Tanzaniýa
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Tanzaniýa Birleşen Respublikasy (suah. Jamhuri ya Muungano wa Tanzania) — Afrikanyň gündogar kenarýakasynda döwlet. Ol demirgazykda Keniýa we Uganda, günbatarda Ruanda, Burundi we Kongo Demokratik Respublikasy, günortada bolsa — Zambiýa, Malawi we Mozambik bilen serhetleşýär. Onuň gündogar serhedi Hindi okeany bolup durýar.