Wikipediýa:Elin agtaryş gadagan

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri
Bu sahypa Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri baradadyr.

Wikipediýada elin agtaryşlar ýa-da edilen gözlegleriň üstünde barylan elin netijeler we beýleki materiallar üstünde barylan elin netijeler neşir edilmeli däldir. Bu diýmek, editorlar neşir edilen hipotezler, maglumatlar, anketalar, beýanlar, jarnamalar, jedeller, habarlar, eserler we şuňa meňzeşleri özleriçe teswirläp özleri karara baryp o kararyny Wikipediýada neşir edip bilmezler. Şuňa meňzeşlikde, beýle materiallar üstünde amala aşyrylan emma neşir edilmedik gözlegler hem neşir edilmeli däl.

Elin agtaryşyň gadagan edilmegi diýmek Wikipediýa makalasyny emele getirýän mazmun ygtybarly we neşir edilen çeşmä aýyklanan ýagdaýda bolmalydyr. Tassyklama kadasy makala içine alynan sitatalar başda bolmak bilen ähli mazmun bir çeşmä salgylanmalydyr diýýär.

Mazmun aýyklanmaly hem bolsa plagiarizm amala aşyrylmaly däldir, çeşmeleriň göçürme haklary bozulmaly däldir. Mazmunyň asyl manysyny çalyşmazdan gaýtadan şekillendirmek elin agtaryş hasaplanmaýar.

Elin agtaryşlara ýer bermezlik Wikipediýanyň 3 esasy ýörelgesinden biridir. Beýleki ikisi Tassyklama we Bitarap nukdaýnazardyr. Bu 3 kada sazlaşykly hereket edýändigi üçin biri-birinden aýry teswirlenmeli däldir we Wikipediýa goşant goşmakçy editorlar bularyň 3-si bilen hem içgin tanyşmalydyr.

Çeşmelerden peýdalanmak

Bar bolan çeşmelerdäki maglumatlary mazmun kadalary esasynda ýygnamak, jemlemek we tertiplemek ensiklopediýa ýazmagyň binýadydyr. Iň gowy amal tema babatda iň ygtybarly çeşmeler üstünde gözleg geçirmek we bar bolan maglumatlary degişli eýelerine aýyklap öz sözleriňiz bilen jemlemekdir. Çeşme mazmuny ätiýaçly ýagdaýda manysyny we maksadyny üýtgetmezden jemlenmelidir ýa-da gaýtadan ýazylmalydyr, çeşmelerde gürrüňi edilen çäkden çykmazlyga üns berilmelidir. Çeşmeleri kontekstinden daşary ulanmaň, gysgaça aýdanda çeşmelere sadyk boluň.

Bir tema barada garaşsyz we ygtybarly çeşme ýok bolsa onda bu tema Wikipediýada orun berilmeli däldir.

Ygtybarly çeşmeler

Esassyz mazmun elin agtaryş netijesi hasaplanar. Amala aşyran özgerişik elin agtaryş däldigini görkezmegiň ýeke-täk ýoly o özgerişigi ygtybarly çeşme bilen goldamakdyr. Ygtybarly çeşmeler hem kontekstden daşary ulanylsa ýa-da öňe sürmedik, açyk beýan etmedik netijesine barmak üçin ulanmak hem elin agtaryşdyr. Ygtybarly çeşmeler adatça şulardyr:

  • Işdeş gözegçiliginden geçen žurnallar
  • Uniwersitet neşirýaty tarapyndan neşir edilen kitaplar
  • Uniwersitet we ýokary okuw mekdepleri üçin gollanma kitaplar
  • Abraýly we sarpaly neşirýat öýlerinden çapdan çykan kitaplar, žurnallar, gazetler we eserler
  • Öňdebaryjy gazetler

Adatça neşir edilen eseriň gözegçiligi näçe köp elden geçse şonça ygtybarly hasaplanýar. Elin-neşir çeşmeler adatça ygtybarsyz hasaplanýar emma munuň daş-tutmalary bardyr. Munuň üçin serediň: Elin-neşir çeşmeler ygtybarly çeşme hökmünde ulanylmagy

Wikipediýa makalasynda orun berilen maglumatlar salgylanylan çeşmelerden tassyklanyp bilinmelidir. Adatça makala mazmunlary bitakyk we durnuksyz, wagtlaýyn çeşme mazmunlaryna esaslanmaly däldir. Dürli ýorgutlara açyk parçalar takyk sitirlenmelidir ýa-da dolulygyna gaça durulmalydyr. Çeşmede aýdyň däl netijä baryp ony Wikipediýada serpikdirilmeli däldir. Çeşmeleriň kontekstinde we öz temasynda salgylanylmagy wajypdyr.

1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli çeşmeler

Wikipediýada üpjün edilen maglumatlar ygtybarly, bitarap we garaşsyz çeşmelere esaslanmalydyr. 2-nji we 3-nji derejeli çeşmelere hem esaslanylyp biliner. 2-nji we 3-nji derejeli çeşmeler adatça makalanyň mynasyplygyny görkezmek we öwrenje ýorgudyndan gaça durmak üçin gereklidir. 1-nji derejeli çeşmeleriň tarapgöýlügi, ygtybarlylygy we ş.m. baradaky nägilelikler we bellikler 2-nji we 3-nji derejeli çeşmelere aýyklanmalydyr.

