Altyn dollar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Altyn dollar — 1849 – 1889-njy ýyllar aralygynda zikgelenen, ABŞ-nyň 1 dollara barabar bolan altyn şaýy. Düzüminiň 90% arassa altyndan durýar. Altyn dollarlar tä 1933-nji ýylda altyn standart ýatyrylýança dolanyşykda bolupdyr.

Taryhy[düzet | çeşmäni düzet]

Altyn dollar şaýlarynyň peýda bolmagy üçin öňünden dörän sebäpler hem altyna baý känleriň açylmagy we 1830-njy ýyllaryň ahyryndaky «altyna kowalaşma» bolupdyr.

Ilkinji dollar şaýlary immigrant we gyzyl-kümüş önümlerini satyjy Kristofer Behtler tarapyndan çykarylyp başlapdyr. Ol uly bolmadyk komissiýa üçin altyn çägäni şaý görnüşindäki altyn tegelejiklere çalyşmagy alyp barypdyr. Behtleriň işi şol döwürde bütinleý kanuny bolupdyr, emma ol zikgehananyň ünsüni özüne çekipdir.[1] Altyn dollarlary zikgelemek baradaky çözgüdi 1836-njy ýylda kongressden geçirmek synanyşygy başa barmady. Kaliforniýada täze altyn känleriniň açylmagy we nobatdaky «altyna kowalaşma» bilen altyn şaýlara bolan isleg artypdyr. Kongress 1849-njy ýylyp 3-nji martynda altyn dollarlary çykarmaga rugsat berdi.

I görnüş (1849—1854)[düzet | çeşmäni düzet]

Altyn dollaryň Jeýms Longakr tarapyndan taýýarlanan ilkinji görnüşi “Liberty Head” ýa-da “Type I” ady bilen tanalýar.[1] Şaý awersiniň (öň tarapynyň) merkezinde 13 sany ýyldyz bilen gurşalan Azatlygyň şekli ýerleşdirilendir. Şaýyň aýratynlygy hem onuň kiçi, ýagny bary-ýogy 13 mm diametrli ölçegi bolupdyr. Şunuň bilen baglylykda, ol özüniň gymmatlygyna garamazdan köplenç ýitirilýärdi. 1853-nji ýylda uly diametrli şaýy çykarmak barada çözgüt kabul edildi.

II görnüş (1854—1856)[düzet | çeşmäni düzet]

1854-nji ýylda 1 dollara barabar bolan we 15 mm diametrli täze altyn şaýy zikgelendi. Öň tarapynda “indeý şa gyzy” şekillendirilendi, ol hem şaýa “Indian Head Type” diýen ady beripdi.[2] Şaýyň örän kiçi ölçeginiň meselesini aradan aýryp, zikgehana şekil relýefiniň beýikligini göz öňünde tutmandyr.

Şekil somalyp durmak bilen köplenç ony ulanýan adamlarda sypjyryk galdyrýardy. Şunuň bilen baglylykda, şaý täzeden taýýarlanyldy.

III görnüş (1856—1889)[düzet | çeşmäni düzet]

1856-njy ýylda şaýyň täze görnüşi çykaryldy. Ol öňküsinden uly ölçegi we şekliniň has kiçi güberçekliligi bilen tapawutlanýardy.[3] Bu aýratynlyklar sebäpli hem şaý öňki “Small Head Type” adynyň tersine “Large Head Type” diýen adyny aldy. Bu görnüşli şaýlary zikgelemek işi 1856-njy ýyldan 1889-njy ýyla çenli ýerine ýetirilýärdi, ýadygärlik tapgyrlar 1903—1905, 1917 we 1922-nji ýyllarda hem çykarylypdy.

Sacagawea altyn dollary[düzet | çeşmäni düzet]

1999-njy ýylda Filadelfiýa zikgehanasynda 22 karat altyndan 39 sany Sakagawei dollary zikgelendi.[4] Zikgehana Sakagawei altyn dollarlaryny kolleksionerlere satmakçy bolýardy, emma Kongressmenler Zikgehananyň düzümi rugsat berlen düzümden tapawutlanýan dollarlary zikgelemek hukugyny şübheli diýip ykrar etdiler. Ol şaýlaryň ýigrimi ýedi sanysy zikgelenenden soň tiz wagtda ýok edildi, galan 12 sanysy bolsa “Kolumbiýa” kosmos şattlynyň bortuna alyndy.[5] Soňra şaýlar ABŞ-nyň Fort-Noksdaky Tokga (guýma) altynlarynyň depozitariýsine berildi. Şaýlar ilkinji gezek 2007-nji ýylda Amerikan numizmatik assosiasiýasynyň Bütindünýä pul bazarlygynda sergä goýuldy. Soňra olar Fort-Noksa gaýtarylyp berildi.[6]

Salgylanmalar[düzet | çeşmäni düzet]

  1. 1.0 1.1 "1849-54 Gold Dollar Liberty Head Type 1 History". Coin Community. Archived from the original on 2020-10-23. 
  2. "1854-56 Gold Dollar Indian Head Type 2 History". Coin Community. Archived from the original on 2020-10-29. 
  3. "1856-89 Gold Dollar Indian Head Type 3 History". Coin Community. Archived from the original on 2020-10-26. 
  4. "2000-W 22-karat Gold Proof Sacagawea Dollar". Small Dollars. Archived from the original on 2020-12-05. 
  5. "Space Shuttle Dollar – Sacagewea Gold Coin". Gold Silver Portal. Archived from the original on 2020-11-26. 
  6. "United States Mint Displays Never–Before–Seen Gold Space Coins in Milwaukee". United States Mint. Archived from the original on 2020-12-06. 

Daşary çykgytlar[düzet | çeşmäni düzet]