýançalar ser etmeli.Olara seretmek üçin tebipler we ýörite adamlary goýmaly,gutulansoñ,olary öz ýüwürdyna ugratmaly.
5. Iki sany mähremi we on sany nökeri bilen şaýlaryny tutup,hut şu gün Mädeminiñ meýdini ugratmaly.Goý olar öz Hanynyñ jesedini hala Mara,hala-da Hiwa äkidip,hala-da Sarahs babada jaýlasynlar,olaryñ ygtyyarlary özünde.
6. Hanyñ ýanlary bilen gelenleriñ gitjeklerine-de,galjaklaryna-da ygtyýar bermeli.Onsoñam su gandöküşikligiñ hut Mädemiñ özüdigini “ Myhmanlara “ wagyz-syýasat arkaly düşündirmeli.
7. Ýaşulularyñ maslahaty bilen edilen şu tabşyryklary ýerine ýetirmegi hem-de berjaý edişini barlap durmagy Täçgök serdara,Hiwa ýesirlerine degişli işleri bolsa Mätýakup serdara hem-de Mätjan ýaşula tabşyrmaly.
Soñra Hiwaly ýesirler hat-da Mara çenli gaçanlaram gaýtaryp, ýol şaýy tutulyp,ulaglara mündirip ugradylýar.
Mädemin Hanyñ garnynyñ ýyrtylanly sebäbli,iç goşlaryny aýryp, ýüwüp-päkizläp,ak mata dolaýarlar,soñra bolsa täze palasa çolap, güýçli ineriñ üstüne keseligine ykjam baglap,şol gün gij-ara (1855nji ýylyñ 12nji mart-da) ugratýarlar.
Şol uruşda Töre sokynyñ gyzy,Hangeldi sokynyñ uýasy Güljemal (18-19 ýaşlarynda) ýaly Teke gyz-gelinler hem elleri keserli,sydyly,pyçakly urus edýärler.Güljemalyñ garyndaşlary Çebşek batyr, Köpek batyr,Gulçar batyr, Gutly mergen,Çary gapan,Haji gaplañ( şol söweşde ölýär) dagy hem edermenlik görkezipdirler.
Şol söweşde Güljemalyñ adamsy Anna(Annaöwez)hem wepat bolýar.Hiwa hanyñ bigünä halkyñ üstüne goşun çekip gelmegi öñem çar tarapdan gysylan Tekeler üçin ýigitler getirýär,birnäçe gonymçylyklaryñ döremegine sebäp bolýar.
Nurberdi Hanyñ baştutanlygynda Ahaldan gelen myhmanlar heniz Sarahsdan ugrap-ugramanka,yzlaryndan Eýran Şahsynyñ goşunlarnyñ Gökdepä esasanam ilatyñ has köp ýeri bolan Hurmanda düdansiz çozup,çaga-çugalara çenli,hatda göwreli aýallara çenli çapyp,talap gidendikleri hakynda habar gelýär.
Gyssagly maslahatda Gowşut Han we Nurberdi Han dagy belli-külli netijä gelýär. Gowşut Hana bu ýerdäki urşuñ ýetiren nogsanlyklaryny düzetmek tabşyrylýar.Ahalli myhmanlar tiz ýola düşýärler ýolda duşmanlar barada, halka rahatlyk bermek,ogul-gyz ýetişdirip,olara hat-sowat öwretmegiñ zerurlygy,baryp Görogly zamanyndan (8-9nji asyrdan) bäriden ata-babalarynyñ başyndan geçiren agyr günler barada söhbet açýarlar.
Gowşut Han Hiwa ýesirleri ugradansoñ,ýaşululary we nöker başlary çagyryp,maslahat edýär.Onda uruşda iki tarapyñ köp ýitginiñ bolandygy,Hiwa Hanlygy bilen Teke Türkmenlerniñ arasynda köp wagt bäri gamyş köpriniñ bolandygyny,emma Mädemin hat -da öz halkyna we ýaşulularyna hem maslahat salman,düdansyz gabahat işe girişip,uly bedbagtçylyka sebäpkär bolandygy,şunlukda indiden beýläk Sarahsda oturmagyñ gorkulydygyny çünki Sarahsadaky täze galany özlerniñ garşysyna göreşmek maksady bilen salnan hasanlap,Eýran Şahsydyr Hanlarnyñ höwp salýandygy ýaly meseleriñ üstünde durulýar.
