Mazmuna geçiň

Ýemini gamus

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ýemini gomus (arap. اليمين الغموس‎‎ — ýalan kasam) – öň bir wagt edilen ýa-da edilmedik bir iş hakynda bilip, bilkastlaýyn we ýalan ýere aýdylan ýemindir. Bir kişiniň bergisini bermedigini bilip duran halyna: «bergimi berdim» diýip, ýalan ýere kasam etmegi muňa mysaldyr. Bular ýaly ýemin uly günädir. Bu bilkastlaýyn edilen ýalňyşlygyň bagyşlanmagy üçin keffaret ýeterlik bolmaýar. Şonuň üçin gamus ýeminine keffaret edilmeýär. Ýalan ýere ýemin eden kişi köp toba-istigfarda bolmaly. Gaýdyp beýle ýalňyşlygy etmezligi ýüregine berk düwmelidir. Ýemini sebäpli ýetiren zyýanynyň öwezini töläp, zyýan ýetiren adamynyň razylygyny almalydyr.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]