Gana

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Git we: ulan, gözle
Gana Respublikasy
Şygar"Erkinlik we Adalat"
GimnGod Bless Our Homeland Ghana
Paýtagt
(we iň iri şäher)
Akkra
5°33′N 0°15′W / 5.55°N 0.25°W / 5.55; -0.25
Resmi diller Iňlis dili
Raýatlyk ganaly
Häkimiýet Konstitusion demokratiýa
 -  Prezident John Atta Mills
Garaşsyzlyk Beýik Britaniýadan 
 -  Yglan edildi 6 mart 1957 
 -  Respublika 1 iýul 1960 
 -  Häzirki konstitusiýa 28 aprel 1992 
Meýdan
 -  Umumy 238,535 km2 (81-nji)
92,098 in mil 
 -  Suw (%) 3.5
Ilat
 -  2009 takmynan 23,837,000 (48-nji)
 -  Gürlük 99.9/km2 (103-nji)
258.8/sq mi
JIÖ (SaUP) 2008 takmynan
 -  Jemi $34.214 milliard 
 -  Adam başyna $1,518 
JIÖ (nominal) 2008 takmynan
 -  Jemi $16.654 milliard 
 -  Adam başyna $739 
AÖI (2007) 0.553 (ortaça) (136-njy)
Pul birligi sedi (GHS)
Sagat guşaklygy GOW (UUW0)
 -  Tomus (TW) GOW (UUW0)
Ulag sürülýän tarap sag
Internet domeni .gh
Telefon kody 233


Gana Günbatar Afrikadaky döwlet. Paýtagty - Akkra. Tutýan meýdany - 238,54 müň inedördül kilometr. Administratiw taýdan 10 welaýata bölünýär. ilaty - 20,76 million adam. Döwlet dili - iňlis dili. Dini - hristian. Yslam we däp bolan käbir afrikan ynançlaram bar. Pul birligi sedi. Milli baýramy - Nowruz aýynyň 6-sy. Şol gün Gana ýurt garaşsyzlygyny yglan etdi (1957-nji ýyl). Gana Birleşen Milletler Guramasynyň, Afrika Birligi Guramasynyň, Afrika Bileşiginiň, Günbatar Afrika ýurtlarynyň Ykdysady jemgyýetiniň agzasy.

Mazmuny

[redaktirle] Geografik ýerleşişi we serhedi

Kontinental döwlet. Günorta serhedini Atlantik okean ýuwýar. Günbatarda Şirmaýy Kenar respublikasy, demirgazykda Burkina-Faso we gündogarda Togo bilen serhetleşýär. Kenar serhediniň uzynlygy 539 kilometr.

[redaktirle] Tebigaty

Ýurduň tutýan meýdanynyň agramly bölegini düzlikler tutýar. Günorta-günbatarynda we gündogarynda Aşanti we Kwahu platolary ýaýylyp ýatyr. Akkra şäheriniň etraplarynda ýygy-ýygydan ýer titreýär. Iň beýik gerşi - Afajoto dagy (885 m). Peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary - almaz, alýuminiý, asbest, altyn, demir, hek daşy, duz, marganes, nebit, tebigy gaz, uran, hrom we galaýy. Ilaty: Günbatar Afrikanyň iň bir gür ilatly ýurdy hasaplanýar. 2001-nji ýyldaky maglumatlara görä, ilatyň gürligi 1 inedördül kilometre 79,2 adam düşýär. Ilat orta hasap bilen ýylda 1,36 göterim artýar. Ýurtda 65 ýaşa ýeten ýaşaýjylaryň sany 3,7 göterime barabar. Ortaça ýaş dowamlylygy - 56, 27 ýyl (erkelerde -55,36 ýyl, aýallarda bolsa 57,22 ýyl). Ykdysady taýdan işjeň ilaty 9 milliona adama ýetýär. Gana - ýarym etniki döwlet. Ýurduň ilatynyň 40 göterimi şäherlerde. ýaşaýar. iri şäherleri -Kumasi (610,6 müň adam), Tamale (259,2 müň adam), Tema (225,9 müň adam), Obuasi (118 müň adam), Teşei (112,9 müň adam). Ilatyň 1,5 göterimini bolsa ýewropalylar tutýar. 2002-nji ýylda Liberiýadan 9,5 müň adam, Serra-Leoneden 2 müň adam we Togodan 1 müň adam göçüp geldi. 1990-njy ýyllarda Gananyň raýatlary Ýewropa ýurtlaryna işlemäge gitdiler. 2001-nji ýylda Ýewropa ýurtlarynda 65 müň sany ganaly emigrant hasaba alyndy.