-- Mary töwerekleri Mädeminiñ ölümini çenli Hiwa Hanlygyna garaşly Türkmen begligi bolanda-da bolsa,indiden beýläk Maryny Hiwa garaşly raýat etmeli däl.Aslymyzam Ahally bolansoñ,Ahal ýurdynda ýagdaýy agyr bolansoñ,indiden beýläk bize hanlygyñ merkezini we ilini Mara eltmegi ahally ýasulular hem makulladylar.—Diýip, Gowşut Han sözüniñ ahyrynda aydýar.
Şondan soñ Mara iberlen 5 wekil Saryklaryñ Hany Sary Hanyñka barýarlar we ýagdaýy düşündirýärler.
Soñra bolsa özlerine Mary-Murgap derýasynyñ bir gapdalnyñ berilmegini haýyş edyärler.
Saryk Hanyñ garyndaşlary we ýaşululary maslahatlaşyp,Mary etrapyndan ýer bermejeklerini Gowşut Hana ýetirmegi aýdýarlar(1857).
1858nji ýylyñ başlarynda Gowşut Hanyñ iberen wekilleri Ahala-gökdepä gelýärler.Olar Nurberdi Hana habarlaryny berýärler.
Indi Sarahs-da durarlyk ýok.Eýranyñ agzy Sarahsda,Sarahsam Eýranyñ agzynda. Aslymyzam,dübümizem Ahal. Ahala barmakçy bolanymyzda “Ahalyñ ýagdaýy öñem ýabygörli, gurakçylyk, ot-suw,öri çarwalar üçin ýetmezçilik ýagdaýda,garşyda duşmanlar has-da möwjeýän wagty.Iñ gowsy Mara süýşüñ” Diýip,netijä gelipdiñiz.
Biziñ Mara barmagymyza-da Saryk garyndaşlarymyz ýaşulusy Saryk Han garşy.Olar murgabyñ bol ýer-suwuna deñ şäriklige razylyk berenoklar.Hat-da uruşmaga-da taýyndyklaryny aýdýarlar.Uruş bolsa-da nähak gan döküljek, Indi name etmeli?
Diýip, Gowşut Hanyñkyda bolan maslahatyñ netijesini hat hem dil bilen aýdýarlar.
Nurberdi Han aksakgallar bilen maslahatlaşandan soñra:
-- Eger Sarahs Eyran bilen bulaşyk ýagdaýda bolsa,derrew olar apynyñ (zähärli uly ýylan)agzyndan aýyrmaly-da Mara barmaly.
Saryk garyndaşlaram razy bolarlar.bardy-geldi kakabaşraklary uruşmakçy bolaýsalar-da,çarwa urşuny edersyñiz-taýak,gamçy ulanarsyñyz.Enşalla soñy düzeler,Garyndaşaradyr.Birek-biregi Tanarlar.Biz häzir Gökl-eñ ,Ýumut garyndaşlaryñ üstüne Japarguly hanyñ baştutanlygynda Eýranly leşger gelýän diýen habara görä,gyssakly kömege ugramakçy.Emma Saryk garyndaşlaryñ akylly sypaýylary kändir.
Olar Eýran Şahsynyñ öz dikmesi Baýram Hanyñ üsti bilen saryklary gadymy mekanyndan- Pendi,Şeýhy Jüneýdi(Häzirki Guşgy) sähralaryndan zor bilen gysylyp Mara getirlendigini bilýändirler. Gelenimizden soñra bararys,hemmesi oñün çözüler. Diýip,Nurberdi Han ol wekilleri ýola salýar.
Şondan soñra Sarahsly Tekeler kem-kemden süşüp,bir aýdan gijä galman,Mara barýarlar.Garrygaladaky söweşden ýeñişli gaýdan Nurberdi Han öz wekilleri bilen Mary- Sary Hanyñka,soñraGowşut Hanyñka baryp, Kaka başlarnyñ çaknaşyklaryny ýatyryp,Marynyñ külli Türkmene ortak ýüwürtdigini,Hiwa Hanyñ raýatyndaky-
laram indi Gowşut Hana degislidigini,ata-baba gan düşer garyndaşdyklaryny düşündirip,özara parahatçylygyny gazanýarlar.
Soñra Saryk garyndaşlaryñ bir näçesi Ýolötene,bir näçesi bolsa Pendä,Şeýhi-Jüneýde (guşga)gidýär.
