Mazmuna geçiň

Çekişme:Adalat we Galkynyş Partiýasy

Page contents not supported in other languages.
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Düzeldilmeli ýerler

[çeşmäni düzet]

Mr.pahyr, sahypany döreden sizsiňiz. Men bu makalanyň şu ýerlerine garaýyş bildirýän:

# Ählihalk agzalygy	Republikaçylar birleşigi

Jumhur ittifaki diýleni "Halk arkalaşygy" diýip terjime edilmelidir öýdýärin. Ittifak sözüniň Türkmençedäki terjimesi arkalaşyk. Jumhur hem halk diýmek.

#Ýewropa konserwatiw we reformlar birleşigi

"Avrupa Muhafazakârlar ve Reformcular İttifakı" = "Ýewropa Konserwatiwler we reofrmaçylar arkalyşy" ýa-da "bileleşigi" diýilmeginiň has jaýdar boljakdygy pikirinde men. Birleşik diýmek bileleşip bir gurama hökmünde hereket etmegi aňladýar, şeýle guramalra birleşik diýilýär. Arkalaşyk ýa-da bileleşik bolsa bir ugurda goldaw berilýän guramalara aýdylýar Garaşsyz Döwletler arkalaşygy ýaly. Ýewropa bileleşigi ýaly.

# Binali Ýyldyrym

Binaly Ýyldyrym diýilmegi dogrudyr öýdýärin. Türkmençede Aly, ALyhan ýaly y harp bilen seslendirilýär Ali ady. Muny harp ýalňyşy hökmünde kabul edýärin we Türkmen diliniň grammatikasy zerarly jogabyňyza garaşmazdan göni düzeltmekçi. Beýleki garaýyşlarymda sizleriň garaýşyny almakçy özgertmek üçin.

# Fazilet partiýasy

Mertebe partiýasy diýsek literal terjime bolar emma akademik terjime däldigi sebäpli häzirlikçe Fazilet partiýasy diýmäge dowam edeliňmi?

# Aglaba

Mejlisiň ýarsyndan gowuragyny eýelemegi beýan etmek üçin "AKP agdyklygy" diýsek has jaýdar dälmi?

# Wagtlaýyn parlament

Wagtlaýyn hökümet ýa-da saýlaw hökümedi diýlip terjime edilmeli. Türkçedäki termin "Seçim hükümeti." Munuň Türkmençedäki garşylygy saýlaw hökümedi bolar.

Bulardanam daşary saýlow ýaly harp ýalňyşly sözleri göni düzeltmekçi, Türkmençede saýlaw diýilýär.

# Partiýa başlygy

Türkmençede resmi taýdan näme diýilýär partiýa liderlerine? Baştutan diýilýärmi ýa başga zat?

# [Türkiýe|Türkiýe döwletiniň] syýasy partiýasydyr

Söz düzümi taýdan şeýle ýazylmaly: Türkiýe döwletindäki bir syýasy partiýadyr.

# Gurujylar

Esaslandyryjylar diýsek has jaýdar terjime bolmazmy?

# Çeşmeler

Türkmençe wikipediada salgylanmalar diýýäris, sebäbi Wikipedia ýazgy ýazýarkak nämedir bir zada salgylanyp ýazýarys. Çeşme hökmünde ulanmaýarys ony. Häzirlikçe şular, jogabyňyza garaşýan Mr.pahyr. Hormatlamak bilen, --Ruhubelent (talk) 02:25, 22 iýul 2018 (UTC)[jogap ber]

Ruhubelent Kömegiň üçin we sahypadaky özgerdişler üçin sag bol, beýleki üýtgetmeleri häzir girizjek -- Mr.pahyr (talk)
Baş üstüne, Mr.pahyr. Maslahat başlatdym, şoňa hem gatnaşyň. Okyjylary Türkmençe wikipediada ýazgy döretmäge ymtyldyrjak özgerişikleri girizeliň Türkmençe wikipedia. Men tekliplerimi berdim, aktiw agzalarymyzyň garaýyşlaryna we rugsadyna garaşýan. --Ruhubelent (talk) 11:52, 22 iýul 2018 (UTC)[jogap ber]
Garşylgyňyz ýok bolsa öz görüşim netijesinde özgertmekçi sahypany?
Elbetde üýtgedip bilersiň Ruhubelent