Döwlet gurluşy: Respublika. 1993-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 7-sinde kabul edilen Konstitusiýa hereket edýär. Prezident - ýurduň baştutany we ýaragly güýçleriniň baş serkerdebaşysydyr. Ol ähliumumy saýlawlar esasynda dört ýyl möhlete saýlanýar. Bu wezipä iki möhlete saýlanyp bilýär. Bir palataly parlamente deputatlar hem (200 adamlyk-ýerli milli assambleýa) ähliumumy saýlawlar esasynda dört ýyllyk möhlete saýlanýar. Prezident - Kufuor Jon Kofi Aguekum, onun orunbasary Alhaji Mahama Aliu. Goranmak güýji: Ýurduň Ýaragly güýçleriniň düzüminde 7 müň adam bar. Olaryň 5 müňi gury ýerde, 1 müňi denizde we 1 müňi bolsa howa güçýlerinde gulluk edýär. 2002-nji ýylda ýurt goranmak üçin 328 milliard sedi möçberinde pul harçlady.

[redaktirle] Ykdysadyýeti

Gananyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklary - oba hojalygy we altyn gazylyp alynýan senagatydyr. 1996-njy ýylda Tema (ýurduň iri senagat merkezi) şäherinde erkin ykdysady zolagy döredildi.

[redaktirle] Oba hojalygy

2002-nji ýyldaky maglumatlara görä, oba hojalygynyň umumy içerki önümdäki paýy 35 göterim bolup, ykdysady taýdan işjeň ilatyň 57 göterimi bu pudakda zähmet çekýär. Oba hojalygyn-da esasan kakao ýetişdirilýär. Ýurduň ekine ýaramly ýerinin 50 göterimine kakao ekilýär. Mundan başga-da, ýurtda ananas, arahis, banan, mekgejöwen we beýleki ekinler ekilýär. Ýurduň maldarçylyk pudagy az önümçiligi bilen tapawutlanýar. Senagat taýdan guşçylyk pudagy ösdürilýär. Tokaýçylyk pudagyna hem uly üns berilýär. Gymmat bahaly agaçlar daşary ýurtlaryň bazarlaryna satylýar. Adamlar balykçylyk bilen hem meşgullanýarlar. Balykçylyk pudagy ýurduň içerki bazarynyň üçden iki böleginiň islegini kanagatlandyrýar. 1990-njy ýylyň başlarynda Bütin-dünýä bankynyň maliýe kömegi bilen balykçylyk pudagy döwrebaplaşdyryldy. Senagaty: Ykdysadyýetinde magdan senagatynyň möhüm ähmiýeti bar. 1990-njy ýyllarda magdan senagatynyň önümçilik pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýa ornaşdyryldy. Gana kakao hasylyny ýygnamak we eksport etmek, almaz, altyn, marganes gazyp almak boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Marganes magdanyny gazyp almakda dünýäde 8-nji orunda durýar. 2002-nji ýylda 1 milliard 136million tonna marganes magdany gazylyp alyndy. Dokma, aýakgap. tikin senagatynyň kärhanalary bar. Tokaý senagatynyň kärhanalary öz önümleriniň ep-esli bölegini eskport edýär.

[redaktirle] Daşary söwdasy

Ýurtda importyň möçberi eksportdan geçýär. 2003-nji ýylda 3,24 milliard dollarlyk hant daşary ýurtlardan satyn alnan bolsa, 2,64 milliard dollarlyk haryt satyldy. Esasy satyn alýan harytlary: tehnika, nebit we azyk önümleri. Import boýunça esasy hyzmatdaşlary: Nigeriýa (20,8 göterim), Beýik Britaniýa (7 göterim), ABŞ (6,4 göterim), Italiýa, Hytaý we Şyrmaýy Kenar respublikasy (6 göterim) hem-de Germaniýa (4,6 göterim). Gana öňden belli altyn, kakao, kauçuk, agaç önümlerini eksport edýän ýurtdyr. Şelýe hem almaz, alýuminiý, ananas, boksit, agaç önümleri hem daşary ýurt bazarlaryna satýar. Esasy eksport edýän hyzmatdaşlary: Gollandiýa (14,6 göterim), Beýik Britaniýa (9,7 göterim), ABŞ (6,9 göterim), Germaniýa (6,4 göterim), Fransiýa (5,7 göterim), Nigeriýa (4,7 göterim), Belgiýa (4,4 göterim) we Italiýa (4,1 göterim). Energetika: Ýurtda elektrik energiýanyň 70 göterimi agaç kömrüni ulanmak arkaly öndürilýän bolsa, 15 göterimi nebit önümlerinden we galan 15 göterimi hem Wolta derýasynyň kenaryndaky Kponge we Akosombo gidro elektrik beketlerinden alynýar. Ýeketäk energiýa ulgamy ýok.

