Alžir
Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Alžir (arap. الجزائر el-Jezair), resmi ady — Alžir Halk Demokratik Respublikasy (arap. الجمهورية الجزائرية الديمقراطية الشعبية) — Demirgazyk Afrikada, Ortaýer deňziniň basseýniniň günbatar böleginde döwlet. Alžir günbatarda Marokko, günorta-günbatarda — Mawritaniýa we Mali, günorta-gündogarda Niger, gündogarda — Liwiýa hem-de Tunis bilen serhetleşýär. Alžir ululygy boýunça ikinji afrika döwletidir, onuň meýdanynyň uly bölegi Sahara çölünde ýerleşýär. Paýtagty — Alžir şäheri.