Bir näçesi bolsa Maryda galýar.Saryk ýaşulularyñ maslahatyny alman,halkyna-da sala salman,Sary Han zoñtarlyk edip,Eýran Şhsy Naseretdine aryz edip,bolan ýagdaýlary aydýar…Öñem yrsarap,nireden urup-ýarjagyny peýläp ýören Nasseretdin Garrygalada ýeñlip gaýdan goşunynyñ ahmyryny çykarmak üçin Mara çozmaga ykjam taýýarlanyp başlaýar.
Eýran Şahsynyñ agyr ýaraglandyrylan goşunlary hem-de Mürzäniñ serkerdeliginde 1861nji ýylda Murgap derýasynyñ ileri ýakasynda Nyýazmet(Porsy) galada düşüp,Gowşut Han bilen söweş etjekdiklerini habar berýärler.
Ondan habarly Gowşut Han söweşe ykjam taýýarlanypdy.
Ertesi Türkmen ýigitleri gün dogmanka,eserdeñlik bilen Eýran goşunyna tarap ugrap,Murgap derýasynyñ ilersine geçip,üzin ýaka düzelip,Nizam-Tertip bilen taýar bolup durýarlar.
Gowşut Han Eýranlylara bir näçe gezek töwellaçy iberse-de,olar urşa başlajakdyklaryny habar berýärler.
Eýran goşuny Tarapdan bir serdar gygyryp:
- Orta batyr-pälwanlaryñyzdan çykaryñ !Ilki bilen, goý, pälwanlar güýç synanyşsynlar! Diýýär.
Eýran goşuny tarapdan bir pälwan gara atyny münüp,orta çykyp durýar-da:” Mübäryk-bura gel,başyñy kesip aparar men” Diýip gygyrýar.
Gowşut Han: -Hany ýigitler,şol pälwanyñ garşysyna kim çykjak? Diýýär.
-- Biz çykarys! Diýip,Gurbanmeñliniñ ogly Çebşek batyr dor atyny sürüp oñe çykýar.
Gowşut Han onuñ atynyñ çekisini çekýär,atyny ýaragyny synlap:
Bar işiñi hak oñarsyn!- Diýip,pata berip ugradýar.
Atyny ýüzini saldyryp barşyna Çebşek batyr ýüzüniñ ugruna gylyjyny çalasynlyk bilen salyp,onuñ gylyjyny gaçyrýar hem atynyñ badyna ol batyry dartyp,atynyñ öñüne kese basyp,izine dolanýar.At syryp gelşine onuñ boýun damaryndan şol eliniñ güýçli penjesi bilen tutup,sag ýumrygy bilen bolsa guluñ türresine urup,dolanyp gelýär.
Haçan-da nökerler:- Eý,Pälwan gul,saña näme boldy?- Diýip soranlarynda,ol gözüni açalyk-ýumalyk edip:
- Bilmerem,walla,men bura gelip men,megerem meni ýyldyrym urup,bura getirendir! – Diýýär.
Soñra olardan ikinji batyr orta çykyp bilmändir.
Iki tarapdan agyr goşun bir-birine çozup,uly gan-döküşikli uruş başlanýar.söweş bir näçe gün dowam edip,ahyry soñ duşman ejizläp,arka berip gaçyp başlaýarlar.
Nurberdi Hanyñ ýany bilen Ahally serkerdeleriñ goşunlaryñam ýetişmegi netijesinde basybaljylar aljaraññylyga düşüp,aman dilýär. Türkmenler duşmanyñ berkitmede ýatan goşunlaryny-da, çeträkde ýatan goşunlary-da ýesir alýarlar.
Olar Hemze Mürzäniñ goşunynyñ gelip ornaşan ýerniñ daşyna aýlanyp,arkalaryndan hüjüm edip,aljyraññylyga salýarlar.
Gowşut Hanyñ goşun bölegi,Eýran goşunynyñ izindan gelýän ýüklerini,sülsatlaryny Sarahs bilen aralykda oljalaýarlar.
Gije ,dañdanlar suw almaga baran duşman nökerlerini suwuñ boýundaky gamyş tokaýlarynyñ arasynad bukda ýatan Türkmen ýigitler düýdansyz tutup,suwa çümdürip,suwuñ içi bilen äkidýärler.Eýran goşunlarnyñ toplarynyñ atylşy bilen öwrenişenden soñ Türkmen jigitleri ondan gorkmandyrlar.