[redaktirle] Ulagy

1898-nji ýylda polat ýollaryň gurluşygyna girişildi. Demir ýoluň uzynlygy 1300 kilometrdir (2003 ýyl). Gana Günbatar Afrikada gaty örtüklü gara ýollary. bolan ýurtlaryň arasynda öňdäki orunlary eýleýär. Gara ýoluň uzynlygy 39,41 müň kilometrdir. Onuň 11,67 müň kilometri gaty örtük bilen örtülendir. iki sany deňiz porty bar: Takoradi (1928-nji ýylda gurlupdyr) we Tema (1962-nji ýylda açyldy). 1998-nji ýylda portlaryň durkunyň täzelenmegine girişildi. Ganada 12 sany aeroport bar. Olaryň 7-si gaty örtük bilen örtülendir. Paýtagt Akkra şäherindäki Kotoka halkara aeroporty halka hyzmat edýär. Ýurduň içine we daşyna (Aziýa, Ýewropa, Günbatar Afrika ýurt-laryna, London, ABŞ we Günorta Afrika Respublikasy) yzygiderli uçar gatnawlary ýola goýlandyr.

[redaktirle] Bilimi

Ýerli ýaşaýjylar üçin ilkinji mekdep pormgallar tarapyndan 1529-njy ýylda açylýar. Ýurtda 9 ýyllyk bilim hökmanydyr. Çagalar 6 ýaşynda mekdebe barýarlar. 2001 -nji ýylda başlangyç mekdepleriň gatnaşygy 80 göterime ýetdi. Okuwçylar 12 ýaşdan başlap orta mekdebe gatnaýarlar. Orta mekdepde bilim iki döwürde üç ýyldan berilýär. 2003-nji ýylda Afrikanyň Ösüş banky Gana bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin 27,55 million dollar karz pul we 6,89 million dollar gaýtargysyz pul kömegi berdi. Mekdepleriň kompýuterleşdirilmegi dowam etdirilýär. Ýokary okuw ulgamynyň düzüminde 4 uniwersitet, 6 politehniki institut we 11 kollež bar. 2002-nji ýylda Gana Döwlet uniwersitetiniň (1948-nji ýylda açyldy) ýedi fakultetinde 608 mugallym zähmet çekip, 8.8 müň talyp bilim aldy. Şol ýyldaky maglumatlara görä, Kumasi şäherindäki Nkrumy uniwersitetinde 487 mugallym we 11,6 müň talyp bardy. Ýokary okuw jaýlarynda bilim iňlis dilinde berilýär. 1985-nji ýyldan bäri ýurtda ilatyň uly ýaşdaky böleginiň arasynda sowatsyzlyga garşy göreş alnyp barylýar. 2004-nji ýylyň Aprel aýynda ýurduň mejlisi bilim üçin býujetden bölünip berlen 78 million dollara barabar bolan pul serişdesini tassyklady. Saglygy saklaýyşy: Ýurtda gyzzyrma, gökbogma, gyzamyk we ýokanç keseller giň ýaýrandyr. Arassa agyz suw gytçylygy bar. 2004-nji ýylyň ortalarynda 300-e golaý hassahanada 1400 lukman we 9 müň şepagat uýasy zähmet çekdi. 2002-nji ýyldaky hasaplamalara görä, umumy içerki önümden 4,2 göterimi saglygy saklaýyş pudagyna harçlanýar eken.

[redaktirle] Metbugaty

Iňlis dilinde çap edilýän gazetler: "Ganian taýms", "Deýli grefik" (hökümetiň gazeti). Hepdelik gazetler: "Mirror" (hökümetiň gazeti), "Standart" "Uikli spekteýtor", "Ekou" we "Eskpiriens". Ýurtda 1957-nji ýyldan bäri hökümetiň garamagyndaky Gana habarlar gullugy hereket edýär. 1965-nji ýyldan bäri teleýaýlymlar we 1935-nji ýyldan bäri bolsa radio-ýaýlymlar işleýär. 2002-nji ýylda ýurtda 40,5 müň adam internet ulgamyndan peýdalandy. Syýahatçylygy: Ýurduň geografik ýerleşişi, deňiz kenarlary, aw meýdanlary daşary ýurtly jahankeşdeleriň ünsüni çekýär. 1970-nji ýylda ýurtda syýahatçylygy, ösdürmek ugrunda işler durmuşa geçirilip başlandy. 1996-njy ýylda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek barada2020-nji ýyla çenli döwür üçin toplumlaýyn milli meýilnama düzüldi. 1999-njy ýylda syýahatçylyk pudagy 342 million dollar girdeji getirdi. 2001-nji ýylda ýurda 438,8 müň daşary ýurtly jahankeşde geldi. Nige- „riya, Angliýa, Germaniýa, ABŞ we Fransiýa ýaly döwletlerden ýygy-ýygydan syýahatçylar gelýärler.

Şahsy gurallar
At giňişlikleri

Wariantlar
Hereketler
Nawigasiýa
interaction
Gural sandygy
Başga dillerde