Sudan
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Nubiýada Jebel Barkal dagy
Sudan (arap. السودان, iňl. Sudan), doly ady — Sudan Respublikasy (arap. جمهورية السودان, iňl. Republic of Sudan) — Demirgazyk-Gündogar Afrikada döwlet, Günorta Sudan garaşsyzlygyny alýança iň iri afrika döwletidi. Ol demirgazykda Müsür, demirgazyk-günbatarda Liwiýa, günbatarda Çad, günorta-günbatarda Merkezi Afrika Respublikasy, günortada Günorta Sudan, gündogarda bolsa Eritreýa we Efiopiýa bilen araçäkleşýär. Demirgazyk-gündogarda kenarlaryny Gyzyl deňziň suwlary ýuwýar.
Paýtagty — Hartum şäheri.