Şeýlelikde,söweşiñ ahyrky güni adatdakydan hem aýylganç bolýar.Porsyýañ boýundaky gazaply söweş netijesinde,duşmanlar ýeñilip,dagap başlaýarlar.
Ýaraglaryny taşlap çök oturýarlar.Kä birleri azan aýdyp durýarlar Garaz gaçyp dargan goşunyñ içinde ölmän, izyna gaýdyp barany barmak basyp sanaýmaly bolýar.
Haçanda Horasanyñ (Maşat) Hany we Eýran şahsy öz ýeñilmez derejede taýýarlap ugradan goşunynyñ masga- ra bolup ýeñilendigini eşidenlerinde başlary aýlanyp,ynanjagyny-ynanmajagyny bilmän,akyl-huşy çaşyp:“ Ne oldy , zernigar-zaññyr“ Diýip başyny iki baka ýaýkap durýar.
Bu uruşda Gurbanmeñli ogly Çebşek batyr ýaly ýigitleriñ ençemsi wepat bolýar.Şol uruş bolan ýere bolsa soñ-soñlar Porsyýap (Maslyklaryñ porsaşyp ýatmagyna sebäpli) Diýlipdir.
Mary,Ahal hanlyklarnyñ birleşen güýjünden ýeñlen şah goşuny Nyýazmet(Porsy) galadan gaçyp gaýdandansoñ, wepat bolanlaryñ ýasy tutulyp,ençeme gün sadaka berilýär,aýat-towir okalýar. 1861-62nji ýyllaryñ sepgidinde Gowşut Han uly maslahat geçirýär.Ol il bähbidini arap,edilmeli işleri baradaky gürrüñini jemläp durka,Nurberdi Hanam ýaşululardyr,serdarlary bilen myhmançylyga gelýär.
Myhmanlaryñ hormatyna üç günläp toý tutulýar.Myhmanlar bir näçe günläp bu ýerde bolýarlar.Salyk-salyr ýaşululary-da çagyrýarlar.olar bilen ata-baba garyndaşlyklaryny ýatlaşýarlar.
Gowşut Han myhmanlar gaýtmanka,öz wekillerini we nökerlerini çagyryp maslahat geçirýär.Şonda ol üç meseläni orta atýar:
1. Ahal ýürdi we Ahal hanlygyTeke Türkmeniñ esasy Hanlygy bolmaly,şoña görä-de Mary Hanlygy we Mary Hany Ahal hanlygyna we Hanyna garaşly Han bolup durmalydyr.
2. Nurberdi Hany Teke Türkmenlerniñ Hany diýip mübessa edip, ony Hanlar Hany etmeli.
3.Ýokardakylar bilen ugurdaşlykda Nurberdi Hany abraýyny tutup,oña abraýly ýeriñ maşgalasyny alyp bermeli. Maryda-da bir öýini dikeltmeli.Ýer –suw,mülk berip,öz islän ýerinde oturtmaly Nurberdi Han Ahalda ýa-da Mary- da bolanda-da öz öýýinden örse hemme tarapdan gelşikli we laýyk bolar.
Ýaşulular Gowşut Hanyñ tekliplerini makullaýarlar.Ýöne abraýly ýeriñ tapmagy onuñ özüne ynanýarlar.
Şondan soñ Gowşut Han Marydaky gajar urşunda wepat bolan Çebşik batyryñ garyndaşy,Töre sokynyñ gyzy Hangeldi sokynyñ uýasy Güljemaly ñurberdä alyp berýärler.Nikalap üç günläp toý edýärler.Soñra Gowşut Han bir wagtlap özünden öýkeläp,sarahsdan giden Hojamşüküri getirmek üçin bir näçe ýaşululry we düýekeşli kerweni ugradyp,töwella bilen ony Mara göçürip getirýär.Ony ýene-de özüniñ iñ ýakyn maslahatçysy edinip, onuñ islegi boýunça öz obasy wekilbazarda oturdýar.
Gowşut Han aksakgallar bilen maslahatlaşyp,Eýran we Owgan çäklerine çenli dagap ýören Salyr we saryk garyndaşlaryñ gadymy mekanlary bolan Sarahsa we pendi ýürdüna ýygnanmagyny gazanýar.
