Agageldi Allanazarow
Bu makalada hiç bir maglumat hakynda salgylanma ýok. |
Agageldi Allanazarow 1948-nji ýylda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Marçak obasynda eneden bolýar. Ol obalaryndaky orta mekdebiniň 8 klasyny tamamlandan soňra, Mary şäherindäki mugallymçylyk uçilişesinde okuwyny dowam edýär. Bir ýyl mekdepde mugallymçylyk edýär. 1969-njy ýylda ol goşun gullugyna çagyrylýar. Gullukdan soň 1971-nji ýylda Moskwanyň A.M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna girip, ony 1976-njy ýylda tamamlaýr.
Agageldi Allanazarow 1976-njy ýylda Aşgabada gelip, „Türkmenistan neşirýatynyň redaktory bolup işe başlaýar. 1983-nji ýyldan 1988-nji ýyllar aralygynda TSSR-iň Ýazyjylar birleşiginiň ýanyndaky çeper edebiýaty wagyz etmek boýunça Býuronyň direktory bolup işleýär. Ol 1988-nji ýylda „Türkmenistan“ neşirýatynyň baş redaktory soň şol neşirýatyň direktory bolup işleýär.
Agageldi Allanazarow döredijilik işine mekdepde okan ýyllary başlaýar. Onuň ilkinji goşgulary 1964-nji ýylda „Mydam taýýar' gazetinde, soňra bolsa „Pioner“ žurnalynda peýda bolýar. 1976-njy ýylda „Günüň öýi“ ady bilen onuň ilkinji goşgular kitaby neşir edilýär.
Agageldi Allanazarow türkmen we rus dillerinde neşir edilen 30-dan köpräk kitaplaryň awtory. Olardan „Ýedi däne“, „Iner ýüki“, „Kalbyma hem alysa syýahat“, „Ýoldan gelen hat“, „Çat aşan menzil“, „Dagdanam beýik“ we başgalar.
Ol 1979-njy ýyldan SSSr-iň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, Türkmenistan Lenin komsomoly baýragynyň laureaty. Agageldi Allanazarowyň aýry-aýry eserleri çet ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edildi. „Şadyýan harplyk“ kitaby üçin ol Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň „H. Ysmaýylow“ baýragyna mynasyp boldy. Türkmenistanyň ozalky A.Garlyýew adyndaky kinostudiýasynda A.Allanazarowyň „Ýedi däne“, „Çat aşan menzil“ powestleri boýunça doly metražly çeper filmler hem surata düşürildi.
„Süýji gawun, waharman“ atly eseri Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda goýuldy.
Bu makala ownuk makaladyr. Ony üýtgetmek hem-de ösdürmek arkaly Wikipediýa kömek edip bilersiňiz. |