Wikipediýa:Bitarap nukdaýnazar

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa
Jump to navigation Jump to search
Wikipediýa kadalary we Ýörelgeleri
Bu sahypa Wikipediýa kadalary we ýörelgeleri baradadyr.

Wikipediýadaky islendik bir ensiklopedik maglumat bitarap nukdaýnazar bilen üpjün edilmelidir. Bu diýmek, bir mowzuk baradaky ygtybýarly çeşmelere esaslanýan ähli garaýyşlar we maglumatlar adyl we şahsy tarapgöýsüzlik bilen üpjün edilmelidir.

Bitarap nukdaýnazar Wikipediýanyň düýp ýörelgelerindendir. Bitarap nukdaýnazar kadasy şol bir wagtda Wikipediýanyň 3 düýp kadasyndan biridir (beýleki ikisi Tassyklanarlyk we Elin gözleg gadaganlygy). Bu kadalar bilelikde Wikipediýa makalasynyň hiline kesgitleýji mukdarda täsir edýär we bu üçüsi utgaşýanlygy sebäpli hersi aýratynlykda teswirlenmeli däldir.

Bitarap nukdaýnazar kadasy üstünde gepleşik ýa-da jedel geçirilip bilinmez, bu kada ýatyrylyp bilinmez. Bu kada beýleki kadalara we ulanyjylar konsensusyna tabyn däldir.

Bitarap nukdaýnazar düşündirişi

Wikipediýada bitarap nukdaýnazara eýermek diýmek bir mowzuk barada çeşmelerdäki maglumatlary ünsli we tankydy äheňde derňemek we olardaky maglumatlary okyjylara adyl, deň, şahsy tarapgöýsüzlikli we gatnaşykly ýagdaýda üpjün etmekdir. Ulanyjylar öz şahsy nukdaýnazarlary bardygyna garamazdan okyjylara bir mesele babatdaky elýeter ähli maglumatlary üpjün etmäge ymtylmalydyrlar. Wikipediýa meseleleri suratlandyrmak üçindir, meseleler çekeleşmek ýa-da tarap tutmak üçin däldir we bir nukdaýnazary beýlekä garanda has öňe çykarmak üçin däldir. Şeýlelik-de, bitarap nukdaýnazar ähli garaýyşlary öz içine alyp okyja üpjün etmekdir. Ensiklopediýa ýerlikli bolmak üçin aşakdaky ýörelgelere tabyn bolunmaly:

  • Garaýyşlary fakt hökmünde hödürlemekden gaça durulmaly: Haýsydyr bir mowzuk babatda Wikipediýada kimdir biriniň garaýşy bildirilip biliner emma bu garaýyşlar Wikipediýanyň sözi hökmünde dälde garaýyş eýesinden sitata hökmünde bildirilmelidir, garaýyş eýesine aýyklanmalydyr. Meselem, Wikipediýanyň Lionel Messi makalasynda "Ol dünýäniň iň gowy oýunçysy" ýaly aňlatma ulanylyp bilinmez emma "Jon Terri Lionel Messini iň gowy oýunçy hasaplaýandyny beýan etdi" diýlip biliner ygtybarly çeşme sitata edilmek şerti bilen.
  • Gyzgalaňly çekeleşilýän argumentleri fakt hökmünde hödürlemekden gaça durulmaly: Dürli ygtybarly çeşmeler şol bir mowzuk barada dürli argumentler öňe sürýän bolsa onda bular okyja garaýyşlar hökmünde hödürlenip biliner, göni aňlatma hökmünde mälim edilmeli däldir.
  • Faktlary garaýyş hökmünde beýan etmekden gaça durulmaly: Ygtybarly çeşmeler tarapyndan çekeleşilmeýän we inkär edilmeýän faktlar okyja adatça Wikipediýanyň sözi hökmünde hödürlenip biliner. Sitata edilen çeşme bagşalar tarapyndan inkär edilen bir mowzuk bilen çemeleşmeýän bolsa onda aýratyn aýyklama zerur däldir emma şonda-da tassyklamak üçin salgylanma üpjün edilmelidir. Mundanam daşary, bu parça inkär edilýän ýaly görünjek şekilde beýan edilmeli däldir.
  • Höküm beriji dil ulanylmaly däldir: Bitarap nukdaýnazar öz materialyna ýaranjaňlyk etmeli däldir, ony garalamaly hem däldir käte bu ikisi arasynda deňlik sazlamak gerek bolýan hem bolsa. Editorlar Gapma-garşy garaýyşlary özlerini gyzyklanmaýan dek beýan etmelidir. Eger-de bir makalada editor tarapgöýlügi görülse onda o makalaň üstünde gaýtadan işlenilmeli.
  • Gapma-garşy garaýyşlara hak edýän orny berilmeli: Bir mesele babatda biri-birine garşy garaýyşlaryň hersini hak etdigiçe orun beriň, haýsydyr bir tarapa artykmaç tarapgöýlük edilmeli däldir.