1865nji ýyl töwerekleri Marynyñ gülläp ösen döwri hasaplanylsa-da,daşky duşmanlaryñ howpynyñ güýçlenýän wagtydy.
1868nji ýylda Buhara emiriniñ üstüne Russ padyşasynyñ goşuny çozuşa taýýarlanýar.
Gowşut Han Buhara emiriniñ özüni kömege çagyrýandygyny baradaky habary Kaspi tarapdan gelýän Russ basybalyjalaryna garşy taýýarlanyp Hanlar Hany Nurberdä ýollaýar-da,özi Buharadan gelen wekiller bilen agyr goşun çekip kömege ugraýar.Emma olar uruş meýdana ýetmänkä.Zerbulak beýikligindäki söweşde Buharanyñ goşuny ýeñilip,Russ genraly Kaufman bilen ýaraşyk baglaşanlygy sebäpli, Gowşut Hanyñ goşuny uruşsyz izyna dolanýar.
Soñra Gowşut Han goranyş galanyñ gurulşygyny has-da güýçlendirýär we 1874nji ýyllarda tamamlaýar.
Sarahsdan Mara göçülip baranda(1858),gedaý sypatyna giren Aly Han atly Russ ofiseri- içalasy peýda bolýar.Ýerly halk oña Aly mülhit diýip at berýär.
Ol haramzada gyş wagtlary çylymsazlyk edip,tomsuna gara meşik-de suw satyp gezen.Bu ýerde 15 ýyl golaý bolup,Nurberdidir Gowşut Han dagyñ gizlin maslahatlaryny,harby syrlaryny, maksat-planlaryny bilýär we aram-aram ýitrim bolýar,öz baýarlaryna habar berip durýar.
Ol kezzap ahyrysoñy ynyma girip gala aralaşýar,hyzmatkärlige ýetýär.Şonlukda,erbet dermen-däri bilen üpjün edilen Mülhit şol yzarlap ýörşine,amatly pursat tapyp,Hanyñ petekli aýakgabynyñ içine we peteginiñ aşagyna iýiji keselini döredýän dermany gaýym dökýär.Onsoñ ýakyn günlerede:“ Gowşut Hanyñ aýagyndan ýara dümüpdir“ diyilen şum habar ýaýrap başlaýar.
Emma Aly mülhit welin,eýäm zym-zyýat,ýitrim bolýar.Ol Porsýanyñ ýaramaz niýetlidigini diñe şondan soñ bilip galýarlar.
Şondan soñ Gowşut Hanyñ aýagyndan dörän iýiji keseli ýaýrap ugraýar.Han aýagynyñ çapylmagyny soraýar ,emma bu teklip wagtynda bitirilmänsoñ,kesel ýokaryk – ýürege çenli ýaýraýar.
Şonlukda 1878nji ýylda Türkmeniñ abraýly serkerde Hany - Gowşut Han( 56 ýaşlarynda) Russ içalylar tarapyndan öldürilýär.
Ol Marynyñ golaýyndaky Hoja Abdyllah gonamçylygynda jaýlanýar.
Gowşut Han ölensoñ,onuñ ornuny tutan mynasyp adam bolmandyr.Daşky duşmanlaryñ hilesi täsirleri netijesin- de bulaşyklyk, oñuşsyzlyk güýçlenýär.
Täçgök serdar öz syçmaz tiresi bilen Mäne-ÇäÇä,Hojamşükürem Mary aýagyna Tejene göçýär.
Gowşut Hanyñ ölümi külli Türkmen üçin agyr we uly ýitgi bolan bolsa,duşmanlar üçin örän amatly utuş bolýar.
Şondan soñ Türkmen halky uzak ýyllaryñ dowamynda köp sany Muşakgatlara,zülüm-sütemlere döz gelmeli boldy.
Ýöne „ Öñüm gelenden-soñum- gelsin“ diýilşi ýaly,Ata-babalarmzyñ-erkin ýaşamagy arzuwlan Türkmenleriñ asyrlar boýy ýüreklerinde besläp gelen özbaşdak garaşsyz,berkara döwleti dördildi goý biziñ Türkmenistan döwletimiz demirgazak ýyldyzy kemin parlap ebedi dowam edip,uzaklara şöhlesi saçsyn.
Gowşut Hana degişli ýokarky maglumatlaryñ aglabasy merhum kyssaçy Suhanberdi Annagurban oglynyñ söhbetinden alyndy.