Suw

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Şuňa git: nawigasiýa, gözle
Ýer ýüzüniň 71 %-i suw bilen örtülendir

Suw (wodorod oksidi) — binar organiki däl birleşme, himiki formulasy Н2O. Suwuň molekulasy öz aralarynda kowalent baglanyşyk bilen birleşýän iki sany wodorod we bir sany kislorod atomyndan ybaratdyr. Ol adaty şertlerde dury suwuklyk bolup durýar, onuň reňki (kiçi göwrümde), ysy we tagamy bolmaýar. Onuň gaty ýagdaýy buz, gar ýa-da gyraw diýlip, gaz görnüşli ýagdaýy bolsa, suw bugy diýlip atlandyrylýar. Suw suwuk kristal görnüşinde hem bolup bilýär (gidrofil ýerlerde) Ýer ýüzüniň 71 %-ini (361,13 mln km2) suw (okeanlar, deňizler, köller, derýalar, buzlar) gaplap alýar. Ýerdäki suwuň takmynan 96,5 %-i okeanlarda ýerleşýär, dünýädäki suw zapasynyň 1,7 %-ini ýerasty suwlar, ýene 1,7 %-ini Antarktidanyň we Grenlandiýanyň buzluklary we buzly örtükleri, uly bolmadyk bölegini derýalardaky, köllerdäki we batgalyklardaky suwlar we 0,001 %-ini bulutlardaky suwlar emele getirýär. Ýerdäki suwlaryň uly bölegi şor bolmak bilen, ol oba hojalygy we agyz suwy üçin ýaramsyzdyr. Süýji suwuň paýy 2,5 % çemesi bolup, onuň hem 98,8 %-i buzluklarda we ýerasty suwlarda ýerleşýär. Tutuş süýji suwuň 0,3 %-e golaýy derýalarda, köllerde we atmosferada saklanýar, ondan hem az bölegi (0,003 %) bolsa, janly organizmlerde ýerleşýär.

Ol oňat güýçli polýar erediji bolup durýar. Tebigy şertlerde hemişe özünde erän maddalary (duzlar, gazlar) saklaýar.

Suw Ýeriň ýüzünde ýaşaýşyň döremeginde we dowam etdirilmeginde, janly organizmleriň himiki gurluşynda, klimatyň we howanyň formirlenmeginde uly ähmiýete eýedir. Ol Ýer planetasynda ähli janly jandarlar üçin iň möhüm madda bolup durýar.

Goşmaça okamak üçin[üýtget]

Salgylanmalar[üýtget]

Salgylanmak üçin materiallar[üýtget]

Makalalar[üýtget]