Bitarap nukdaýnazara geçmek

Tarapgöý [görünýän] mazmuny göni öçürmäň. Tarapgöý [görünýän] mazmuny ýa-da bölümi düzeltmäge ymtylyň, degişli bökümi bitarap nukdaýnazara getirmäge ymtylyň. Tarapgöý material oňa garşy gelýän garaýşa ýer bermek bilen hem deňleşdirilip biliner. Tarapgöý [görünýän] ýazgyny öçürmek diňe we diňe mazmunyň okyjylara [bilgeşleýin] ýalňyş maglumat berýändigi ýa-da [bilgeşleýin] ýalňyş ugrukdyrýandygy barada netijä barylmagyna gowy sebäp barka mümkindir.

Atlandyrmak

Käbir ýagdaýlarda belli bir sahypa at goýmak tarapgöýlük ýaly görnüp biler. Adatça Bitarap atlar ileri tutulýan bolsa hem anyklyk üçin bu babatdaky pozisiýa hem deňlenilmelidir. Eger-de bir at ýörgünli we ygtybarly çeşmeler tarapyndan giňden ulanylýan we okyjylar tarapyndan tanalma ähtimallygy has ýokary bolsa onda bu at belli bir topar ýa-da okyjylaryň bir bölegi tarapyndan tarapgöý görünjek bolsa hem ulanylmak üçin ileri tutulyp ýa-da ulanylyp biliner. Meselem "Ermeni genosidi" ady giňden ulanylýan adalgadyr, käbir ýörgünli çeşmeler muny tapawutly atlandyrýar, a beýlekiler bolsa "Ermeni genosidi" hökmünde atlandyrýar. Şuňa meňzeş ýagdaýlarda adyň ýörgünliligi we has köpler tarapyndan ulaşylmagy üçin "Ermeni genosidi" ady ileri tutulyp biliner. Bir waka ýa-da nämedir bir görnüş üçin dürli atlar ulanylýan bolup biler emma makala ady hökmünde diňe 1 at saýlanyp bilner. Alternatiw atlary hem öz içine alýan atlardan gaça durulmalydyr, alternatiw atlara makala mazmunynda hak edýän ýeri berilmelidir we gerekli ýagdaýlarda o atlar üçin sahypa açylyp asyl makala gönükdirme ýerleşdirilmelidir.

Makala titullary kä ýagdaýlarda adalga dälde suratlandyrma şeklinde bolýar. Suratlandyryjy titullar bitarap nukdaýnazar bilen atlandyrylmalydyr, Wikipediýanyň bu babatda bu temanyň peýdasyna ýa-da garşysyna tarapdar görünmezligi üçin. Meselem "X barada tankytlar" titully sahypa tituly "X barada köpçülikleýin garaýyşlar" ýaly atlandyrylyp biliner dürli taraplara makalada ýer berilmegi üçin.

Makala düzümi

Makalanyň içki düzümi bitarap nukdaýnazary goramak; goşmaça nukdaýnazardan we ýerliksiz orundan gaça durmak üçin aýratyn üns bilen taýynlanmalydyr.

Makala mazmuny nukdaýnazara görä bölünmeli däldir, beýdilmegi makalany garşytlar we tarapdarlar arasyndaky jedele öwürer.

Ýerli we ýersiz orun

Bitarap nukdaýnazar ygtybarly we garaşsyz çeşmeler tarapyndan neşir edilen ähli nukdaýnazarlara sahypada orun berilmegini gerekdirýär. Her nukdaýnazar ygtybarly we garaşsyz çeşmelerde neşir edilen mukdaryça paýdeňlikde orun almalydyr. Ýerli orun bermek we ýerliksiz orun bermekden gaça durmak diýmek makalada giňden ýaýran garaýyşlara berilen orun dek maýda garaýyşlara ýer berilmeli däldir. Adatça ujypsyz jemagatyň garaýyşlaryna makala içine alynmaly hem däl, gaty gitse "Şeýle-de serediň" ýaly bölümde bellenip geçilmelidir. Meselem Ýerşary makalasynda tekiz dünýä garaýyşlaryna ýer berilmeýär, sebäbi bular ujypsyzja ululykdaky jemagatyň garaýşydyr, muňa orun bermek ýersiz orun diýmekdir.

Ýersiz orun dürli usulda berlip biliner, meselem giňişleýin maglumata ýer bermek.

Wikipediýa bir mesele üstündäki jedellerde ujypsyzja garaýşyň giňden ýaýran garaýyşa barabardygyny ýaňzydýan ýaly görünmeli däldir. Ujypsyzja ululykdaky jemagatyň garaýşy olara bagyşlanan makaladan daşary başga ýerlerde orun berilmeli hem däldir. Wikipediýa garaýyşlara ygtybarly çeşmelerde çap edilişiçe paýdeňlikde we gatnaşykda orun bermelidir.

Deňleşdiriji tarap