Salgylanylan ceşmäniň derejesini kesgitlemek hemişe diýen ýaly editorial kazyýete we akyla baglydyr. Bir çeşme bir beýanatynda 1-nji derejeli baş çeşme, beýleki bir beýanatynda 2-nji ýa-da 3-nji derejeli çeşme hasaplanyp bilner, bir çeşme bir mesele babatda 1-nji derejeli beýanaty hem öz içine alýan bolmagy mümkin 2-nji derejelini hem. Bu kadalaryň düşündirişi maksatly 1-nji, 2-nji we 3-nji dereje çeşmeler şeýle kesgitlenýär:

  • 1-nji derejeli çeşmeler meselä ýa-da waka içgin we ýakyn materiallardyr; wakanyň içinde orun alan şahsyýetler tarapyndan elin taýynlanan çeşmelerdir. BU çeşmeler makalanyň iç nukdaýnazaryny üpjün edýär. 1-nji derejeli çeşmeler garaşsyz hem bolup biler garaşly hem. Gatnaw wakalaryna şaýat bolan biriniň bu waka barada ýazan beýanaty 1-nji derejeli çeşmedir, edil şeýle ylmy agtaryşyň netijeleri barada agtaryşa gatnaşan alymlaryň o tejribe barada beren hasabaty hem 1-nji derejeli çeşmedir. Günlük ýaly taryhy dokumentler hem adatça 1-nji derejeli çeşmedir.
    • Kada: Ygtybarly 1-nji derejeli çeşmeler başga kadalara we ýörelgelere gapma-garşy gitmedikçe ulanylyp bilner.
      • 1-nji derejeli çeşmäni teswirlemäk, ýormak, sintezlemek, başga çeşme bilen birikdirip netijä barmak we bulary Wikipediýa makalasynda ýazmak gadagan. Muňa derek bu işlemleri amala aşyran 2-nji ýa-da 3-nji derejeli çeşmä esaslanyp biliner.
      • Mümkingadar makalany tutuşlygyna 1 1-nji derejeli çeşmä esaslandyrmaň, uzyn parçalary hem.
      • Bir ulanyjy bir wakanyň içinde orun alan hem bolsa öz beýanatyny Wikipediýada neşir etmegi elin agtaryşdyr. Wikipediýada beýle zatlara orun berilmeli däldir.
  • 2-nji derejeli çeşme awtoryň 1-nji derejeli çeşmä esaslanyp öz garaýyşlaryny, ýorgutlaryny, teswirlerini, baran netijelerini we ş.m. beýan eden çeşmeleridir. Meselem ylmy agtaryş barada syn we beýanat ýazýan bir gazet makalasy bu ylmy agtaryş barada 2-nji derejeli çeşmedir.
    • Kada: Wikipediýa makalalaru ikinji derejeli çeşmä esaslanyp biler we bu makalalar ýorgut, teswirleme, deňeşdirme ýaly zatlary öz içine alyp biler eger-de degişli mazmun ygtybarly çeşme tarapyndan neşir edilen bolsa.
  • 3-nji derejeli çeşmeler 1-nji we 2-nji derejeli çeşmelere esaslanýan ensiklopediýalar ýaly çeşmelerdir. Orta mekdep ýaly ýokary okuw mekdeplerinden pes okuw jaýlarynyň gollanma kitaplary 3-nji derejeli çeşme hasaplanýar. Wikipediýa 3-nji derejeli çeşmedir.
    • Kada: Birnäçe 1-nji we 2-nji derejeli çeşmeleri öz içine alýan meseleler babatda 3-nji derejeli çeşmeler ýokary hilli jemleýji bolup hyzmat edip biler. Mundanam daşary, 3-nji derejeli çeşme makalada orun beriljek maglumatyň ýerlikliligini ýa-da ýerliksizligini kesgitlemekde peýdalanylyp biliner. Wikipediýa özi 3-nji derejeli çeşmedir we Wikipediýa makalalary beýleki makalalary üçin çeşme hökmünde ulanylmaly däldir.

Neşir edilen çeşmeleriň birleşdirilmegi we sintezi

Wikipediýa makala ýazylýarka birnäçe çeşmäni biri-birine garyşdyryp olarda bolmadyk netijä barylmaly däldir. Wikipediýa makalasynda orun beriljek mazmun salgylanylan çeşme tarapyndan aýdyň beýan edilen ýagdaýda bolmalydyr. Çeşmeleriň biri bir waka barada A diýýän bolsa beýlekisi B diýýän bolsa bu 2-sini garyşdyryp Ç netijesine baryp ony neşir etmek gadagandyr. Beýtmek üçin Ç netijesine baran çeşmä salgylanylyp biliner.

Terjimeler we transkripsiýalar

Bir materialy Türkmençe tüýs ýürekden we dürs terjime etmek ýa-da audio faýllardaky owazy ýazga dökmek elin agtaryş hasaplanmaýar.